Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyz möhüm ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy wakalar bilen badalga aldy. Ýylyň geçen döwründe meýilnamalaýyn we maksatnamalaýyn özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirildi.
11-nji ýanwarda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahaty geçirildi. Onda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ata-babalarymyzyň ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ähli halk maslahatlaryny geçirmek ýaly asylly däplerinden ugur alnyp, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy – Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi.
«Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň 2-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Prezidenti, Mejlisiň Başlygy, Ýokary kazyýetiň başlygy, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Mejlisiň deputatlary, Ministrler Kabinetiniň agzalary, Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil - Adalatçy, baş prokuror, adalat ministri, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň halk maslahatlarynyň başlyklary, etraplaryň edara ediş merkezleri bolup durýan şäherleriň hem-de şäherçeleriň arçynlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçiligiň, şol sanda ýaşulularyň wekilleri girizildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklaryna ýurdumyzyň Konstitusiýasyny we konstitusion kanunlaryny kabul etmegiň, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça tekliplere garamak hem-de makullamak; döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna, ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna seretmek hem-de makullamak; Türkmenistanyň Prezidentiniň her ýylky Ýüzlenmesini diňlemek; parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine seretmek; Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrmak degişli edilip bilner. Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, onuň wezipeli adamlarynyň hem-de agzalarynyň işini guramaçylyk we tehniki taýdan üpjün etmek Halk Maslahatynyň Diwanynyň üstüne ýüklenilýär. Halk Maslahatynyň Diwanynyň üstüne welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň işine guramaçylyk usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek wezipesiniň ýüklenmegi ýerli halk maslahatlarynyň has netijeli işlemegi üçin amatly şertleri üpjün edýär.
Hormatly Prezidentimiz 2023-nji ýylyň alty aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini aýdyp, bu umumymilli syýasy-jemgyýetçilik foruma ýokary derejede taýýarlyk görmek barada tabşyryklaryny berdi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, 2023-nji ýylyň 18-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy geçirildi. Prezidiumyň gün tertibine girizilen meseleler boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. Kararyň mazmunynda bellenilenlere laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek guramaçylyk toparynyň düzümi we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçilik wekillerini hödürlemegiň Tertibi tassyklanyldy.
«Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşi hakynda» Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşi döredildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine il sylagly ýaşulularyň girizilmegi döwlet häkimiýet edaralary bilen bilelikde geçirilýän maslahatlara ýaşuly nesliň wekilleriniň-de gatnaşmagyny üpjün eder. Bu ýagdaý ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzyň ilat arasynda wagyzçysy bolup çykyş edýän, baý milli we medeni mirasymyzyň geljek nesillere mynasyp geçirilmegi ugrunda alnyp barylýan işlere öz mynasyp goşantlaryny goşýan il sylagly ýaşulularymyzyň pikirleriniň, garaýyşlarynyň, maslahatlarynyň döwletli tutumlaryň başy başlananda nazara alynmagyny alamatlandyrýar. Baý durmuş tejribesine eýe ýaşuly nesliň wekillerine belent hormat-sarpa goýulmagy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň geljekki ösüşlerini nazarlaýan döwletli tutumlarda olara sala salynmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmeniň döwletlilik ýörelgesiniň mynasyp derejede dowam etdirilýändigini aýdyň görkezýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryna milli kanunçylygy kämilleşdirmek bilen bir hatarda ýurdumyzda geçirilýän ýokary derejeli syýasy forumlaryň, maslahatlaryň guramaçylygyna gatnaşmaga, ýurdumyzyň gazanan üstünliklerine seslenmäge döredilýän giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys. Hormatly Prezidentimize, Arkadagly Serdarymyza we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza ýurdumyzy gülledip ösdürmekde we ösüşiň täze belentliklerine ýetirmekde alyp barýan döwlet syýasatlarynyň uly rowaçlyklara beslenmegini, janlarynyň sag, döwletli başlangyçlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!
Kerimguly GELDIÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy