Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Çykyşlar we makalalar

TOPRAK HASYLYNY EÇILENDE

 

Täze ýyl gapymyzy gowulyklar bilen kakyp dur. Biz eýýäm biri-birimize süýji arzuwlarymyzy aýdýarys, sowgatlarymyzy paýlaýarys. Iň gowy ýeri bolsa hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzda önümleriň bolçulygynyň döredilmegidir. Gök önümlerdir miwelerden doly saçaklarymyz we bagtyýarlyk nuruna beslenýän öýlerimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda döredilýän eşretli durmuşyň waspyny özünde jemleýär. 

Bu görnüşler ýurdumyzda ykdysady taýdan täze ýörelgeleriň we çemeleşmeleriň önümçilige üstünlikli ornaşdyrylmagy netijesinde azyklyk we beýleki önümleriň, gündelik durmuş harytlarynyň bolçulygynyň dörändigine şaýatlyk edýär. 

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan uly goldawa eýe bolan türkmen daýhanynyň yhlasly zähmeti bilen oba hojalyk önümleriniň bolçulygy emele getirilýär. Üstümizdäki ýylda bugdaýyň, pagtanyň, şalynyň döwletimiz tarapyndan satyn alyş bahasy ep-esli ýokarlandyryldy. Oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin döwletimiz tarapyndan goldawlaryň sanawy yzygiderli giňelýär. Şolaryň netijesinde şu ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak ýaly öňde goýlan maksatlara üstünlikli ýetilýändigini görýäris. Hut biziň welaýatymyzyň çäginde täze kärhanalaryň birnäçesi işe girizildi. Bu bolsa müňlerçe täze iş orunlarynyň döremegini üpjün etdi. 

Tamamlanyp barýan ýyl welaýatymyzyň ykdysady durmuşynda gök önümlerdir miweleriň has köp öndürilen ýyly hökmünde ýadymyzda galar. Daýhanlarymyz ýeralma ekilen ýerleriň her gektaryndan 140 sentnerden geçirip, hasyl ýygnadylar. Soganyň, pomidoryň her gektaryndan ýygnalan hasyl bolsa 250 sentnerden geçýär. Käşirden hem her gektara düşýän hasyl 180 sentnere barabar boldy. Çörek we çörek önümleri hem geçen ýyldakylardan has köp öndürildi. Bu bolçulygyň çeşmesi ak bugdaýyň ýeterli hasylynyň ýygnalmagy bilen baglanyşyklydyr. Şu ýylyň galla oragynda welaýatymyzyň zähmetsöýer gallaçylary 130 müň gektar meýdanda azyklyk bugdaýyň 310 müň tonnasyny ýygnadylar. Bu bolsa halkymyzyň esasy ýaşaýyş-durmuş ölçegleriniň biri bolan çörek we çörek önümlerine bolan islegini doly kanagatlandyrmak üçin ýeterlidir. Edermen şalyçylarymyz hem ildeşlerimiziň saçaklarynda tüwüden taýýarlanylýan tagamlaryň bolçulygyny üpjün etdiler. Olar 10200 gektar meýdanda şalynyň 47400 tonnadan gowrak hasylyny ýygnap, uly zähmet üstünligini gazandylar. Aralyk ekinleriň mäş, noýba we beýleki görnüşlerinden öndürilen önümler hem Täze ýyl saçaklarynyň tagamlaryny has baýlaşdyrýar. 

Hoşlaşýan ýylymyzda welaýatymyzyň işewürleri azyk bolçulygyny döretmäge has-da işjeň çekildiler. Olar tarapyndan ýyladyşhanalarda ýetişdirilen gök we bakja önümleri, maldarçylyk we guşçulyk toplumlarynda öndürilen ýokary hilli önümler ildeşlerimiziň saçaklaryny ýylyň bütin dowamynda bezeýär. Bu önümler Täze ýyl tagamlarynyň hem üstüni ýetirýär. Welaýatymyzyň çäginde önüm bolçulygyna goşantlaryny goşýan daýhan hojalyklarydyr hususy kärhanalaryň sany bu gün barmak büküp sanardan köpeldi. Welaýatymyzyň ähli etraplary bilen bir hatarda Çärjew etrabynyň çäginde «Tebigy ekin» daýhan hojalygy, «Altyn bürgüt», «Atamyrat-Ali» hususy kärhanalary, «Parahat» daýhan birleşiginiň çägindäki guş etini we ýumurtga öndürýän guşçulyk toplumy we başga-da azyklyk önüm öndürýän hususy kärhanalaryň onlarçasy hereket edýär. 

