Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Çykyşlar we makalalar

«Ömrüň manysy Watanyň parahatçylygynda»

 

Parahatçylyk ynanyşmakdan, agzybirlikden, hoşniýetli ýylgyryşlardan başlanýar. Ynsanyň uzak ömür sürmegi, sagdyn ýaşamagy üçin tämiz howanyň, arassa suwuň, ter önümleriň gerek bolşy ýaly, parahatçylyk hem zerurdyr. Çünki parahatçylyk bolan ýerde ýaşaýyş bar, gülleýiş bar. Şonuň üçin-de parahat durmuşy wagyz etmek her bir ynsanyň borjudyr. Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagyny we ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny ilat arasynda wagyz etmek maksady bilen 15-16-njy ýanwarda Ahal welaýatynyň Bäherden, Gökdepe, Kaka, Ak bugdaý, Babadaýhan, Tejen we Sarahs etraplarynda wagyz-nesihat duşuşyklary geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işleşmek baradaky komitetiniň başlygy Maksatberdi Gurbanow, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň başlygy Maral Açilowa, «Edebiýat we sungat» gazetiniň baş redaktory Ogulmaýsa Allaberdiýewa, şeýle-de il sylagly ýaşulular, mährem eneler, edara-kärhanalaryň işgärleri, daýhanlar we işjeň ýaşlar gatnaşdylar. Biz hem wagyz-nesihat duşuşyklarynda çykyş eden ildeşlerimiziň käbiriniň çykyşlaryny okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Maksatberdi GURBANOW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işleşmek baradaky komitetiniň başlygy: 

— Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr» atly kitabynda: «Bütin dünýäde ilkinji gezek Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmek hormatyna mynasyp bolan Türkmen Bitaraplygy, hakykatdan hem, gudratdyr» diýip belleýär. 2025-nji ýylyň şygarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek, döwletleriň arasynda özara ynanyşmagy berkitmek, dünýä ýurtlaryny we halklaryny dost-doganlyga çagyryş baradaky asylly maksatlary öz beýanyny tapýar. Konstitusiýamyzda: «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy onuň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýar» diýip beýan edilmegi, «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Türkmenistanyň konstitusion kanunynyň kabul edilmegi, «Bitaraplyk» ordeniniň, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan», «Bitarap Türkmenistanyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medallarynyň döredilmegi bu syýasatyň wajyp ähmiýetinden habar berýär. 

Bitaraplyk syýasaty hormatly Prezidentimiziň üçünji müňýyllygyň möhüm maksatlaryna — deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak esasynda ählumumy parahatçylyga we durnukly ösüşe, syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, medeniýetleriň sazlaşykly utgaşmagyny gazanmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň binýatlaýyn esaslarydyr. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyz bolsa bu ugurdan amala aşyrylýan işlere täze badalga berer. Çünki parahatçylyk — tutuş dünýä ynsanlarynyň ymtylýan gymmatlygy. Ynanyşmak bolsa şol gymmatlygyň hemme ynsanlaryň durmuşyna ornaşmagyna barýan ýolda şamçyraga öwrüler. 

Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik tutumlary üstünliklere beslensin.

24.01.2025 Giňişleýin

MILLI MIRASYMYZYŇ HAKYDA GÖWHERI

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata- babalarymyzdan gelýän döwletlilik ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berlip, olaryň barha rowaçlanmagy ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Munuň şeýledigini türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabyny halkymyza sowgat etmegi doly tassyklaýar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitaby — biziň üçin örän gymmatly serpaý. Bu kitabyň sahypalaryndaky türkmeniň taryhy, guran döwletleri hakyndaky pikir ýöretmeler, täze maglumatlar alymlaryň subut eden pikirleri bilen doldurylan. Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň türkmeniň taryhyny beýan edýän birnäçe kitaplary bar. Bu kitap bolsa şol maglumatlaryň özenini has baýlaşdyrýar. Türkmen we iňlis dillerinde çap edilen bu kitap dünýäde iňlis dilinde okaýan okyjylar üçin örän ähmiýetli bolar. Kitap girişden we iki bapdan ybarat bolup, onuň «Taryha syýahat» atly birinji babynda şöhratly taryhymyz, saklanyp galan taryhy medeni ýadygärliklerimiz hakynda beýan edilýär. Kitabyň «Ruhy miras» diýip atlandyrylan babynda bolsa halkymyzyň ruhy-medeni mirasynyň köp öwüşginli gymmatlyklary dogrusynda söz açylýar. Bu çuňňur many-mazmuna ýugrulan eserde halkymyzyň geçmişde guran beýik döwletleriniň dünýäniň medeni ösüşindäki orny, taryhy, medeni ýadygärliklerde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan gymmatlyklar, binagärlikdäki ussatlyk aýratynlyklary barada taryhy maglumatlaryň we halk içinde saklanyp galan rowaýatlardyr tymsallaryň getirilmegi onuň gymmatyny has hem artdyrýar. 

