Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Düýn Änew şäherindäki Medeniýet öýünde «Magtymguly» atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Welaýat häkimligi tarapyndan guralan dabara welaýatymyzyň edara-kärhanalarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dili senaly ýaşulular, mährem eneler, köp sanly ýaşlar gatnaşdy.
Medeniýet ojagynyň eýwanynda welaýat kitaphanasy tarapyndan guralan kitap sergisi bilen tanyşmakdan başlanan dabara täsirli çykyşlar bilen dowam etdi. Çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uludan toýlanýan ýylynyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylmagy, şanly ýylymyzda beýik akyldaryň edebi mirasyna bagyşlanan giň gerimli çäreleriň geçirilmegi halkymyzda buýsanç duýgusyny döredýändigi barada söz açdylar.
— Şirin dilli söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserlerini özünde jemleýän «Magtymguly» atly kitabyň neşir edilmegi şanly ýylymyza şan goşan waka öwrüldi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan bu eser halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgatdy— diýip, dabarada çykyş edenler ajaýyp eserler ýygyndysynyň many-mazmuny dogrusyndaky gürrüňe ünsi çekdiler. Bellenilişi ýaly, bu kitabyň neşir edilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine we giňden wagyz edilmegine berýän ünsüniň nobatdaky subutnamasydyr. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenip kitap şahyryň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgularyny, aýratyn-da, edep-terbiýe, ylym-bilim, ahlak, çaga terbiýesi, ula hormat, kiçä sarpa, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mertlik-namartlyk, gahrymançylyk, watançylyk, milli döwletlilik ýaly pelsepewi garaýyşlaryny, türkmen tebigatyny beýan edýän şygyrlaryny özünde jemleýär. Bu ajaýyp eserler ynsan kalbynda baky orun alýar.
Toý ruhuna eýe bolan dabara gatnaşanlar ýaş nesli watansöýüjilik, zähmetsöýerlik we halkymyzyň döreden milli ýörelgeleri ruhunda terbiýelemekde «Magtymguly» atly kitabyň ähmiýetiniň örän uludygyny buýsanç bilen nygtap, beýik akyldaryň döredijiligine goýýan bimöçber sarpasy üçin Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Dabara welaýatymyzyň medeniýet-sungat ussatlarynyň aýdym-sazlaryna, milli öwüşginli tans-halk döredijilik çykyşlaryna utgaşdy. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna döredilen aýdymlaryň ýaňlanmagy dabara baý many çaýyp, ähliniň kalbyny heýjana getirdi.
Resul IŞANGULYÝEW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň
Ahal welaýat komitetiniň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.