The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

29.09.2023

DÖWLETLI TUTUMLARA BADALGA

 

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyz möhüm ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy wakalar bilen badalga aldy. Ýylyň geçen döwründe meýilnamalaýyn we maksatnamalaýyn özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirildi.

 

11­-nji­ ýan­war­da­ Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň­ ýol­baş­çy­ly­gynda­ Türk­me­nis­ta­nyň­ Mil­li­ Ge­ňe­şi­niň Halk­ Mas­la­ha­ty­nyň­ we­ Mej­li­si­niň bilelik­dä­ki­ mas­la­ha­ty­ ge­çi­ril­di.­ Onda­ Gah­ry­man­ Ar­ka­da­gy­my­zyň­ başlan­gy­jy­ bi­len­ ata­-ba­ba­la­ry­my­zyň­ ygty­ýar­ly­ jem­gy­ýet­çi­lik­ we­kil­le­ri­ bi­len äh­li­ halk­ mas­la­hat­la­ry­ny­ ge­çir­mek ýa­ly­ asyl­ly­ däp­le­rin­den­ ugur­ alnyp,­ halk­ hä­ki­mi­ýe­ti­niň­ ýo­ka­ry­ we­kil­çilik­li­ eda­ra­sy­ – Türkmenistanyň Halk Mas­la­ha­ty ­dö­re­dil­di.­

«Türk­me­nis­ta­nyň ­Halk­ Mas­la­ha­ty ha­kyn­da»­ Türk­me­nis­ta­nyň­ Kons­titu­si­on­ Ka­nu­ny­nyň­ 2­-nji­ mad­da­sy­na la­ýyk­lyk­da,­ Türk­me­nis­ta­nyň­ Halk Mas­la­ha­ty­nyň ­dü­zü­mi­ne­ Türk­me­nista­nyň­ Halk­ Mas­la­ha­ty­nyň­ Başly­gy,­ Türk­me­nis­ta­nyň­ Pre­zi­den­ti,­ Mej­lisiň ­Baş­ly­gy,­ Ýo­ka­ry­ kazyýetiň­ baş­lygy,­ Döw­let­ howp­suz­lyk­ ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry,­ Mej­li­siň­ depu­tat­la­ry,­ Ministr­ler­ Ka­bi­ne­ti­niň­ ag­za­la­ry,­ Adam hu­kuk­la­ry­ bo­ýun­ça­ yg­ty­ýar­ly­ wekil­ - Ada­lat­çy,­ baş­ pro­ku­ror,­ ada­lat mi­nist­ri,­ welaýatlaryň, et­rap­la­ryň­ we şä­her­le­riň­ hä­kim­le­ri,­ we­la­ýat­la­ryň,­ et­rap­la­ryň,­ şäherleriň halk ­mas­la­hatla­ry­nyň­ baş­lyk­la­ry,­ et­rap­la­ryň­ eda­ra ediş ­mer­kez­le­ri­ bo­lup­ dur­ýan­ şä­herle­riň­ hem-­de­ şä­her­çe­le­riň­ ar­çyn­la­ry,­ sy­ýa­sy ­par­ti­ýa­la­ryň­ we ­jem­gy­ýet­çi­lik bir­le­şik­le­ri­niň­ ýol­baş­çy­la­ry,­ we­la­ýatla­ryň­ we­ Aş­ga­bat­ şähe­ri­niň ­halk­ masla­hat­la­ry­ ta­ra­pyn­dan­ tek­lip­ edil­ýän jem­gy­ýet­çi­li­giň,­ şol­ san­da­ ýa­şu­lu­laryň­ we­kil­le­ri­ gi­ri­zil­di. 