Milli Liderimiziň täze kitabynda türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň eserleriniň adamzada ýetiren täsiri, taryhymyzyň şöhratly sahypalary, medeniýetimiziň dünýä medeniýetine goşandy hem nygtalýar. Alym Arkadagymyzyň bu ajaýyp eseriniň «Ruhy miras» atly babynyň «Zehin aýdyňlygy — paýhas käni» atly bölüminde: «Özüňden beýgelip il bolunýar, iliňden beýgelip halk bolunýar, halkyňdan beýgelip dünýä bolunýar» diýip belleýär. Elbetde, milletiň ykbalam her döwürde-de onuň öňe çykaran beýik şahslarynyň, gerdeninde durýar. Beýik şahslar taryhyň daýanç sütünleridir. Bir halkyň ykbaly göterilende onuň öňbaşçysy dünýäniň ösüşine täsir edýän şahsyýete öwrülýär. 

Alym Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly beýik paýhasyndan tälim alyp, biz, bilim işgärleri geljekde milli gymmatlyklarymyzyň jümmüşine alyp gitjek baý edebi mirasymyzy ýaşlara giňden wagyz etmelidiris. 

Ynsanyň ruhy halypasy hasaplanýan kitaba belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» diýýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il- ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Ogulşad DURDYMEDOWA, 

Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

23.01.2025 Giňişleýin

DÜR SÖZ BILEN DÜNÝÄ ÖZÜN ALDYRAN

 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabyny halkymyz uly ruhubelentlik bilen kabul etdi. Gymmaty egsilmejek eserde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň durmuşynda eýeleýän orny, dünýä edebiýatyna goşan uly goşandy giňişleýin açylyp görkezilýär. Şeýle hem kitap dana şahyra goýulýan uly hormatyň beýany bolup, onda şahyryň şahsyýeti beýik derejä göterilýär. Döwlet Baştutanymyzyň täze kitaby türkmen edebiýatynyň ruhy sütüni bolan şahyryň edebi ýörelgelerini dowamly wagyz-nesihat etmäge giň mümkinçilik döredýär. Bu edebi taglymat Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň akyldara goýýan hormatynyň, ynsanperwer ýörelgesiniň  esasynda hasyl bolýar. Hormatly Prezidentimiz: «Magtymguly Pyragy — beýik hormata mynasyp ussat. Ol öz eserlerine tutuş dünýäni we durmuşy siňdirip, adamzada söýgini sygdyryp bilen akyldardyr. Jemgyýetiň kämilligi üçin zerur bolan edep kadalary, gylyk-häsiýetleri, aýratynlyklary Pyragy ýaly çeper teswirläp bilen başga bir şahyr ýokdur diýip pikir edýärin» diýmek bilen, halkymyzyň ýürek sesini dünýä ýaýan ussada uly baha berýär. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň edebi döredijiligi bilen gyzyklanýanlaryň, içgin öwrenýänleriň sany has-da artýar. Geçen ýylda akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllyk toýy halkara derejede uly baýram edildi. Bular barada hem täze kitapda giňişleýin söhbet edilýär.

Türkmen halkynyň milli Garaşsyzlygynyň ruhy gönezligini ajaýyp şygyrlarynda beýan eden nusgawy şahyryna bolan söýgüsi çäksizdir. Gymmaty egsilmejek edebi eserleri miras goýan Magtymguly Pyragy bu gün ähli döwürleriň we köňülleriň şahyrydyr. Häzirki döwürde akyldaryň döredijiligi, onuň goşgularynyň mazmuny täze many öwüşginlerine eýe bolýar. Şahyryň ajaýyp goşgulary adamlaryň kalbynda giňden orun alyp, adamkärçiligiň, dost-doganlygyň, ynanyşmagyň, parahatçylygyň waspy bolup, watansöýüjilik duýgularynyň, edep-terbiýäniň belent nusgasy hökmünde 

baky ýaşaýar. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly kitaplarynyň höwrüniň köp, galamynyň has-da ýiti bolmagyny, täze kitaplary bilen elmydama halkymyzy begendirip durmagyny arzuw edýäris.

 

Wezirgeldi AŞYROW,

welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna 

garşy göreşmek gullugynyň başlygynyň orunbasary, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

23.01.2025 Giňişleýin

ŞAHYRYŇ SARPASYNY DÜNÝÄDE DABARALANDYRAN ESER

                                                                     

Hor­mat­ly­ Pre­zi­den­ti­mizSer­dar Berdimuhamedowyň­ «Magtymgu­ly­ —­ dün­ýä­niňakyl­da­ry»­ at­ly­ tä­ze­ ki­ta­bypä­him-paýha­sa­ ýug­ru­landür­dä­ne­ eser­le­ri­ umu­madam­zat­ gym­mat­ly­gy­na­ öwrü­len­ akyldar­ şa­hy­ry­my­zasöz­den­ di­ki­len­ heý­kel­ bolup,­ ol­ söz­ us­sa­dy­nyň dünýä­ de­re­je­sin­dä­ki­ ab­raý-merte­be­si­ni­ has-da­ beý­gelt­di.­ Uly­ ruhubelentlik,­ röw­şen gel­je­ge­ syn­maz­ ynam ­bi­lenga­dam­ basylan­ täze­ ýy­lyňil­kin­ji­ gün­le­rin­den­ bä­ri­ bu aja­ýyp­ ki­ta­byň­ tanyş­dy­rylyş­ dabaralary­ giň­ ge­rim­de we­ yzy­gi­der­li­ geçirilýär.­ Şugün­ler­ ýurdumyzyň­ we­laýat­la­ryn­da­ şeý­le­ da­ba­ra­lar ýo­ka­ry ruhu­be­lent­lik­de guralýar.­ Döw­let­ Baş­tu­ta­ny­my­zyň­ tä­ze­ kita­by­nyň­ Bal­kan­ we­la­ýa­tyn­da ge­çi­ri­len­ ta­nyş­dy­ry­lyş­ da­ba­ra­sy­na hem­ iş­jeň hä­si­ýet­ mah­sus ­bol­dy. Onda ­hal­ky­my­za­ aja­ýyp ­sow­gat bo­lan ­bu­ kita­byň­ ma­ny-maz­mun­ aýratyn­lyk­la­ry ­we­ äh­mi­ýe­ti hakyn­da­ giňişle­ýin ­hem-de­ buý­sanç­ly söhbet­le­re­ uly­ orun ­be­ril­di.­ 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynyň iki ýylyň, ýagny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyllarynyň sepgidinde halkymyza gowuşmagynyň özi çuňňur mana eýedir. Çünki parahatçylyk söýüjilik, birek-birege sarpa goýmak, agzybirlik ýaly döwletli ýörelgeleri ündeýän kämil pikir-garaýyşlar beýik şahyrymyzyň eserlerinden eriş-argaç bolup geçýär. Tamamlanan ýylyň dowamynda nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili, umumadamzat şahyry hökmünde ykrar edilen beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dünýäniň çar künjünde baý mazmunly, halkara derejeli çäreler biri-birine ulaşdy. Halkara jemgyýetçiligiň uly goldawy we gyzyklanmasy bilen gurşalyp, tutuş bir ýylyň bezegine öwrülen şol çäreler Gündogaryň beýik akyldarynyň dünýä dolan şan-şöhratyny, abraý-mertebesini ähli aýdyňlygy bilen görkezdi. Sebäbi Magtymguly Pyragy tutuş adamzat üçin hiç wagt gymmatyny ýitirmejek, watansöýüjiligi, belent ahlak gymmatlyklaryny, dost-doganlyk, birek-birege hormat-sarpa goýmak, goldaw-hemaýat etmek ýaly ynsanperwer ýörelgeleri wagyz-ündew edýän kämil şygyrlary miras goýdy. Beýik söz ussadynyň edebi mirasy döwürleriň hem-de siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygyny üpjün edýän, halklary we döwletleri jebisleşdirýän, dost-doganlygy, birek-birege ynanyşmagy berkidýän edebi köpri hökmünde dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginde hemişe uly gyzyklanma döredip gelýär. 

Akyldar şahyryň tutuş döredijiliginiň özenini düzýän ynsanperwer ýörelgeler bu günki gün onuň arzuwlan berkarar döwletiniň — Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parasatly içeri we daşary syýasatynyň esasynda durýar. Bu dünýäde ykrar edilen hakykatdyr. Ýurdumyzyň dünýäniň iri halkara guramasy bolan BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygynyň düýp many-mazmuny, türkmen döwletiniň sebit we dünýä derejesinde alyp barýan belent ynsanperwer işleri muňa aýdyň mysaldyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitabynda şeýle aýdyň hakykatlar täzeçe many-mazmunda açylýar. Kitaby okap, olara has aýdyň, has giňişleýin göz ýetirýärsiň. Nesip bolsa, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň döwletli tutumlarynyň ata-babalarymyzdan gelýän asylly, ynsanperwer ýörelgeleri has-da pugtalandyryp, ýurdumyzyň her bir gününi täze rowaçlyklara beslejekdigine ynamyň artýar. 

Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» kitabynda Pyragynyň edebi mirasynyň gymmaty, pähim-paýhasa ýugrulan döredijiliginiň dünýä edebiýatyna, medeniýetine goşan ägirt uly goşandy, Ýer ýüzünde parahatçylygy, abadançylygy, dostdoganlygy pugtalandyrmakdaky, hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmekdäki möhüm ähmiýeti barada söz açýan kämil pikir-garaýyşlar bilen birlikde, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileý senesi mynasybetli 2024-nji ýylda geçirilen çäreler hem giňden beýan edilýär. Islendik okyja düşnükli, sada dilde we çeper beýan edilmegi şahyryň gymmatly edebi mirasynyň taryhy hyzmatlaryna mynasyp baha bermekde täze eseriň ähmiýetini artdyrýar. Kitapda getirilýän anyk maglumatlar, delillerdir mysallar okyjynyň öňünde türkmeniň akyldar şahyrynyň taryhy, jemgyýetçilik-syýasy, şeýle-de durmuşy we dörediji şahsyýet keşbini örboýuna galdyrýar. Şol bir wagtda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň giň okyjylar köpçüligine niýetlenen täze eseriniň tutuş mazmunynda ruhy seždegähimiz Magtymguly Pyragynyň ynsanlaryň kalbyna melhem bolýan şygyrlarynyň asyrlar boýy türkmen jemgyýetiniň ruhy sagdynlygynyň, ahlak kämilliginiň gözbaşy, sarsmaz binýady bolup gelendigi nygtalýar. Hormatly Prezidentimiz akyldaryň gymmatly edebi mirasynyň häzirki döwürde dünýä jemgyýetçiliginiň ruhy-ahlak ösüşiniň ýokary göterilmegindäki mynasyp ornunyň barha giňelýändigine ünsi çekýär. Bulardan başga-da, sekiz bölümden ybarat täze eseri okanyňda, nusgawy şahyrymyzyň kämil şygyrlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhy joşgunynyň ylham çeşmesidigine, döwletli tutumlaryň üstünliklere beslenmeginiň ruhlandyryjysydygyna, ýurduň nurana geljegi, Watanyň daýanjy hasaplanýan ýaş nesiller üçin görelde mekdebidigine ýene bir ýola göz ýetirip, buýsanjyň has-da artýar. 

Dür söz bilen dünýä özüni tanadan, sözleriň uzuna, dana paýhasa eýe bolan şygyrlary arkaly tutuş adamzady ýagşylyga, hoşniýetli gatnaşyklara, dostlukly hyzmatdaşlyga çagyran şahyryň edebi mirasynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy tutumlarynda hem, asyl-ha, ähli döwürlerde-de halkymyzyň taýsyz ruhlandyryjy güýji boljakdygy mizemez hakykatdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şeýle buýsançly hakykaty nygtaýan täze eseri Magtymguly Pyragynyň belent hormat-sarpasynyň, gymmatly edebi mirasynyň dünýä derejesinde dabaralanmasydyr. Bu ajaýyp kitap agzybirligiň ündewçisi, parahatçylygyň şahyry bolan beýik söz ussadynyň türkmen paýhasyny özünde jemleýän kämil eserleriniň, ynsanperwer pikir-garaýyşlara ýugrulan çagyryşlarynyň täze taryhy döwürde Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen dünýä ýaýylýandygyna-da tassyknamadyr. Ol Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny ylmy taýdan içgin öwrenmekde, Watana wepaly, ylymly-bilimli, maksada okgunly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde bahasyna ýetip bolmajak ruhy hazynadyr. Şeýle ajaýyp kitaplary halkymyza peşgeş berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, dürdäne eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris. 

 

Gu­wanç­ ÇEN­DI­ROW, ­

Türk­me­nis­ta­nyňMag­tym­gu­ly­ adyndaky

Ýaş­lar­ gu­ra­ma­sy­nyň­ Bal­kan we­la­ýat­ ge­ňe­şi­niň ­baş­ly­gy,­ 

Mej­li­siň ­de­pu­ta­ty.

21.01.2025 Giňişleýin

ÝYLYMYZYŇ ŞYGARY — BELENT ÜSTÜNLIKLERE BADALGA

 

Maksat OTUZOW, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty: — 

 

Üstümizdäki ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi pederlerimiziň iň ýokary ahlak gymmatlyklaryndan ugur alýan ýörelgeleriň daşary syýasatymyzyň özenini düzýändigini görkezýär. Şundan ugur alyp, Ýaşlar guramasynyň wekili, şeýle-de Mejlisiň deputaty hökmünde ýaşlarymyzyň arasynda şanly ýylymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň ähmiýetini düşündirmek boýunça wagyz-nesihat çärelerini, duşuşyklary, bäsleşikleri, ýaryşlary geçireris. Bütin dünýäde parahatçylygy we ynanyşmak medeniýetini dünýä ýaýmak boýunça nusgalyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli tutumlary rowaç bolsun!