 

Bahadur ŞADYÝEW, 

«Lebap gallaönümleri» önümçilik birleşiginiň 

Çärjew etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşigindäki 

galla agronomy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

26.12.2024 Giňişleýin

ÖSÜŞLI GELJEGIMIZIŇ ÖZENI

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda özgertmeleriň amala aşyrylmagy häzirki döwrüň häsiýetli aýratynlygydyr. Bilim ulgamynda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy Türkmenistanda bilim özgertmeleriniň üstünlikli bolmagynyň girewidir. Okadylýan sapaklaryň täsirli guralmagynda multimediýa tagtasynyň täsiri örän uludyr. 

Ýurdumyzda ylmyň, tehnikanyň, sanly ykdysadyýetiň batly gadamlar bilen ösdürilmegi häzirki döwürde ylmyň, tehnologiýanyň we önümçiligiň biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyna şaýatlyk edýär. Bilimli, döwrüň ösen tehnologiýalaryndan oňat başçykarýan ýaşlar biziň geljegimizdir. Sowatly ýaşlary kemala getirmekde mekdepleriň mugallymlaryna uly jogapkärçilik düşýär. 

Sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy ýokary hilli bilim bermäge mümkinçilik döredýär. Şeýle üstünliklere eýe bolmak üçin jogapkärli zähmet çekip, ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermekde gujur-gaýratymyzy gaýgyrmarys. 

 

Akmuhammet BEKMYRADOW. 

Türkmengala etrabyndaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

26.12.2024 Giňişleýin

GADYMY HEŇŇAMYŇ MÜDIMI OWAZY

 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyza ýapylan ajaýyp serpaý boldy. Kitapda halkymyzyň bäş müňýyllyk taryhynyň gözbaşynda duran Oguz hanyň kämil durmuş ýörelgeleriniň beýany bolan «Oguznamanyň» mazmuny açylyp görkezilýär. Ata-babalarymyzyň nesillerine goýan gymmatly mirasy bolan «Oguznamadaky» agzybirlik, öý-ojak mukaddesligi, adalatlylyk ýaly esasy ýörelgeler kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. 

Agzybirlik halkymyzyň döwletliliginiň gözbaşydyr, ilkinji durmuş ýörelgesidir, jemgyýetçilik kadasydyr. Agzybirlik Oguz hanyň öz kowumyna ündän baş ündewidir, nesihatydyr, nusgalyk göreldesidir. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz «Hakyda göwheri» atly kitabynda: «Oguz hanyň durmuşyndan söz açýan rowaýatlaryň esasy pikir-pelsepesi agzybirlikdir» diýip bellemek bilen, döwletiň berkararlygynyň, jemgyýetiň asudalygynyň, her bir öý-ojagyň, maşgalanyň bagtyýarlygynyň agzybirlikden gözbaş alýandygyna ünsi çekýär. 

Gahryman Arkadagymyz Oguz hanyň mizemez durmuş ýörelgeleriniň üsti bilen öý-ojak mukaddesligi barada hem söz açýar. Ynsanyň durmuşa, daş-töwerege bolan garaýşynyň, özgeler bilen gatnaşygynyň, gözelligine ymtylyşynyň örki baglanan mukaddes öýünden-ojagyndan başlanýandygyny jaýdar aýtgylara esaslanyp, çeper beýan edýär. Ähli ýakyn mähribanlarynyň jemlenen mesgeni bolan öý-ojagy her bir ynsana rahatlyk berýär, özüne bolan ynamyny berkidýär. 

