The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

Speeches and Articles

DÖWLETLI IŞLERE DOWAMAT ÝAGŞY

 

Gahryman Arkadagymyzyň taryhy başlangyçlary, döwlet Baş tutanymyzyň beýik işleri netijesinde, «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi ata Watanymyzyň halkara abraýynyň barha dabaralanýandygyny alamatlandyrýar.

Müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan taryha eýe türkmen halky medeni, maddy, ruhy mirasa, däp-dessurlara, çeper döredijilige baý halk. Olar halkyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilen paýhas hakydasydyr, şu gününe ygtybarly ynamy, ertirine çelgidir. Gahryman Arkadagymyzyň: «Medeni miras — maddy we ruhy gymmatlyklar ynsana şatlyk, ata-babalara hormat, ýaşaýşa söýgi, dowamata hyjuw döredýän gözellik älemidir. Bu älem tümlügi — gündizlige, çöli — lälezarlyga, duşmançylygy — dostluga öwürýän, ýürekleri buýsançdan doldurýan, beýnileri paýhas bilen durlaýan güýçdür» diýen sözleri her halkyň geljekki ykbalynyň geçen şöhratly taryhy ýoluna, medeni gymmatlyklaryna daýanýandygyna şaýatlyk edýär.

Türkmen bedewiniň şöhraty, ata-babalarymyzdan miras galan atçylyk sungaty dünýä ýaýylýar. «Türkmenistanyň halk atşynasy», «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary», «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly atlaryň eýesi bolan Milli Liderimiziň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly eserleri bu ugurda ylmy gözlegleri alyp barjak alymlar, talyplar üçin gymmatly hazynadyr. «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly eserde şeýle diýilýär: «Akylyň ýetmedik ýerinde gudrat başlanýar. «Behişdi bedew», «suw aty», «ýel aty» ýaly kesgitlemeler hem-de atlarymyz baradaky ençeme ýordumlar hut şonuň ykrar edilmesidir. Bu hem tebigatyň bize beren uly serpaýydyr. Şeýle «serpaýlaryň» gadyryny bilip, arzyly saklamak bolsa olaryň ömrüni müdimi edýär». Bu eserler türkmen halkynyň taryhyň dürli döwürlerinde  syrdaşyna, dostuna öwrülen bedewleriň şöhratyny nesillere ýetirmekde uly ähmiýete eýedir.

Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy boldy. 1994-nji ýylda guramanyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky Konwensiýasyna goşuldy. 1995-nji ýylda Parižde ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky wekilhanasy açyldy. Tähranda ýerleşýän klaster edarasy bu düzümiň Türkmenistan bilen alyp barýan işleriniň utgaşdyrylmagynyň meselelerine seredýär.

Ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen halkara taslamalarynyň biri bolan «UNITWIN» maksatnamasy işjeň ornaşdyrylýar. Netijede, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Medeni miras: geçmişden geljege», Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» atly ÝUNESKO kafedralarynyň, şeýle hem bu düzümiň aýratyn maksatnamasynyň çäklerinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Parahatçylygyň dilleri», Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň medeniýeti», Türkmen oba hojalyk institutynda «Daşky gurşawy goramak — durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy», Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Dermanlyk ösümliklerimiz — saglygymyz, mirasymyz», Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Ahalteke atlary -parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klublarynyň açylmagy, umumybilim berýän mekdepleriň 6-synyň guramanyň Assosirlenen mekdepleriniň toruna girizilmegi köpugurly hyzmatdaşlygyň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň mysallarydyr.

Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygynyň giňden bellenilen ýylynda döwletimiziň guramanyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň 2023 - 2027-nji ýyllar üçin agzalygyna, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna saýlanylmagy Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň bu abraýly düzüm bilen alyp barýan hyzmatdaşlygynyň geljeginiň uludygyny görkezýär. Bu üstünlikler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň, hormatly Prezidentimiziň  öndengörüjilikli syýasatynyň miweleridir.

 

 

Bahar SEÝIDOWA,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet  we

ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.

