The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

12.11.2026

JEMGYÝETÇILIK TERBIÝESI

Ada­myň ­şah­sy­ýet­ hök­mün­de­ kämilligi­ di­ňe­ bir­ onuň­ alan­ bi­li­mi,­ ga­za­nan­ üstün­lik­le­ri­ ýa-­da ­eýe­le­ýän ­or­ny ­bi­len ­kes­git­len­me­ýär. ­Onuň ha­ky­ky ­adam­kär­çi­li­gi tö­we­re­gin­dä­ki­ adam­la­ra ­ed­ýän­ gat­na­şy­gyn­da,­ özü­ni­ alyp­ bar­şyn­da,­ baş­ga­la­ryň bäh­bi­di­ni ­na­za­ra ­alyp­ bil­me­gin­de ­we jem­gy­ýe­tiň ­öňün­dä­ki ­bor­ju­na ­dü­şün­me­gin­de aý­dyň ­ýü­ze ­çyk­ýar. Sebäbi ­her ­bir ­yn­san­ di­ňe ­öz­ dur­mu­şy­nyň ­eýe­si ­bol­man,­ ol maşgalanyň, ­hal­kyň ­we ­jem­gy­ýe­tiň ­dur­mu­şy­na ­hem­ öz­ tä­si­ri­ni ýetirýän ­şah­sy­ýet­dir.­ Alym Arkadagymyzyň­ «Öm­rü­miň­ ma­ny­sy­nyň dowa­ma­ty» ­at­ly ­ki­ta­byn­da­ ýaş nes­liň ter­bi­ýe­si­ne ­de­giş­li ­ugur­la­ryň­ hata­ryn­da ­jem­gy­ýet­çi­lik ­ter­bi­ýe­si­ne ­aý­ra­tyn ­äh­mi­ýet be­ril­me­gi ­bu mese­lä­niň ­wa­jyp­ly­gy­ny­ gör­kez­ýär.

Ýaş­la­ryň ­ha­ky­ky ­kämilligi ­ylym-bi­lim ­we­ hü­när­ ba­şar­nyk­la­ry,­ olaryň­ ah­lak­ sy­pat­la­ry, ­jem­gy­ýet­çi­lik gat­na­şyk­la­ryn­da­ky­ me­de­ni­ýe­ti hem-de ­jo­gap­kär­çi­lik ­duý­gu­sy ­bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr.

Jem­gy­ýet­çi­lik­ ter­bi­ýe­si ­ada­myň köp­çü­lik­de­ özü­ni­ my­na­syp­ alyp bar­ma­gy­ny,­ dür­li­ ga­ra­ýyş­la­ra­ düşün­me­gi,­ adam­la­ryň ­mer­te­be­si­ni sylama­gy­ we­ umu­my­ bäh­bit­ üçin he­re­ket­et­me­gi­ öw­red­ýän ­mö­hüm durmuş­ mek­de­bi­dir. ­Onuň­ öze­nin­de bi­rek-bi­re­ge­ hor­mat, ­yna­nyş­mak,­ hoş­ni­ýet­li­lik,­ sa­byr­ly­lyk,­ hyz­matdaş­lyk­ we­ ag­zy­bir­lik­ ýa­ly­ asyl­ly häsiýet­ler ­jem­len­ýär. ­Bu ­ter­bi­ýä­niň esa­sy ­mak­sa­dy­ di­ňe ­edep ­ka­da­lary­ny­ öw­ret­mek­ däl-de,­ ada­my ­şol ka­da­la­ryň ­dur­muş­da­ky­ ze­rur­ly­gy­na düşünýän, ­ola­ry­ öz­ dur­muş ­ýö­rel­gesi­ne ­öwür­ýän ­şah­sy­ýet­ hök­mün­de kema­la­ ge­tir­mek­dir.

Türk­men­ hal­ky­nyň­ ta­ry­hy­ tejri­be­si,­ asyr­lar­bo­ýy­ kä­mil­leş­di­ri­len däp-des­sur­la­ry ­we­ dur­muş ­ýö­rel­gele­ri ­ýaş­ nes­li ­ter­bi­ýe­le­mek­de bahasyna ­ýe­tip ­bol­ma­jak ­ru­hy­ baý­lyk­dyr.­ Ulu­la­ra­ sar­pa­ goý­mak, ­ýaş­la­ra ­mähir­li­ ga­ra­mak,­ myh­ma­ny ­hor­mat­lamak,­ goň­şy­ bi­len­ ag­zy­bir ­ýa­şa­mak, kyn­çy­lyk­da­ bi­rek-bi­re­ge­ ýar­dam ber­mek ­hal­ky­my­zyň ­milli ­hä­si­ýe­tine öw­rü­len ­asyl­ly ­ýö­rel­ge­ler­dir.

