The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Ak mermerli paýtagtymyzda geçirilen taryhy maslahata jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň wekilleri, dürli kärdäki ildeşlerimiz bilen hatarda, bilim işgärleri-de işjeň gatnaşdylar. Olaryň arasynda bolmagym aýratyn guwanç we buýsanç duýgusyny döretdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy çykyşlaryny uly gyzyklanma bilen diňledik. Bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, jemgyýetiň aň-bilim mümkinçiligini ýokarlandyrmak bilen bagly wezipeleriň üstünde aýratyn durlup geçilendigini bellemek juda ýakymlydyr. Ylaýta-da, hormatly Prezidentimiziň geljekde ýurdumyzda halkara derejelere laýyk gelýän umumybilim edaralaryny döretmek, mekdep-gimnaziýalaryny açmak, şeýle-de degişli ýokary okuw mekdepleriniň işjeň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen türkmen dilini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny taýýarlamak hakdaky aýdanlary ählimizde gyzgyn goldaw tapdy. Geljekde-de döwrebap bilim edaralaryny gurmak, ylmyň we innowasiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça tehnologiýalar merkezlerini döretmek, dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň sanawyna girýän bilelikdäki ýokary okuw mekdeplerini ýa-da olaryň şahamçalaryny açmak boýunça öňe sürlen başlangyçlardyr teklipler hem uly gyzyklanma döretdi.
Ylym-bilim ulgamynyň belent sepgitlere ýetmegine, kuwwatynyň artmagyna, ösüşe innowasion häsiýet berilmegine, dünýäde gazanylýan ylmy netijeleriň giňden peýdalanylmagyna, olaryň önümçilige işjeň ornaşdyrylmagyna, ökde hünärmenleriň taýýarlanylmagyna aýratyn üns berilýän häzirki ajaýyp döwrümizde bu başlangyçlardyr teklipleriň ähmiýeti örän uludyr. Ösüşleriň binýady bolan ylym-bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi ugrunda taýsyz tagalla edýän hormatly Prezidentimize we Milli Liderimize alkyşlarymyz egsilmezdir.
Gurbangözel MUHAMMEDOWA,
Kaka etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň müdiri,
Mejlisiň deputaty.