​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
10.06.2026

Türkmenistanyň Mejlisinde Finlýandiýa Respublikasynyň Türkmenistanda bellenilen Ilçisi Ynanç hatyny gowşurdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Finlýandiýa Respublikasynyň Türkmenistanda bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Maria Agrenden Ynanç hatyny kabul etdi.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi türkmen topragynda mähirli garşylanandygy üçin hoşallyk bildirip, Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Stubbyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. 

Duşuşygyň dowamynda diplomat  Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýurdumyzyň  kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy.

Türkmen tarapy ýurdumyzyň dünýä ýurtlary, şol sanda Finlýandiýa Respublikasy bilen deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary ikitaraplaýyn, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy ýaly abraýly halkara guramalaryň çäklerinde ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi.

Taraplar iki ýurduň arasynda ýola goýlan syýasy-diplomatik gatnaşyklary döwrebap şertlerde ösdürmegiň, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we parlament ugurlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň iki tarap üçin hem bähbitlidigini nygtadylar. 

Şunuň bilen birlikde, milli kanunçylygy we parlament işini kämilleşdirmekde birek-birek bilen tejribe alyşmakda, iki döwletiň arasynda hyzmatdaşlygy hem-de dostlukly gatnaşyklary berkitmekde giň mümkinçilikleriň bardygyna üns çekildi.

Duşuşygyň ahyrynda Ilçi döwletara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.