Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Döwlet gurluşy we öz-özüňi dolandyryş baradaky komitetiniň başlygy jenap Kamolzoda Ilhom Ikromyň «Konstitusiýa döwletleriň ösüşiniň we jemgyýetiň abadançylygynyň hukuk kepili» atly maslahatda eden çykyşy:

Jenap Kamolzoda Ilhom Ikrom öz çykyşynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň döwletiň Esasy kanuny hökmünde döwlet we dolandyryş ulgamlarynyň binýadyny düzýändigini, adam we raýat hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň kepili bolup durýandygyny belledi.
Döwletiň we jemgyýetiň ösüşinde Konstitusiýanyň ornuna düşünmek aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Islendik döwletiň Konstitusiýasy diňe bir Esasy kanun bolmak bilen çäklenmän, eýsem, tutuş hukuk ulgamynyň özenidir. Ol döwletiň tebigatyny, ygtyýarlygynyň çäklerini we adam hukuklarynyň kepilliklerini kesgitleýär. Döwletiň durmuş we hukuk döwlet hökmünde ösmegine mümkinçilik berýän gurallar konstitusion kadalar arkaly döredilýär.
Häzirki dünýäde konstitusiýalar bilen halkara ösüş gün tertibiniň, esasan hem, BMG-niň 2030-njy ýyl üçin Durnukly ösüş maksatlarynyň arasyndaky baglanyşyk aýratyn möhümdir. Bu maksatlara garyplygyň soňuna çykmak, saglygy üpjün etmek, ýokary hilli bilimi, ykdysady ösüşi gazanmak we deňsizligi azaltmak girýär.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlarynyň mysalynda Konstitusiýanyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin esasy hukuk guraly bolup hyzmat edýändigini aýdyň görmek bolýar. Durnukly ösüş maksatlarynyň diňe ykdysady ösüşe däl, eýsem, esasan-da, mynasyp ýaşaýyş derejesini, durmuş adalatlylygy we adamy goramagy üpjün etmäge gönükdirilendigi sebäpli, berk konstitusion esas bolmazdan, olara ýetmek mümkin däl.
Durnukly ösüş maksatlarynyň ikinji möhüm ugry ilatyň saglygyny we abadançylygyny üpjün etmekdir. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlarynyň konstitusiýalarynda saglygy goraýyş hukugy esasy adam hukugy hökmünde berkidilen. Bu döwlet edaralarynda mudsuz lukmançylyk kömeginiň elýeterliligi arkaly kepillendirilýär. Şunda saglygy goramak hukugynyň diňe bir şahsy hukuk däl-de, eýsem, durnukly jemgyýetçilik ösüşiniň esasydygyny nygtamak möhümdir. Sagdyn ilat bolmasa, ykdysady ösüş hem, raýat jemgyýetiniň ösmegi hem mümkin däl.
Bilim raýat jemgyýetiniň ösüşiniň açarydyr. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlarynyň konstitusiýalarynda bilim almak hukugy esasy adam hukugy hökmünde berkidilen. Mundan başga-da, köp döwletler hökmany we mudsuz başlangyç bilimi girizdiler. Bu orta bilime elýeterliligi kepillendirýär, hökmany esasy bilimi üpjün edýär we her bir raýatyň bilim almak hukugyny we bilim ulgamynyň döwlet tarapyndan goralmagyny kepillendirýär.
Has giň gerimde seredilende, konstitusiýa halkara ösüş maksatlary bilen milli syýasatyň arasynda baglanyşyk bolup hyzmat edýär. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwletleriniň konstitusion düzgünlerini seljermek Konstitusiýanyň diňe döwletiň Esasy kanuny bolmakdan has möhüm orna eýedigi barada netijä gelmäge mümkinçilik berýär. Häzirki dünýäde ol Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň möhüm mehanizmine öwrülýär, sebäbi döwlet syýasatynyň esasy ugurlary we adam hukuklarynyň kepillik ulgamy Konstitusion kadalar arkaly berkidilýär.