The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan şöhratly taryhymyzdan mälim bolşy ýaly, behişdi bedewler halkymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegi hasaplanýar. Türkmenler üçin at iň ýakyn syrdaş, ynamdar ýoldaş, belent maksatlara ýetirýän ganatdyr. Gamyşgulak bedewleriň çarpaýa galyp, kişňeýän pursatlarynda olaryň çalasynlygyna, owadanlygyna haýran galmazlyk mümkin däl. Ata atlananyňda ruhuň ganatlanyp, kalbyňa ylham dolýar. Pederlerimiziň asyrlaryň dowamynda ösdürip ýetişdirip, kämilleşdirip, sungat derejesine ýetiren ahalteke bedewleri milli mirasy myzyň ebedi gymmatlygydyr.
Türkmeniň milli gymmatlyklary barada gürrüň edilende behişdi bedewler göz öňüne gelýär. Bu hakykat nakyllardyr atalar sözlerinde hem öz beýanyny tapýar. «Irden turda, ataňy gör, ataňdan soň —–atyňy», «At agynan ýerde toý bolar», «At dosty–— ata dosty», «Ataň barka, dost gazan, atyň barka ýol» ýaly nakyllarda bedew atyň türkmeniň durmuşyndaky sarpasy, arzysy aýdyň şöhlelenýär. Asyrlaryň synagyndan geçen bu nakyllar ýaş nesiller üçin ýolgörkeziji ýörelge hemde gymmatly çeşmedir.
Garaşsyz Watanymyzda ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny goramak, sanyny artdyrmak, degişli sport ugruny, milli atçylyk däplerini ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy, ýaz we güýz möwsümlerinde geçirilýän at çapyşyklary bu ugurdaky tagallalaryň aýdyň netijesidir. Türkmen bedewleriniň halkara derejede ykrar edilmegi hem buýsanjymyzy artdyrýar. Şolaryň hatarynda 2023-nji ýylyň dekabrynda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek» däpleriniň ÝUNESKOnyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli mirasymyzyň dünýä medeniýetiniň bir bölegi hökmünde kabul edilýändiginiň beýany boldy.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly atmyradyň mekany» diýlip atlandyrylan ýylda hem bu ugurda täze halkara üstünlikler gazanylýar. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparymyza sirk sungatyna uly goşandy üçin halkara şahadatnamalarynyň gowşurylmagy türkmen bedewleriniň gözelligine, düşbüligine we çalasynlygyna dünýä tarapyndan berilýän ýokary bahanyň güwäsidir.
Milli atşynaslyk däplerimizi döwrebap esasda ösdürmek we dünýä ýaýmak ugrunda edilýän giň gerimli işler halkymyzyň ruhy baýlygynyň ebediligini üpjün edýär. Behişdi bedewlerimiz bolsa hemişe ösüşiň, bagtyýarlygyň we belent maksatlaryň nyşany bolup, ýurdumyza şöhrat getirýär.
Eziz Diýarymyzda atçylygyň we atly sportuň ösmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Maksat JANMYRADOW,
TMÝG-niň Mary welaýat geňeşiniň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.