Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Esasy Kanunymyz we Döwlet baýdagymyz halkymyzyň watansöýüjilik duýgusyny, döredijilik hyjuwyny, zähmet joşgunyny belende göterýän mukaddesliklerdir. Bu günki gün berkarar Watanymyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilen adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goragyny kepillendirýän Konstitusiýamyzyň ynsanperwer kadalaryna esaslanyp, ýaşyl Tugumyzyň astynda mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagynyň hem-de ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna giň gerimli maksatnamalar, durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy türkmen halkynyň jemgyýetçilik gurluşynyň köp asyrlyk tejribesiniň umumadamzat paýhasynyň ösüş ýolunda gazanan gymmatlyklary bilen sazlaşygyny emele getirýän döwletimiziň kanunçylyk ulgamynyň berk binýadydyr. Konstitusiýa ýokary hukuk güýjüne eýe bolmak bilen, kanunçylygyň kepili, raýatlaryň hukuklarynyň we erkinliginiň berjaý edilişiniň güwäsi hökmünde çykyş edýär. Döwletimiziň Esasy Kanuny milli demokratiýamyzyň iň kämil derejesini, raýatlarymyzyň abadan durmuşda ýaşamagyny we döredijilikli zähmet çekmegini kepillendirýän iň ýokary hukuk namasydyr. Konstitusiýamyzda döwletiň adamlaryň dynç almagy hem-de işden boş wagtyny peýdalanmagy üçin amatly şertleriň döredilýändigi bellenilýär. Şu kadadan ugur alnyp, ýurdumyzda raýatlaryň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagy, saglygyny berkitmegi üçin giň şertler döredilýär. Diýarymyzda sporty ösdürmek bilen baglanyşykly kanunçylyk namalary yzygiderli kamilleşdirilýär. Şonuň netijesinde ähli ildeşlerimiziň, hususan-da, ýaşlaryň arasynda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar.
Watanymyzyň ýaşyl Baýdagynyň bu günki gün mähriban halkymyzyň isleg-arzuwlaryny özünde jemläp, asudalygyň hem-de baky bagtyýarlygyň nyşany bolup erkana parlamagy ildeşlerimizi uly üstünliklere ruhlandyrýar. Dünýäniň çar ýanynda guralýan halkara ýaryşlarda türgenlerimiziň ýeňiş gazanan pursatlarynda ýaşyl Baýdagymyzyň belentde parlamagy ýurdumyzyň abraýyny has-da artdyryp, ildeşlerimiziň göwnüni galkyndyrýar.Türkmenistanyň Döwlet baýdagy halkymyzyň döwletliliginiň, agzybirliginiň, jebisliginiň nyşanydyr. Ol Watanymyzyň, topragymyzyň ezizligini, mähribanlygyny alamatlandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet berkararlygymyzyň synmaz sütünleri hem-de döwletlilik ýörelgelerimiziň goşa ganaty hökmünde Konstitusiýamyzyň we Döwlet baýdagymyzyň sarpasy belent tutulýar. Halkymyzyň bitewi bolup, agzybir durmuşda ýaşamagyny arzuwlan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejedäki dabaralary bilen utgaşyklylykda döwletlilik nyşanlarymyzyň nurana baýramynyň giňden bellenilmegi hem bu hakykatyň aýdyň subutnamasydyr. Bagtyýar zamanamyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň daşyna jebisleşip, gurmagyň we döretmegiň röwşen ýolunda täze ösüşleri nazarlaýan agzybir halkymyzyň döwletlilik ýörelgeleri dowamat-dowam bolsun!
Begençgeldi BAÝRAMMYRADOW,
TSTP-niň Ahal welaýat komitetiniň başlygynyň
orunbasary, Mejlisiň deputaty.