Oguz han atamyzyň türkmen kowumyna goýan ruhy mirasy barada jikme-jik söz açýan «Gadymy heňňamyň aýdymy» diýen bölümde Gahryman Arkadagymyz «Oguznamada» öňe sürülýän Ogzuň adalatlylyk ýörelgesiniň ähmiýetini belleýär, şeýle-de häzirki döwürde Esasy Kanunymyzyň adalatly ýörelgeleriň synmaz sütünidigini buýsanç bilen nygtaýar. «Adalat jemgyýetiň berkligini alamatlandyrýan düşünjedir. Adalat bagtly ýaşaýşa eltýän iň dogry hem ygtybarly ýoldur» diýip nygtaýan Gahryman Arkadagymyz adalatlylyk düşünjesini lebzihalallyk, dogruçyllyk, asyllylyk, göwnaçyklyk, mertlik ýaly häsiýetler bilen baglanyşdyrýar. Döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, dost-doganlygy berkitmekde, halklaryň jebisligini gazanmakda, dünýä jemgyýetçiliginiň howpsuzlygyny we abadançylygyny üpjün etmekde, ählumumy bähbitleri gazanmakda halkara derejede alnyp barylýan işlerde Türkmenistan döwletimiziň öňe sürýän başlangyçlary halkymyza mahsus ynsanperwerlik, adalatlylyk we ynsana hormat goýmak ýaly asylly ýörelgelere esaslanýar. 

Gadymy oguz ýörelgelerini, agzybirlik, adalatlylyk taglymatlaryny dünýäde dabaralandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan işleri rowaç bolsun! 

 

Annabagt Maýewa, 

welaýat Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli terbiýe, 

bilim we mekdepden daşary edaralar bölüminiň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

 

26.12.2024 Giňişleýin

TÄZE ÝYLYŇ ÝALKYMY

 

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýamy­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň «Pähim-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň şat­lyk-şow­hu­ny çar tarapa ýaň sal­ýar. Tä­ze ýyl ar­çala­ry­nyň owa­dan be­zeg­le­ri ýürekleri buýsandyrýar. Dür­li gör­nüş­li oý­nawaç­lar­dyr çy­ra­lar bi­len be­ze­len ar­ça di­ňe bir ça­ga­la­ryň däl, ulu­la­ryň hem gö­wün­le­ri­ni gö­ter­ýär. Baş ar­ça­nyň da­şyn­da kör­pe­ler üçin Aýaz­ba­ba­dyr Gar­pa­myk hem-de er­te­ki­ler dünýäsi­niň gah­ry­man­la­ry bi­len bi­le­lik­de şat­lan­mak has ýa­kym­ly. 

Şu gün­ler ýur­du­myz­da bo­sa­ga­da du­ran Tä­ze ­– 2025-nji ýy­ly mynasyp gar­şy­la­mak­ üçin ­taý­ýar­lyk iş­le­ri bat­ly dep­gin­ler bi­len al­nyp ba­ryl­ýar. Ta­mam­la­nyp bar­ýan­ 2024-nji­ ýyl mäh­ri­ban Di­ýa­ry­myz, bagtyýar hal­ky­myz üçin hem­me­ta­rap­la­ýyn üs­tün­lik­li, dü­şüm­li ýyl bol­dy. Her bir baý­ram­çy­lyk­lar­da, şan­ly se­ne­lerde öz­bo­luş­ly toý ly­ba­sy­na beslen­ýän ak mer­mer­li paý­tag­ty­my­zyň aja­ýyp keş­bin­de hem go­laý­lap gel­ýän Tä­ze ýyl baý­ra­my­nyň öwüş­gi­ni öz­boluş­ly şöh­le­len­ýär. Ak şäheri­mi­ziň bi­na­gär­lik keş­bin­de ýo­ka­ry us­sat­lyk bi­len dö­re­di­len aja­ýyp öwüş­ginler, «Tä­ze ýy­ly­ňyz gut­ly bol­sun!», «2025» ýaz­gy­la­ry bol­sa her bir adam­da ýa­kym­ly tä­sir­le­ri dö­redýär, şat­lyk­ly pursatlary bagyşlaýar. Tä­sin gör­nüş­de be­ze­len dür­li öwüşgin­li yşyk­lar, baý­ram­çy­lyk çy­ra­la­ry Tä­ze ýy­lyň tä­si­ri­ni we joş­gu­ny­ny has-da art­dyr­ýar. 

