The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

08.04.2025

Türkmenistanyň Mejlisinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Konrad Adenauer adyndaky Gaznasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili bilen duşuşyk geçirildi

В Меджлисе Туркменистана проведена встреча с региональным представителем по Центральной Азии Фонда Федеративной Республики Германия имени Конрада Аденауэра

A meeting was held at the Mejlis of Turkmenistan with the Regional Representative for Central Asia of the Konrad Adenauer Foundation of the Federal Republic of Germany.

 

2025-nji ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň başlygy S.Gaýypowyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Konrad Adenauer adyndaky Gaznasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Andre Algermissen bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda myhmanlar ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, milli Parlamentiň alyp barýan işleri, ýurdumyzyň ekologiýa diplomatiýasynda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyryldy. 

Taraplar Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda ikitaraplaýyn we «Merkezi Aziýa+Germaniýa - köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda Ýewropa Bileleşigi we Türkmenistan hem-de «Merkezi Aziýa+ÝB» formatlarda hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen birlikde Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýewropa Bileleşigi parlamentara dialogy hem-de ÝHHG-niň PA agzasy görnüşdäki gatnaşyklary, Germaniýanyň Bundestagy bilen paralamentara hyzmatdaşlygy goldamagyň ähmiýeti babatda hem bellenilip geçildi.

Duşuşygyň dowamynda daşky gurşawy goramak, tebigatdan netijeli peýdalanmak, ylym, bilim, parlamentara gatnaşyklary boýunça hyzmatdaşlygy goldamak babatda söhbetdeşlik edildi.

 

 

 

 

8 апреля 2025 года проведена встреча председателя Комитета Меджлиса Туркменистана по охране окружающей среды, природопользованию и агропромышленному комплексу  С.Гаипова с Андре Альгермиссенем – региональным представителем по Центральной Азии Фонда Федеративной Республики Германия имени Конрада Аденауэра. 

В ходе встречи гости были ознакомлены с приоритетными направлениями внутренней и внешней политики нашей страны,  с деятельностью, проводимой национальным Парламентом, достигнутыми успехами нашей страны в экологической дипломатии. 

Стороны особое внимание уделили двустороннему сотрудничеству между Туркменистаном и Германией, а также в многостороннем формате «Центральная Азия + Германия», в том числе в форматах «Европейский Союз и Туркменистан» и «Центральная Азия + ЕС». Наряду с этим также был отмечен межпарламентский диалог Меджлиса Туркменистана с Европейским Союзом, отношения в виде членства страны с ПА ОБСЕ, значимость поддержки межпарламентского сотрудничества с Бундестагом Германии. 

В ходе встречи состоялись обсуждения в области охраны окружающей среды, эффективного природопользования, поддержки сотрудничества в области науки, образования и парламентских связей. 

 

On April 8, 2025, a meeting was held between the Chairman of the Committee of the Mejlis of Turkmenistan for Environmental Protection, Using Natural Resources and Agroindustrial Complex S. Gayypov and Regional Representative for Central Asia of the Konrad Adenauer Foundation of the Federal Republic of Germany Andre Algermissen.

During the meeting, the guests were briefed on the priorities of our country's domestic and foreign policy, the activities of the national Parliament, and the our country's achievements in its ecological diplomacy.

The parties paid special attention to bilateral cooperation between Turkmenistan and Germany and «Central Asia + Germany» multilateral formats, including the «European Union and Turkmenistan» and «Central Asia + EU» formats. In this regard, the importance of supporting the inter-parliamentary dialogue of the Mejlis of Turkmenistan with the European Union and relations with the OSCE PA member states, as well as inter-parliamentary cooperation with the German Bundestag was also noted.

During the meeting, discussions were held on environmental protection, efficient use of natural resources, support for cooperation in science, education, and inter-parliamentary relations.