Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň medeniýetini, onuň ruhy dünýäsini, medeni mirasyny dünýä tanatmak ugrundaky taýsyz tagallalary esasynda beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi giňden öwrenilip, akyldaryň ady dünýä doldy. Şygryýet äleminiň şasy Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň buýsanjy bolmak bilen, ol diňe türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň taryhynda-da uly yz galdyran akyldarlaryň biridir.
Hakykatdan-da, şahyr ýüregi örän duýgur bolýar. Muny Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eseri bolan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda hem doly duýup bilýäris. Öz döwrüniň beýik şahsyýeti bolan Magtymguly Pyragy hem ýaşap geçen durmuşynyň ähli pursatlarynda ilimiziň agzybirligini, asudalygyny, jebisligini, abadançylygy, halallygy, watansöýüjiligi ündemek bilen, türkmeni bir suprada jemlemek ugrunda beýik işleri bitiripdir. Bu günki gün Gahryman Arkadagymyz hem öz halkyny agzybir, abadan, bagtyýar ýaşatmak ugrunda yzygiderli tagallalary edýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu aladalary diňe bir türkmenistanlylar üçin däl-de, eýsem, ähli dünýä jemgyýetçiligini agzybirlige, ynanyşmaklyga çagyrýar.
Magtymguly Pyragynyň eserleri türkmen diliniň kämilleşmeginde uly ähmiýete eýe boldy. Ata-babalarymyz Magtymguly Pyragynyň eserlerini köpçülikde, toýda-tomaşada gazal hökmünde ýa-da dutara salyp, aýdym hökmünde obadan-oba, illerden-illere, nesillerden-nesillere ýetirip gelipdirler.
Hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýokary baha berip: «Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr. Magtymgulynyň şygryýet älemi - türkmen edebiýatynyň buldurap akýan, çuňňur mana we çeper söze teşne kalplary gandyrýan çeşmesi» diýip belleýär.
Söz - gudratly güýç, ynsana berlen nygmat. Ony gerek ýerinde dogry ulanmak köp zady özgerdip bilýär. Sözüň gudraty arkaly ýatlar tanşa, tanyşlar ýakyna, dostlar dogana öwrülip bilýär.
Şahyr: «Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp» diýmek bilen, şygyrlarynyň many-mazmunynyň çuňňurdygyny şahyrana beýan edipdir. Magtymguly Pyragynyň eserleri şygyr ussatlarynyň ýol-ýörelgesine öwrülipdir.
Türkmen edebiýatynda yz galdyran şahyrlarymyzyň biri bolan Nurmyrat Saryhanowyň «kitap» hekaýasynda türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy barada söhbet açylýar. Hekaýanyň baş gahrymany Welmyrat aganyň keşbi arkaly türkmen halkynyň Magtymguly Pyraga hem-de onuň dürdäne döredijiligine bolan söýgüsi ynandyryjy suratlandyrylýar. Hekaýada Welmyrat aganyň bütin maşgalasynyň guwanjy, olaryň maşgala eklenjiniň çeşmesi bolan düýesini kitap bilen çalyşmagy, ol kitaba guwanmagy, onuň her bir setirini bir düýä deňemegi okyjyda uly täsir galdyrýar.
Pyragynyň şygyrlarynda, esasan, watançylyk, batyrlyk, gahrymançylyk, dostluk, päk ahlaklylyk ýaly pikirler öňe sürülýär.
Gahryman Arkadagymyz: «Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir» diýip belleýär.
Gahryman Arkadagymyzyň şol ajaýyp jümleleriniň dowamaty bolan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygrynda hem söz ussady Magtymguly Pyragynyň beýik şahsyýetligini ýene-de bir gezek açyp görkezmek bilen:
Üç asyryň dowamynda geçen ýoly uludyr,
Halkynyň hem adamzadyň sadyk-sytdyh guludyr,
Hemişe we hemme ýerde şol bir Magtymguludyr,
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.
Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy—
diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dürli dillere terjime edilmegi, dürli ýurtlarda dana şahyrymyzyň ýadygärliginiň dikeldilmegi, baý edebi mirasynyň çuňňur öwrenilmegi ugrunda hem uly tagallalar edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp şygry bolsa Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesine uly sowgat boldy.
Gurbangeldi AŞYROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy