The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, häzirki zaman maglumat giňişligini kemala getirmäge we ösdürmäge, öndürilýän önümleriň we ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň strategiýasynyň esasy ugurlary «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenilýär.
Häzirki döwürde ykdysady ösüşi sanly ulgamdan hem-de innowasion tehnologiýalardan üzňe göz öňüne getirmek kyn. Dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylyk täzeçil ylmy-tehniki çözgütleriň önümçilige ornaşdyrylyşy hem-de innowasion tehnologiýalaryň netijeli peýdalanylmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Sanlylaşdyrmak düşünjesi harytlaryň önümçiligini we hyzmatlaryň dolandyrylyşyny döwrebap intellektual tehnologiýalardan peýdalanmak arkaly kämilleşdirmegiň täze tapgyryny göz öňünde tutýar. Ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmegiň esasy maksady döwlet dolandyryşyny, maliýe ulgamyny, lomaý we bölek söwdany, jemagat-durmuş hyzmatlaryny kämilleşdirmegi nazarlaýar. Häzirki döwürde sanly tehnologiýalar arkaly halk hojalygynyň pudaklarynyň ösüşini çaltlandyrmak, ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini artdyrmak boýunça işler dowam etdirilýär.
Bu günki gün söwda-ykdysady amallary ýeňilleşdirýän sanly täzeçillikleriň gerimi barha giňeýär. Şolaryň biri hem soňky ýyllarda meşhurlygy barha ýokarlanyp, «Sanly aktiwler» ýa-da «Wirtual aktiwler» diýen düşünjeler bilen aňladylýan kriptowalýutalar, tokenler, maýning tehnologiýalary ýaly innowasiýalardyr. Wirtual aktiwler diňe sanly görnüşde duş gelip, özlerine eýelik edýän taraplara girdeji getirýän sanly dolanyşyk we toplaýyş serişdeleridir. Häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetinde wirtual aktiwleriň paýynyň yzygiderli artýandygyny görmek bolýar.
Türkmenistanda tehnologik öňegidişligiň iň soňky gazananlaryny ykdysadyýetiň pudaklaryna, şol sanda maliýe ulgamyna işjeň ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ilkinji nobatda, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň kanunçylyk binýadynyň berkidilýändigini bellemek gerek. Şu ýylyň 23-nji maýynda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda wirtual aktiwleri düzgünleşdirmek we maýning tehnologiýasyny kanunlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berilmegi hem-de «Wirtual aktiwler hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygynyň habar berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Degişli Kanunda wirtual aktiwler işi babatda döwlet düzgünleşdirmesi, olaryň dolanyşygy çygrynda işleriň guralmagy, maýning, wirtual aktiwleriň emissiýasy we jemgyýetçilige hödürlenmegi, şeýle hem degişli ugurdaky hyzmatlary üpjün edijiler bilen bagly gatnaşyklar düzgünleşdirilýär. Wirtual aktiwler milli ykdysadyýetimize maýa goýumlaryň çekilmegine, maliýe tehnologiýalary başlangyçlarynyň ösdürilmegine, sanly hyzmatlar ulgamynda telekeçilik işjeňliginiň höweslendirilmegine goşant goşar.
Häzirki döwürde dünýä tejribesinde söwda-da, alyş-çalyşda, maýa goýum işinde wirtual aktiwleriň peýdalanylyşy artýar. Olaryň uly bölegi blokçeýn tehnologiýasyna esaslanýar. Merkezleşdirilmedik we ýaýraw görnüşdäki maglumatlaryň gory bolan blokçeýnler özara baglanyşykly bloklaryň zynjyryny emele getirýär. Ol maglumatlaryň aýdyňlygyny, howpsuzlygyny we üýtgewsizligini üpjün edýär. Blokçeýn amallar, geçirimler, aktiwler baradaky ýa-da islendik beýleki maglumatlary ýazmak we saklamak üçin niýetlenen sanly reýestr bolup hyzmat edýär. Maglumatlaryň bir serwerde däl-de, dürli kompýuterleriň torlary boýunça ýaýradylan görnüşde bolmagy onuň ygtybarlylygyny ýokarlandyrýar.
Wirtual aktiwler özbaşdak hasaplaşyk ýa-da toplaýyş serişdeleri, ýagny puluň bir görnüşi hökmünde-de, kesgitli emläklere bolan hukugy kepillendirýän tokenler görnüşinde-de duş gelýär. Tokenler aksiýalar, obligasiýalar ýaly gymmat bahaly kagyzlar, gozgalmaýan emläkler görnüşinde hem duş gelýär. Häzirki döwürde wirtual aktiwleriň görnüşleri yzygiderli köpelýär. Olaryň iň meşhurlary kriptowalýutalar, tokenler, sanly hukuklar we beýleki sanly gymmatlyklardyr.
Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmakda we innowasion işläp taýýarlamalary, öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmakda oýlanyşykly çemeleşilmegi, kämil kanunçylyk binýadynyň döredilmegi oňyn netijeleri berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durnukly ykdysady ösüşiň binýady hökmünde sanly ykdysadyýetiň ilerledilmegi ugrundaky tagallalary ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine çykmagynda möhüm ähmiýete eýedir.
Begençgeldi BAÝRAMMYRADOW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy.