Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
22.05.2024

TÜRKMEN ZENANLARYNA GOÝULÝAN SARPA

 

Toý­la­ry­my­zyň to­ýa ulaş­ýan, asyl­ly umyt­la­ry­my­zyň ha­ky­ka­ta öwrül­ýän aja­ýyp döw­rün­de, gö­zel türk­men sähra­sy­na ba­har ge­lip, ene top­ra­gy­my­zyň ýa­şyl kür­te ge­ýip, dag­la­ry­my­zyň-düzle­ri­mi­ziň gül aç­ýan gün­le­rin­de, Halka­ra ze­nan­lar gü­ni my­na­sy­bet­li, eýeçi­li­giň gör­nü­şi­ne gara­maz­dan, äh­li kärhanalarda, edaralarda, guramalarda iş­le­ýän, pen­si­ýa we döw­let kö­mek pu­lu­ny al­ýan, önüm­çi­lik­den aý­ryl­mak şer­ti bi­len aspiran­tu­ra­da, dok­to­ranturada hem-de kliniki ordinaturada oka­ýan aýal-gyz­la­ra, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky Döw­let gullu­gy akade­mi­ýa­sy­nyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwla­ry­nyň diň­leý­ji aýal-gyz­la­ry­na, ta­lyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan, şeý­le hem mek­de­be çen­li ça­ga­lar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň adyn­dan pul sow­gat­la­ry gow­şu­ryl­dy. Mu­nuň özi kör­pe­je gyz­la­ry­my­zyň, ze­nan­la­rymy­zyň, mäh­rem ene­le­ri­mi­ziň aýratyn ala­da bi­len gur­şa­lyp, ola­ra uly hor­mat go­ýul­ýan­dy­gyn­dan nyşan­dyr. 

Häzirki wagtda ýurdumyzda eneli­gi we ça­ga­ly­gy go­ra­ma­gyň Türkmenis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­syn­dan göz­baş alyp gaýd­ýan hu­kuk esaslary­ny düzýän birnäçe kanunlar hereket edýär. Türk­me­nis­ta­nyň Maş­ga­la, Zäh­met, Ilaty dur­muş taý­dan go­ra­mak ha­kyn­da ko­deks­le­ri, «Ça­ga­nyň hu­kuk­la­ry­nyň döw­let ke­pil­lik­le­ri ha­kyn­da», «Ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­me­gi wa­gyz etmek we gol­da­mak ha­kyn­da» Türk­menis­ta­nyň Ka­nun­la­ry hem-de beý­le­ki birnäçe kanunçylyk namalary eneligi we çaga­ly­gy go­ra­ma­gyň hu­kuk ke­pillik­le­ri­ni üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.

Türk­me­nis­tan­da­ ze­nan­la­ryň ­ýa­şaýyş-dur­mu­şy­ny,­ zäh­met­ şert­le­ri­ni gowu­lan­dyr­mak,­ hu­kuk­la­ry­nyň­ yg­tybar­ly­ go­ra­gy­ny­ üp­jün­ et­mek,­ ola­ryň aba­dan­ dur­muş­da­ ýa­şa­ma­gy,­ saý­lap alan käri boýunça zähmet çekmegi, okamagy, medeniýetli dynç almagy babatda döwlet tarapyndan ähli tagal­la­lar­ edil­ýär.­ Döw­le­ti­miz ­ta­ra­pyndan­ ze­nan­la­ra­ be­ril­ýän­ ýe­ňil­lik­ler,­ ola­ryň­ my­na­syp­ dur­mu­şy­ we­ bag­tyýar­ zäh­met­ çek­mek­le­ri­ üçin­ döredilýän­ ze­rur­ şert­ler,­ ka­nu­ny­ ke­pil­lik­ler bag­ty­ýar­ ze­nan­la­ry­my­zy döre­di­ji­lik­li zäh­me­te­ ruh­lan­dyr­ýar.­ Döw­le­ti­miziň­ dür­li­ pu­dak­la­ryn­da işjeň­ zäh­met çek­ýän­ ze­nan­la­ry­my­zyň­ zäh­me­ti­ne döwletimizde ýokary baha berilýär. 2014-nji­ ýyl­da­ Türk­me­nis­ta­nyň­ «Zenan kalby» ordenini döretmek hakyn­da»­Türk­me­nis­ta­nyň­ Ka­nu­ny­nyň kabul edilmegi we her ýylda zenanla­ry­my­zyň­ bir­nä­çe­si­niň­ bu­ ýo­ka­ry döwlet sylagyna mynasyp bolmagy hem mu­ňa ­aý­dyň ­şa­ýat­lyk ­ed­ýär.­ 