 

 

 

30.12.2023 Details

PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIGIŇ BELENT NUSGASY

 

Eýýamlar täzelenýär, döwletler gurulýar, döwür özgerýär. Dünýäniň syýasy kartasyndaky 200-­den gowrak döwletiň bitewüligini ynsanperwer gatnaşyklar, parahatçylyk söýüjilik medeniýeti hasyl edýär. Hoşmeýilliligi bilen tapawutlanyp, beýik soltanlyklary guran halkymyzyň ynsanperwerlik mekdebiniň döwürleriň synagyndan geçendigi taryhdan mälim hakykat. Pederlerimiz ähli milletler bilen ylalaşykly ýaşamaga, il-­ýurt bähbitli özara gatnaşyklara mydama uly ähmiýet beripdir. Rehimdarlygy, dawa­-jenjelleri çözmekde sözüň güýjüne daýanypdyr. Geçmişden gözbaş alan bu asylly ýörelgeler, pederlerimiziň görüm­-göreldesi asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýetipdir. 

Häzirki dünýäniň gün tertibinde ählumumy parahatçylygy üpjün etmek, hyzmatdaşlygy berkitmek umumy häsiýetli mesele hasaplanýar. Bitaraplyk syýasatynyň oňyn ýörelgeleri eziz Diýarymyzyň ösüş ýoluny kesgitlemäge, parahatçylyk söýüji halk hökmündäki ornumyzy, türkmen döwletliligini berkarar etmäge mümkinçilik berýär. Şunda halkara hyzmatdaşlygyň meýdançasynda parahatçylygyň ilçisi, asudalygyň ygtybarly goragçysy hökmünde Bitaraplygymyzyň gazanan netijeleriniň mysaly­nda merdana halkymyzyň ruhy dünýäsine mahsus raýdaşlyk, dostanalyk gatnaşyklarynyň beýik nusgasyny açyp görkezýär. Ösüş arkaly parahatçylygy berkitmek ugrunda ýurdumyz tarapyndan her bir öňe sürlen başlangyçlar, çagyryşlar halkymyzyň ykbalyny özgertmek bilen birlikde, sebitiň, dünýä döwletleriniň durmuşyna hem oňyn täsir edýändigini ençeme gezek subut etdi. 

Şunuň bilen baglylykda, Bitarap döwletimiz sebitde we dünýäde parahatçylygy berkitmek we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça ählumumy tagallalara uly goşant goşýar. Dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine üstünlikli goşulmak bilen, baý ylalaşdyryjylykly we döredijilikli kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine ulanýar. Şu ýylyň 19-­njy sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-­nji sessiýasynda ýurdumyz tarapyndan sebit we ählumumy derejedäki möhüm meseleler boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen täze başlangyçlar öňe sürüldi. Hormatly Prezidentimiz bu sessiýada, hususan­da, Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Merkezi Aziýada we onuň bilen ýanaşyk zolaklarda Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynda Merkezi Aziýadaky ekologik meselelere has düýpli we täsirli ähmiýet bermek üçin, bu ugurda ýöriteleşdirilen düzümi — Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek teklip edildi. Bu merkeziň işlemegi üçin Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda guramaçylyk we tehniki şertleri döretmegiň mümkinçilikleri nygtaldy. Bu başlangyçlar, ilkinji nobatda, ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy häzirki zaman tehnologiýalary, aýratyn­da, energetika, senagat we ulag pudaklaryna ornaşdyrmaga tapgyrlaýyn geçmek hem-­de peýdalanmak hakyndaky meseleleri öňden görüjilikli we oýlanyşykly çözmäge ýardam berer. 

Hormatly Prezidentimiz 13­-nji oktýabrda GDA­nyň döwlet Baştutanlarynyň Bişkek şäherinde geçirilen nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin Gyrgyzystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Asylly däbe görä, yzygiderli geçirilýän şeýle duşuşyklar sebitiň ýurtlarynyň milli ykdysadyýetlerini pugtalandyrmaga, bu ugurdaky mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge bolan gyzyklanmalaryň üýtgewsiz häsiýete eýedigini görkezýär. Nobatdaky sammitde oňa gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň özara pikir alyşmalarynyň barşynda döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek, köp taraplaýyn syýasy geňeşmeleriň täsirli gurallaryny döretmek arkaly syýasy­ diplomatik gatnaşyklary berkitmegiň zerurdygy nygtaldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz sammitde eden çykyşynda soňky döwrüň halkara wakalarynyň, parahatçylygy gorap saklamagyň, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmegiň dünýä syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydygyny aýdyp, bu babatda dünýä ösüşiniň ýagdaýlaryny we ugurlaryny nazara almak bilen, BMG-­niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga girişmegiň zerurlygy bilen bagly teklipleri öňe sürdi. 

