The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Bilimler we talyp ýaşlar gününde Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň açylmagy medeniýet we sungat işgärleri, şeýle-de ähli halkymyz üçin uly sowgat boldy.
Bu bilim ojagyna meşhur bagşynyň adynyň dakylmagy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we Arkadagly Gahryman Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylan ägirt uly ünsüň hemde aladalarynyň netijesidir.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen milli aýdymsaz sungatymyzyň taryhynda öçmejek yz galdyran halypa bagşysazandalarymyzyň ömri we döredijiligine mynasyp baha berilýär, belent sarpa goýulýar. 2023nji ýylyň 18nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, Arkadag şäher ýörite sungat mekdebine görnükli sungat ussady, halypa bagşy we mukamçy kompozitor Sahy Jepbarowyň ady dakyldy we mekdep Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi diýlip atlandyryldy.
Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi Türkmenistanyň medeniýet, sungat, aýdymsaz, tans, folklor, milli aýdymsaz mirasyny öwrenmek we ösdürmek, saz gurallarynda ýerine ýetirijilik, aýdym sungaty, şeýlede sungatyň beýleki ugurlary, bilim ulgamlary, döredijilik toparlary hemde beýleki döredijilik birleşmeleri üçin orta hünär bilimli hünärmenleri taýýarlaýar. Mekdepde okamak we döredijilik bilen meşgullanmak üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilendir. Mekdepde okadylýan hünär ugurlarynyň aýratynlyklaryna laýyklykda 50den gowrak okuw otaglary, saz gurallaryny we konsert egineşiklerini saklamak üçin ammarlar, informatika we sanly ulgam boýunça dersleri okatmak üçin enjamlaşdyrylan ýörite okuw otaglary, horeografiýa sungaty hünäri boýunça enjamlaşdyrylan tans zallary, 86orunlyk konsert zaly, ses ýazýan studiýa üçin niýetlenen okuw we iş otaglary, sport zaly, şeýlede saz gurallaryny bejermek, rejelemek, düzmek we dikeltmek üçin ýörite ussahana hereket edýär. Ýörite sungat mekdebi kämil we döwrebap saz gurallar toplumy bilen doly üpjün edilen.
Mekdep türkmen milli, halk, kirişli, üfenip we kakylyp çalynýan saz gurallary, aýdym aýtmak, bagşyçylyk sungaty, fortepiano, saz mugallymçylygy, hordirižýorlygy, sazyň taryhy we nazaryýeti, horeografiýa sungaty, estrada sungaty, nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, dizaýn ýaly ugurlar boýunça hünär taýýarlygyny amala aşyrýar.
Şeýle bilim ojaklarynda okamak, bilim almak, hünär öwrenmek talyp ýaşlar üçin uly bagtdyr. Açylyp ulanmaga berlen bu ajaýyp mekdepde bilim alýan ýaşlaryň türkmen sungatynda uly goşant goşjakdyklaryna tüýs ýürekden ynanýarys. Şeýle mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, ilýurt bähbitli işleri elmydama rowaç bolsun!
Röwşen NURMYRADOW,
Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag
şäher ýörite sungat mekdebiniň
direktory.
Sahyberdi JAFAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Mejlisiň kada-kanunçylyk
baradaky komitetiniň agzasy:
— Arkadag şäherinde gurlan ýörite sungat mekdebine garry atam Sahy Jepbarowyň adynyň dakylmagy maşgalamyz üçin mertebedir. Arkadag şäherine gelenimizde, bu mekdebiň deňinde eglenenimizi duýman galýarys. Elbetde, halkyň hormatyny gazanan görnükli şahsyýetler hemişe ýatlanylyp durulýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda hem garry atam Sahy Jepbarowyň döredijiligi hakda aýratyn bellenilip geçilýär. Munuň özi biz üçin uly hormat. Maşgalamyz bolup, garry atamyň bize miras goýup giden zatlaryny gymmatlyk hökmünde aýap saklaýarys. Onuň geýen akgaýma tahýasy, dony, horjuny, çäge bilen çekilen suraty, dutary biz üçin ruhy baýlyk hem miras. Maňa atam Soltan Jepbarow: «Garry atamyň ady ýitmesin» diýip, Sahyberdi goýupdyr. Menem atamyň bagşyçylyk sungatyna eýerip, dutar çalmagy öwrendim.
Nesip bolsa, garry atamyň adyny göterýän bu mekdepde milli bagşyçylyk sungatymyzyň zehinleri ýetişer. Garry atamyza döwlet tarapyndan goýulýan belent hormat üçin Gahryman Arkadagymyza hemde Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys.
“Arkadag”, 26.10.2023