The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN

MEJLIS OF TURKMENISTAN

14.05.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Zenanlaryň ikinji Aziýa forumynyň birinji bölüminiň işine gatnaşdy

Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde geçirilen Zenanlaryň ikinji Aziýa forumynyň «Döwlet we jemgyýetçilik dolandyryşynda, şeýle hem syýasy kararlary kabul etmekde zenanlaryň gatnaşygyny giňeltmegiň häzirki zaman meseleleri» atly tema boýunça bölüminde ýurdumyzyň milli parlamentiniň wekili çykyş edip, Türkmenistanda zenanlaryň hukuklaryny, durmuş goraglylygyny üpjün etmek we mümkinçiliklerini giňeltmek, olaryň jemgyýetdäki tutýan ornuny ýokarlandyrmak babatdaky işleriň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen oňyn başlangyçlar esasynda işjeňleşdirilýändigini belledi. Döwlet dolandyryşynda we kanun çykaryjy edaralarda zenanlaryň işjeňliginiň saglygy goraýyş, bilim we durmuş goraglylygy ýaly ugurlarda kanunçylyk binýadynyň has-da kämilleşmegine ýardam berýändigi nygtaldy. 

Çykyş edenler döwlet we jemgyýetçilik dolandyryşynda, şeýle-de syýasy kararlary kabul etmek işinde zenanlaryň gatnaşygyny giňeltmek, ornuny ýokarlandyrmak, häzirki zaman çemeleşmeleri we parlament tejribesi, zenan ýolbaşçylygyny ösdürmek arkaly inklýuziw dolandyryşy üpjün etmekde döwletleriň tejribeleri barada giňişleýin belläp geçdiler. 

Şeýle hem zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek we häzirki zaman jemgyýetinde olaryň ornuny pugtalandyrmak babatda tejribe alyşmagyň, döwrüň çagyryşlaryny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagyň, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek barada durmuşa geçirilýän işleriň, gazanylýan netijeleriň sebit derejesinde umumy görkezijileriniň ýokarlanmagyna we oňyn tejribeleriň artmagyna ýardam edýändigi, bu forumyň sebitiň zenanlarynyň tejribe alyşmagy we täze başlangyçlara itergi berilmegi üçin möhüm meýdança bolup durýandygy bellenildi.