Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleri – durmuşda ýol görkeziji şamçyragymyz. Bu gün berkarar döwletimiziň her bir maşgala ojagynda apalanyp, ezizlenip saklanylýan şol kitaplar ýaşyna, kärine garamazdan, ýurdumyzyň her bir raýaty tarapyndan öwran-öwran okalýar. Bu bolsa olardaky pähimleriň, paýhaslaryň, öwüt-nesihatlaryň, taryhymyz, şu günümiz hakyndaky gymmatly maglumatlaryň her bir ynsanyň aňynda, kalbynda orun alýandygynyň güwäsidir. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp eseri hem şolaryň biridir.
Pähim-paýhasa ýugrulan eserinde Gahryman Arkadagymyz: «Dünýäde hiç haçan soňlanmaýan baýlyk ruhy baýlykdyr» diýip nygtaýar. Öz kitaplary bilen hiç haçan soňlanmajak ruhy baýlygymyzy nusgalyk derejede baýlaşdyran Milli Liderimiz bu eserinde: «Taryh bir sözde ýatdyr. Ýada ýazylan ýazgylardyr. Edebiýat bolsa duýgudan burk alýan bossandyr. Ondaky gülleriň ysyny almak hem hoşwagtlykdyr» diýip ýazýar. Gahryman Arkadagymyzyň duýgudan burk alýan bossanymyzy has-da gözelleşdirýändigine, täze-täze al-elwan güller bilen, onda-da hiç haçan solmajak güller bilen bezeýändigine bolsa «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitaby nobatdaky subutnamadyr.
Türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň beýany bu gymmatly kitabyň özenini düzýär. Eserde şol taryhda ebedilik orun alan beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsiri, türkmen medeniýetiniň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy şeýle bir çeperçilik bilen beýan edilýär welin, olar okyjynyň tutuş kalbyny, süňňüni gurşap alýar. Ine, bu ajaýyp eseriň aýratyn gymmatly tarapy hem şundadyr.
Halkymyzy eşretli eýýamyň eýesi eden, ajaýyp eserleri bilen yzygiderli begendirip durýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, beýik işleri hemişe rowaç bolsun!
Perman SAPAROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni