The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

29.09.2023

BÜTINDÜNÝÄ ÝAŞLAR JEMGYÝETINE RESMI AGZALYK — ŞANLY ÝYLYMYZYŇ TARYHY WAKASY

 

Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­lyn­da bo­lup geç­ýän aja­ýyp wa­ka­lar, ga­za­nyl­ýan be­ýik ösüş­ler­dir ýe­til­ýän mer­te­be­li men­zil­ler eziz Wa­ta­ny­myzyň, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň iň tä­ze tary­hy­na zer harp­lar bi­len mö­hür­len­ýär. Olar ag­zy­bir wa­tan­daş­la­ry­my­zyň, aýra­tyn­-da, bag­ty­ýar türk­men ýaş­la­rynyň dur­mu­şyn­da ha­ky­da­lar­dan ba­ky orun al­ýan ta­ry­hy pur­sat­la­ra bes­le­nip, hem­mä­mi­zi ýe­ne­ki be­ýik üs­tün­lik­le­re ruh­lan­dyr­ýar, nu­ra­na er­tir­le­re bo­lan syn­maz yna­my­my­zy has­-da ber­kidýär. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy bo­lan ÝU­NES­KO-dan hoş ha­ba­ryň ge­lip go­wuş­ma­gy hem şeý­le aja­ýyp wa­ka­la­ryň bi­ri­dir. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-­de Arka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­lary bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Magtymguly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň ÝU­NES­KO-­nyň Bütindünýä Ýaş­lar jem­gy­ýe­ti­niň res­mi ag­za­ly­gy­na ka­bul edil­me­gi äh­li il­deş­le­ri­mi­zi, şol san­da ýaş­la­ry­my­zy buý­san­dyr­ýar. 

Ata­ Wa­ta­ny­my­zyň ­be­ýik­ gel­je­gi­ni ylym ­bi­lim­den ­ýü­ki­ ýe­tik,­ zehin­li,­ häzir­ki­ za­man ­teh­ni­ka­la­ryn­dan ­we ­tehno­lo­gi­ýa­la­ryn­dan­ us­sat­lyk­ bi­len­ baş çy­kar­ýan,­ sag­dyn­ hem­ ru­hu­be­lent ýaş­lar­da­ gör­ýän­ türk­men­ hal­ky­nyň Mil­li­ Li­de­ri,­ Türk­me­nis­ta­nyň­ Halk Mas­la­ha­ty­nyň­ Baş­ly­gy­ Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz­ ýaş­ ne­sil­le­riň­ oka­magy,­ hü­när­ öw­ren­me­gi,­ sport­ bi­len meş­gul­la­nyp,­ he­mi­şe ­sag­dyn ­dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne ­eýermegi,­ berk­ be­den­li,­ giň­ dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly,­ kä­mil­ şah­sy­ýetler­ bo­lup­ ýe­tiş­me­gi­ üçin­ döw­re­bap şert­dir­ müm­kin­çi­lik­le­riň­ dö­re­dil­megi­niň­ pug­ta­ bin­ýa­dy­ny­ goý­dy.­ Halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň­ iň­ ýo­ka­ry­ we­kil­çi­lik­li eda­ra­sy­nyň­ Türkmenis­ta­nyň  ­Halk Mas­la­ha­ty­nyň­ Baş­ly­gy­ hök­mün­de hä­zir­ki­ wagtda hem­ ýaş­la­ryň ­röw­şen gel­je­gi­ni,­ bag­ty­ýar­ dur­mu­şy­ny­ üp­jün et­mek –babatda ­äh­li­ ta­rap­la­ýyn­ taý­syz ta­gal­la­la­ry­ ed­ýän­ Mil­li­ Liderimiziň bu ugur­da­ky­ be­ýik­ baş­lan­gyç­la­ry­ny­ belent­ mer­te­be­li­ döw­let­ Baş­tu­ta­ny­myz my­na­syp ­do­wam­ et­dir­ýär­ we­ aja­ýyp ta­ry­hy­ üs­tün­lik­le­re­ bes­le­ýär. 