Toý ly­ba­sy­na bes­le­nen Di­ýa­rymy­zyň ak ba­zar­la­ryn­da­ky we söwda no­kat­la­ryn­da­ky ha­ryt bol­çu­ly­gy şat­ly­gy­my­za şat­lyk goş­ýar. Telekeçileri­miz ta­ra­pyn­dan ön­dü­ri­len dür­li ha­ryt­lar, şol san­da kon­di­ter önüm­le­ri, daý­han­la­ry­my­zyň yh­las bi­len ýe­tiş­di­ren gök-bak­ja önümle­ri, dat­ly mi­we­ler köp gör­nüş­li­ligi we ba­ha­sy­nyň el­ýe­ter­li­gi bi­len tapawutlan­ýar. We­la­ýat mer­kez­lerin­dä­ki «Türk­me­niň Ak öýi» binasynyň öňün­de gu­ra­lan Baş ar­ça­nyň tö­we­re­gi öz­bo­luş­ly gö­zel­li­gi bilen ýa­şaý­jy­la­ry­my­zyň ge­lim-gi­dim­li ýer­le­ri­ne öw­rül­ýär. 

Goý, eziz Di­ýa­ry­my­zyň aý­dyň we nu­ra­na gel­je­gi ug­run­da taýsyz ta­gal­la­la­ry ed­ýän Gah­ry­man Ar­kada­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag, ömürleri uzak, alyp bar­ýan be­ýik iş­le­ri hemişe ro­waç bol­sun! 

 

Aýnabat TOÝLYÝEWA, 

Köneürgenç etrabyndaky 38-nji orta mekdebiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

25.12.2024 Giňişleýin

BILIM — ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

 

«Pä­him­-paý­has um­ma­ny Mag­tym­guly Py­ra­gy» ýy­lyn­da ýurdumyz­da bi­lim sy­ýa­sa­ty hal­ky­my­zyň ru­hy dur­mu­şy­nyň kämilleşmegi­ne, ýaş nes­liň hem­me­ta­rapla­ýyn sag­dyn ke­ma­la gel­me­gi­ne gö­nükdi­ri­lip, döw­le­ti­mi­zi ös­dür­me­giň berk hu­kuk bin­ýa­dy, kuw­wat­ly he­re­ket­len­diri­ji güý­jü­dir. Hä­zir­ki wagt­da mil­li ýö­relge­le­re we dün­ýä­niň ösen tej­ri­be­si­ne laýyk­lyk­da, ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my­nyň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­nyň ber­ki­dil­me­gi­ne uly üns be­ril­ýär. 2021-­nji ýy­lyň­ 5-nji iýunyn­da «Bi­lim ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny (re­je­le­nen gör­nü­şi) ka­bul edil­di. Bu Ka­nun ýur­du­myz­da bi­lim ul­ga­my­nyň işi­niň gu­ra­ly­şy­ny, bi­lim ba­bat­da­ky gat­naşyk­la­ryň hu­kuk esas­la­ry­ny düz­gün­leş­dirýär.­ Şeýle­-de bi­lim işi­ni do­lan­dyr­ma­gyň gu­ra­ma­çy­lyk esas­la­ry­ny we döw­let bi­lim sy­ýa­sa­ty­nyň ýö­rel­ge­le­ri­ni, bu ul­ga­myň mak­sat­la­ry­ny, ýe­ri­ne ýetirýän we­zi­pe­le­rini kes­git­le­ýär. 

