The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
«Belentlik» diýlende göz öňüňize näme gelýär?! Adamzadyň gudrat görmek isläp, alnyny direýän beýik daglarymy?! Göz ýetirmegä beýlede dursun, göz öňüne getirmek hem çetin bolan Asman bilen Zeminiň aralygymy?! Bu babatda pikirler dürli bolup biler. Emma müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen adamzat paýhasynyň dünýädäki ähli belentliklerden hem beýikdigi bilen ylalaşjaklar kän bolsa gerek. Külli adamzadyň akyl we ruhy belentligi hakynda aýtmaly bolsa, gürrüňsiz, älem ýaly çäksiz, daglar ýaly saldamly edebi mirasy bilen Magtymguly Pyragynyň keşbi ör boýuna galýar. Bu hakykata hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berlen, paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjeginde gurlan Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň we nusgawy şahyrymyzyň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasynyň taryhy pursatlaryna şaýat bolan mahalymyz has aýdyň göz ýetirdik.
Külli adamzadyň beýik şahyrynyň Köpetdagyň eteginde howalanyp duran belent heýkeline gözüň düşende gojaman Zemine kök uran ynsan paýhasynyň Arşy-agla – belentlige ulaşýandygy hakyndaky pikir seriňe dolýar. Görä, bu gudraty, beýik şahyryň heýkeli bilen gojaman Köpetdag has hem beýgelen ýaly görünýär. Bu ýöne bir heýkel däl-de, asyrlaryň dowamynda «çoh garaşylan ajap eýýama», binýady berkarar döwletimize buýsanç bilen nazar salyp, duran şahyryň belent ruhunyň tymsalydyr.
Halkymyzyň beýik şahyrynyň adamzat durmuşyna, älem-jahana belentlikden nazar salyp, döreden eserleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Dünýäniň hakydasy» hökmünde belent ykrara eýe bolmagy merdana halkymyzyň kalbyna egsilmez buýsanç bagyşlaýar. Şu ýerde beýik şahyrymyzyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilendigini buýsanç bilen nygtamak zerur.
Türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykmagy we onda akyldar şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgularynyň ýerleşdirilmegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny has-da dabaralandyran möhüm wakalaryň biri boldy. Kitabyň ilkinji sanynyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan Gahryman Arkadagymyza iberilmeginiň düýp özeninde özboluşly many, ägirt uly hormat bar. Çünki täze taryhy döwrümizde ajaýyp üstünliklere, şanly wakalara beslenýän bu ýylyň belent dabaralandyrylmagy, ak mermerli paýtagtymyzyň gül görküne has hem zynat beren «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de beýik şahyrymyzyň heýkeliniň gurlup ulanylmaga berilmegi babatdaky asylly işleriň gözbaşynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň taýsyz tagallalary durandyr.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň toý-baýramly, sahawata baý gününde «Magtymguly» atly kitabyň – beýik şahyrymyzyň uly göwrümli şygyrlar ýygyndysynyň elimize gowuşmagy bagtyýar ýaşlarymyzyň, merdana halkymyzyň göwün guşlaryny ganatlandyrdy. Kitabyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda çap edilmegi mähriban halkymyz üçin mynasyp, arzyly sowgat boldy.
Merdana türkmen halky kitaba, çeper söze aýratyn gadyr goýýar. Kitabyň gadyr-gymmaty hakynda söz açylanda, Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp kitabynda belleýşi ýaly, bir kitaba guba düýesini çalşan Welmyrat aga, bazardan çagalary üçin sowgat-salam almagyň deregine, ähli üzümini bir kitaba çalşan Anna aga ýaly pederlerimiziň nusgalyk amallary ýadyňa düşýär. Şeýle mysallar, ýaşlara durmuşda, manyly ýaşamakda ybarat bolýar.
Magtymguly öz gaýtalanmajak döredijiligi bilen tutuş halky dünýä tanadan şahsyýetdir. Meşhur ukrain ýazyjysy Ý.K.Oleşa: «Türkmenleriň klassyky edebiýaty Gündogaryň beýik edebiýatynyň pudagydyr. Bu ajaýyp edebiýatda diňe Magtymgulynyň adyny tutmaklykda ýeterlikdir» diýmek bilen, halkyň beýik şahyrynyň şygryýet dünýäsine uly baha berýär. Ony külli Gündogar edebiýatynyň gözbaşynda goýýar. Magtymguly Pyragynyň öz döredijiligi bilen dünýä edebiýatynda, pelsepe ylmynda uly yz goýandygyny häzirki wagtda bütindünýä ykrar edýär.
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmek hakynda ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlarynyň biragyzdan goldanylmagy beýik söz ussadyna goýulýan belent sarpanyň güwäsidir.
Sözümi garagalpak edebiýatşynas alymy Kerimbaý Kurambaýewiň: «Bu gün Magtymgulynyň şygyrlary dünýä halklarynyň pähim baýlygynyň ortalyk hazynasyna ymykly goşuldy. Sebäbi dünýä okyjysy olardan diňe türkmen durmuşyny däl, eýsem, öz durmuşynyda görüp bilýär» diýen ajaýyp jümlesi bilen delillendirmek isleýärin. Dogrudan hem, bu günki gün türkmen halkynyň beýik danasy Magtymguly Pyragy umumadamzat şahyry hökmünde belent ykrara eýedir. Ony döwrüň fenomeni – gudraty, dünýäniň akyldary hasaplaýarlar.
Gahryman Arkadagymyz söz ussadynyň döredijilik dünýäsi hakynda söz açyp: «Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr» diýip, buýsanç bilen nygtaýar. Hakykatdan-da, akyldar şahyrymyz özünden öňki alymlaryň, söz ussatlarynyň, has takygy, Gündogar edebiýatynyň görnükli wekilleri Sagdynyň, Hafyzyň, Firdöwsiniň, Nyzamynyň, Nowaýynyň, Abu Sagyt Abulhaýryň we beýlekileriň edebi mirasyny düýpli öwrenip, olaryň edebi pikirlerini täze mazmun bilen baýlaşdyryp, nusgawy edebiýatymyzda her bir setiri dür dänesine deňelýän çuň manymazmunly ajaýyp eserleri bilen gymmatyny hiç haçan ýitirmejek parasatly pikirleri, pelsepewi garaýyşlary miras galdyrypdyr.
Berkarar döwletimiziň mizemez binýatlaryny alamatlandyrýan, jebisligimizi we agzybirligimizi pugtalandyrýan bu iki gymmatlygyň – Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň milli baýramyna gabatlanyp, akyldar şahyrymyzyň adyny göterýän medeniseýilgäh toplumynyň açylyp ulanylmaga berilmeginiň we täze kitabyň neşir edilmeginiň ruhy taryhy baglanyşyklary hakynda oýlananyňda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk–bagtymyz» atly kitabyndaky: «...Biz ata-babalarymyzyň asyrlar boýy arzuw edip gelen döwletini, beýik Magtymgulynyň «Berkarar döwlet istärin» diýip, şygra salan we «Gurdugym, aslynda, bilgil, bu zeminiň myhydyr, Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy» diýip, ruhy taýdan esaslandyrylan döwletini gurduk» diýen ganatly jümleleri hakydaňa gelýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzda Magtymguly Pyragynyň «Çoh garaşan ajap eýýamy» berkarar edilýär. Halkymyzyň öňden görüji şahyrynyň dürdäne şygyr setirlerinde «Ilimiz ulaşsa sowulmaz ýaza» diýlip, beýan edilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe il-günümiziň ykbaly çüwüp, alnyndan ak gün dogdy. Şeýle eşretli döwrany öz halkyna peşgeş beren milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Ýazpolat KERIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy,
Mejlisiň deputaty.