Türk­me­nis­ta­nyň «Ene mäh­ri» diýen hormatly adyny döretmek hakynda Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny ka­bul edi­len­den bä­ri se­kiz we şon­dan köp ça­ga­ny dün­ýä in­di­rip, my­na­syp ter­biýe­län ene­le­re Türk­me­nis­ta­nyň Pre­ziden­ti­niň Per­ma­ny bi­len «Ene mäh­ri» di­ýen hor­mat­ly at da­kyl­ýar. Türk­menis­ta­nyň «Ene mäh­ri» di­ýen hor­mat­ly adyna mynasyp bolan enelere döwlet kö­mek pul­la­ry­nyň ha­sap­la­nyl­ma­gy üçin bel­le­ni­len binýat­lyk ulu­ly­gyň on essesi möçberinde birwagtlaýyn baýrak tölenilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormat­ly Preziden­ti­mi­ziň Per­ma­ny­na la­ýyk­lyk­da, 2024-nji ýy­lyň 1-nji ýanwaryndan döw­let kö­mek pul­la­ry­nyň ha­sap­la­nyl­ma­gy üçin bel­le­ni­len binýat­lyk ulu­lyk 470 ma­nat möç­be­rin­de bel­le­nil­di. Şeý­le­lik­de, şu ýyl Türkme­nis­ta­nyň «Ene mäh­ri» di­ýen hormatly adyna mynasyp bolan enelere 4700 ma­nat möç­be­rin­de bir­wagt­la­ýyn baý­rak tö­le­nil­di. Şeý­le hem, Türk­menis­ta­nyň «Ene mäh­ri» di­ýen hor­mat­ly adyna mynasyp bolan enelere pensiýala­ry­nyň ýa-da ça­ga se­ret­mek bo­ýun­ça döw­let kömek pu­lu­nyň, ma­ýyp­lyk boýun­ça döw­let kö­mek pu­lu­nyň, döw­let durmuş kö­mek pu­lu­nyň 30 gö­te­ri­mi möç­be­rin­de her aý­da goş­ma­ça hak töle­nil­ýär. «Ene mäh­ri» di­ýen hor­mat­ly ada my­na­syp bo­lan ene­le­re diş protez­le­ri hyz­mat­la­ryn­dan, jem­gy­ýet­çi­lik aw­tou­lag se­riş­de­le­rin­den (taksi­den baş­ga­sy), ola­ra we olar bi­len bi­le ýa­şaýan maş­ga­la ag­za­la­ry­na suw­dan, gazdan, elektrik energiýasyndan hem-de ýa­şa­ýyş jaý-je­ma­gat hyz­mat­la­ryn­dan mugt peýdalanmaga hukuk berilýär. 

Hor­mat­ly­ Pre­zi­den­ti­mi­ziň­ pa­rasat­ly­ baş­tu­tan­ly­gyn­da­ be­ýik­ özgertmeler we maksatnamalaýyn tutumlar dur­mu­şa­ ge­çi­ril­ýän­ eziz Diýa­ry­myzda­ bag­ty­ýar­ ze­nan­lar­ türk­men­ halky­nyň­ mil­li­ ru­hy­ gymmatlyk­la­ry­ny,­ mukaddes däp-dessurlaryny döwre­bap­ de­re­je­de­ dowam­ et­dir­mek­ bilen,­ döw­le­ti­mi­ziň­ we­ jem­gy­ýe­ti­mi­ziň dur­mu­şyn­da ama­la­ aşy­ryl­ýan­ il-ýurt bäh­bit­li,­ adam­zat­ äh­mi­ýet­li ­iş­le­re ­işjeň­ gatnaşýar­lar.­ Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň ­125­ de­pu­ta­tyn­dan­ 32-si­niň zenan­lar­ bol­ma­gy ­hem­ mu­nuň­ aý­dyň subutnamasydyr. 

Türk­me­nis­tan­ döw­le­ti­miz­ dün­ýä ýurt­la­ry­nyň ­hem-de­ halk­la­ry­nyň arasyn­da ­dost-do­gan­lyk­ gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da ­ze­nan­la­ryň or­nuny ­we ­iş­jeň­li­gi­ni­ ýo­kar­lan­dyr­mak ­babat­da ­hal­ka­ra ­äh­mi­ýet­li başlangyç­lar bi­len­ çy­kyş ­ed­ýär.­ 2021-nji­ ýy­lyň­ awgust aýynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň­ ze­nan­la­ry­nyň­ dia­lo­gy­ Türk­menistanda «Awaza» milli syýahatçylyk zo­la­gyn­da­ Mer­ke­zi­ Azi­ýa­nyň­ döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň­ konsul­ta­tiw­ du­şu­şygy­nyň ­çäk­le­rin­de ­ge­çi­ril­di.

Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türkme­nis­tan Wa­ta­ny­myz 2022-nji ýyl­da Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ze­nan­lary­nyň dia­lo­gyn­da baş­lyk­lyk etdi. Şol ýy­lyň maý aýyn­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türkmenista­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gah­ry­man Arkadagymyzyň baş­lan­gy­jy bi­len Aşga­bat­da Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň «Jem­gyýet­çi­lik-sy­ýa­sy we dur­muş-ykdysady ösüş­de ze­nan­la­ryň or­ny» ady bi­len zenan­la­ryň dia­lo­gy üstünlik­li ge­çi­ril­di.

Forumda Merkezi Aziýa döwletle­ri­niň we Rus­si­ýa­nyň zenanlarynyň dia­lo­gy­nyň Jar­na­ma­sy ka­bul edil­di. Bu hal­ka­ra res­mi­na­ma BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 76-njy ses­si­ýa­sy­nyň res­mi­na­ma­sy hökmün­de ka­bul edil­di. 

Türk­me­nis­ta­nyň Ze­nan­la­ryň dia­logy­na baş­lyk­lyk eden ýy­lyn­da döw­leti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len, Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň Nýu-Ýork şä­herin­de ýer­leş­ýän Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­rama­sy­nyň mer­ke­zi edara­syn­da Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň Ze­nan­lar dia­lo­gynyň agzalarynyň gat­naş­ma­gyn­da «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» at­ly hal­ka­ra mas­la­ha­tyň ge­çi­ril­me­gi bu ugur­da edi­len uly iş­le­riň bi­ri­dir.­­ Ýurdumyzda enelere, zenanlara uly hormat, sarpa goýýan Gahryman Arka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň­ jan­la­ry­ sag,­ ömür­le­ri uzak, mertebeleri belent bolsun!

 

 

Bahar SEÝIDOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym bilim, medeniýet 

we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.