Ýurdumyzda beýleki pudaklar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär, bu ugurda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen kanunçylyk namalary işlenip düzüldi we kabul edildi. Şeýle resminamalar milli bilim ulgamynyň hukuk binýadyny has-­da berkitdi. Ýurdumyzda okuw möhletiniň dowamlylygy halkara ülňülerine laýyklykda kadalaşdyryldy, mekdebe çenli bilim edaralarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalary täzeden taýýarlanyldy. Şeýlelik-de, özgertmeleriň netijesinde mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, mugallymlaryň netijeli işlemeklerine, bilimiň ähli derejesinde okatmagyň we terbiýelemegiň usulyýet ulgamy kämilleşdirildi. Bilim almak Türkmenistanyň raýatlarynyň konstitusion hukugydyr. Çünki bilim jemgyýetiň durmuş-­ykdysady we medeni-­ruhy taýdan kämilliginiň esasy şerti bolup, onuň üstünlikli ösüşine itergi berýär. Kanunda bilim edaralaryny esaslandyrmagyň, döretmegiň we olaryň işini ýöretmegiň düzgünleri bellenilýär. Hususan­da, döwrebap talaplara laýyklykda, bilimiň gurluşynda, mazmunynda täzelikler babatdaky kadalar Kanunyň rejelenen görnüşinde beýan edilendir. 

Ýurdumyzda sanly bilime uly ähmiýet berilýär. Bilim ulgamyna kämil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy mugallymlaryň we beýleki bilim işgärleriniň işlerini guramakda netijeli bolup durýar. Bilim işgärleriniň jemgyýetdäki ornuny kanunçylyk namalary arkaly berkitmek hem ýokarda bellenilip geçilen we Kanunda beýan edilýän kadalar bilen berk baglanyşyklydyr. 

Häzirki wagtda bilim ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, paýtagtymyzda, ähli welaýatlarda döwrebap çagalar baglary, mekdepler gurlup ulanmaga berilýär. Täze bilim edaralarynyň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy milli bilimiň hiliniň ýokarlanmagyna, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlaryň kemala gelmegine itergi berýär. 

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il­-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli, dünýä nusgalyk işleri rowaçlyklara beslensin! 

 

Orazdurdy ABDYÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar

 syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.

25.12.2024 Giňişleýin

EBEDI ZEHINIŇ EÝESI

 

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň toýlanýan günlerinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ýaş nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza buýsanç ruhunda, ynsanperwer kadalarymyz esasynda terbiýelemek üçin meşhur şahsyýetlerimiziň ýadygärliklerini ebedileşdirmek boýunça degişli işleri alyp barmagy we müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimizi, edebiýatymyzy, şöhratly taryhymyzy düýpli öwrenmegi we başga-da birnäçe durmuşa geçirilmeli möhüm meseleleri açyp görkezdi.

 Şundan ugur alyp, türkmen opera sungatynyň ösmegine uly goşant goşan halypa aýdymçy, Türkmenistanyň halk artisti Annagül Annagulyýewa hakynda kelam agyz gürrüň etmegi makul bildik. Bütin ömrüni opera we kino sungatynyň ösmegine bagyş eden A.Annagulyýewa sungat äleminde hoş owazly aýdymlary ýerine ýetirip, ençeme gahrymanlaryň keşbini döreden ussatdyr. 

Ol 1924-nji ýylda Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň Esenguly obasynda eneden dogulýar. Eneden ir galan Annagülüň kakasy Esenguly etrabynda belli gyjakçy bolupdyr. 

Annagül 1936-njy ýylda açylan Aşgabatdaky aýal-gyzlar mugallymçylyk mekdebine okuwa girip, şol ýerde hor toparyna goşulýar. Ol aýdym-saz sapaklaryna, höwesjeňler gurnagyna gatnaşyp, ökde aýdymçy hökmünde tanalyp ugraýar. Onuň ýiti zehini, yhlasy, ussat mugallymlaryndan öwrenen hünäri öňe saýlanmagyna ýardam edýär. 1941-nji ýylda ol Aşgabatda täze açylan Opera we balet teatrynda döredijilik işine başlaýar. «Zöhre-Tahyr» operasynda oňa Zöhräniň keşbini janlandyrmagy ynanýarlar. Ilkinji gezek görkezilen «Zöhre-Tahyr» operasy A.Annagulyýewa uly üstünlik getirýär. Onuň çeşme ýaly dury sesi aýdym aýtdygyça kämilleşýär. Şeýlelikde, ol şirin sesi, tebigy zehini bilen «Şasenem-Garypda» Şasenemiň, «Kemine we kazyda» Ogulbegiň, «Leýli-Mejnunda» Leýliniň, «Suw perisinde» Maşanyň, «Kuba gyzynda» Aýhalynyň, «Gül-Bilbilde» Gülüň, «Ýewgeniý Oneginde» Tatýananyň, «Çio-Çio-Sanda» Batterfleýanyň keşplerini ussatlyk bilen janlandyrýar. Zehinli artist «Karmen» operasynda Karmeniň, «Garahal gelin» operasynda Lizanyň, «Aida» operasynda Aidanyň, «Knýaz Igor» operasynda Ýaroslawanyň partiýalaryny ýerine ýetirýär. 