21.01.2025 Giňişleýin

ÝYLYMYZYŇ ŞYGARY — BELENT ÜSTÜNLIKLERE BADALGA

 

Kakamämmet NEPESOW, Görogly etrap hassahanasynyň baş lukmanynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty: 

 

— Watanymyzda ynsan saglygyny goramaga uly ähmiýet berilýär. Şunda lukman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alynýar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri bolsa her birimizi buýsandyrýar. Ýeri gelende aýtsak, biziň welaýatymyzda hem döwrebap lukmançylyk desgalary yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Şunda 2022-nji ýylda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda köpugurly we onkologiýa hassahanalarynyň açylmagy taryhy wakalardyr. Halkymyzyň saglygyny goramak babatda taýsyz tagallalar edýän Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize biz — lukmanlar hemişe alkyş aýdýarys.

21.01.2025 Giňişleýin

ÇAGALARDA SURAT ÇEKMEK ENDIGINI KEMALA GETIRMEGIŇ ÄHMIÝETI

 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len ýur­du­myz­da bi­lim ulgamy­ny has-da kä­milleş­dir­mek­de uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýur­duň gelje­gi bo­lan ýaş nes­liň ylym­ly-bi­lim­li we ba­şar­jaň bol­ma­gy mugallymla­ryň we bi­lim iş­gär­le­ri­niň çek­ýän päk zäh­me­ti­ne bag­ly bolup dur­ýar. «Paý­has çeş­me­si» ki­ta­byn­da: «Bal süý­ji, bal­dan-da ba­la», «Çaga­ny­—­ýaş­dan, ede­bi­—­baş­dan» di­ýen aja­ýyp na­kyl­lar ýerleş­di­ri­len. Biz­ - ­bi­lim iş­gär­le­ri hem Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eýýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döwrün­de Wa­ta­na we­pa­ly, berk be­den­li, zäh­me­te hö­wes­li, ylym-bi­lim­li ýaş­la­ry ter­bi­ýe­läp ýetiş­dir­mek­de yh­las­ly zäh­met çek­ýä­ris. 

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ta­gal­la­sy bi­len ka­bul edi­len 12 ýyl­lyk umu­my or­ta bi­li­miň maz­mu­ny şah­syýe­ti ke­ma­la ge­tir­mek­de ýaş aýratynlyk­la­ry­ny ha­sa­ba al­ýar, ol şah­sy­ýetiň ösü­şi­niň tap­gyr­la­ýyn aýratyn­lyk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da dü­zü­len­dir. Bu tap­gyr­laryň ça­ganyň ýaş aýra­tyn­ly­gy­na la­ýyk­lyk­da, ola­ryň iş ba­şar­jaň­lyk­la­ry­ny göz öňün­de tutýan­dy­gy­ny aý­ra­tyn nyg­ta­mak ze­rur­dyr. Bu ba­bat­da ýurdu­myz­da mekde­be çen­li bi­lim eda­ra­la­ry­nyň öňün­de hem be­lent we aý­dyň maksatlar goýlan­dyr. Ça­ga­la­ryň ru­hy baý­ly­gy, sag­dyn­ly­gy we ne­sil­den-nes­le ge­çip gel­ýän mil­li edim-gy­lym­la­ry­my­za la­ýyk­lyk­da terbiýelenmek­le­ri bu ul­gam­da zäh­met çek­ýän her bir yn­san üçin be­lent borç­dur. Ýaş aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, mek­de­be çen­li ça­ga­la­ra oňyn en­dik­le­ri bermek we ola­ry ter­bi­ýe­le­mekde ene-ata­lar bi­len iş­jeň gatnaşyklary alyp bar­mak esa­sy mak­sat bo­lup durýar. Ça­ga dün­ýä­si görýän za­dy­ny ka­bul ed­ýär. Şo­nuň üçin hem ça­ga ter­bi­ýe­si­ne üns­li çeme­leş­mek ze­rurdyr. 

Şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty we su­rat çek­mek ça­ga­lar bi­len al­nyp ba­ryl­ýan iň gy­zyk­ly we tä­sir­li iş­le­riň bi­ri­dir. Şo­ňa gö­rä-de, ene-atalar ça­ga­la­ry­na su­rat çek­me­gi öw­ret­me­li­dirler. Çünki ça­ga­lar daş­ky dün­ýä­ni gy­zyk­ly we çe­per­çi­lik­li be­ýan edip bil­ýär­ler. 

Okuw­çy­la­ra su­rat çek­me­gi öw­ret­mä­ge baş­la­maz­dan ozal, şol sapagyň ça­ga­lara peý­da­sy ba­ra­da dü­şün­dir­me­li. Ça­ga­nyň şah­sy durmuşyn­da su­rat çek­mek esa­sy or­ny eýe­le­ýär, se­bä­bi ol ça­ga­nyň pikirle­ni­şi bi­len gö­nü­den-gö­ni bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Ça­ga göz öňü­ne getirme­gi, de­ňeş­dir­me­gi, düz­me­gi, şeý­le-de öl­çe­me­gi we sel­jer­me­gi öwren­ýär. Bu sun­ga­tyň do­wa­myn­da ça­ga dün­ýä­niň dür­li öwüş­gi­ni­ni we reň­ki­ni, öl­çe­gi­ni we ululy­gy­ny ta­nap bil­ýär. 

