Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
26.10.2023

HER SAÝRANDA ŞEÝDA BILBIL...

 

Bilimler we talyp ýaşlar gününde Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň açylmagy medeniýet we sungat işgärleri, şeýle-de ähli halkymyz üçin uly sowgat boldy. 

 

Bu bilim ojagyna meşhur bagşynyň adynyň dakylmagy türkmen  halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we Arkadagly Gahryman Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylan ägirt uly ünsüň hem­de aladalarynyň netijesidir.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen milli aýdym­saz sungatymyzyň taryhynda öçmejek yz galdyran halypa bagşy­sazandalarymyzyň ömri we döredijiligine mynasyp baha berilýär, belent sarpa goýulýar. 2023­nji ýylyň 18­nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, Arkadag şäher ýörite sungat mekdebine görnükli sungat ussady, halypa bagşy we mukamçy kompozitor Sahy Jepbarowyň ady dakyldy we mekdep Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi diýlip atlandyryldy.

Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi Türkmenistanyň medeniýet, sungat, aýdym­saz, tans, folklor, milli aýdym­saz mirasyny öwrenmek we ösdürmek, saz gurallarynda ýerine ýetirijilik, aýdym sungaty, şeýle­de sungatyň beýleki ugurlary, bilim ulgamlary, döredijilik toparlary hem­de beýleki döredijilik birleşmeleri üçin orta hünär bilimli hünärmenleri taýýarlaýar. Mekdepde okamak we döredijilik bilen meşgullanmak üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilendir. Mekdepde okadylýan hünär ugurlarynyň aýratynlyklaryna laýyklykda 50­den gowrak okuw otaglary, saz gurallaryny we konsert egin­eşiklerini saklamak üçin ammarlar, informatika we sanly ulgam boýunça dersleri okatmak üçin enjamlaşdyrylan ýörite okuw otaglary, horeografiýa sungaty hünäri boýunça enjamlaşdyrylan tans zallary, 86­orunlyk konsert zaly, ses ýazýan studiýa üçin niýetlenen okuw we iş otaglary, sport zaly, şeýle­de saz gurallaryny bejermek, rejelemek, düzmek we dikeltmek üçin ýörite ussahana hereket edýär. Ýörite sungat mekdebi kämil we döwrebap saz gurallar toplumy bilen doly üpjün edilen.

Mekdep türkmen milli, halk, kirişli, üfenip we kakylyp çalynýan saz gurallary, aýdym aýtmak, bagşyçylyk sungaty, fortepiano, saz mugallymçylygy, hor­dirižýorlygy, sazyň taryhy we nazaryýeti, horeografiýa sungaty, estrada sungaty, nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, dizaýn ýaly ugurlar boýunça hünär taýýarlygyny amala aşyrýar.

Şeýle bilim ojaklarynda okamak, bilim almak, hünär öwrenmek talyp ýaşlar üçin uly bagtdyr. Açylyp ulanmaga berlen bu ajaýyp mekdepde bilim alýan ýaşlaryň türkmen sungatynda uly goşant goşjakdyklaryna tüýs ýürekden ynanýarys. Şeýle mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, il­ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç bolsun!

 

Röwşen NURMYRADOW,

Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag 

şäher ýörite sungat mekdebiniň 

direktory.

 

 

Sahyberdi JAFAROW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,

Mejlisiň kada-kanunçylyk 

baradaky komitetiniň agzasy:

— Arkadag şäherinde gurlan ýörite sungat mekdebine garry atam Sahy Jepbarowyň adynyň dakylmagy maşgalamyz üçin mertebedir. Arkadag şäherine gelenimizde, bu mekdebiň deňinde eglenenimizi duýman galýarys. Elbetde, halkyň hormatyny gazanan görnükli şahsyýetler hemişe ýatlanylyp durulýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda hem garry atam Sahy Jepbarowyň döredijiligi hakda aýratyn bellenilip geçilýär. Munuň özi biz üçin uly hormat. Maşgalamyz bolup, garry atamyň bize miras goýup giden zatlaryny gymmatlyk hökmünde aýap saklaýarys. Onuň geýen akgaýma tahýasy, dony, horjuny, çäge bilen çekilen suraty, dutary biz üçin ruhy baýlyk hem miras. Maňa atam Soltan Jepbarow: «Garry atamyň ady ýitmesin» diýip, Sahyberdi goýupdyr. Menem atamyň bagşyçylyk sungatyna eýerip, dutar çalmagy öwrendim.

Nesip bolsa, garry atamyň adyny göterýän bu mekdepde milli bagşyçylyk sungatymyzyň zehinleri ýetişer. Garry atamyza döwlet tarapyndan goýulýan belent hormat üçin Gahryman Arkadagymyza hem­de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys.

 

“Arkadag”, 26.10.2023