A.Annagulyýewa ussat kompozitorlar Daňatar Öwezow, Nury Halmämmedow, Adrian Şapoşnikow, Hydyr Allanurow bilen işleşýär. Ol sungat äleminiň öçmejek ýyldyzlary — Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa, Türkmenistanyň halk artisti, ussat mugallym Medeniýet Şahberdiýewa, Türkmenistanyň halk artistleri Roza Töräýewa, Aýdogdy Gurbanow, Ýolaman Hummaýew, Hojaw Annadurdyýew ýaly halypalaryň hatarynda uly at-abraýa eýe bolýar. 

Milli opera sungatymyzyň ilkinji kerpijini goýanlaryň biri A.Annagulyýewa çykyş eden ähli operalarynda zenanlaryň keşbiniň aň hem pikir çylşyrymlylygyny, olaryň içki duýgularyny örän näzik äheňde açyp görkezmegi başarýar. Ol meşhur kompozitor N.Halmämmedowyň ajaýyp wokal aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirýär. Artist zenan kino sungatynda-da birnäçe keşpleri döredýär. «Daşgaladaky wakada» Ene Garaýewa, «Keçpelekde» Dursunsoltan, «Derýanyň aňyrsy serhetde» Hesel, «Aýratyn tabşyrykda» Annajemal onuň döreden ýatdan çykmajak keşpleridir. 

A.Annagulyýewa 1941-nji ýyldan tä 2001-nji ýyla çenli öňki Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynda opera aýdymçysy bolup zähmet çekdi. Ol Ýewropanyň, Amerikanyň, Aziýanyň, Afrika ýurtlarynyň, goňşy döwletleriň ençemesinde bolup, türkmen sungatyny äleme ýaýdy. Bu opera aýdymçysy Moskwa, Baku, Daşkent şäherlerinde kompozitorlaryň wokal eserlerinden, opera ariýalaryndan düzülen özbaşdak konsertleri berdi. 

Türkmen medeniýetini, sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin A.Annagulyýewa 1943-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 1952-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlara mynasyp bolýar. 1996-njy ýylda oňa «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal gowşurylýar. 

Meşhur opera aýdymçysy A.Annagulyýewa 2009-njy ýylyň 18-nji iýulynda 85 ýaşynda aradan çykdy. Sungatymyzyň hak howandary, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahr yman Serdarymyza milli sungatymyzda yz galdyran tanymal şahsyýetlerimiziň goýup giden nusgalyk ýoluny öwrenmäge, halypa-şägirtlik ýoluny ýöretmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden sagbolsunymyzy aýdýarys. 

 

Muhammetberdi GELDIMÄMMEDOW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy

20.12.2024 Giňişleýin

BAGTYÝAR DURMUŞYŇ BINÝADY

 

Şu ýylyň 30-njy noýabrynda «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» atly ynsanperwer şygaryny giňden dabaralandyrdy. Şeýle hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylan üstünlikleri we ýetilmeli aýdyň sepgitleri kesgitledi. Munuň özi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmäge, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, ählumumy parahatçylygyň bähbidine ykdysady hyzmatdaşlygy, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň esasynda milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga we senagatlaşdyrmaga bolan ähmiýetiniň barha ýokarlanýandygyny görkezýär. 