Ählumumy howpsuzlygy gazanmagyň täsirli guraly hökmünde, öňüni alyş diplomatiýasynyň ýörelgelerinden, oňyn Bitaraplygyň kuwwatyndan peýdalanmak hem-­de ynanyşmak dialogynyň medeniýetiniň ähmiýeti ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenilýär. Döwletimiziň iki gezek ykrar edilen Bitaraplyk derejesi umumadamzadyň bähbitlerini nazarlaýan ynsanperwer ýörelgeleriň ulgamy, parahatçylyk söýüjilik we ylalaşdyryjylyk medeniýetiniň nusgasydyr. Bitaraplyk dünýä halklaryny parahat, abadan ýaşaýşyň hatyrasyna, durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyga, arkalaşmaga çagyryşdyr. Ösüş arkaly parahatçylygy berkitmek ugrunda ýurdumyz tarapyndan her bir öňe sürlen başlangyçlar, çagyryşlar halkymyzyň ykbalyny özgertmek bilen birlikde, sebitiň, dünýä döwletleriniň durmuşyna hem oňyn täsir edýänligini ençeme gezek äşgär etdi. 

Umuman, türkmen Bitaraplygy — halkymyzyň jebisliginiň we gazanan ýeňişleriniň miwesi, döredijilikli zähmetiniň üstünlikli netijesi we geljekki sepgitleriniň daýanjy. Türkmen Bitaraplygy sebitde, şol bir wagtyň özünde, dünýä döwletleriniň arasynda geosyýasy, geoykdysady deňagramlylygyň möhüm şerti, durnuklylygy saklamagyň täsirli serişdesi, ählumumy parahatçylygyň rowaçlanmagynyň kepili bolup çykyş edýär. Waspy döwlet Senamyzda dabaralanýan, şekili döwlet Baýdagymyzda mertebelenýän hemişelik Bitaraplygymyza eýe bolan günümiziň halkara derejede dabaralanmagy ata Watanymyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki at-­abraýyny, mertebesini has­-da ýokarlandyrýar.

 

Merjen BORJAKOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň hünärmeni

30.12.2023 Details

DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ UGRY

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag diplomatiýasyny durmuşa geçirmekde gazanýan üstünlikleri Durnukly ösüşiň maksatlaryny we wezipelerini durmuşa geçirmegiň kämil nusgasyny görkezýär.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 16-njy maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda her ýylyň 26-njy noýabrynyň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edilmegi halkara jemgyýetçiliginiň Arkadagly Serdarymyzyň parasatly tagallalaryna bildirýän beýik buýsanjy boldy. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji Mejlisinde eden taryhy çykyşynda: «Türkmenistanyň maksada gönükdirilen işiniň netijesinde, diňe soňky ýyllarda ulag babatda öňe süren başlangyçlarymyz boýunça Baş Assambleýanyň alty Kararnamany kabul edendigine buýsanýarys. Şolaryň soňkularynyň hatarynda şu ýylyň maý aýynda kabul edilen «Bütindünýä durnukly ulag güni» atly Kararnamany görkezmek bolar. Bu resminamany biragyzdan goldandyklary üçin ähli agza döwletlere minnetdarlyk bildirýäris» diýip nygtamak bilen, «Bütindünýä durnukly ulag güni» mynasybetli ýokary derejeli maslahaty çagyrmak babatdaky teklibi halkara jemgyýetçiliginde gyzgyn goldawa mynasyp boldy. 

Şeýlelik-de, hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerinden gelip çykýan borçlaryna we hukuklaryna çuň paýhasly, döredijilikli çemeleşýän Garaşsyz Türkmenistan BMG tarapyndan kabul edilen Kararnama esasynda, Jahanda ilkinji gezek bellenilýän «Bütindünýä durnukly ulag güni» mynasybetli ýokary netijelere beslenen halkara derejeli çäreleriň birnäçesini geçirýär. 

