Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşleriň täze belentliklerini nazarlap, röwşen geljege ynamly barýan merdana hem zähmetsöýer halkymyz il agzybirliginde, ýurt parahatçylygynda ajaýyp baýramy – Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi uly dabaralara besleýär.
Esasy Kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasyna-da, asudalygyň, parahatçylygyň, agzybirligiň nyşany bolup al-asmanda parlaýan ýaşyl Tugumyza-da Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň taryhyndaky iň ösüşli zamanada eşretli durmuşyň hözirini görýän merdana hem zähmetsöýer halkymyz mukaddeslik hökmünde garaýar we bu ajaýyp hakykata biz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şanly sene mynasybetli geçirilýän dabaraly çäreleriň esasynda hem kemsiz göz ýetirýäris. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyz, Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň ebediliginiň nyşanyna öwrülen Döwlet baýdagymyz biziň geçmişimiziň, häzirki döwrümiziň, geljegimiziň beýikdigini, şöhratlydygyny alamatlandyrýan milli mukaddesliklerimizdir» diýen dürdäne sözleri hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Eziz Diýarymyzyň her bir raýatynyň azatlyklarynyň, hukuklarynyň goralmagyny, abadan, asuda, eşretli durmuşda ýaşamagyny, döredijilikli zähmet çekmegini, okamagyny, mynasyp dynç almagyny üpjün etmekde mizemez hukuk binýady bolup durýan Türkmenistanyň Konstitusiýasy demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň hukuk esaslaryny has-da pugtalandyrýar, ynsanperwerligi ýörelge edinýän jemgyýetimiziň yzygiderli kämilleşmegine şert döredýär. Dünýäde ykrar edilen halkara kadalaryň we milli ýörelgeleriň naýbaşy nusgasyny özünde jemleýän şeýle Konstitusiýasy bolan ýurdumyzyň belentde parlaýan Döwlet baýdagyna bolan buýsanç bolsa bu günki gün her bir türkmenistanlynyň kalbynda joş urýar. Mukaddes ýaşyl Tugumyzyň erkana, buýsançly parlamagy has uly ösüşlere, zähmet üstünliklerine çagyrýan mukam bolup ýaňlanýar.
Hawa, Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagymyz – mizemez mukaddesliklerimiz. Esasy Kanunymyz agzybirligimiziň, jebisligimiziň, geljekki ösüşlerimiziň kepili bolup durýan bolsa, mukaddes ýaşyl Baýdagymyz hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, parasatly syýasatynyň, halkymyzyň abadan, bolelin durmuşynyň dowamat-dowamdygynyň güwäsi bolup, äleme nur saçýar. Birleşen Milletler Guramasynyň belent ymaratynyň öňünde sagdynlygyň, ruhubelentligiň,sportuň mekany bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä döwletlerini we halklaryny dost-doganlyga çagyrýan Döwlet baýdagynyň astynda ähli ugurlarda, şol sanda sportda gazanylýan ýeňişlerdir üstünlikler ýeneki ýyllarda hem dowamat-dowam bolsun!
Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň durmuş syýasaty
baradaky komitetiniň baş hünärmeni