The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

28.06.2025

ÝOLGÖRKEZIJI ŞAMÇYRAG

                                                    

     Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň aja­ýyp eser­le­ri – dur­muş­da ýol gör­ke­zi­ji şam­çy­ra­gy­myz. Bu gün ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň her bir maş­ga­la oja­gyn­da apa­la­nyp, eziz­le­nip sak­la­nyl­ýan şol ki­tap­lar ýa­şy­na, kä­ri­ne ga­ra­maz­dan, ýur­du­my­zyň her bir ra­ýa­ty tarapyndan öw­ran-öw­ran okal­ýar. Bu bol­sa olar­da­ky pähimleriň, paý­has­la­ryň, öwüt-ne­si­hat­la­ryň, ta­ry­hy­myz, şu günü­miz ha­kyn­da­ky gym­mat­ly mag­lu­mat­la­ryň her bir yn­sa­nyň aňyn­da, kal­byn­da orun al­ýan­dy­gy­nyň gü­wä­si­dir. Türk­men halky­nyň Mil­li Li­de­riniň «Ha­ky­da göw­he­ri» at­ly aja­ýyp ese­ri hem şo­la­ryň bi­ri­dir.

 

     Pä­him-paý­ha­sa ýug­ru­lan ese­rin­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz: «Dün­ýä­de hiç ha­çan soň­lan­maýan baý­lyk ru­hy baý­lyk­dyr» di­ýip nyg­ta­ýar. Öz ki­tap­la­ry bi­len hiç ha­çan soň­lan­ma­jak ru­hy baýlygy­my­zy nus­ga­lyk de­re­je­de baý­laş­dy­ran Mil­li Li­de­ri­miz bu ese­rin­de: «Ta­ryh bir söz­de ýat­dyr. Ýa­da ýa­zy­lan ýaz­gy­lar­dyr. Ede­bi­ýat bol­sa duý­gu­dan burk al­ýan bos­san­dyr. On­da­ky gül­le­riň ysy­ny al­mak hem hoş­wagt­lyk­dyr» di­ýip ýaz­ýar. Gah­ry­man Arka­da­gy­my­zyň duý­gu­dan burk al­ýan bos­sa­ny­my­zy has-da gözel­leş­dir­ýän­di­gine, tä­ze-tä­ze al-el­wan gül­ler bi­len, on­da-da hiç ha­çan sol­ma­jak gül­ler bi­len be­ze­ýän­di­gi­ne bol­sa «Ha­ky­da göw­he­ri» at­ly aja­ýyp ki­ta­by no­bat­da­ky su­but­na­ma­dyr.

     Türk­men hal­ky­nyň şöhrat­ly ta­ry­hy­nyň be­ýa­ny bu gym­mat­ly ki­ta­byň öze­ni­ni düz­ýär. Eser­de şol ta­ryh­da ebe­di­lik orun alan be­ýik akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň eser­le­ri­niň adam­zat gym­mat­lyk­la­ry­na ýe­ti­ren tä­si­ri, türk­men me­de­ni­ýe­ti­niň dün­ýä si­wi­li­za­siýa­sy­na go­şan go­şan­dy şeý­le bir çe­per­çi­lik bi­len be­ýan edil­ýär we­lin, olar oky­jy­nyň tu­tuş kal­by­ny, süň­ňü­ni gurşap al­ýar. Ine, bu aja­ýyp ese­riň aý­ratyn gym­mat­ly ta­ra­py hem şun­da­dyr.

     Hal­ky­my­zy eş­ret­li eý­ýa­myň eýe­si eden, ajaýyp eser­le­ri bi­len yzy­gi­der­li be­gen­di­rip dur­ýan Gahryman Arkadagymyzyň ja­ny sag, öm­ri uzak, be­ýik iş­le­ri he­mi­şe ro­waç bol­sun! 

 

 

 Perman SAPAROW, Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Dur­muş syýa­sa­ty ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň baş hü­när­me­ni