Döwlet býujetiniň ýurdumyzyň ösüşi üçin örän uly ähmiýeti bar. Bu diňe bir ýylyň esasy maliýe meýilnamasy bolman, eýsem, tutuş maliýe ulgamynyň geljek döwürde esasy hereketleriniň çuňňur oýlanyşykly, dürli hasaplamalara daýanýan, merkezleşdirilen guralydyr. Döwlet derejesinde onuň esasy wezipesi, maliýe çeşmeleriniň kömegi bilen ýurduň ykdysadyýetiniň we sebitleriniň netijeli, deňagramly ösüşini üpjün etmekdir. Döwlet býujeti tutuş halkyň bähbidine gönükdirilen döwlet gaznalarynyň emele gelmegini we zerur bolan çykdajylaryny kadalaşdyrýar. Şu nukdaýnazardan, Döwlet býujeti hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanýar. Ykdysadyýetiň ähli pudaklary we ýurduň sebitleri boýunça Döwlet býujetini düzmek çuňňur hasaplamalara hem-de düýpli seljermelere daýanýan işdir. Muňa ähli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de häkimlikler gatnaşýar we ol birnäçe aý dowam edýär. 

Makroykdysady durnuklylygy saklamak, ykdysadyýetiň pudaklaryny, sebitlerini mundan beýläk-de okgunly ösdürmek, maýa goýumlaryň esasy bölegini önümçiligi düýpli döwrebaplaşdyrmaga gönükdirmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak üçin düzülýän degişli maliýe resminamasy bu ugurdaky geljekki esasy wezipeleri kesgitleýär. 

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022—2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 12-nji iýulynda çykaran «Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda» Permanyna laýyklykda, geljek ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasynda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň we beýleki durmuş tölegleriniň möçberiniň 10 göterim ýokarlanmagy göz öňünde tutulandyr. 

Döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň berk bolmagy ugrunda döwrebap şertleri döredýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin.

 

Leýli NURMYRADOWA,

 Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady 

meseleler baradaky komitetiniň hünärmeni.

20.12.2024 Giňişleýin

DÖWLETIŇ ÖSÜŞINIŇ KEPILI

 

Täze taryhy döwrüň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň toý-baýramly günlerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň ýedinji maslahaty geçirilip, onda döwletimiziň ösüşini kepillendirýän birnäçe kanunlaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bolup, ol giň gerimli özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmäge we milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da artdyrmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzyň baş maliýe resminamasy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Ol döwletimiziň ähli pudaklarynyň we welaýatlarynyň ykdysady ösüşiniň durnukly depgininiň saklanylmagyna, ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine, döwlet çykdajylarynyň üpjün edilmegine, halkymyzyň durmuş bagtyýarlygynyň berkidilmegine gönükdirilendir. 

Maslahatyň dowamynda «Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň üstaşyr söwdasy hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hem ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi. BMG-niň 1965-nji ýylyň 8-nji iýulynda kabul eden Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň üstaşyr söwdasy hakynda Konwensiýasy bu ugurdaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Konwensiýa deňze çykalgasy bolmadyk döwletlere özara ylalaşyk esasynda deňiz portundan peýdalanmaga we deňizde hereket etmäge mümkinçilik berilmelidigini belleýär. 

Konwensiýa erkin üstaşyr geçmek, gümrük salgytlary we gaýry ýygymlar, ulaglar, resminamalar, ýükleri wagtlaýyn saklamaga we geçirmäge amatly şertleri we erkin zolaklary, şol sanda gümrük ýeňilliklerini döretmek bilen bagly kadalary özünde jemleýär. Şeýle hem bu resminamada deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň üstaşyr söwdasyna mümkinçilik döretmekde halkara we milli hukuk kadalary esasynda howpsuzlygy we saglyk ätiýaçlygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak ýaly maksatlar bilen degişli çäreleriň geçirilip bilinýändigi görkezilýär. 

Ýurdumyzyň bu Konwensiýa goşulmagy, deňze çykalgasy bolmadyk döwletler bilen üstaşyr söwda boýunça halkara hukuk kadalaryna laýyklykda, sazlaşykly hyzmatdaşlyk etmekde mümkinçilikleri artdyrar, şeýle hem döwletimiziň halkara abraýynyň has-da ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirer. 

Maslahatyň dowamynda «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Mejlisiň kararynyň we öňden hereket edýän birnäçe kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda kanunlaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi. Olaryň ählisi döwrüň ösüşi bilen ölçerilip, oňa laýyklykda kämil kadalaryň girizilmegini şertlendirýär. Kabul edilen kanunlaryň ählisi hormatly Prezidentimiziň milli parlamentiň deputatlaryna berýän tabşyryklaryndan hem-de degerli maslahatlaryndan ugur alnyp taýýarlanyldy we kabul edildi. Halk köpçüliginiň arasynda kanunlaryň ähmiýetini düşündirmek, wagyz etmek biz — deputatlaryň öňümizde durýan esasy borjumyzdyr. Oňa amal etmekde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň töweregine berk jebisleşip, bilimimizi, tejribämizi gaýgyrman, halal hem tutanýerli zähmet çekeris. 

 

Gurbangylyç DURDYÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

19.12.2024 Giňişleýin

BILIM — ÜSTÜNLIGIŇ BINÝADY

 

Häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň her biri halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilýär. Munuň özi adam hakyndaky aladanyň ýokary derejä eýedigini aýdyň beýan edýär. Döredilýän giň mümkinçilikleriň hatarynda ýaş nesilleriň terbiýesi, bilimi hakynda hem bellemek gerek. Ýaş nesilleriň bilimli bolmagy, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, bagtly geljegimizi üpjün etmegi maksat edinýär. Bilimli, kämil düşünjeli, giň dünýägaraýyşly nesliň kemala gelmegi üçin dünýä derejesinde, milli ruhda bilim­-terbiýe bermek, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri ösdürip ýetişdirmek baş wezipe bolup durýar. Ata Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ylymly, bilimli, terbiýeli, sagdyn ruhly, edepli, ýokary ahlakly şahsyýetleri kemala getirmek bolsa bilim ulgamynyň işgärleriniň, mugallymlaryň mukaddes borjudyr. 

Ýurdumyzda belent maksatlara gönükdirilen işleri amal etmek üçin ýaşlaryň, bir tarapdan, häzirki döwürde adamzadyň ylym-bilimde we hünär taýýarlygynda gazanan netijelerini özleşdirmegi, ikinji tarapdan, Watanymyzyň geljegine bolan beýik ynama eýe bolmagy zerurdyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylym-­bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän işleriň maksady hem döredijilikli we başarjaň, Watanyny jany-­teni bilen söýüp, onuň ajaýyp geljegine goşant goşmaga ukyply, hünärine ussat adamlary ýetişdirmekden ybaratdyr.

Bu bolsa bilim ojaklarynyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen mümkindir. Şu maksatlar bilen ýurdumyzda orta we ýokary okuw mekdepleriň täze binalary gurulýar. 

Häzirki wagtda ylym­-bilimi ösdürmäge, ýaşlary milli ruhda terbiýelemäge giň mümkinçilikler bar. Hormatly Prezidentimiz: «Ylymly ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir» diýmek bilen, ýaşlary ylym-­bilim öwrenmäge ruhlandyrýar, mugallymlary bolsa döredijilikli, täze usullar bilen işlemäge borçlandyrýar. Ýurduň geljegi, ykbaly ylymly, bilimli nesilleriň elinde. Biz — mugallymlar hormatly Prezidentimiziň aladalaryna, bildirýän uly ynamyna jogap edip, ýaş nesliň döwrebap bilim we terbiýe almagy üçin gijämizi gündiz edip, ak ýürekden zähmet çekýäris. Her günki guraýan sapaklarymyzyň gyzykly, täsirli, netijeli bolmagy üçin yhlas edýäris. Bu günki talyp Watanyň mundan buýana­da ösmegine, güllemegine öz goşandyny goşjak kämil hünärmen bolup ýetişmelidir. Şeýle ýokary netijäni gazanmak üçin milli ýörelgelere eýerip, ylym-­bilimi kämil öwrenmeli, ýaşlara döwrebap bilim bermeli. 

Watanymyzyň röwşen geljegi üçin, halkymyzyň asuda, eşretli, parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris. Ýaş nesillere bilim öwretmek, kämil hünärmenleri kemala getirmek biziň her birimiziň asylly ýörelgämizdir. 

 

Merdan ORAZMEREDOW, 

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

18.12.2024 Giňişleýin
1 ... 40 41 42 43 44 ... 104