The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Toýlarymyzyň toýa ulaşýan, asylly umytlarymyzyň hakykata öwrülýän ajaýyp döwründe, gözel türkmen sährasyna bahar gelip, ene topragymyzyň ýaşyl kürte geýip, daglarymyzyň-düzlerimiziň gül açýan günlerinde, Halkara zenanlar güni mynasybetli, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda, guramalarda işleýän, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada hem-de kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan, şeýle hem mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary gowşuryldy. Munuň özi körpeje gyzlarymyzyň, zenanlarymyzyň, mährem enelerimiziň aýratyn alada bilen gurşalyp, olara uly hormat goýulýandygyndan nyşandyr.
Häzirki wagtda ýurdumyzda eneligi we çagalygy goramagyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan gözbaş alyp gaýdýan hukuk esaslaryny düzýän birnäçe kanunlar hereket edýär. Türkmenistanyň Maşgala, Zähmet, Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksleri, «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hem-de beýleki birnäçe kanunçylyk namalary eneligi we çagalygy goramagyň hukuk kepilliklerini üpjün etmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanda zenanlaryň ýaşaýyş-durmuşyny, zähmet şertlerini gowulandyrmak, hukuklarynyň ygtybarly goragyny üpjün etmek, olaryň abadan durmuşda ýaşamagy, saýlap alan käri boýunça zähmet çekmegi, okamagy, medeniýetli dynç almagy babatda döwlet tarapyndan ähli tagallalar edilýär. Döwletimiz tarapyndan zenanlara berilýän ýeňillikler, olaryň mynasyp durmuşy we bagtyýar zähmet çekmekleri üçin döredilýän zerur şertler, kanuny kepillikler bagtyýar zenanlarymyzy döredijilikli zähmete ruhlandyrýar. Döwletimiziň dürli pudaklarynda işjeň zähmet çekýän zenanlarymyzyň zähmetine döwletimizde ýokary baha berilýär. 2014-nji ýylda Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordenini döretmek hakynda»Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi we her ýylda zenanlarymyzyň birnäçesiniň bu ýokary döwlet sylagyna mynasyp bolmagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny kabul edilenden bäri sekiz we şondan köp çagany dünýä indirip, mynasyp terbiýelän enelere Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen «Ene mähri» diýen hormatly at dakylýar. Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan enelere döwlet kömek pullarynyň hasaplanylmagy üçin bellenilen binýatlyk ululygyň on essesi möçberinde birwagtlaýyn baýrak tölenilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan döwlet kömek pullarynyň hasaplanylmagy üçin bellenilen binýatlyk ululyk 470 manat möçberinde bellenildi. Şeýlelikde, şu ýyl Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan enelere 4700 manat möçberinde birwagtlaýyn baýrak tölenildi. Şeýle hem, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan enelere pensiýalarynyň ýa-da çaga seretmek boýunça döwlet kömek pulunyň, maýyplyk boýunça döwlet kömek pulunyň, döwlet durmuş kömek pulunyň 30 göterimi möçberinde her aýda goşmaça hak tölenilýär. «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan enelere diş protezleri hyzmatlaryndan, jemgyýetçilik awtoulag serişdelerinden (taksiden başgasy), olara we olar bilen bile ýaşaýan maşgala agzalaryna suwdan, gazdan, elektrik energiýasyndan hem-de ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlaryndan mugt peýdalanmaga hukuk berilýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda beýik özgertmeler we maksatnamalaýyn tutumlar durmuşa geçirilýän eziz Diýarymyzda bagtyýar zenanlar türkmen halkynyň milli ruhy gymmatlyklaryny, mukaddes däp-dessurlaryny döwrebap derejede dowam etdirmek bilen, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli işlere işjeň gatnaşýarlar. Türkmenistanyň Mejlisiniň 125 deputatyndan 32-siniň zenanlar bolmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistan döwletimiz dünýä ýurtlarynyň hem-de halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda zenanlaryň ornuny we işjeňligini ýokarlandyrmak babatda halkara ähmiýetli başlangyçlar bilen çykyş edýär. 2021-nji ýylyň awgust aýynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy Türkmenistanda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde geçirildi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynda başlyklyk etdi. Şol ýylyň maý aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň «Jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň orny» ady bilen zenanlaryň dialogy üstünlikli geçirildi.
Forumda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogynyň Jarnamasy kabul edildi. Bu halkara resminama BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edildi.
Türkmenistanyň Zenanlaryň dialogyna başlyklyk eden ýylynda döwletimiziň başlangyjy bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi edarasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Zenanlar dialogynyň agzalarynyň gatnaşmagynda «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly halkara maslahatyň geçirilmegi bu ugurda edilen uly işleriň biridir. Ýurdumyzda enelere, zenanlara uly hormat, sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri belent bolsun!
Bahar SEÝIDOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym bilim, medeniýet
we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.