​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
14.05.2026

Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Hukuk syýasaty we döwlet gurluşy baradaky komitetiniň başlygy jenap Guseýnli Ali Muhammad oglunyň «Konstitusiýa – döwletleriň ösüşiniň we jemgyýetiň abadançylygynyň hukuk kepili» atly maslahatda eden çykyşy:

Jenap Guseýnli Ali Muhammad ogly öz çykyşynda Konstitusiýanyň her bir ýurduň durmuşynda esasy orna eýe bolup durýandygyny belledi. Azerbaýjanda Konstitusiýa demokratiýanyň binýady bolup hyzmat edýär, syýasy we kanunçylyk durnuklylygyny berkidýär hem-de adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny kepillendirýär. Ol halkyň bähbidine hereket edýär we döwlet dolandyryşynyň we kanunyň hökmürowanlygynyň ýörelgelerini kesgitleýär.

Azerbaýjan Respublikasynyň Konstitusiýasy 1995-nji ýylda Milli Lider Geýdar Aliýewiň baştutanlygynda Garaşsyzlygymyzyň dikeldilmeginiň yzysüre kabul edildi. Bu taryhy resminama biziň döwrebap döwletimiziň çelgisine öwrüldi we Azerbaýjanyň syýasy, ykdysady we durmuş ösüşiniň kanunçylyk binýadyny düzdi. 

Geçen 30 ýylyň dowamynda, Biziň Konstitusiýamyz esasy konstitusional gymmatlyklary goramak bilen, durmuş ösüşini we täze ýagdaýlary görkezýän sala salşyklaryň we konstitusion kanunlaryň üsti bilen döwrebaplaşdyryldy.

2002-nji ýylda «Azerbaýjan Respublikasynda Adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň ýerine ýetirilmeginiň düzgünleşdirilmegi hakynda» Azerbaýjan Respublikasynyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi bilen, Azerbaýjanyň Parlamenti Adam Hukuklary hakynda Ýewropa Konwensiýasyna biziň hukuk ulgamymyzda konstitusion dereje berdi. Bu ýagdaý konstitusion kadalaryň netijeli amal edilmeginiň Ýewropa Konwensiýasynyň degişli kadalarynyň göni amal edilmegidigini aňladýar. Mundan başga-da biz konstitusion kadalaryň amal edilmegi arkaly milli kanunçylygymyzy Ýewropa Konwensiýasynyň standartlaryna laýyk getirmek bilen ösdürmek mümkinçiligine eýe bolýarys. 

Azerbaýjanyň çäk bitewüligi babatda konstitusion kada biziň üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Biz Prezident Ilham Aliýewiň baştutanlygynda 2020-nji ýylda Azerbaýjanyň Konstitusiýasynyň ýurdumyzyň ähli çäginde doly dikeldilmegine buýsanýarys. 

Häzirki wagtda Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda parahatçylyk gün tertibi goldanylýar. Biz durnukly parahatçylygyň ulag we aragatnaşyk ýollarynyň açylmagy arkaly sebitde durmuş we ykdysady hukuklaryň amal edilmegine uzak möhletli durnuklylygy goldamaga goşant goşjakdygyna ynanýarys. 

Azerbaýjan we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda, aýratyn hem, kanunçylyk ulgamynda bilelikde hyzmatdaşlyk we tejribe paýlaşmak möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle hyzmatdaşlyk ýurtlaryň bilelikdäki gymmatlyklaryny güýçlendirýär, sebitleýin baglanyşygy çuňlaşdyrýar we durnukly ösüşi üpjüne edýär.