The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN

MEJLIS OF TURKMENISTAN

18.05.2026

Türkmenistanyň Mejlisinde we Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisinde döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň agzalarynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisinde türkmen-özbek Parlamentara dostluk toparlarynyň agzalarynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi. 

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde dostlukly gatnaşyklaryň dürli ugurlar, şol sanda parlamentara aragatnaşyklar boýunça uly ösüşe eýe bolýandygy aýratyn bellenildi hem-de türkmen-özbek gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda türkmen tarapy Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwer, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi we ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan köpugurly işler bilen tanyşdyrdy.

Häzirki döwürde özara hormat goýmagyň we ynanyşmagyň berk binýadyna esaslanan türkmen-özbek gatnaşyklary täze many-mazmuna eýe bolýar. Şunda taryhyň dowamynda emele gelen, özleriniň gadymy däplere ygrarlydygyny görkezýän iki doganlyk halky birleşdirýän ruhy gymmatlyklaryň umumylygy möhüm ähmiýete eýedir. 

Duşuşykda parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň möhüm bölegine öwrülendigi we ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmakda mümkinçilikleri artdyrýandygy aýratyn bellenildi. Şunuň bilen birlikde, ugurdaş komitetleriň, ýaş we zenan parlamentarileriň arasynda geçirilýän duşuşyklaryň, maslahatlaryň döwletara gatnaşyklaryny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamakda, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde tagallalary birleşdirmegiň ähmiýeti barada bellenildi. 

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde zenanlaryň dialogynyň,                    GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisiniň, demografiýa meseleleri boýunça geçiriljek çäreleriň ähmiýeti barada hem belläp geçdi. 

Duşuşygyň ahyrynda taraplar däp bolan dostlukly türkmen-özbek gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.