Hal­ky­my­zyň­ dur­mu­şyn­da sa­lamlaş­mak, ­ýag­daý­ so­raş­mak,­ hoş söz bi­len ­ýüz­len­mek­ di­ňe ­bir­ ara­gat­naşyk ­en­di­gi­ bol­man,­ ol­ adam­la­ryň arasyn­da­ mä­hir­li­ gat­na­şyk­la­ryň dö­re­me­gi­niň­ hem­ baş­lan­gy­jy­dyr.­ Sa­lam­ ar­ka­ly­ yn­san­ baş­ga­ bi­ri­ne pa­ra­hat­çy­lyk­ we ­ýag­şy ­ni­ýet ­ar­zuw ed­ýär.­ Şonuň ­ýa­ly-da,­ ýa­şu­lu­la­ryň mas­la­ha­ty­na­ gu­lak ­as­mak,­ ola­ryň dur­muş­ tej­ri­be­sin­den­ öw­ren­mek ne­sil­le­riň ­ara­syn­da­ky ­ru­hy­ ara­bagla­ny­şy­gy berkid­ýär.

Myh­man­sö­ýer­lik, ­goň­şu­çy­lyk ­we ýo­war­ ýa­ly ­däp­le­ri­miz ­hem jemgyýet­çi­lik­ ter­bi­ýe­si­niň­ dur­muş­da­ky tä­sir­li ­nus­ga­la­ry­dyr. ­Myh­ma­ny gü­ler ýüz­ bi­len­ gar­şy­la­mak­ yn­san­perwer­li­giň,­ goň­şy­nyň­ der­di­ne­ şärik bol­mak­ re­him­dar­ly­gyň,­ ählihalk işine ­gat­naş­mak­ bol­sa,­ umu­my­ işe goşant ­goş­ma­gyň ­be­ýa­ny­dyr. ­Şeýle­ ýö­rel­ge­ler ­ýaş­la­ryň ­aňyn­da­ di­ňe özü­ni­ däl, ­tö­we­re­gin­dä­ki­ adam­la­ry hem­ pi­kir­len­mek,­ «men»­ düşünjesinden­ «biz»­ dü­şün­je­si­ne­ geç­mek en­di­gi­ni ­ös­dür­ýär.

Jem­gy­ýet­çi­lik­ ter­bi­ýe­si­ ada­ma her­ bir ­he­re­ke­ti­niň­ di­ňe ­özü­ne­ däl, eý­sem, ­tö­we­re­gin­dä­ki­ adam­la­ra ­we tu­tuş­ jem­gy­ýe­te ­hem ­tä­sir edýändigine­ dü­şün­me­gi­ öw­red­ýär. ­Her­ bir yn­sa­nyň ­sö­zi,­ he­re­ke­ti­ töwere­gindä­ki­ adam­la­ryň ­ýag­da­ýy­na­ bel­li ­bir de­re­je­de ­tä­sir­ed­ýär.­ Şonuň­ üçin ­jogap­kär­çi­lik­li ­he­re­ket ­et­mek­ jem­gyýet­de ­öza­ra­ yna­myň­ we sazlaşy­gyň eme­le­ gel­me­gin­de ­uly­ äh­mi­ýe­te­ eýe.­ Me­se­lem,­ jem­gy­ýet­çi­lik­ em­lä­gi­ni go­ra­mak,­ umu­my ­ula­nyl­ýan­ ýer­le­ri aýaw­ly­ sak­la­mak,­ arassaçy­ly­gy ber­jaý­ et­mek­ we ­ter­tip-düz­gü­ne eýer­mek­ di­ňe ­bir ­şah­sy borç ­däl,­ ol ­jem­gy­ýe­tiň ­umu­my ­baý­ly­gy­na hor­mat­ goý­ma­gyň­ ýü­ze­ çykmasy­dyr.­ Her­ bir­ adam ­özü­ne ­de­giş­li bol­ma­dyk­ za­da­ hem ­aýaw­ly­ çeme­leş­me­gi ­ba­şar­sa, ­jem­gy­ýet­çi­lik gym­mat­lyk­la­ry­nyň­ go­rag­ly­ly­gy has-da­ ber­ke­ýär.

