The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN

MEJLIS OF TURKMENISTAN

01.07.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde geçirilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň adam ölçegleri boýunça maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde 2026-njy ýylyň 29-30-njy iýunynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň adam ölçegleri boýunça goşmaça maslahatyna gatnaşdy.

Maslahatyň dowamynda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, kazyýet-hukuk ulgamyny kämilleşdirmek we şahsyýetiň hukuk kepilliklerini üpjün etmekde halkara ülňülerine laýyklykda durmuşa geçirilýän işler barada pikir alşyldy. 

Maslahatda çykyş edenler Birleşen Milletler Guramasynyň Konwensiýasynyň kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmagyň we bu ugurda özara tejribe alyşmagyň möhümdigini aýratyn bellediler. Adam mertebesiniň hem-de hukuklarynyň durnukly ösüşiň we adalatly jemgyýetiň berk binýady bolup durýandygyny,  şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky sebit we halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyklaryny nygtadylar.

Maslahatyň işi birnäçe bölümçelerde dowam edip, onda kazyýet-hukuk ulgamynda derňew we kazyýet işlerinde adalatlylygy we aýdyňlygy üpjün etmek, halkara guramalar bilen işjeň dialogy ösdürmek, hukuk goraýjy we kazyýet edaralarynyň wekilleri üçin adam hukuklary boýunça okuw maksatnamalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak ýaly ugurlara aýratyn üns berildi. Maslahatyň jemleri boýunça degişli halkara guramalaryň teklipleri we tejribeleri esasynda geljekki anyk ugurlar kesgitlenildi.