The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN

MEJLIS OF TURKMENISTAN

14.05.2026

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary hanym Lakşmi Bhawaniniň «Konstitusiýa döwletleriň ösüşiniň we jemgyýetiň abadançylygynyň hukuk kepili» atly maslahatdaky çykyşy:

Hanym Lakşmi Bhawani öz çykyşynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ýurduň durmuş ösüşiniň we adam hukuklarynyň goralmagynyň, şol sanda çagalaryň hukuklarynyň we abadançylygynyň binýady bolup hyzmat edýändigini belledi. 

Mertebe, deňlik we durmuş goraglylygy ýörelgelerini ykrar etmek bilen, Konstitusiýa çagalar üçin ösmäge, öwrenmäge we goraýjy        hem-de goldaýjy gurşawda ýaşamaga meýdança döredýär. 

Türkmenistan Çagalaryň hukuklary baradaky Konwensiýany  1994-nji ýylda ykrar etmek bilen, özüniň çagalaryň hukuklaryna ygrarlydygyny görkezdi. Konwensiýa deňlik, çaganyň iň gowy bähbitleri we çaganyň garaýyşlaryna hormat goýmak ýörelgelerini açyp görkezmek bilen, her bir çaganyň göreşmek, ösüş, gorag we goşulmak hukuklaryna esaslanýar. 

Bu günki günde Çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek babatda 2023-2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli meýilnamasy pudaklaryň arasynda çaganyň abadançylygyny güýçlendirmekde we çagalaryň hukuklarynyň durmuşa geçirilmegini berkitmekde tagallalary utgaşdyrmakda möhüm meýdança bolup hyzmat edýär. 

ÝUNISEF Türkmenistan bilen 1995-nji ýylda başlan hyzmatdaşlygynda bu tagallalary goldamagy mertebe hasaplaýar. ÝUNISEF we Türkmenistanyň Hökümeti geçen 30 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ýurduň çäginde çagalaryň we ýaş adamlaryň durmuşyny gowulandyrmaga gönükdirilen yzygiderli hyzmatdaşlygy ýola goýdy. 

Biz Türkmenistanyň Hökümetiniň Konstitusiýada şöhlelendirilen ýörelgelere esaslanmak bilen, konstitusion kepilliklere, halkara borçnamalara we milli ösüşiň ileri tutulmalaryna berk bagly bolan has utgaşykly, durnukly we abadan geljegi gurmak baradaky tagallalaryny goldaýarys. 

ÝUNISEF her bir çaganyň ýaşamagy, ösüşi we özüniň doly mümkinçiliklerine ýetmegini üpjün etmekde Türkmenistany goldamaga ygrarly bolmagynda galýar. Çagalara maýa goýmagyň ýurduň geljegine maýa goýmakdygyny nygtamak bilen, çykyşymy jemlemäge rugsat ediň. Çagalar sagdyn, goragly, bilimli we güýçli ösende, olar güýçli adam maýasynyň, durmuş abadançylygynyň we durnukly milli ösüşiniň binýady bolýarlar. 