Ça­ga­ny how­luk­dyr­ma­ly däl­dir. Il­ki­baş­da, ça­ga di­ňe ga­la­ma üns berip, ga­lam yzyn­daky şe­ki­li­ne se­red­ýär. Em­ma wag­tyň geç­me­gi bi­len, ol aý­ra­tyn bir şe­kil dö­ret­mä­ge sy­nany­şyp baş­la­ýar. 

Ça­ga­lyk döw­ri göz öňü­ne ge­tir­me­le­riň döw­rü­dir. Göz öňü­ne getirmek bi­len, ça­ga özi ba­ra­da pi­kir ýö­re­dip baş­la­ýar, öz­baş­dak bol­ýar, onuň dö­re­di­ji­li­ge we sun­ga­ta bo­lan hö­we­si art­ýar. Ça­ga di­ňe ka­gyz we ga­lam bilen ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän he­re­ket­le­ri öz­leş­dir­mäge hö­wes­len­ýär. Ol ga­la­myň ka­gyz ýü­zün­de yz gal­dyrýan­dy­gy­ny gö­rüp, şol he­re­ket­le­ri mak­sat­ly gaý­ta­la­ýar. 

Bir ýa­rym ýa­şyn­dan eýýäm ça­ga­da şe­kil­li pur­sat­lar peý­da bo­lup baş­la­ýar. Bu ýaş­da ça­ga­la­ra su­rat çek­mä­ge rug­sat ber­me­li, bu bol­sa çaga­nyň ös­me­gi­ne kö­mek ed­ýär. Iki ýa­şyn­da ça­ga öň­ki he­re­ket­le­ri bi­len surat çek­män, eý­sem, ga­la­my dog­ry tut­ma­gy öw­ren­ýär we özü­niň çe­kip bil­ýän şe­kil­leri­ni bir­nä­çe ge­zek gaý­ta­lap çek­me­gi go­wy görýär. Olar çylşy­rym­ly şe­kil­le­ri öz­le­ri­çe ýe­ňil­leş­dirýär. Siz bu ýaş­da ýap­rak­ly gü­lüň su­ra­ty­ny çe­kip we ça­ga­ňy­za ýap­rak­la­ry dür­li reňk­de reňk­le­me­gi tabşyryp bi­ler­si­ňiz. 

Su­rat çek­me­giň uly äh­mi­ýe­ti bar. Bu işde ça­ga­nyň şah­syýet aýratyn­lyk­la­ry ke­ma­la gel­ýär, yg­ty­ýar­ly ün­si we ýa­dy­ ösüp ­baş­la­ýar, çaga­nyň akyl taý­dan ösü­şi­ne go­wy ýar­dam berýär. 

Şeý­le hem ça­ga su­rat çe­ken­de, oňa sesiňi gataltmagyň­ ­ ýa-da nägile­lik bil­dir­me­giň ze­rur­ly­gynyň ýokdugyny ýatda saklamaly. Ça­ga ýü­re­gin­den syz­dy­ryp hem-de hö­wes bi­len su­rat çek­ýär, şo­nuň üçin onuň eden işi­ni hök­man öwüň we hö­wes­len­di­riň. Uly adam­lar ça­ga­lar­da özbaş­dak­ly­gyň, dö­re­diji­li­giň ös­me­gi­ne ýar­dam ber­me­li­dir­ler. Ola­ra özbaş­dak pi­kir­le­nip, dür­li su­rat­la­ry çek­me­gi öw­ret­mek esa­sy we­zi­pe­le­riň bi­ri­dir. 

 

Ogulşat DURDYMEDOWA, 

Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

 

20.01.2025 Giňişleýin

AJAP EÝÝAMYŇ BELENT MAKSATLARY Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda-da rowaçlyklara beslener

 

Halk arasynda täze ýyl nähili wakalar bilen başlansa, şonuň ýaly-da dowam edýär diýen düşünje bar. Biziň berkarar, asuda Watanymyzda bolsa her bir ýyl il-­ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli ajaýyp wakalar bilen badalga alýar. Şeýdibem, ýyllarymyz beýik taryhy wakalar bilen şöhratlanýar. Türkmen halkynyň durmuşy toý-­baýramlara, guwandyryjy üstünliklere, ösüş-­özgerişlere beslenýär. Uly ynam bilen gadam goýlan 2025­-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynda-­da çuňňur many bar. Çünki parahatçylyk, asudalyk, agzybirlik türkmen halkynyň durmuş, aňyýet, ruhy ýolunyň baş ýörelgesidir. Beýik Pyragynyň şygyrlarynyň paýhas binýadydyr. Eziz Watanymyzyň geljege uzaýan bagtyýarlyk ýoluna nur saçýan şamçyragdyr. 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçen 2024-nji ýylyň şowly bolşy ýaly, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan 2025-nji ýylda hem halkymyza uly-uly üstünlikler, möhüm wakalar garaşýar. Bu ýylda Türkmenistan Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynda iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny şanly baýram hökmünde giňden belläp geçer. Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýol-ýörelgesini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly döwlet syýasaty bilen berkarar bolýan ajap eýýamyň şan-şöhratyny has-da beýgeltmek bilen bagly beýik işleriň üstünlikli dowam etdiriljekdigini ýylyň başyndan bäri bolup geçýän wakalar hem aýdyň subut edýär. 

