The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

18.05.2024

MIZEMEZ MUKADDESLIKLER

 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ösüş­le­riň tä­ze belentlikle­ri­ni na­zar­lap, röw­şen gel­je­ge ynam­ly bar­ýan mer­da­na hem zäh­met­sö­ýer hal­ky­myz il ag­zy­bir­li­gin­de, ýurt pa­ra­hat­çy­ly­gyn­da aja­ýyp baý­ra­my – Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň we Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let baý­da­gy­nyň gü­nü­ni uly da­ba­ra­la­ra bes­le­ýär.

Esasy Kanunymyz bolan Türkmenis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na-da, asu­da­ly­gyň, pa­ra­hat­çyly­gyň, ag­zy­bir­li­giň ny­şa­ny bo­lup al-as­man­da parla­ýan ýa­şyl Tugumyza-da Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türkme­nis­tan Wata­ny­my­zyň ta­ry­hyn­da­ky iň ösüş­li za­ma­na­da eş­ret­li dur­mu­şyň hözirini gör­ýän mer­da­na hem zäh­met­sö­ýer hal­kymyz mu­kad­des­lik hökmün­de ga­ra­ýar we bu aja­ýyp ha­ky­ka­ta biz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýy­lyn­da şan­ly se­ne my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän dabara­ly çä­re­le­riň esasyn­da hem kem­siz göz ýe­tir­ýä­ris. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ada­my jem­gy­ýe­tiň we döw­le­tiň iň ýo­ka­ry gym­mat­ly­gy hök­mün­de yk­rar ed­ýän Kons­ti­tu­si­ýa­myz, Garaşsyzlygymyzyň we Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň, ag­zy­bir­li­gi­mi­ziň hem-de jebis­li­gi­mi­ziň ebe­di­li­gi­niň ny­şa­ny­na öw­rü­len Döw­let baý­da­gy­myz bi­ziň geç­mi­şi­miziň, hä­zir­ki döw­rü­mi­ziň, gel­je­gi­mi­ziň be­ýikdi­gi­ni, şöhratlydygy­ny ala­mat­lan­dyr­ýan mil­li mu­kad­des­lik­le­ri­miz­dir» di­ýen dür­dä­ne söz­le­ri hem mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. 

Eziz Di­ýa­ry­my­zyň her bir ra­ýa­ty­nyň azat­lyk­la­ry­nyň, hu­kuk­la­ry­nyň go­ral­ma­gy­ny, aba­dan, asu­da, eş­ret­li dur­muş­da ýa­şa­ma­gyny, dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­me­gi­ni, oka­ma­gyny, my­na­syp dynç al­ma­gy­ny üp­jün et­mek­de mi­ze­mez hu­kuk bin­ýa­dy bo­lup dur­ýan Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy de­mok­ra­tik, hu­kuk, dün­ýe­wi döw­le­ti­mi­ziň hu­kuk esas­lary­ny has-da pugta­lan­dyr­ýar, yn­san­per­wer­li­gi ýö­rel­ge edin­ýän jem­gy­ýe­ti­mi­ziň yzygider­li kä­mil­leş­me­gi­ne şert dö­red­ýär. Dün­ýä­de yk­rar edi­len hal­ka­ra ka­da­la­ryň we mil­li ýö­rel­ge­leriň naý­ba­şy nus­ga­sy­ny özün­de jem­le­ýän şeý­le Kons­ti­tu­si­ýa­sy bo­lan ýur­du­my­zyň be­lent­de par­la­ýan Döw­let baýda­gy­na bo­lan buý­sanç bol­sa bu gün­ki gün her bir türk­me­nis­tan­lynyň kal­byn­da joş ur­ýar. Mu­kad­des ýa­şyl Tugu­my­zyň er­ka­na, buý­sanç­ly parla­ma­gy has uly ösüş­le­re, zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ne ça­gyr­ýan mu­kam bolup ýaň­lan­ýar. 

Ha­wa, Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy we Döw­let baý­da­gy­myz – mi­ze­mez mu­kad­des­likle­ri­miz. Esa­sy Ka­nu­ny­myz ag­zy­bir­li­gi­mi­ziň, jebis­li­gi­mi­ziň, gel­jek­ki ösüş­le­ri­mi­ziň ke­pi­li bo­lup dur­ýan bol­sa, mukaddes ýa­şyl Baý­da­gymyz hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öňdengörüjilikli, pa­ra­sat­ly sy­ýa­sa­ty­nyň, hal­ky­my­zyň aba­dan, bo­le­lin dur­mu­şy­nyň do­wa­mat-do­wam­dy­gynyň gü­wä­si bo­lup, äle­me nur saç­ýar. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň be­lent yma­ra­ty­nyň öňün­de sagdynlygyň, ru­hu­be­lent­li­giň,spor­tuň me­ka­ny bo­lan Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä döw­let­le­ri­ni we halk­la­ry­ny dost-doganly­ga ça­gyr­ýan Döw­let baý­da­gy­nyň as­tyn­da äh­li ugur­lar­da, şol sanda sport­da ga­za­nyl­ýan ýe­ňiş­ler­dir üs­tün­lik­ler ýe­ne­ki ýyl­lar­da hem do­wa­mat-do­wam bol­sun!

 

Perman SAPAROW, 

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň dur­muş sy­ýa­sa­ty 

ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň baş hü­när­me­ni