Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Halkymyzyň, ylaýta-da, döwletimiziň geljegi bolan ýaşlarymyzyň ykbalyna gönükdirilen işlere tutanýerli çemeleºmek, olary belent maksatlara ruhlandyrmak Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň esasy ýörelgeleriniň biri bolup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şol ýörelgeler Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň has-da kuwwatlanmagyna esas döredýär. Hut şoňa göräde, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolan saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek babatdaky işlerde hem giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar.
Döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamlaryň saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda, raýatlaryň ömür dowamlylygyny artdyrmakda, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakda, saglygy goraýyş ulgamyny hil taýdan täze derejelere çykaryp, döwrebap milli saglygy goraýyş ulgamyny esaslandyrmakda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ygtybarly ýörelge bolup durýar. Eziz Diýarymyzda kabul edilen döwlet maksatnamalar esasynda giň gerimli işler alnyp barlyp, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde halkara ölçeglere kybap gelýän saglygy goraýyş we anyklaýyş merkezleri, hassahanalar, şypahanalar bina edildi we bina edilýär. Ýylyň-ýylyna täze lukmançylyk edaralary gurlup, saglygy goraýşyň milli nusgasy döredilýär.
Milli Liderimiz şu ýylyň iýul aýynyň 18-ine geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň ykdysady we maliýe görkezijileriniň aýratyn möhüm hasaplanýan alty ugrunyò biri bolan saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny ösdürmek, iýmit önümleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek, bejeriş we öňüni alyş işleriniň, derman serişdeleriniň ýokary hilli bolmagyna, howpsuzlygyna hem-de netijeliligine gönükdirilen gözegçilik boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdirilmelidigi barada aýratyn nygtap geçmegi bellärlikli pursatdyr.
Ýurdumyzda kabul edilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» boýunça ýaşlary durmuş taýdan goldamak, çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek hem-de olarda watansöýüjilik, ruhubelentlik, ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, halallyk ýaly häsiýetleri kemala getirmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Galyberse-de, ýurdumyz boýunça döwrebap hassahanalarda hyzmatlary ýokary hilli ýola goýmagyň, lukmanlaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň deslapky işleri alnyp barylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlary döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan kärhanalarda, Prezident Maksatnamasynda we beýleki milli maksatnamalarda kesgitlenen wezipeleri hem-de düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň nusgalyk işlerini özlerine baş ýörelge edinip, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir gününi beýik ýeňişlere, täze üstünliklere besleýän ýaşlarymyz ýurdumyzyň ähli ulgamlaryny ösdürmek babatda alnyp barylýan işlere örän tutanýerli goşant goşýarlar.
Halkymyza sagdyn hem ruhubelent durmuşy bagyş edýän, olary watansöýüjilik, ynsanperwerlik, halallyk ýoluna ruhlandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň biz üçin döredip berýän giň mümkinçiliklerine çyn ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Gurbanmyrat GÖRMEKOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş
syýasaty baradaky komitetiniň agzasy