Bitarap Türkmenistan parahatçylygy gorap saklamak, howpsuzlygy üpjün etmek ýaly derwaýys meseleler boýunça umumadamzat bähbitlerinden ugur alýan garaýyşlary bilen çykyş edip gelýär. Şu syýasat häzirki döwürde durmuş, ykdysady, syýasy taýdan ýeňil bolmadyk dünýä ösüş hereketiniň çäklerinde iň zerur meseleleriň çözgüdini tapmagy başarýan ýurdumyzyň dünýädäki ornuny pugtalandyrýar. Häzirki çylşyrymly döwrüň iň wajyp ählumumy meselesi bolsa parahatçylygy üpjün etmekdir. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda bu barada şeýle belleýär: «Durmuşda ähli zat biri-biri bilen bagly. Parahatçylyk, gülläp ösüş, asuda asman, abadan durmuş ýaly düşünjeler bolçulygyň, bagtyýar ýaşaýşyň açary hasaplanýar. Sebäbi bolçulyk üçin abadan durmuş, bagtyýar ýaşaýyş üçin bolsa parahatçylyk hem gülläp ösüş gerek. Biziň ýurdumyzda bularyň ikisi-de bar». 

Elbetde, türkmen halky Garaşsyz döwletiň, asuda durmuşyň saýasynda bagtyýar ýaşaýar. Bu bagtyýarlygy hem-de ösüş-özgerişleri biz adaty ýagdaý hasap edýäris. Bolçulyk, üpjün durmuş, günlerimiziň asudalyk bilen, toý-baýramlara beslenip gelip-geçip durmagyna öz-özünden bolaýmaly ýagdaý diýip düşünýäris, ýöne Ýer ýüzünde bolup geçýän çylşyrymly, gapma-garşylykly wakalaryň çäginde, dünýäniň häli-şindi özgerip durýan şertlerinde halkymyzyň bu günki asuda, bagtyýar durmuşyny berkarar etmegiň asla ýeňil wezipe däldigine hemmämiz düşünmelidiris. Çünki hiç bir zat öz-özünden bolmaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň, halkymyzyň bähbidine gijesini gündiz edip alyp barýan işleriniň netijesinde belent sepgitlere ýetilýär. Halkymyz muňa örän oňat düşünýär we her bir işde, her pursatda Milli Liderimizi, hormatly Prezidentimizi öz yhlasly zähmeti, watançylyk hereketleri bilen ýürekden goldaýar. 

2025-nji ýyl halkara derejede ýene bir möhüm senäniň bellenilýän ýylydyr. Bu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagyna 80 ýyl dolýar. Bu hem dünýä taryhynyň ösüşine uly täsir eden wakadyr. Şu geçen döwrüň dowamynda döwletleriň arasynda, sebitleýin çäklerde dartgynly ýagdaýlar ýüze çykyp, dünýä jemgyýetçiliginiň ynjalygyny gaçyrýan wakalar bolup geçse-de, Birleşen Milletler Guramasy parahatçylyk ideýasyny ýaýratmakda esasy merkez bolup, ýüze çykýan çylşyrymly ýagdaýlaryň çözgüdini tapmakda her bir döwletiň öz sesi bilen çykyş etmegine mümkinçilik berýän täsirli münbere öwrüldi. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş geçen ýylyň iýulynda ýurdumyza sapar bilen gelende, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek işinde bu iri halkara guramanyň möhüm hyzmatdaşy bolup gelýändigini belläp, bu ugurda döwletimiziň bitirýän işlerine öz hoşallygyny bildirdi. 

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň her ýylda geçirilýän sessiýalarynda dünýä ösüşi baradaky öz garaýyşlaryny hödürläp çykyş edýär. Parahatçylyk we howpsuzlyk; durnukly ösüş; howanyň üýtgemegi; ynsanperwer meseleler bolsa Baş Assambleýanyň geçen ýyl öz işine başlan 79-njy sessiýasynda wise-başlyklyk edýän ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlary hökmünde öňe sürüldi. Şunda, esasan, öňüni alyş diplomatiýasynyň hereket gurallarynyň ornuny ýokarlandyrmagyň, «Parahatçylygyň täze gün tertibine» laýyklykda, parahatçylyk döredijilik işini has-da ösdürmegiň zerurlygy baradaky pikirlere aýratyn üns berilýär. Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasyny halkara derejede amala aşyrmagyň möhüm ulgamlarynyň biri bolan, ştabkwartirasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi öz işini sebitdäki ýurtlaryň arasynda ynanyşmagy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, sebitde ýüze çykmagy mümkin hasaplanýan gapma-garşylyklaryň öňüni almak üçin diplomatik gepleşikleri geçirmek, şeýle-de ykdysady, durmuş we ekologik meseleleri ara alyp maslahatlaşmak ýaly ugurlara gönükdirýär. Merkeziň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça işiniň ugurlary Türkmenistanyň daşary syýasatynda-da ileri tutulýan wezipeleriň biridir. 