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şeýle buýsançly wakalary Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eserinde nygtaýşy ýaly: «Her bir şahasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmaga mynasyp hasaplanylýan Beýik Ýüpek ýolunyň döremeginde hem-de işjeň hereket etmeginde hem esasy orunlaryň biri türkmenlere degişlidir» diýen paýhasynyň çuň manysyny dabaralandyrýar. 

Şeýle üstünlikler bolsa «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» we onda bellenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. 

Hormatly Prezidentimizi, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, ähli halkymyzy şatlyga, buýsanja beslenip gelýän 2024-nji, Täze ýyl baýramy bilen gyzgyn gutlaýarys. 

Dünýäde dostlugy, ynsanperwerligi, parahatçylygyň medeniýetini ösdürýän iri ulag taslamalaryny amala aşyryp, Beýik Ýüpek ýolunyň keşbini täze, döwrebap öwüşginler bilen gaýtadan dikeldýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! 

 

Baýrammyrat HÄJYMAMMEDOW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy

29.12.2023 Details

MAŞGALA BAÝRAMÇYLYGYNDA DURMUŞ TOÝY

 

Toý-baýramlara, şanly senelere, taryhy wakalara baý bolan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem tamamlanyp barýar. Täze -2024-nji ýylyň öň ýanynda Arkadag şäheriniň «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde ýaňlanan bagt toýunyň joşgunly aýdym-sazlary täze durmuşa gadam basýan ýaşlaryň köňül arzuwlarynyň wysaly bolup ýaňlandy. 

Arkadag şäheriniň 10-njy çagalar bagynyň hojalyk müdiri Kemalnazar Pirliýew öz göwün beren gözeli — Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň mugallymy Aýjahan Taňrygulyýewa bilen bagt nikasyndan geçip, durmuş toýuny tutdy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň Pirliýewleriň maşgalasyna goşa şatlyk getirendigini bellemek ýakymly. Şäheriň «akylly» öýlerinden paýly bagtyýar maşgalanyň täze jaý toýuny toýlany ýaňy ýalydy. Bu gün bolsa täze öýe täze gelniň gadamy düşüp, agzybir maşgalanyň şatlygy goşalandy. Maşgala ojagynyň eýesi, Arkadag şäheriniň Bilim müdirliginiň mekdebe çenli bilim we terbiýe bölüminiň müdiri Amanjahan Pirliýewanyň şatlyk-begenjiniň çägi ýok: 

— Maşgala durmuşymyzda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bolup geçýän şatlykly wakalar eziz Diýarymyzyň arzuwlaryň wysal tapýan ýurdudygyny ýene bir gezek subut edýär. Täze ýyl — maşgala baýramçylygy. Maşgalamyza Arkadag şäherinden ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýynyň berilmegi, körpe perzendimiz Kemalnazaryň täze şäheriň «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda durmuş toýuny toýlamagy buýsançly başymyzy göge ýetirdi. Bize ajaýyp zamanany peşgeş beren hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza köp sag bolsun aýdýarys. 

Arkadag şäherinde bina edilen medeni-durmuş maksatly desgalaryň hatarynda durmuş ýoluna gadam basýan ýaşlary söýginiň hem bagtyň ak ýollaryna atarýan «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezi Arkadag şäheriniň bagtyýar ýaşaýjylaryna hyzmat edýär. «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde ýaşlaryň nika toýundan başlap, halkymyzyň durmuşy bilen bagly toý däpleriniň ählisini toýlamaga giň mümkinçilikler bar. 

Biz şeýle parahat döwletde ýaşap, zähmet çekýändigimize buýsanýarys. «Döwlet adam üçindir!» diýýän Gahryman Arkadagymyzyň, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalaryna jogap edip, täze ýylda has-da yhlasly, döredijilikli zähmet çekeris. 