Berkarar­ döwletiň ­täze­ eýýamynyň Galkynyşy­ döwründe­ Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň­ baş­lan­gy­jy­ we Ar­ka­dag­ly­ Ser­da­ry­my­zyň­ taý­syz­ tagal­la­la­ry­ bi­len,­ «Ýaş­lar­ ba­ra­da­ döw­let sy­ýa­sa­ty­ ha­kyn­da»­ Türkme­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň­ re­je­le­nen­ gör­nü­şi­niň­ kabul­ edil­me­gi­de ­ýaş ne­sil­le­ri­miz­ üçin tä­ze­ müm­kin­çi­lik­le­ri­ we­ ýe­ňil­lik­le­ri dö­ret­di.­ Şeý­le­ giň­ müm­kin­çi­lik­lerden­ ruh­lan­ýan­ türk­men­ ýaş­la­ry­ bildi­ril­ýän­ be­lent­ yna­my­ öde­mek­ üçin tu­tan­ýer­li­ we­ yh­las­ly­ zäh­met­ çe­kip,­ ylym-­bi­lim,­ sport,­ mede­ni­ýet­ we­ sungat­ ugur­la­ryn­da ­ga­zan­ýan ­aja­ýyp ­üstün­lik­le­ri­ bilen Wa­ta­ny­my­zyň ­hal­kara­ ab­ra­ýy­na,­ şan­-şöh­ra­ty­na­ my­na­syp go­şant­ goşýarlar. 

Ar­ka­dag­ Ser­dar­ly­ bag­ty­ýar­ ýaşlar­ ýy­ly­nyň­ 10­-njy­ iýu­nyn­da­ döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň­ gol­ çe­ken­ Ka­rary­ bi­len­ «Türk­me­nis­ta­nyň­ ýaş­lary­nyň­ hal­ka­ra­ hyz­mat­daş­ly­gy­nyň 2023­ —­ 2030-­njy­ ýyl­lar­ üçin­ Strategiýasynyň»­ tas­syk­lan­ma­gy­da­ bu ba­bat­da­ aý­ra­tyn­ bel­len­mä­ge­ mynasyp­dyr.­ Stra­te­gi­ýa­ türk­men­ ýaş­la­rynyň ­dün­ýä­ ýurt­la­ry­nyň ­ýaşlary bi­len ylym-­bi­lim,­ mag­lu­mat­-kom­mu­ni­kasi­ýa,­ me­de­ni­-yn­san­per­wer,­ sport­ we sy­ýa­hat­çy­lyk­ ýa­ly­ dür­li­ ugur­lar­da hyz­mat­daş­lyk­ gatnaşyklarynyň­ ösdü­ril­me­gi­ne we iş­jeň­leş­di­ril­me­gi­ne gönükdirilendir. Türk­me­nis­ta­nyň ­Mag­tymgu­ly­ adyn­da­ky­ Ýaş­lar­ gu­ra­ma­sy­nyň ÝUNESKO-­nyň­ Bü­tin­dün­ýä­ Ýaş­lar jem­gy­ýe­ti­niň­ res­mi­ ag­za­ly­gy­na­ kabul­ edil­me­gi­de­ bu­ ugur­da­ky­ möhüm­ ädim­le­riň­ bi­ri­ bol­mak­ bi­len,­ ol Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň Türk­me­nista­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaşlar gu­ra­ma­sy­nyň VII gu­rul­ta­ýyn­da öň­de go­ýan we­zi­pe­le­ri­niň üstünlik­li ber­jaý edil­ýän­di­gi­niň hem aý­dyň my­sa­ly­dyr. 

ÝU­NES­KO-­nyň Bü­tin­dün­ýä Ýaş­lar jem­gy­ýe­ti­niň ag­za­ly­gy­na Türk­me­nista­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň res­mi taýdan ka­bul edilme­gi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­rasat­ly baştutanlygyn­da ýur­du­myz­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän döw­let ýaşlar sy­ýa­sa­ty­nyň gu­wan­dy­ry­jy we buý­san­dy­ry­jy ne­ti­je­le­re beslenýändi­giniň ýe­ne bir aý­dyň my­sa­ly­dyr. Mu­nuň özi Ar­ka­dag Serdar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly­nyň ýa­kym­ly we ýal­kym­ly wa­kala­ry­nyň bi­ri bo­lup, di­ňe bir ha­ky­da­myza däl, ýü­re­gi­mi­ze­-de ebe­di­lik ýa­zyl­dy. 

Çün­ki­ bu­ aja­ýyp­ wa­ka­ ýur­du­myzyň­ BMG-­niň­ Bi­lim,­ ylym­ we medeni­ýet­ me­se­le­le­ri­ bo­ýun­ça­ gu­ra­ma­sy bi­len­ hyz­mat­daş­ly­gy­nyň­ ýakyn­da bel­le­nen­ 30­ ýyl­lyk­ şan­ly­ se­ne­si­ bi­len hem­ saz­la­şyk­ly­ ut­gaş­dy.­ Şo­nuň­ bilen­ bir­lik­de,­ mu­nuň ­özi­ ýur­du­my­zyň hal­ka­ra­ ýaş­lar­ dia­lo­gy­ny­ pug­ta­landyr­mak,­ ýaş­la­ryň­ ru­hy­-ah­lak,­ me­deni,­ aň-­paý­has ­we ­be­den –taýdan ­saz­laşyk­ly­ ös­me­gi­ni­ üp­jün et­mek­ işin­dä­ki hyz­mat­la­ry­nyň­ dün­ýä­ de­re­je­sin­de yk­rar ­edil­me­gi ­bo­lup,­ ta­ry­ha­ ýa­zyl­dy. 

Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­guly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň ÝUNES­KO­-nyň Bü­tin­dün­ýä Ýaş­lar jemgy­ýe­ti­niň res­mi ag­za­ly­gy­na Arka­dag Ser­dar­ly ­bag­ty­ýar­ ýaş­lar ­ýy­lyn­da ­kabul­ edil­me­gin­de­-de­ özboluş­ly­ many-­maz­mun­ bar.­ Türk­men­ hal­ky­nyň Mil­li ­Li­de­ri­niň belleýşi ýa­ly,­ ýaş­la­rymy­zyň­ dün­ýä­dä­ki­ ýaş­la­ryň­ jem­gyýet­çi­lik­ birleşikle­ri­ bi­len­ gat­na­şyk­lary­ny­ çuň­laş­dyr­mak­ hä­zir­ki­ döw­rüň bar­ha­ glo­bal­laş­ýan,­ adam­ aňy­nyň hem­-de­ in­tel­lek­tu­al­ müm­kin­çi­lik­leri­niň­ yzygi­der­li­ kä­mil­leş­ýän,­ yl­myň we ­teh­no­lo­gi­ýa­nyň ­örän­ ýo­ka­ry­ depginler­de­ ös­ýän­ şert­le­rin­de­ mö­hüm we­zi­pe­le­riň ­bi­ri ­bo­lup ­dur­ýar.­ Şun­da türk­men­ ýaş­la­ry­nyň­ mil­li­ we­ hal­kara­ de­re­je­li­ dür­li­ du­şu­şyk­lar­dyr­ masla­hat­la­ra,­ sam­mit­ler­dir­ fo­rum­la­ra,­ sport­ we­ akyl-­paý­has­ bäsleşiklerine,­ fes­ti­wal­lar­dyr ­beý­le­ki ­me­de­ni ­çä­re­lere­ iş­jeň­ gatnaşmaklary­ üçin­ döw­le­timiz ­ta­ra­pyn­dan­ dö­re­dil­ýän ­giň mümkinçilikler ­örän ­uly ­äh­mi­ýe­te­ eýe­dir. 

