Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bolup geçýän ajaýyp wakalar, gazanylýan beýik ösüşlerdir ýetilýän mertebeli menziller eziz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň iň täze taryhyna zer harplar bilen möhürlenýär. Olar agzybir watandaşlarymyzyň, aýratyn-da, bagtyýar türkmen ýaşlarynyň durmuşynda hakydalardan baky orun alýan taryhy pursatlara beslenip, hemmämizi ýeneki beýik üstünliklere ruhlandyrýar, nurana ertirlere bolan synmaz ynamymyzy has-da berkidýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO-dan hoş habaryň gelip gowuşmagy hem şeýle ajaýyp wakalaryň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi ähli ildeşlerimizi, şol sanda ýaşlarymyzy buýsandyrýar.
Ata Watanymyzyň beýik geljegini ylym bilimden ýüki ýetik, zehinli, häzirki zaman tehnikalaryndan we tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarýan, sagdyn hem ruhubelent ýaşlarda görýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ýaş nesilleriň okamagy, hünär öwrenmegi, sport bilen meşgullanyp, hemişe sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin döwrebap şertdir mümkinçilikleriň döredilmeginiň pugta binýadyny goýdy. Halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasynyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde häzirki wagtda hem ýaşlaryň röwşen geljegini, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek –babatda ähli taraplaýyn taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiziň bu ugurdaky beýik başlangyçlaryny belent mertebeli döwlet Baştutanymyz mynasyp dowam etdirýär we ajaýyp taryhy üstünliklere besleýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegide ýaş nesillerimiz üçin täze mümkinçilikleri we ýeňillikleri döretdi. Şeýle giň mümkinçiliklerden ruhlanýan türkmen ýaşlary bildirilýän belent ynamy ödemek üçin tutanýerli we yhlasly zähmet çekip, ylym-bilim, sport, medeniýet we sungat ugurlarynda gazanýan ajaýyp üstünlikleri bilen Watanymyzyň halkara abraýyna, şan-şöhratyna mynasyp goşant goşýarlar.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 10-njy iýunynda döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Karary bilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanmagyda bu babatda aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Strategiýa türkmen ýaşlarynyň dünýä ýurtlarynyň ýaşlary bilen ylym-bilim, maglumat-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer, sport we syýahatçylyk ýaly dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine we işjeňleşdirilmegine gönükdirilendir. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegide bu ugurdaky möhüm ädimleriň biri bolmak bilen, ol Arkadagly Serdarymyzyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli berjaý edilýändiginiň hem aýdyň mysalydyr.
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň agzalygyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň resmi taýdan kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet ýaşlar syýasatynyň guwandyryjy we buýsandyryjy netijelere beslenýändiginiň ýene bir aýdyň mysalydyr. Munuň özi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ýakymly we ýalkymly wakalarynyň biri bolup, diňe bir hakydamyza däl, ýüregimize-de ebedilik ýazyldy.
Çünki bu ajaýyp waka ýurdumyzyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň ýakynda bellenen 30 ýyllyk şanly senesi bilen hem sazlaşykly utgaşdy. Şonuň bilen birlikde, munuň özi ýurdumyzyň halkara ýaşlar dialogyny pugtalandyrmak, ýaşlaryň ruhy-ahlak, medeni, aň-paýhas we beden –taýdan sazlaşykly ösmegini üpjün etmek işindäki hyzmatlarynyň dünýä derejesinde ykrar edilmegi bolup, taryha ýazyldy.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda kabul edilmeginde-de özboluşly many-mazmun bar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, ýaşlarymyzyň dünýädäki ýaşlaryň jemgyýetçilik birleşikleri bilen gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak häzirki döwrüň barha globallaşýan, adam aňynyň hem-de intellektual mümkinçilikleriniň yzygiderli kämilleşýän, ylmyň we tehnologiýanyň örän ýokary depginlerde ösýän şertlerinde möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şunda türkmen ýaşlarynyň milli we halkara derejeli dürli duşuşyklardyr maslahatlara, sammitlerdir forumlara, sport we akyl-paýhas bäsleşiklerine, festiwallardyr beýleki medeni çärelere işjeň gatnaşmaklary üçin döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler örän uly ähmiýete eýedir.
Şunda ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri we şertleri döretmek, şol sanda sport, ylym-bilim, syýahatçylyk, medeniýet, ekologiýa, innowasiýa, ynsanperwer ulgamlarda ýaşlaryň işjeňligini kämilleşdirmek, ýurdumyzda işçi hünärler boýunça halkara hünär ussatlygy bäsleşiklerini geçirmek, türkmenistanly ýaşlaryň halkara ýaşlar assosiasiýalaryna we ýaşlar klublaryna gatnaşmaklaryny goldamak ýaly birnäçe wezipelerdir maksatlar Türkmenistanyň ýaş raýatlaryny çäksiz guwandyrmak we buýsandyrmak bilen bir hatarda, olarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, dost-doganlygy, raýat jogapkärçiligini terbiýeleýär.
Geljekde-de, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň işjeň agzasy bolmak bilen, guramamyz dünýäniň ýaşlary bilen halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmekde we ösdürmekde birnäçe işleri durmuşa geçirer. Bu bolsa ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygy ugrunda dünýä tejribesini öwrenmekde, kämilleşdirmekde we ony durmuşa geçirmekde möhüm başlangyçdyr.
Döwletimizi baky Berkarar edip, ýaş nesiller üçin röwşen geljegiň ak ýollaryny açan Milli Liderimize hem-de beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň adyny buýsanç bilen göterýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işini has-da kämilleşdirmek we dünýä derejesinde ösdürmek babatda ajaýyp mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize guramamyzyň ähli işjeň agzalarynyň we ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlarynyň adyndan köp köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys.
Ýurdumyzda ýaşlar syýasatyny dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli tutumlary hemişe rowaç bolsun.
Ýazpolat KERIÝEW, Türkmenistanyň Magtymguly
adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.