The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

18.05.2024

DÖWLETLILIGIŇ GOŞA GANATY

 

Esa­sy Ka­nu­ny­myz we Döw­let baý­da­gy­myz hal­ky­my­zyň watansöýü­ji­lik duý­gu­sy­ny, dö­re­di­ji­lik hy­juwy­ny, zäh­met joş­gu­ny­ny belen­de gö­ter­ýän mu­kad­des­lik­ler­dir. Bu gün­ki gün ber­ka­rar Watanymyz­da jem­gy­ýe­tiň we döw­le­tiň iň ýo­ka­ry gym­mat­ly­gy hökmünde yk­rar edi­len ada­myň hu­kuk­la­ry­nyň we azat­lyk­la­ry­nyň goragy­ny ke­pil­len­dir­ýän Kons­ti­tu­si­ýa­my­zyň yn­san­per­wer ka­da­la­ry­na esas­la­nyp, ýaşyl Tu­gu­my­zyň as­tyn­da mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar we aba­dan dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­nyň hem-de ýur­du­my­zyň gül­läp ösmeginiň ha­ty­ra­sy­na giň ge­rim­li mak­sat­na­ma­lar, dur­muş-yk­dy­sa­dy, jem­gy­ýet­çilik-sy­ýa­sy öz­gert­me­ler üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. 

Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy türk­men hal­ky­nyň jemgy­ýet­çi­lik gur­lu­şy­nyň köp asyr­lyk tej­ri­be­si­niň umu­ma­dam­zat paý­ha­sy­nyň ösüş ýolun­da ga­za­nan gym­mat­lyk­la­ry bi­len saz­la­şy­gy­ny eme­le ge­tir­ýän döwle­ti­mi­ziň ka­nun­çy­lyk ul­gamy­nyň berk bin­ýa­dy­dyr. Kons­ti­tu­si­ýa ýoka­ry hu­kuk güý­jü­ne eýe bol­mak bi­len, ka­nun­çy­ly­gyň ke­pi­li, raýatlaryň hu­kuk­la­rynyň we er­kin­li­gi­niň ber­jaý edi­li­şi­niň gü­wä­si hökmün­de çy­kyş ed­ýär. Döw­le­ti­mi­ziň Esa­sy Ka­nu­ny mil­li demokratiýamy­zyň iň kä­mil de­re­je­si­ni, ra­ýat­la­ry­my­zyň aba­dan durmuşda ýaşa­ma­gy­ny we dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­me­gi­ni ke­pil­len­dir­ýän iň ýo­ka­ry hu­kuk na­ma­sy­dyr. Kons­ti­tu­si­ýa­myz­da döw­le­tiň adam­la­ryň dynç al­ma­gy hem-de iş­den boş wag­ty­ny peý­dalan­ma­gy üçin amat­ly şertle­riň dö­re­dil­ýän­di­gi bel­le­nil­ýär. Şu ka­da­dan ugur al­nyp, ýur­du­myz­da ra­ýat­la­ryň be­den­terbi­ýe we sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ma­gy, saglygy­ny ber­kit­me­gi üçin giň şert­ler dö­re­dil­ýär. Di­ýa­ry­myz­da spor­ty ös­dür­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry yzy­gider­li kamilleşdi­ril­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de äh­li il­deş­le­ri­mi­ziň, hu­su­san-da, ýaşla­ryň ara­syn­da be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­ýan­la­ryň sa­ny bar­ha art­ýar. 

Wa­ta­ny­my­zyň ýa­şyl Baý­da­gy­nyň bu gün­ki gün mäh­riban halkymy­zyň is­leg-ar­zuw­la­ry­ny özün­de jem­läp, asu­da­lygyň hem-de ba­ky bag­ty­ýar­ly­gyň ny­şa­ny bo­lup er­ka­na par­lama­gy il­deş­le­ri­mi­zi uly üstünlik­le­re ruh­lan­dyr­ýar. Dün­ýä­niň çar ýa­nyn­da gu­ral­ýan hal­ka­ra ýaryş­lar­da tür­gen­le­ri­mi­ziň ýe­ňiş ga­za­nan pur­sat­la­ryn­da ýa­şyl Baýdagymy­zyň be­lent­de par­la­ma­gy ýur­du­my­zyň ab­ra­ýy­ny has-da artdyryp, il­deşle­ri­mi­ziň göw­nü­ni gal­kyn­dyr­ýar.Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let baý­da­gy hal­ky­my­zyň döw­let­li­li­gi­niň, ag­zy­bir­li­gi­niň, je­bis­ligi­niň nyşany­dyr. Ol Wa­ta­ny­my­zyň, top­ra­gy­my­zyň eziz­li­gi­ni, mäh­ri­ban­ly­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döwrün­de döw­let ber­ka­rar­ly­gy­my­zyň syn­maz sü­tün­le­ri hem-de döwletlilik ýö­rel­ge­le­ri­mi­ziň go­şa ga­na­ty hök­mün­de Kons­ti­tu­si­ýa­my­zyň we Döw­let baý­da­gymy­zyň sar­pa­sy be­lent tu­tul­ýar. Hal­ky­my­zyň bi­te­wi bo­lup, agzy­bir dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­ny ar­zuw­lan akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­nyň halka­ra derejedä­ki da­ba­ra­la­ry bi­len ut­ga­şyk­ly­lyk­da döw­let­li­lik ny­şan­la­ry­my­zyň nu­ra­na baý­ra­my­nyň giň­den bel­le­nil­me­gi hem bu ha­ky­ka­tyň aý­dyň subut­na­ma­sy­dyr. Bag­ty­ýar zama­na­myz­da Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň da­şy­na je­bis­le­şip, gur­ma­gyň we dö­ret­me­giň röw­şen ýo­lun­da tä­ze ösüş­le­ri na­zar­la­ýan agzybir hal­ky­my­zyň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­le­ri do­wa­mat-do­wam bol­sun! 

 

Begençgeldi BAÝRAMMYRADOW, 

TSTP-niň Ahal we­la­ýat ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy­nyň 

orun­ba­sa­ry, Mej­li­siň de­pu­ta­ty.