Türk­me­nis­ta­nyň­ Halk ­Mas­la­ha­tynyň­ yg­ty­ýar­lyk­la­ry­na­ ýurdumyzyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­ny­ we­ kons­ti­tu­si­on ka­nun­la­ry­ny­ ka­bul­ etmegiň,­ ola­ra üýt­get­me­le­ri­ we­ goş­ma­ça­la­ry­ gi­rizme­giň­ me­se­le­le­ri­ boýun­ça­ tek­lip­le­re ga­ra­mak­ hem­-de­ ma­kul­la­mak;­ döwle­ti­mi­ziň­ içe­ri ­we da­şa­ry­ sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy­ ugur­la­ry­na,­ ýur­du­my­zy­ syýa­sy,­ yk­dy­sa­dy,­ dur­muş­ we­ me­de­ni taý­dan­ ös­dür­me­giň­ mak­sat­na­ma­lary­na­ se­ret­mek­ hem-­de­ ma­kul­la­mak;­ Türk­me­nis­ta­nyň­ Pre­zi­den­ti­niň­ her ýyl­ky­ Ýüzlenme­si­ni­ diň­le­mek;­ pa­rahat­çy­lyk­ we­ howp­suz­lyk­ me­se­le­le­rine­ seret­mek;­ Türk­me­nis­ta­nyň­ ka­nunla­ryn­da­ göz­ öňün­de­ tu­tu­lan­ gaý­ry ygtyýar­lyk­la­ry­ ama­la­ aşyr­mak­ degiş­li­ edi­lip ­bil­ner.­ Halk­ häkimiýetiniň ýo­ka­ry­ we­kil­çi­lik­li­ eda­ra­sy­ Türk­menis­ta­nyň­ Halk­ Mas­la­ha­ty­nyň,­ onuň we­zi­pe­li­ adam­la­ry­nyň­ hem­-de­ ag­zala­ry­nyň­ işi­ni­ gu­ra­ma­çy­lyk ­we­ tehniki taý­dan­ üp­jün­ et­mek­ Halk­ Mas­la­haty­nyň­ Di­wa­ny­nyň­ üs­tü­ne­ ýük­le­nilýär.­ Halk­ Mas­la­ha­ty­nyň­ Di­wa­ny­nyň üs­tü­ne­ we­la­ýat­la­ryň,­ et­rap­la­ryň­ we şäher­le­riň­ halk­ mas­la­hat­la­ry­nyň­ işine­ gu­ra­ma­çy­lyk­ usu­ly­ýet­ taýdan ýolbaş­çy­lyk­ et­mek­ we­zi­pe­si­niň­ ýük­lenme­gi ­­ýer­li­ halk­ maslahatlarynyň has ne­ti­je­li­ iş­le­me­gi­ üçin­ amat­ly­ şert­le­ri üp­jün ­ed­ýär.­ 

Hor­mat­ly­ Pre­zi­den­ti­miz­ 2023­-nji ýy­lyň­ al­ty­ aýy­nyň­ jem­le­ri­ne­ bagyşla­nyp­ ge­çi­ri­len­ Türk­me­nis­ta­nyň­ Ministr­ler­ Ka­bi­ne­ti­niň­ gi­ňiş­le­ýin­ mejli­sin­de­ Ga­raş­syz­lyk­ baý­ra­my­nyň bel­le­nil­ýän­ gün­le­rin­de­ Aş­ga­bat­ şähe­rin­de­ Türk­me­nis­ta­nyň­ Halk­ Masla­ha­ty­nyň­ no­bat­da­ky­ mej­li­si­niň­ geçi­ril­jek­di­gi­ni­ aý­dyp,­ bu­ umu­mymil­li sy­ýa­sy­-jem­gy­ýet­çi­lik­ fo­ru­ma­ ýokary­ de­re­je­de­ taý­ýar­lyk­ gör­mek­ ba­rada­ tab­şy­ryk­la­ry­ny­ ber­di.­ Hormatly Pre­zi­den­ti­mi­ziň­ tab­şy­ryk­la­ryn­dan ugur ­al­nyp,­ 2023-­nji­ ýylyň 18-­nji ­iýulyn­da ­türk­men ­hal­ky­nyň­ Mil­li­ Li­de­ri,­ Türk­me­nis­ta­nyň ­Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­ Gah­ry­man­ Ar­ka­da­gy­my­zyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ Türk­me­nis­ta­nyň Halk­ Mas­la­ha­ty­nyň­ Pre­zi­diu­my­ geçi­ril­di.­ Prezidiumyň gün­­ ter­ti­bi­ne­ giri­zi­len­ me­se­le­ler ­bo­ýun­ça­ de­giş­li­ çözgüt­ler­ ka­bul­ edil­di.­ Türk­me­nis­ta­nyň Halk­ Mas­la­ha­ty­nyň­ Pre­zi­diu­my­nyň Ka­ra­ry­ bi­len,­ Türkme­nis­ta­nyň­ Halk Mas­la­ha­ty­nyň­ no­bat­da­ky­ mej­li­si­ni 2023­-nji­ ýy­lyň­ 24­-nji­ sent­ýab­ryn­da Aş­ga­bat­ şä­he­rin­dä­ki­ Mas­la­hat­ köşgün­de­ ge­çir­mek­ bel­le­nil­di.­ Ka­ra­ryň maz­mu­nyn­da­ bel­le­ni­len­le­re­ la­ýyklyk­da,­ Türkmenista­nyň­ Halk­ Masla­ha­ty­nyň­ mej­li­si­ni­ ýo­ka­ry­ de­re­je­de ge­çir­mek­ gu­ra­ma­çy­lyk­ to­pa­ry­nyň dü­zü­mi­ we­ Türk­me­nis­ta­nyň­ Halk Mas­la­ha­ty­nyň­ dü­zü­mi­ne­ we­la­ýat­laryň­ we ­Aş­ga­bat­ şä­he­ri­niň­ halk­ masla­hat­la­ry­ tarapyndan­ tek­lip­ edil­ýän jem­gy­ýet­çi­lik ­we­kil­le­ri­ni ­hö­dür­le­megiň­ Tertibi­ tas­syk­la­nyl­dy.­ 