Ýaş­la­ryň ­jem­gy­ýet­çi­lik ­me­de­niýe­ti­niň ­ke­ma­la­ gel­me­gi uzak möhlet­li ­we ­yzy­gi­der­li­ ter­bi­ýe­çi­lik ­işi­ni ta­lap ­ed­ýär. ­Bu­ işiň­ il­kin­ji ­we mö­hüm bas­gan­ça­gy ­maş­ga­la­dyr. ­Ça­ga ­il­kin­ji dur­muş­ en­dik­le­ri­ni, adamla­ra ­hormat­ goý­ma­gy, ­sy­pa­ýy­ gep­le­me­gi,­ ulu­la­ry ­sy­la­ma­gy ­we kiçi­le­re ­mä­hir­li bol­ma­gy ­maş­ga­la­ gat­na­şyk­la­ryndan­ öw­ren­ýär.­ Şo­nuň­ üçin­ ene-ata­nyň­ özü­ni­ alyp­ bar­şy­ ça­ga­nyň ter­bi­ýe­sin­de­ aý­ra­tyn­ tä­sir­li­ güý­je eýe­dir.­ Ça­ga­dan ­ta­lap ­edil­ýän­ edep ka­da­la­ry, ­il­ki ­bi­len, ­ulu­la­ryň öz ­here­ket­le­rin­de­ gö­rün­me­li.­ Gahryman Arkadagymyzyň ­çuň­ ma­ny­ly­ kitapla­ryn­da­ be­ýan­ edi­li­şi­ ýa­ly,­ şah­sy gö­rel­de ­bi­len­ ber­ki­di­len ­ter­bi­ýe­ diňe öwüt-ne­si­hat ­ar­ka­ly­ be­ril­ýän­ ter­biýe­den ­has­ tä­sir­li ­bol­ýar.

Bi­lim­ eda­ra­la­ry­ hem­ ýaş­lar­da jem­gy­ýet­çi­lik ­en­dik­le­ri­ni­ ösdürmegiň ­mö­hüm­ mer­kez­le­ri­dir. ­Okuw­çyla­ryň­ to­par­la­ýyn ­iş­le­re­ gatnaş­ma­gy,­ bi­le­lik­de­ mak­sat ­goý­ma­gy, ­umu­my me­se­le­le­ri­ çöz­me­gi, jem­gy­ýet­çi­lik çä­re­le­ri­ne­ go­şul­ma­gy­ ola­ryň­ hyzmat­daş­lyk,­ öza­ra­ düşüniş­mek ­we jo­gap­kär­çi­lik­ ukyp­la­ry­ny ­kä­mil­leşdir­ýär. ­Mu­gal­ly­myň me­de­ni­ýe­ti­ ýaşlar­ üçin ­gö­rel­de­ mek­de­bi­dir.­ Mun­dan baş­ga-da,­ ýaş­la­ryň ha­ýyr-sa­ha­wat çä­re­le­ri­ne, te­bi­ga­ty ­go­ra­mak ­iş­le­rine, ­jem­gy­ýet­çi­lik­ başlan­gyç­la­ry­na we ­kö­me­ge ­mä­täç ­adam­la­ry ­gol­damak ­ýa­ly ­asyl­ly işlere ­gat­naş­ma­gy ola­ryň­ yn­san­per­wer­lik ­hä­si­ýet­le­ri­ni ös­dür­ýär. ­Şeý­le ­tej­ri­be ar­ka­ly ­ýaş­lar jem­gy­ýe­tiň ­aba­dan­çy­ly­gy­nyň­ di­ňe bir­ adam­la­ryň­ däl,­ her­ bir­ şah­syýe­tiň­ go­şan­dy­na­ bag­ly­dy­gy­na­ düşün­ýär­ler.

Pe­da­go­gi­ka­ we­ jem­gy­ýet­çi­lik ylym­la­ryn­dan­ us­sat­ bi­ler­men­le­riň ýaz­ma­gy­na­ gö­rä, ­ter­bi­ýe­çi­lik ­işin­de ýaş­la­ra­ di­ňe­ düz­gün­le­ri­ düşündirmek ­ýe­ter­lik­ däl­dir. ­Olaryň­ şol­ düz­gün­le­riň nä­me­ üçin zerurdygy­na, ­ber­jaý­ edil­me­dik ýag­da­ýyn­da­n ä­hi­li ­ne­ti­jele­riň­ ýü­ze çykyp­ bil­jek­di­gi­ne dü­şün­me­gi ­hem ­mö­hüm­dir.

