The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

20.09.2023

SÖZ USSADY MAGTYMGULY PYRAGY

Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň medeniýetini, onuň ruhy dünýäsini, medeni mirasyny dünýä tanatmak ugrundaky taýsyz tagallalary esasynda beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi giňden öwrenilip, akyldaryň ady dünýä doldy. Şygryýet äleminiň şasy Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň buýsanjy bolmak bilen, ol diňe türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň taryhynda-da uly yz galdyran akyldarlaryň biridir. 

Hakykatdan-da, şahyr ýüregi örän duýgur bolýar. Mu­ny Gah­ry­man­ Ar­ka­da­gy­my­zyň aja­ýyp ese­ri bo­lan «Pä­him-paý­has um­ma­ny Magtymgu­ly Py­ra­gy» at­ly goşgusynda hem do­ly du­ýup bil­ýä­ris.­ Öz­ döw­rü­niň be­ýik şah­sy­ýe­ti bo­lan Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy hem ýa­şap ge­çen dur­mu­şy­nyň äh­li pur­sat­la­ryn­da ili­mi­ziň ag­zy­bir­li­gi­ni, asu­da­ly­gy­ny, jebis­li­gi­ni, aba­dan­çy­ly­gy, ha­lal­ly­gy, wa­tansö­ýü­ji­li­gi ün­de­mek bi­len, türk­me­ni bir sup­ra­da jem­le­mek ug­run­da be­ýik iş­le­ri bi­ti­rip­dir.­ Bu­ gün­ki gün Gah­ry­man Arkadagymyz hem öz halkyny agzybir, abadan, bagtyýar ýaşatmak ugrunda yzygiderli tagallalary edýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu ala­da­la­ry di­ňe bir türk­me­nis­tan­ly­lar üçin däl-de, eýsem, äh­li dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ni ag­zy­bir­lige, yna­nyş­mak­ly­ga çagyrýar.­­­ 

Mag­tym­gu­ly Py­ra­gynyň eserleri türk­men di­li­niň kämilleşmeginde uly ähmiýete eýe boldy. Ata-babalarymyz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň eserle­ri­ni köp­çü­lik­de, toýda-to­ma­şa­da ga­zal hök­mün­de ýa-da du­ta­ra salyp, aý­dym hök­mün­de oba­dan-oba, il­ler­den-il­le­re, ne­sil­ler­den-nesillere ýe­ti­rip ge­lip­dir­ler.­­ 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň döredijiligine ýoka­ry ba­ha be­rip: «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy sö­züň güý­ji, gud­ra­ty bi­len şygry­ýet äle­min­de ady ar­şa ga­lan be­ýik akyl­dar şa­hyr­dyr. Magtymgulynyň şyg­ry­ýet äle­mi­ - türk­men ede­bi­ýa­ty­nyň bul­du­rap akýan, çuň­ňur ma­na we çe­per sö­ze teş­ne kalp­la­ry gan­dyr­ýan çeş­me­si» di­ýip bel­le­ýär.

 Söz­ - ­gud­rat­ly güýç, yn­sa­na ber­len nyg­mat. Ony gerek ýe­rin­de dog­ry ulan­mak köp za­dy öz­ger­dip bil­ýär. Sözüň gud­ra­ty ar­ka­ly ýat­lar tan­şa, ta­nyş­lar ýa­ky­na, dost­lar do­ga­na öw­rü­lip bil­ýär.

Şa­hyr: «Mag­tym­gu­ly, sö­züm gys­ga, şer­hi köp» diý­mek bi­len, şygyrlarynyň many-mazmunynyň çuňňurdygyny şahyrana beýan edipdir. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň­­ eser­le­ri şy­gyr us­sat­la­ry­nyň ýol-ýörelge­si­ne öw­rü­lip­dir. 

Türk­men ede­bi­ýa­tyn­da yz gal­dy­ran şa­hyr­la­ry­my­zyň bi­ri bo­lan Nur­my­rat Sa­ry­ha­no­wyň­ «ki­tap» he­ka­ýa­synda türk­me­niň be­ýik şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň edebi mi­ra­sy ba­ra­da­ söhbet­ açylýar. He­ka­ýa­nyň baş gah­ryma­ny­ Wel­my­rat aga­nyň keşbi arkaly­­ türk­men hal­ky­nyň Magtym­gu­ly Py­ra­ga hem-de onuň dür­dä­ne dö­re­di­ji­li­gine bo­lan söý­gü­si ynan­dy­ry­jy su­rat­lan­dy­ryl­ýar. He­ka­ýa­da Wel­my­rat aganyň bü­tin maşgala­sy­nyň gu­wan­jy, ola­ryň maş­ga­la ek­len­ji­niň çeş­me­si bo­lan düýesi­ni ki­tap bi­len çalyş­ma­gy, ol ki­ta­ba gu­wan­ma­gy, onuň her bir setiri­ni bir dü­ýä de­ňe­me­gi oky­jy­da uly tä­sir gal­dyr­ýar. 

Py­ra­gy­nyň şy­gyr­la­ryn­da, esa­san, wa­tan­çy­lyk, ba­tyr­lyk, gahrymançy­lyk,­­ dost­luk, päk ahlaklylyk ýaly pikirler öňe sü­rül­ýär.­­ 

Gah­ry­man­ Ar­ka­da­gy­myz: ­«Aja­ýyp şy­gyr­la­ry bi­len ynsan kal­by­ny ýag­şy­lyk nu­ru­na be­zän türk­me­niň akyl­dar og­ly Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň mer­te­be­si türk­men hal­ky üçin iň be­lent­de go­ýul­ýan mu­kad­des­lik­le­riň biri­dir» di­ýip belleýär. 

Gah­ry­man­ Ar­ka­da­gy­my­zyň şol aja­ýyp jüm­le­le­ri­niň do­wa­ma­ty bolan «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» at­ly şygrynda hem söz us­sa­dy Mag­tym­gu­ly Pyra­gy­nyň be­ýik şah­sy­ýet­li­gi­ni ýe­ne-de bir gezek açyp görkez­mek bi­len: 

Üç ­asy­ryň do­wa­myn­da ge­çen ýo­ly ulu­dyr, 

Hal­ky­nyň hem adam­za­dyň sa­dyk-syt­dyh gu­lu­dyr, 

He­mi­şe we hem­me ýer­de şol bir Mag­tym­gu­lu­dyr, 

Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy. 

Onuň­ Aly­je­na­by Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­— 

di­ýip bel­le­ýär. Gah­ry­man ­Ar­ka­da­gy­myz Mag­tym­gu­ly Pyra­gy­nyň eser­le­ri­niň dür­li dil­le­re ter­ji­me edil­me­gi, dür­li ýurt­lar­da da­na şahyrymyzyň ýa­dy­gär­li­gi­niň di­kel­dil­me­gi, baý­ ede­bi mi­ra­sy­nyň çuň­ňur öw­re­nil­me­gi ug­run­da hem uly tagallalar edýär. 

Gah­ry­man­ Ar­ka­da­gy­my­zyň «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» at­ly­ ajaýyp ­şygry bol­sa Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gününiň 300 ýyl­lyk şan­ly se­ne­si­ne uly sow­gat bol­dy. 

 

Gurbangeldi AŞYROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy