The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN

MEJLIS OF TURKMENISTAN

14.05.2026

Türkmenistanyň Mejlisinde «Konstitusiýa – döwletleriň ösüşiniň we jemgyýetiň abadançylygynyň hukuk kepili» atly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli 2026-njy ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisinde göni wideoaragatnaşyk arkaly «Konstitusiýa – döwletleriň ösüşiniň we jemgyýetiň abadançylygynyň hukuk kepili» atly maslahat geçirildi.

Hukuk ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga, şeýle hem parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi berkitmekde oňyn başlangyçlar bilen tanyşmaga mümkinçilik döredýän bu maslahata Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleriniň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň parlamentleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly bolmak bilen, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, özara bähbitli köpugurly hyzmatdaşlygy ilerletmek, halkara hukugyň ornuny ýokarlandyrmak babatda sebit we dünýä ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýändigini hem-de bu ugurda ýurtlaryň tagallalaryny birleşdirmek boýunça anyk işleri durmuşa geçirýändigini nygtadylar. 

Adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň ygtybarly goralmagynda we doly üpjün edilmeginde konstitusion kadalaryň we milli kanunçylygyň esasy orny eýeleýändigine üns çekilip, şu maslahatyň kanunçykaryjylyk we parlament işi boýunça tejribe alyşmakda, parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýeti bellenildi. 

Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzyň hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatynyň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.