The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN

MEJLIS OF TURKMENISTAN

15.09.2025

Türkmenistanyň Mejlisinde ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň wekilleri Ulwi Fikret oglu Ahundlunyň, Kseniýa Daşutsinanyň hem-de  Martina Barker-Siganikowanyň ýurdumyza saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Mejlisiniň Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleri, beýleki abraýly halkara guramalar bilen parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmakda we Bitaraplyk ýörelgelerini dabaralandyrmakda alyp barýan işleriniň esasy ugurlary, şeýle hem Türkmenistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigi barada bellenildi.

Taraplar duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda halkara tejribesinden ugur alyp, saýlaw we sala-salşyk ulgamyny  kämilleşdirmek boýunça netijeli işleriň geçirilýändigi barada bellediler.

Duşuşykda saýlawçylaryň Döwlet sanawyny ýöretmek işinde kanunylygyň we adam hukuklarynyň ileri tutulmagy, ählumumy saýlaw hukugyny durmuşa geçirmek, maglumatlaryň dolulygy we bitewüligi, ygtybarlylygy, aýanlygy, täzelenip durulmagy, goraglylygy ýörelgeleri esasynda saýlawçylaryň şahsy maglumatlarynyň hasaba alynmagyny guramak we ony ýöretmek hem-de saýlawçylar baradaky maglumatlary saklamak, gaýtadan işlemek we ondan peýdalanmak bilen, döwlet hasabyny, şeýle hem raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek ýaly meseleler  barada özara pikir alşyldy.

Şeýle hem, Türkmenistanda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegi we gender deňligi boýunça hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalary we agzalan ugurlarda milli kanunçylygymyzyň halkara tejribesinden ugur alnyp yzygiderli kämilleşdirilýändigi barada bellenilip geçildi.