Gahryman­ Arkadagymyzyň­ «Öm­rü­miň ­ma­ny­sy­nyň­ do­wa­ma­ty»­ atly­ ese­rin­de­ be­ýan­ edil­ýän­ ter­bi­ýäniň ­on­ iki ­ug­ry­ ýaş­nes­liň­ ru­hy,­ ahlak we ­dur­muş ­taý­dan­ hem­me­ta­rap­laýyn ­kä­mil­leş­me­gi­ne­ gö­nük­di­ri­len bitewi­ ul­ga­my­ eme­le­ ge­tir­ýär.­ Bu ugur­la­ryň­ her­ bi­ri­ öz­baş­dak­ ähmi­ýe­te eýe­ bol­mak­ bi­len­ bir­lik­de,­ bi­ri-bi­ri­niň­ üs­tü­ni ýe­tir­ýär.

Şol ­ ugur­la­ryň ­ saz­la­şyk­ly ama­la ­aşy­ryl­ma­gyn­da ­jem­gy­ýet­çi­lik terbi­ýe­si­niň ­hem ­aý­ra­tyn ­or­ny ­bardyr.­ Wa­tan­çy­lyk­ ter­bi­ýe­si ­ýaş­lar­da Wa­ta­na­ we­pa­ly­lyk­ duý­gu­sy­ny­ ösdür­ýän­ bol­sa, ­jem­gy­ýet­çi­lik­ ter­biýe­si şol­ duý­gy­nyň­ hal­kyň­ bäh­bi­di­ne gö­nük­di­ri­len­ peý­da­ly ­iş­ler­de ­ýü­ze çykma­gy­na ­ýar­dam ­ed­ýär. ­Dil­ ter­biýe­si ­söz ­me­de­ni­ýe­ti­ni­ we ­ene­ di­line hor­ma­ty­ ke­ma­la­ ge­tir­ýän­ bol­sa,­ jem­gy­ýet­çi­lik ­ter­bi­ýe­si­ şol­ me­de­niýe­ti öza­ra ­dü­şü­niş­me­giň­ we ­me­de­ni gat­na­şyk­la­ryň­ esa­sy­ se­riş­de­si­ne öwürýär. ­Eko­lo­gi­ýa, ­te­bi­ga­ta ­söý­gi ter­bi­ýe­si ­daş­ky ­gur­şa­wa ­aýaw­ly çeme­leş­me­gi ­öw­red­ýär,­ jem­gy­ýet­çi­lik ter­bi­ýe­si ­bol­sa, ­ony ­go­ra­ma­gyň her bir­ ada­myň­ umu­my­ bor­ju­dy­gy­na dü­şün­mä­ge ­şert­ dö­red­ýär.

Şeý­le­lik­de, ­ter­bi­ýä­niň ­dür­li ­ugurla­ry­nyň­ öza­ra­ saz­la­şy­gy ­ýaş­la­ryň di­ňe­ bir­ bi­lim­li ­bol­man,­ eý­sem,­ ru­hy taý­dan­ baý,­ ah­lak ­taý­dan­ kä­mil we jem­gy­ýet­çi­lik­ dur­mu­şy­na iş­jeň ­gat­naş­ýan ­şah­sy­ýet­ler bo­lup ­ýe­tiş­me­gi­ne ­müm­kinçi­lik ­dö­red­ýär.

Jem­gy­ýet­çi­lik­ ter­bi­ýe­si ýaş­ nes­liň­ öz­ or­nu­na­ düşün­me­gi­ne,­ başgala­ryň mer­te­be­si­ni­ sy­la­ma­gy­na we ­jem­gy­ýe­tiň ­ösü­şi­ne ­işjeň­ go­şant­ goş­ma­gy­na ýol ­aç­ýar.

Ne­ti­jede ,­ jemgy­ýetçi­lik­ ter­bi­ýe­si milli­ ah­lak­ ýö­relge­le­rini­ hä­zir­ki­ döw­rüň ta­lap­la­ry­ bi­len­ ut­gaş­dyr­ýan,­ yn­san­ me­de­ni­ýe­ti­ni­ ös­dür­ýän we jem­gy­ýet­çi­lik ­gat­na­şyk­la­ryn­da ­sazla­şy­gy ­üp­jün ­ed­ýän ­mö­hüm­ dur­muş gym­mat­ly­gy­dyr. ­Ony­ ös­dür­mek­ di­ňe ene-ata­nyň, ­mu­gal­ly­myň ­ýa-da­ bel­li bir ­gu­ra­ma­nyň ­bor­jy ­bol­man,­ her ­bir ada­myň ­we­ tu­tuş­ jem­gy­ýe­tiň umumy­ we­zi­pe­si­dir. ­Her­ bir­ adam­ ýagşy işi­ umumy­ abadançylyga goşulan goşantdyr.

Ýazpolat KERIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň

başlygy, Mejlisiň deputaty.