The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN

MEJLIS OF TURKMENISTAN

14.10.2024

Nurlanbek Şakiýew – Gyrgyz Respublikasynyň Žokarku Keneşiniň Başlygy

Ozaly bilen, duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisini mübäreklemäge we myhmansöýer türkmen topragynda mähirli kabul edilendigimiz hem-de şu günki çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigi üçin minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň.

«Parahatçylygyň, gülläp ösüşiň we özara ynanyşmagyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» örän möhümdir, çünki biz diňe tagallalarymyzy birleşdirmek bilen dünýäde ösüşi we abadançylygy gazanyp bileris. 

Duşuşygyň iki sany ýörite mejlisine üns bersek, olaryň döwletleriň ösüşleriniň möhüm ugurlaryna bagyşlanandygyny görmek mümkin. 

«Parahatçylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» biziň gatnaşyklarymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. 

Merkezi Aziýa ýurtlarynda durnuklylyk we howpsuzlyk esasy ugurlaryň biri bolup durýar, şol sebäpli biziň ýurtlarymyzyň parlamentleri kanunçykaryjy edaralar hökmünde ilatyň hal ýagdaýynyň gowulanmagy babatda yzygiderli zähmet çekýärler. 

Gülläp ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk – bu biziň hyzmatdaşlygymyzyň ýene-de bir esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň ykdysady abadançylygy gönüden-göni biziň hyzmatdaşlygymyza baglydyr. 

Özara ynanyşmak islendik üstünlikli hyzmatdaşlygyň binýadydyr. Biz parlamentleriň arasynda açyk dialog we işjeň özara hyzmatdaşlyk arkaly bu ynanyşmagy pugtalandyryp bileris. 

Gyrgyz Respublikasy Koreýa Respublikasy we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ozaldan gelýän gatnaşyklara ýokary baha berýär hem-de bu hyzmatdaşlykda geljek üçin uly mümkinçilikleri görýär.  

Parlament diplomatiýasynyň döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň kuwwatly guraly bolup durýandygyny ýene bir gezek bellemek isleýärin. 

Şunuň bilen baglylykda, biz koreý tarapynyň duşuşygyň parlamentleriň baştutanlary derejesinde görnüşini döretmek başlangyjyna we geçen ýylda onuň ilkinji mejlisiniň geçirilendigine ýokary baha berýäris. Bu meýdançanyň köp ýyllaryň dowamynda hereket etjekdigine we biziň gatnaşyklarymyzyň giňeldilmegi we berkidilmegi üçin binýat hökmünde çykyş etjekdigine pugta ynanýaryn. 

Şu günki duşuşygyň ähli gatnaşyjylaryna üstünlik, ýurtlarymyza bolsa – bagtyýarlyk, parahatçylyk we mundan beýläk-de gülläp ösüşi arzuw edýärin. 