 

Ogul­ma­ral­ HO­JA­ÝE­WA,­ 

Ar­ka­dag­ şä­he­ri­niň ­hä­kim­li­gi­niň­ Bagt köş­gü­niň ­di­rek­to­ry,­

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň­ de­pu­ta­ty

28.12.2023 Details

ÝEŇIŞLI SEPGITLERIŇ AÝDYŇ ÝOLY

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ykdysady-durmuş maksatly giň möçberli işlere badalga berildi. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” kabul edilmegi möhüm waka bolup, tutumly işlere badalga berildi. Bu Maksatnamada Garaşsyz döwletimizi geljek 30 ýylda syýasy, ykdysady-durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň wajyp wezipeleri kesgitlenip, olary amala aşyrmakdaky işleriň bady artýar. Ýurdumyzda önümçilik, medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy giň gerime eýe bolýar.

Şu ýylyň sentýabr aýynyn 24-ne türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde ýokary guramaçylykly geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýetilen menzillere seljerme berlip, döwrüň täze wezipeleri anyk kesgitlenildi. Ählumumy forumda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň maksatnamalaýyn çykyşlarynda bellenilişi ýaly, öňde goýlan derwaýys wezipeleri durmuşa geçirmek döwrüň talaby bolup durýar. Şeýle talapdan ugur alýan türkmen halky Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi depginli ösdürmekde döredijilikli zähmet çekýär. Il-günümiziň tutanýerli zähmeti bolsa, şanly ýylymyzyň döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli giň möçberli işlerde şöhratlandyrylmagyna itergi berdi.

 

Ali RAHMEDOW.

Ýolöten etrap häkimliginiň işgärler bölüminiň hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

28.12.2023 Details

DÖREDIJILIKLI ZÄHMETIŇ NETIJESI

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýeňişli ýyllarynda ýetilen sepgitlere ser salanynda guwanjyň goşalanýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öndengörüjilikli içeri we daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde tutumly işleriň bady artýar. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň her güni ähli ugurlarda uly üstünliklere, şanly wakalara beslenýär. Bu hakykaty “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylan 2023-nji ýyl doly äşgär etdi. Geçen ýylda biz Garaşsyz Watanymyzy ösdürmekde gazanylan ýokary görkezijileriň, taryhy wakalaryň gözli şaýady bolduk.

Bilşimiz ýaly, şu ýylyň şygary Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzy mundan beýläk-de ösdürmekde türkmen ýaşlaryna bildirilýän uly ynamy äşgär etdi. Abadan ertirimiziň eýeleri bolan ýaşlar tamamlanyp barýan üstümizdäki ýylyň uly üstünliklere, ýeňişlere beslenmegine özleriniň saldamly goşantlaryny goşdular. Şonuň üçinem 2023-nji ýylda Diýarymyzyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlarymyzyň ösüş-özgerişli aýdyň ýolumyzyň rowaçlanmagynda bitiren we bitirýän işlerini ýatlamak ýakymlydyr. Şeýle hem şu ýylyň taryhy wakalary Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýynyň arşa çykýandygyna subutnamadyr. Mysal üçin, 2023-nji ýylyň 16-18-nji noýabrynda Mary şäherinde geçirilen Orta Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň forumy Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň halkara ähmiýetli möhüm wakasy boldy. “Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy” atly bu forum sebitiň ýurtlarynyň we HHR-niň ýaşlarynyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary, şu ýurtlaryň söwda- ykdysady, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda täze mümkinçiliklere ýol açýar.

 

Tirkişmyrat ÝOMUDOW.

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 31-nji şahamçasynyň 66-njy razýezdiniň demir ýol boýunça nobatçysy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

28.12.2023 Details

ÝAŞLAR — DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda bilim bermegiň usulyýetini kämilleşdirmek, ylym ulgamyny yzygiderli ösdürmek we oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berýär. Şeýle-de, ýaşlary ylymly-bilimli, hünärli edip ýetişdirmegiň, olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagyna giň ýol açmagyň möhüm talap bolup durýandygyny nazara alyp, halkara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmelidigini nygtaýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýaşlaryň durmuşynda taryha altyn harplar bilen ýazyljak buýsançly wakalar bolup geçdi.

Ynha, şeýle, taryhy ähmiýetli wakalaryň biri hem Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara sergiň açylyş dabarasy boldy. Soňra bu ýerde ýurdumyzyň ýaşlarynyň halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen tamamlanyp barýan ýylyň dowamynda ýaşlaryň ajaýyp üstünlikleri, halkara derejesindäki ýeňişleri bilen halkymyzyň buýsanjyny artdyrandyklary uly guwanç bilen nygtaldy.