«Türk­me­nis­ta­nyň­ Halk­ Mas­laha­ty­nyň­ Ýa­şu­lu­lar­ ge­ňe­şi­ ha­kyn­da»­ Türk­me­nis­ta­nyň ­Halk ­Mas­la­ha­ty­nyň Pre­zi­diu­my­nyň­ Ka­ra­ry­ bi­len,­ Türkme­nis­ta­nyň­ Halk­ Mas­la­ha­ty­nyň­ Ýaşu­lu­lar­ ge­ňe­şi­ dö­re­dil­di.­ Türkme­nista­nyň ­Halk­ Mas­la­ha­ty­nyň­ dü­zü­mi­ne il­ sy­lag­ly­ ýa­şu­lu­la­ryň­ giri­zil­me­gi döw­let­ hä­ki­mi­ýet­ eda­ra­la­ry­ bi­len­ bile­lik­de ­ge­çi­ril­ýän­ maslahat­la­ra­ ýa­şu­ly nes­liň­ we­kil­le­ri­niň­-de­ gat­naş­ma­gy­ny üp­jün­ eder.­ Bu­ ýag­daý­ ata-­ba­ba­la­rymyz­dan­ mi­ras­ ga­lan­ mil­li­ däp-­dessur­la­ry­my­zyň­ ilat­ ara­syn­da­ wa­gyzçy­sy ­bo­lup ­çy­kyş ­ed­ýän,­ baý­ mil­li ­we me­de­ni mirasymy­zyň ­gel­jek­ ne­sil­le­re my­na­syp­ ge­çi­ril­me­gi­ ug­run­da­ al­nyp barylýan­ iş­le­re­ öz­ my­na­syp­ go­şantla­ry­ny­ goş­ýan­ il­ sy­lag­ly­ ýaşulularymy­zyň­ pi­kir­le­ri­niň,­ ga­ra­ýyş­la­ry­nyň,­ mas­la­hat­la­ry­nyň ­döwletli­ tu­tum­la­ryň ba­şy ­baş­la­nan­da­ na­za­ra­ alyn­ma­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar.­ Baý­ dur­muş­ tej­ribe­si­ne­ eýe­ ýa­şu­ly­ nes­liň­ we­kil­le­rine­ be­lent­ hor­mat­-sar­pa­ goýul­ma­gy, Ga­raş­syz,­ he­mi­şe­lik ­Bi­ta­rap­ Türk­menis­tan­ döw­le­ti­mi­ziň­ gel­jek­ki­ ösüş­leri­ni­ na­zar­la­ýan­ döw­let­li­ tu­tum­lar­da ola­ra­ sa­la­ sa­lyn­ma­gy­ Ber­ka­rar­ döwle­tiň­ tä­ze­ eý­ýa­my­nyň­ Gal­ky­ny­şy döw­rün­de­ türkmeniň döw­let­li­lik­ ýörel­ge­si­niň­ my­na­syp­ de­re­je­de­ do­wam et­di­ril­ýän­di­gi­ni aýdyň­ gör­kez­ýär.­ 

Türk­me­nis­ta­nyň ­Mej­li­si­niň­ de­putat­la­ry­na­ mil­li ­ka­nun­çy­ly­gy kämil­leşdir­mek­ bi­len­ bir­ ha­tar­da­ ýur­du­myzda­ ge­çi­ril­ýän­ ýo­ka­ry­ de­re­je­li­ sy­ýa­sy fo­rum­la­ryň,­ mas­la­hat­la­ryň­ gu­ra­maçy­ly­gy­na­ gat­naş­ma­ga,­ ýurdumy­zyň ga­za­nan­ üs­tün­lik­le­ri­ne­ ses­len­mä­ge dö­re­dil­ýän­ giň­ mümkinçi­lik­ler­ üçin hor­mat­ly­ Pre­zi­den­ti­mi­ze­ we­ türkmen­ hal­ky­nyň­ Mil­li ­Li­de­ri­ Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za­ köp­ sag­bol­sun­ aýdýa­rys.­ Hormat­ly­ Pre­zi­den­ti­mi­ze, Ar­ka­dag­ly ­Ser­da­ry­my­za­ we­ Türkmenistanyň Halk­ Mas­la­ha­ty­nyň ­Baş­ly­gy Gah­ry­man­ Ar­ka­da­gy­my­za ­ýur­du­myzy­ gülle­dip­ ös­dür­mek­de­ we­ ösü­şiň tä­ze­ be­lent­lik­le­ri­ne­ ýe­tir­mek­de­ alyp barýan­ döw­let­ sy­ýa­sat­la­ry­nyň­ uly ­rowaç­lyk­la­ra­ bes­len­me­gi­ni,­ janlarynyň sag,­ döw­let­li­ baş­lan­gyç­la­ry­nyň­ he­mişe­ ro­waç­ bol­ma­gy­ny­ arzuw ­ed­ýä­ris! 

 

Kerimguly GELDIÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy