The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

05.06.2024

ŞANLY ÝYLA GYMMATLY SOWGAT

 

Düýn Änew şä­he­rin­dä­ki Me­de­niýet öýün­de «Mag­tym­gu­ly» at­ly täze ki­ta­byň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. We­la­ýat hä­kim­li­gi ta­ra­pyn­dan gu­ra­lan da­ba­ra we­la­ýa­ty­my­zyň eda­ra-kärha­na­la­ry­nyň iş­gär­le­ri, jemgyýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri, di­li se­na­ly ýa­şu­lu­lar, mäh­rem ene­ler, köp san­ly ýaş­lar gat­naş­dy. 

Me­de­ni­ýet oja­gy­nyň eý­wa­nyn­da we­la­ýat ki­tap­ha­na­sy ta­ra­pyn­dan gura­lan ki­tap ser­gi­si bi­len ta­nyş­mak­dan baş­la­nan da­ba­ra tä­sir­li çy­kyş­lar bi­len do­wam et­di. Çy­kyş eden­ler Mag­tymgu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gününiň 300 ýyl­ly­gy­nyň ulu­dan toý­lan­ýan ýy­ly­nyň “Pä­him-paý­has umma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy” ýy­ly diý­lip at­lan­dy­ryl­ma­gy, şan­ly ýylymyz­da be­ýik akyl­da­ryň ede­bi mi­ra­sy­na ba­gyş­la­nan giň ge­rim­li çärele­riň ge­çi­ril­me­gi hal­ky­myz­da buý­sanç duý­gu­sy­ny dö­red­ýän­di­gi bara­da söz aç­dy­lar. 

— Şi­rin dil­li söz us­sa­dy­myz Magtym­gu­ly Py­ra­gy­nyň saý­la­nan eser­le­ri­ni özün­de jem­le­ýän «Mag­tym­gu­ly» at­ly ki­ta­byň ne­şir edil­me­gi şan­ly ýy­ly­myza şan go­şan wa­ka öw­rül­di. Türk­menis­ta­nyň Ylym­lar akade­mi­ýa­sy­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Dil, ede­bi­ýat we mil­li golýazma­lar ins­ti­tu­ty ta­rapyn­dan taý­ýar­la­nan bu eser hal­ky­myz üçin baha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak sow­gatdy— di­ýip, da­ba­ra­da çy­kyş eden­ler ajaýyp eser­ler ýy­gyn­dy­sy­nyň ma­ny-maz­mu­ny dog­ru­syn­da­ky gür­rü­ňe ün­si çek­di­ler. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, bu ki­ta­byň ne­şir edil­me­gi hor­mat­ly Preziden­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň hem-de ­Gah­ry­man Arkadagy­my­zyň be­ýik söz us­sa­dy Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň baý me­de­ni mi­ra­sy­nyň öw­re­nil­me­gi­ne we giň­den wa­gyz edil­me­gi­ne ber­ýän ün­sü­niň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr. Giň oky­jy­lar köp­çü­li­gi­ne ni­ýet­le­nip ki­tap şa­hy­ryň çuň­ňur pä­him-paý­hasa ýug­ru­lan goş­gu­la­ry­ny, aý­ra­tyn-da, edep-ter­bi­ýe, ylym-bi­lim, ah­lak, ça­ga ter­bi­ýe­si, ula hor­mat, ki­çä sar­pa, ynsanper­wer­lik, dost-do­gan­lyk, mertlik-na­mart­lyk, gah­ry­man­çy­lyk, watançy­lyk, mil­li döw­let­li­lik ýa­ly pel­se­pe­wi ga­ra­ýyş­la­ry­ny, türk­men tebi­ga­ty­ny be­ýan ed­ýän şy­gyr­la­ry­ny özün­de jemle­ýär. Bu aja­ýyp eser­ler yn­san kal­bynda ba­ky orun al­ýar. 

Toý ru­hu­na eýe bo­lan da­ba­ra gatna­şan­lar ýaş nes­li wa­tan­sö­ýü­ji­lik, zäh­met­sö­ýer­lik we hal­ky­my­zyň dö­reden mil­li ýö­rel­ge­le­ri ru­hun­da terbiýele­mek­de «Mag­tym­gu­ly» at­ly ki­ta­byň äh­mi­ýe­ti­niň örän ulu­dy­gy­ny buý­sanç bi­len nyg­tap, be­ýik akyl­da­ryň dö­redi­ji­li­gi­ne goý­ýan bi­möç­ber sar­pa­sy üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we ­Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serda­ry­my­zyň ady­na al­kyş söz­le­ri­ni aýt­dy­lar. 

Da­ba­ra we­la­ýa­ty­my­zyň me­de­ni­ýet-sun­gat us­sat­la­ry­nyň aý­dym-saz­la­ry­na, mil­li öwüş­gin­li tans-halk dö­re­di­ji­lik çykyş­la­ry­na utgaşdy. Akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şy­gyr­la­ry­na dö­re­di­len aýdym­la­ryň ýaň­lan­ma­gy daba­ra­ baý ma­ny ça­ýyp, äh­li­niň kal­by­ny heýjana ge­tir­di. 

 

Resul IŞANGULYÝEW, 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň 

Ahal welaýat komitetiniň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.