Ýurdumyzyň ýaşlarynyň halkara ylmy-amaly maslahatyna Mary welaýat kitaphanasynda welaýatymyzyň ýaşlary onlaýn arkaly gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyzyň: “Biz ýaşlarymyzy ýurdumyzyň geljegi hasaplaýarys, biziň ösüşlerimiz, ata Watanymyzyň berkararlygy, ýurdumyzyň asudalygy, il-günümiziň abadançylygy ýaşlarymyza baglydyr. Men türkmen ýaşlarynyň bu belent ynamy ödejekdiklerine berk ynanýaryn” diýip, nygtamagy islendik hünärde zähmet çekýän, bilim alýan ýaşlary geljekde has-da yhlasly, tutanýerli bolmaga ruhlandyrýar. 

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň özleri hakyndaky edýän beýik ynamyndan ruhlanýan ýaş nesiller döredijilikli okap, zähmet çekýärler.

Goý, eziz Watanymyzy ösüşlerden-ösüşlere, täze-täze ýeňişlere, halkymyzy eşretli ertire sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, başlary belent bolsun! Il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Maksat JANMYRADOW.

TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

28.12.2023 Details

ÝURDUMYZYŇ KUWWATY WE GELJEGI

Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlara uly ynam bildirýär. Munuň şeýledigine Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlara berilýän uly üns aladanyň, ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekde döredilýän giň mümkinçilikleriň we amala aşyrylýan ägirt uly işleriň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça şu gün - 27-nji dekabrda Aşgabatda geçirilýän ýaşlar maslahaty hem ýaşlaryň ykbalynda, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda aýratyn möhüm waka bolar.

Milli Liderimiz ýaşlary hemişe jemgyýetiň öňdebaryjy gatlagy, kuwwatly güýji hasaplaýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary geçirilen mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda döwlet dolandyryşynda häzirki zamanyň şertleri, ýokary talaplary esasynda kemala gelen ýaş ýolbaşçylara uly ynam bildirilýändigini nygtamagy munuň aýdyň subutnamasydyr. «Siz ýurdumyzyň garaşsyz ösüşiniň örän möhüm, jogapkärli tapgyrynda — täze onýyllykda alyp barýan işlerimizi üstünlikli dowam etdirmelisiňiz!» diýip, Milli Liderimiz belleýär.

Demokratik ýörelgeler esasynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň, ýerli halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda ýeňiş gazanan öňdebaryjy ýaşlarymyz bu gün Watanymyzyň, halkymyzyň bähbitlerini nazarlaýan işlere işjeň gatnaşýarlar. Ýaşlarymyz saýlaw esasynda ýurdumyzyň kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji edaralaryna halkymyzyň wekili hökmünde saýlandylar. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmeginiň düýp many-mazmunynda hem ýurdumyzyň geljeginiň binýadyny esaslandyryjylar bolan ýaşlara bildirilýän uly ynam äşgär görünýär.

Diňe ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş sebitde hem ilkinji «akylly» we «ýaşyl» şäher bolan Arkadag şäheri «Ýaşlaryň şäheri» diýen belent derejä eýe boldy. Täze şäheriň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda dabaraly açylmagy halkymyzyň buýsanjyny has-da artdyrdy. Gujurly we zehinli türkmen ýaşlary «akylly» şäherde ornaşdyrylan öňdebaryjy tehnologiýalara ezberlik bilen erk edýärler. Şäherdäki «akylly» öýleri ykjam enjamlar bilen dolandyrýan «Arkadagly ýaşlar» programmasynyň türkmen ýaşlary tarapyndan döredilmegi hem buýsandyryjy ýagdaýdyr.

 Ýaşlaryň ajaýyp zamanamyza bolan ýürek buýsançlaryny okyjylara ýetirmek, dürli ugurlarda gazanýan üstünliklerini giňden wagyz etmek maksady bilen, «Arkadagly ýaşlar» atly täze çeper-publisistik, ylmy-populýar elektron žurnaly döredildi. Bu başlangyjyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan goldanylmagy ýaşlaryň ylmy açyşlarynyň, döredijilik ukyplarynyň, öňdebaryjy pikirleriniň, belent maksatly tutumlarynyň rowaç bolmagy üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň netijesidir.

