The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

31.08.2023

SAGDYN NESIL — SAGDYN JEMGYÝET

Hal­ky­my­zyň, ylaý­ta-da, döw­le­ti­mi­ziň gel­je­gi bolan ýaş­la­ry­my­zyň yk­ba­ly­na gö­nük­di­ri­len iş­le­re tutanýerli çemeleºmek, olary belent maksatlara ruhlan­dyr­mak Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Serdary­my­zyň esa­sy ýö­rel­ge­le­ri­niň bi­ri bo­lup, Ber­karar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de şol ýö­rel­ge­ler Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň has-da kuw­wat­lan­ma­gy­na esas dö­red­ýär. Hut şo­ňa göräde, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ryn­da bol­şy ýa­ly, döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ug­ry bo­lan sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny ös­dür­mek ba­bat­da­ky işler­de hem giň möç­ber­li öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar.

Döw­le­tiň iň ýo­ka­ry gym­mat­ly­gy bo­lan adam­laryň sag­ly­gy­ny goramak­da, ke­sel­le­riň öňü­ni al­makda, ra­ýat­la­ryň ömür do­wam­ly­ly­gy­ny art­dyr­mak­da, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni or­naş­dyr­mak­da, saglygy goraýyş ulgamyny hil taýdan täze derejelere çy­ka­ryp, döw­re­bap mil­li sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny esas­lan­dyr­mak­da «Sag­lyk» Döw­let maksatna­ma­sy yg­ty­bar­ly ýö­rel­ge bo­lup dur­ýar. Eziz Di­ýa­ry­myz­da ka­bul edi­len döw­let mak­sat­na­ma­lar esa­syn­da giň ge­rim­li iş­ler al­nyp bar­lyp, ýur­du­my­zyň dür­li künjek­le­rin­de hal­ka­ra öl­çeg­le­re ky­bap gel­ýän sag­ly­gy goraýyş we anyklaýyş merkezleri, hassahanalar, şypa­ha­na­lar bi­na ­edil­di we bi­na edil­ýär. Ýy­lyň-ýy­ly­na tä­ze luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ry gur­lup, sagly­gy go­raýşyň mil­li nus­ga­sy döredilýär. 

Mil­li Li­de­ri­miz şu ýy­lyň iýul aýy­nyň 18-ine ge­çi­ri­len Türkmenista­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Pre­zi­diu­my­nyň mej­li­si­ne gatnaşyjy­la­ra ýüz­le­nip, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň pu­dak­la­ry­nyň yk­dy­sa­dy we ma­li­ýe gör­ke­zi­ji­le­ri­niň aý­ra­tyn mö­hüm ha­sap­lanýan alty ugrunyò biri bolan saglygy goraýyş we der­man se­na­ga­ty pu­da­gy­ny ös­dür­mek, iý­mit önüm­le­ri­niň howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek, be­je­riş we öňü­ni alyş işleriniň, der­man se­riş­de­le­ri­niň ýo­ka­ry hil­li bol­ma­gy­na, howp­suz­ly­gy­na hem-de ne­ti­je­li­li­gi­ne gö­nük­di­ri­len gö­zeg­çi­lik bo­ýun­ça alnyp ba­ryl­ýan işle­riň do­wam et­di­ril­me­li­di­gi ba­rada aý­ra­tyn nyg­tap geç­me­gi bel­lär­lik­li pur­sat­dyr. 

Ýur­du­myz­da ka­bul edi­len «Türk­me­nis­ta­nyň ýaş­la­ry­nyň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň 2023­ —­ 2030-njy ýyl­lar üçin Stra­te­gi­ýa­sy» bo­ýun­ça ýaşlary durmuş taýdan goldamak, çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, bagtyýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­ny üp­jün et­mek hem-de olarda wa­tan­sö­ýü­ji­lik, ru­hu­be­lent­lik, ýo­ka­ry ah­lakly­lyk, yn­san­per­wer­lik, ha­lal­lyk ýa­ly hä­si­ýet­le­ri kemala getirmek boýunça uly işler durmuşa geçiril­ýär. Ga­ly­ber­se-de, ýur­du­myz bo­ýun­ça döw­re­bap hassahanalarda hyzmatlary ýokary hilli ýola goýma­gyň, luk­man­la­ryň hü­när de­re­je­si­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň des­lap­ky iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de türk­men ýaş­la­ry döw­let, hä­ki­mi­ýet we do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ryn­da, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dür­li pudakla­ryn­da, ylym, bi­lim, me­de­ni­ýet, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­gam­la­ryn­da, döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar bilen enjamlaşdyrylan kärhanalarda, Prezident Maksatnamasynda we beýleki milli maksatnama­lar­da kes­git­le­nen wezipe­le­ri hem-de düýp­li öz­gert­me­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek ugrun­da yh­las­ly zäh­met çek­ýär­ler. Bu gün­ki gün Gah­ryman Arkadagymy­zyň, Ar­kadag­ly Ser­da­ry­my­zyň nus­ga­lyk iş­le­ri­ni öz­le­ri­ne baş ýörel­ge edi­nip, Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly­nyň her bir gü­nü­ni be­ýik ýeňiş­le­re, tä­ze üstün­lik­le­re bes­le­ýän ýaş­la­ry­myz ýurdumyzyň äh­li ul­gam­la­ry­ny ös­dür­mek ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re örän tu­tan­ýer­li goşant goşýarlar.

 Halkymyza sagdyn hem ruhubelent durmuşy ba­gyş ed­ýän, ola­ry wa­tan­sö­ýü­ji­lik, yn­san­per­werlik, ha­lal­lyk ýo­lu­na ruh­lan­dyr­ýan türk­men halky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Serdarymy­zyň biz üçin dö­re­dip berýän giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne çyn ýürek­den ho­şal­lygy­my­zy bil­dir­ýä­ris! Goý, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bol­sun! 

 

Gurbanmyrat GÖRMEKOW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş 

syýasaty baradaky komitetiniň agzasy