The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
TÜRKMENISTAN SSR ÝOKARY SOWETINIŇ
K A R A R Y
Mary oblastynyň Parahat raýonynyň şäher tipli Şatlyk posýologyny raýon tabynlygydaky şäherleriň hataryna geçermek hakynda
(Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Maglumatlary, 1991 ý., № 9-10, 113-madda)
Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň Ýokary Soweti karar edýär:
1. Mary oblastynyň Parahat raýonynyň şäher tipli Şatlyk posýologyny raýon tabynlygyndaky şäherleriň hataryna geçerip, onuň ozalky - Şatlyk diýen adyny saklap galmaly.
2. Şatlyk şäherinde Şatlyk posýolok Sowetiniň deputatlaryndan ybarat edip halk deputatlarynyň şäher Sowetini döretmeli.
Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň 1987-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul eden № 820- XI Ukazy (TSSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1987 ý., № 14, 65-nji madda) bilen tasyklanan Türkmenistan SSR-niň posýoloklarynyň Spisogyna degişli üýtgetmeleri girizmeli.
Türkmenistan SSR
Ýokary Sowetiniň Başlygy S. Myradow
Aşgabat şäheri
1991-nji ýylyň 30-njy maýy
№ 514 - XII