Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Adamyň şahsyýet hökmünde kämilligi diňe bir onuň alan bilimi, gazanan üstünlikleri ýa-da eýeleýän orny bilen kesgitlenmeýär. Onuň hakyky adamkärçiligi töweregindäki adamlara edýän gatnaşygynda, özüni alyp barşynda, başgalaryň bähbidini nazara alyp bilmeginde we jemgyýetiň öňündäki borjuna düşünmeginde aýdyň ýüze çykýar. Sebäbi her bir ynsan diňe öz durmuşynyň eýesi bolman, ol maşgalanyň, halkyň we jemgyýetiň durmuşyna hem öz täsirini ýetirýän şahsyýetdir. Alym Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda ýaş nesliň terbiýesine degişli ugurlaryň hatarynda jemgyýetçilik terbiýesine aýratyn ähmiýet berilmegi bu meseläniň wajyplygyny görkezýär.
Ýaşlaryň hakyky kämilligi ylym-bilim we hünär başarnyklary, olaryň ahlak sypatlary, jemgyýetçilik gatnaşyklaryndaky medeniýeti hem-de jogapkärçilik duýgusy bilen baglanyşyklydyr.
Jemgyýetçilik terbiýesi adamyň köpçülikde özüni mynasyp alyp barmagyny, dürli garaýyşlara düşünmegi, adamlaryň mertebesini sylamagy we umumy bähbit üçin hereketetmegi öwredýän möhüm durmuş mekdebidir. Onuň özeninde birek-birege hormat, ynanyşmak, hoşniýetlilik, sabyrlylyk, hyzmatdaşlyk we agzybirlik ýaly asylly häsiýetler jemlenýär. Bu terbiýäniň esasy maksady diňe edep kadalaryny öwretmek däl-de, adamy şol kadalaryň durmuşdaky zerurlygyna düşünýän, olary öz durmuş ýörelgesine öwürýän şahsyýet hökmünde kemala getirmekdir.
Türkmen halkynyň taryhy tejribesi, asyrlarboýy kämilleşdirilen däp-dessurlary we durmuş ýörelgeleri ýaş nesli terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak ruhy baýlykdyr. Ululara sarpa goýmak, ýaşlara mähirli garamak, myhmany hormatlamak, goňşy bilen agzybir ýaşamak, kynçylykda birek-birege ýardam bermek halkymyzyň milli häsiýetine öwrülen asylly ýörelgelerdir.
Halkymyzyň durmuşynda salamlaşmak, ýagdaý soraşmak, hoş söz bilen ýüzlenmek diňe bir aragatnaşyk endigi bolman, ol adamlaryň arasynda mähirli gatnaşyklaryň döremeginiň hem başlangyjydyr. Salam arkaly ynsan başga birine parahatçylyk we ýagşy niýet arzuw edýär. Şonuň ýaly-da, ýaşulularyň maslahatyna gulak asmak, olaryň durmuş tejribesinden öwrenmek nesilleriň arasyndaky ruhy arabaglanyşygy berkidýär.
Myhmansöýerlik, goňşuçylyk we ýowar ýaly däplerimiz hem jemgyýetçilik terbiýesiniň durmuşdaky täsirli nusgalarydyr. Myhmany güler ýüz bilen garşylamak ynsanperwerligiň, goňşynyň derdine şärik bolmak rehimdarlygyň, ählihalk işine gatnaşmak bolsa, umumy işe goşant goşmagyň beýanydyr. Şeýle ýörelgeler ýaşlaryň aňynda diňe özüni däl, töweregindäki adamlary hem pikirlenmek, «men» düşünjesinden «biz» düşünjesine geçmek endigini ösdürýär.
Jemgyýetçilik terbiýesi adama her bir hereketiniň diňe özüne däl, eýsem, töweregindäki adamlara we tutuş jemgyýete hem täsir edýändigine düşünmegi öwredýär. Her bir ynsanyň sözi, hereketi töweregindäki adamlaryň ýagdaýyna belli bir derejede täsiredýär. Şonuň üçin jogapkärçilikli hereket etmek jemgyýetde özara ynamyň we sazlaşygyň emele gelmeginde uly ähmiýete eýe. Meselem, jemgyýetçilik emlägini goramak, umumy ulanylýan ýerleri aýawly saklamak, arassaçylygy berjaý etmek we tertip-düzgüne eýermek diňe bir şahsy borç däl, ol jemgyýetiň umumy baýlygyna hormat goýmagyň ýüze çykmasydyr. Her bir adam özüne degişli bolmadyk zada hem aýawly çemeleşmegi başarsa, jemgyýetçilik gymmatlyklarynyň goraglylygy has-da berkeýär.
