The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN

MEJLIS OF TURKMENISTAN

14.10.2024

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE TÜRKMEN-KOREÝ IKINJI GEŇEŞME MASLAHATY GEÇIRILDI

2024-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň we Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda türkmen-koreý ikinji geňeşme maslahaty geçirildi.

Geňeşme maslahatynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda öňe süren, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» atly parlamentara forumy döretmek, türkmen-koreý ikinji geňeşme maslahaty geçirmek baradaky başlangyjyndan ugur alnyp, 2023-nji ýylda Koreýa Respublikasynyň Parlamenti tarapyndan Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň Parlament ýolbaşçylarynyň ilkinji duşuşygynyň we türkmen-koreý ikinji geňeşme maslahatynyň, şeýle hem bu gün Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan «Parahatçylygyň, gülläp ösüşiň we özara ynanyşmagyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» ady bilen ikinji duşuşygyň, türkmen-koreý ikinji geňeşme maslahatynyň guralmagynyň Gahryman Arkadagymyzyň taryhy başlangyjynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýändigi bellenildi.

Geňeşme maslahatynyň dowamynda döwletlerimiziň arasynda parahatçylygy, özara ynanyşmagy höweslendirmegiň we söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň bähbidine hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, hem-de ulag, energetika, ýokary tehnologiýalar, durmuş, medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak ýaly ulgamlarda ýola goýlan hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamagy we bu ugurlarda tejribe alyşmaga, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň Parlamentleriniň başlyklarynyň şu günki ikinji duşuşygynyň gün tertibine girizilen meseleler boýunça parlament we kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmak, halkara parlament meýdançalarynda birek-biregiň başlangyçlaryny goldamak bilen bagly garaýyşlar beýan edildi. 

Koreý tarapy öz gezeginde parlamentara dostluk toparlarynyň işine uly ähmiýet berýändigini bellemek bilen, iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, maýa goýum gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmakda, bilim, medeniýet ugurlaryndaky gatnaşyklary ösdürmekde işleri güýçlendirmegi teklip etdi. 