Şu ýylyň dowamynda kesgitlenen şu we beýleki ugurlar boýunça hem-de «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamada göz öňünde tutulýan wezipeleri amala aşyrmakda möhüm başlangyçlar durmuşa geçiriler. Bu işlere işjeň gatnaşmak bilen, ählumumy parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna goşant goşmak biziň hemmämiziň watançylyk borjumyzdyr. 

 

Ata SERDAROW, 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, 

Mejlisiň deputaty

14.01.2025 Giňişleýin

ВО ИМЯ БЛАГОПОЛУЧНОГО БУДУЩЕГО ЧЕЛОВЕЧЕСТВА

 

В эти дни весь туркменский народ охвачен высокими патриотическими чувствами. В стране продолжается презентация книг Президента Сердара Бердымухамедова «Махтумкули – мыслитель мира» и Героя-Аркадага «Hakyda göwheri». Новый мощный и объединяющий импульс туркменистанцам придало объявление 2025 года Международным годом мира и доверия на мировом и государственном уровне. Этому событию была посвящена конференция во Дворце мукамов Государственного культурного центра Туркменистана, которая вылилась в торжественно-праздничное мероприятие. Слово его участникам:

Дженнет Овекова, депутат Меджлиса Туркменистана, член Комитета по законодательству и его нормам: 

– Замечательная традиция объявлять девиз каждого года открывает всё новые и новые грани внутренней и внешней политики нашего суверенного государства, богатство духовного и культурного наследия туркменского народа. Всё это способствует повышению национального самосознания, воспитанию чувства гордости и патриотизма среди подрастающего поколения, а также повышает славу и авторитет нашей Родины на международной арене. 

2025 год ознаменован такой датой, как 30-летие статуса постоянного нейтралитета Туркменистана и объявлением Генеральной Ассамблеей  ООН по инициативе Туркменистана 2025 года «Международным годом мира и доверия». Кроме того, в этом году мировое сообщество отмечает 80-летие образования Организации Объединённых Наций. Параллельно Резолюции Генеральной Ассамблеи ООН в Туркменистане, учитывая предложения, поступившие от представителей Халк Маслахаты Туркменистана, крупных общественных объединений, трудовых коллективов и граждан страны, Меджлис постановил объявить 2025 год «Международным годом мира и доверия». Вкупе это всё имеет определяющее значение для проведения всех мероприятий и в нашей стране и за рубежом под девизом года на высоком организационном уровне и с содержательной повесткой. 

Проведение 2025 года как Международного года мира и доверия является продолжением политики независимого нейтрального Туркменистана по продвижению культуры мира через понимание безальтернативности мирного сосуществования народов и государств, необходимости решать возникающие в международных отношениях проблемы через диалог и осуществление конкретной миротворческой программы действий. Все эти идеи заложены в концепцию политики нейтралитета нашей страны. А нейтралитет берёт свои истоки в традициях туркменского народа. Это очень чётко прозвучало на сегодняшнем мероприятии. 

Предстоящие задачи в свете объявления 2025 года «Международным годом мира и доверия» и 30-летнего юбилея нейтралитета страны обсуждались 9 января на заседании Организационного государственного комитета под председательством Национального Лидера, Председателя Халк Маслахаты Героя-Аркадага. Поручения, которые были даны членам Оргкомитета, призваны широко, торжественно и на высоком уровне провести мероприятия, чтобы они запомнились жителям и гостям нашей страны. 

Как подчеркнул ГеройАркадаг, все мероприятия должны наглядно продемонстрировать всему миру благородные традиции и гостеприимство нашего туркменского народа, всестороннее процветание нашей Родины, а международные мероприятия, которые будут проводиться в нашей стране совместно с Организацией Объединённых Наций, послужат укреплению мира и доверия во всём мире, достижению Целей устойчивого развития. для этого у нас есть все возможности. Каждый из нас должен проявить ответственность для проведения предстоящих мероприятий на самом высоком уровне! Мы должны принять все меры для приумножения международного авторитета нашей независимой нейтральной Родины, – подчеркнул Герой-Аркадаг. Этим наказом мы и будем руководствоваться в своей работе.

14.01.2025 Giňişleýin
1 ... 38 39 40 41 42 ... 106