Ýaşlaryň jemgyýetçilik medeniýetiniň kemala gelmegi uzak möhletli we yzygiderli terbiýeçilik işini talap edýär. Bu işiň ilkinji we möhüm basgançagy maşgaladyr. Çaga ilkinji durmuş endiklerini, adamlara hormat goýmagy, sypaýy geplemegi, ululary sylamagy we kiçilere mähirli bolmagy maşgala gatnaşyklaryndan öwrenýär. Şonuň üçin ene-atanyň özüni alyp barşy çaganyň terbiýesinde aýratyn täsirli güýje eýedir. Çagadan talap edilýän edep kadalary, ilki bilen, ulularyň öz hereketlerinde görünmeli. Gahryman Arkadagymyzyň çuň manyly kitaplarynda beýan edilişi ýaly, şahsy görelde bilen berkidilen terbiýe diňe öwüt-nesihat arkaly berilýän terbiýeden has täsirli bolýar.
Bilim edaralary hem ýaşlarda jemgyýetçilik endiklerini ösdürmegiň möhüm merkezleridir. Okuwçylaryň toparlaýyn işlere gatnaşmagy, bilelikde maksat goýmagy, umumy meseleleri çözmegi, jemgyýetçilik çärelerine goşulmagy olaryň hyzmatdaşlyk, özara düşünişmek we jogapkärçilik ukyplaryny kämilleşdirýär. Mugallymyň medeniýeti ýaşlar üçin görelde mekdebidir. Mundan başga-da, ýaşlaryň haýyr-sahawat çärelerine, tebigaty goramak işlerine, jemgyýetçilik başlangyçlaryna we kömege mätäç adamlary goldamak ýaly asylly işlere gatnaşmagy olaryň ynsanperwerlik häsiýetlerini ösdürýär. Şeýle tejribe arkaly ýaşlar jemgyýetiň abadançylygynyň diňe bir adamlaryň däl, her bir şahsyýetiň goşandyna baglydygyna düşünýärler.
Pedagogika we jemgyýetçilik ylymlaryndan ussat bilermenleriň ýazmagyna görä, terbiýeçilik işinde ýaşlara diňe düzgünleri düşündirmek ýeterlik däldir. Olaryň şol düzgünleriň näme üçin zerurdygyna, berjaý edilmedik ýagdaýyndan ähili netijeleriň ýüze çykyp biljekdigine düşünmegi hem möhümdir.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserinde beýan edilýän terbiýäniň on iki ugry ýaşnesliň ruhy, ahlak we durmuş taýdan hemmetaraplaýyn kämilleşmegine gönükdirilen bitewi ulgamy emele getirýär. Bu ugurlaryň her biri özbaşdak ähmiýete eýe bolmak bilen birlikde, biri-biriniň üstüni ýetirýär.
Şol ugurlaryň sazlaşykly amala aşyrylmagynda jemgyýetçilik terbiýesiniň hem aýratyn orny bardyr. Watançylyk terbiýesi ýaşlarda Watana wepalylyk duýgusyny ösdürýän bolsa, jemgyýetçilik terbiýesi şol duýgynyň halkyň bähbidine gönükdirilen peýdaly işlerde ýüze çykmagyna ýardam edýär. Dil terbiýesi söz medeniýetini we ene diline hormaty kemala getirýän bolsa, jemgyýetçilik terbiýesi şol medeniýeti özara düşünişmegiň we medeni gatnaşyklaryň esasy serişdesine öwürýär. Ekologiýa, tebigata söýgi terbiýesi daşky gurşawa aýawly çemeleşmegi öwredýär, jemgyýetçilik terbiýesi bolsa, ony goramagyň her bir adamyň umumy borjudygyna düşünmäge şert döredýär.
Şeýlelikde, terbiýäniň dürli ugurlarynyň özara sazlaşygy ýaşlaryň diňe bir bilimli bolman, eýsem, ruhy taýdan baý, ahlak taýdan kämil we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýan şahsyýetler bolup ýetişmegine mümkinçilik döredýär.
Jemgyýetçilik terbiýesi ýaş nesliň öz ornuna düşünmegine, başgalaryň mertebesini sylamagyna we jemgyýetiň ösüşine işjeň goşant goşmagyna ýol açýar.
Netijede , jemgyýetçilik terbiýesi milli ahlak ýörelgelerini häzirki döwrüň talaplary bilen utgaşdyrýan, ynsan medeniýetini ösdürýän we jemgyýetçilik gatnaşyklarynda sazlaşygy üpjün edýän möhüm durmuş gymmatlygydyr. Ony ösdürmek diňe ene-atanyň, mugallymyň ýa-da belli bir guramanyň borjy bolman, her bir adamyň we tutuş jemgyýetiň umumy wezipesidir. Her bir adam ýagşy işi umumy abadançylyga goşulan goşantdyr.
Ýazpolat KERIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň
başlygy, Mejlisiň deputaty.