«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň täze rejelenen görnüşi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş raýatlaryň konstitusion hukuklaryny, azatlyklaryny üpjün etmek, durmuşa geçirmek üçin hukuk, durmuş- ykdysady, guramaçylyk şertlerini we kepilliklerini döretmek babatda kanunçylyk-hukuk binýady bolup hyzmat edýär. Kanunyň rejelenen görnüşi taýýarlanylanda ýurdumyzyň ýaş wekilleriniň pikirleriniň, teklipleriniň göz öňünde tutulandygyny aýratyn nygtamak zerur. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň esasynda ýaş raýatlaryň talabalaýyk bilim almagy, zähmet çekmegi, döredijilik işleri bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän ýaşlar syýasaty durmuşa geçirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuşynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalara baý ýyl boldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýynyň geçirilmegi şol taryhy ähmiýetli wakalaryň biridir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanylmagy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi halkara hyzmatdaşlykda türkmen ýaşlarynyň ornuny has-da berkitdi. Ýaşlar syýasaty babatda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmekde şu ýyl ýurdumyzda uly çäreler üstünlikli geçirildi. Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Dialog — parahatçylygyň kepili», Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly halkara ýaşlar forumlarynyň geçirilmegi bu babatda möhüm ädim boldy.

Şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, ylym we bilim olimpiadalarynda ýeňiji bolan, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekip, Diýarymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan ýaşlarymyz geljekki ýeňişlere ruhlanýarlar. Şu toý-baýramly günlerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynyň elimize gowuşmagy kalbymyzy has-da buýsançly duýgulara besleýär. Bu kitabyň her bir jümlesinde ýaşlara bolan ynamyň älem ýaly çäksizligi, umman ýaly çuňlugy, asman ýaly belentligi görünýär. Hormatly Prezidentimiz bu kitabyň üsti bilen türkmen ýaşlaryna halka, adamzada hyzmat etmegiň belent nusgasyny, terbiýe mekdebini görkezýär, jemgyýete wepaly şahsyýet bolup kemala gelmegiň ýol-ýörelgesini salgy berýär. Bu ajaýyp kitap üçin bagtyýar döwrümiziň baýdak göterijileri bolan ruhubelent ýaşlaryň Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary çäksizdir.

Milli Liderimiziň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde türkmen ýaşlary bilen geçiren umymy sapagynda aýdan: «Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen, öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýen ganatly jümlelerini özümize mertebe hem-de belent borç bilýäris. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar şu nurana ýol bilen beýik geljege barýarlar.

 

Ýazpolat KERIÝEW

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar 

guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy

Mejlisiň deputaty

 

27.12.2023 Details

BELENT MAKSATLARYŇ ROWAÇLYGY

 

Garaşsyz Watanymyzda ýaşlaryň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döwrebap ylym-bilim almagy ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. 

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde hem-de dünýä giňişligindäki abraýyny pugtalandyrmakda ýaşlaryň uly ornunyň bardygyny, ýaşlar syýasatynyň döwlet strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini bellemek zerurdyr. 

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ylym-bilim ösdürildi, ýaş nesle giň mümkinçilikler döredildi. Munuň özi jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýji bolan ýaşlara bildirilen uly ynamdan nyşandyr. Watan, ýaşlar, geljek baradaky mukaddes düşünjelerimiz bir bitewi mazmuny düzýär. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe başy başlanan özgertmeler syýasaty barha rowaçlanýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan içeri we daşary syýasatda belent maksatlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ýaşlara bil baglanylýar. Olaryň sagdyn, kämil nesiller bolup kemala gelmekleri ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda ýaşlary goldamak, höweslendirmek, olaryň ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini açyp görkezmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ynha, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatyň we serginiň çuňňur many-mazmuny bardyr. Bu dabara ýylyň dowamynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, mekdep okuwçylarynyň olimpiadalarynda, talyp ýaşlaryň bäsleşiklerinde ýeňiji bolan, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekip, Diýarymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan ýaşlara belent sarpadyr. 

 

Muhammetberdi GELDIMÄMMEDOW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň 

Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy

27.12.2023 Details
1 ... 38 39 40 41 42 ... 60