Şun­da­ ýaş­la­ryň­ hal­ka­ra­ hyz­matdaş­ly­gy­ny­ hem­me­ta­rap­la­ýyn­ ösdürmek­ üçin­ giň­ müm­kin­çi­lik­le­ri­ we şert­le­ri­ dö­ret­mek,­ şol­ san­da­ sport,­ ylym­-bi­lim,­ sy­ýa­hat­çy­lyk,­ me­de­niýet,­ eko­lo­gi­ýa,­ in­no­wa­si­ýa,­ ynsanper­wer­ ul­gam­lar­da­ ýaş­la­ryň­ iş­jeň­ligi­ni­ kä­mil­leş­dir­mek,­ ýurdumyzda iş­çi­ hü­när­ler­ bo­ýun­ça­ hal­ka­ra­ hü­när us­sat­ly­gy­ bäs­le­şik­le­ri­ni­ ge­çir­mek,­ türk­me­nis­tan­ly ­ýaş­la­ryň ­hal­ka­ra ­ýaşlar­ as­so­sia­si­ýa­la­ry­na­ we ýaş­lar ­klubla­ry­na­ gat­naş­mak­la­ry­ny­ gol­da­mak ýa­ly­ bir­nä­çe­ we­zi­pe­ler­dir­ mak­sat­lar Türk­me­nis­ta­nyň ­ýaş ­ra­ýat­la­ry­ny­ çäksiz­ gu­wan­dyr­mak ­we buý­san­dyr­mak bi­len­ bir­ ha­tar­da,­ olar­da­ wa­tan­sö­ýüji­li­gi,­ ynsanperwerligi, ­dost­-do­gan­lygy,­ ra­ýat­ jo­gap­kär­çi­li­gi­ni ­ter­bi­ýe­le­ýär. 

Gel­jek­de-­de,­ ÝU­NES­KO­-nyň­ Bütin­dün­ýä­ Ýaş­lar­ jem­gy­ýe­ti­niň­ işjeň ag­za­sy­ bol­mak­ bi­len,­ gu­ra­ma­myz dün­ýä­niň­ ýaş­la­ry­ bi­len­ hal­ka­ra­ hyzmat­daş­ly­gy­ mun­dan­ beý­läk-­de­ berkit­mek­de­ we­ ös­dür­mek­de­ birnäçe iş­le­ri­ dur­mu­şa ­ge­çi­rer.­ Bu ­bol­sa­ ýaş­laryň ­hal­ka­ra­ hyz­mat­daş­ly­gy­ ugrunda dün­ýä­ tej­ri­be­si­ni­ öw­ren­mek­de,­ kämil­leş­dir­mek­de­ we­ ony­ durmu­şa­ geçir­mek­de ­mö­hüm ­baş­lan­gyç­dyr.

Döw­le­ti­mi­zi­ ba­ky­ Ber­ka­rar­ edip,­ ýaş­ ne­sil­ler­ üçin­ röw­şen­ gel­je­giň­ ak ýol­la­ry­ny ­açan ­Mil­li ­Li­de­ri­mi­ze ­hem-de­ be­ýik ­akyl­dar­ şahyrymyz Mag­tymgu­ly ­Py­ra­gy­nyň­ ady­ny ­buý­sanç ­bi­len gö­ter­ýän­ Türk­me­nis­ta­nyň­ Mag­tymgu­ly­ adyn­da­ky­ Ýaş­lar­ gu­ra­ma­sy­nyň işi­ni ­has­-da ­kämilleşdirmek ­we ­dün­ýä de­re­je­sin­de ­ös­dür­mek ­ba­bat­da­ aja­ýyp müm­kin­çi­lik­le­ri­ döredýän­ hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze ­gu­ra­ma­my­zyň­ äh­li ­işjeň­ agzalarynyň we ­ýur­du­my­zyň ­bagty­ýar­ ýaş­la­ry­nyň­ adyn­dan­ köp ­köp sagbolsunlarymy­zy ­aýd­ýa­rys. 

Ýur­du­myz­da ýaş­lar sy­ýa­sa­tyny da­ba­ra­lan­dyr­ýan Gah­ry­man Arkada­gy­my­zyň hem­-de Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak, döw­let­li tu­tum­la­ry he­mi­şe rowaç bol­sun.

 

Ýazpolat KERIÝEW, Türkmenistanyň Magtymguly 

adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.