Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
07.11.2024

ABADAN GELJEGIŇ WEZIPELERI

 

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ýeňişli sepgitleri, şanly wakalary il-günümizde ýokary ruhubelentligi döredýär. Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi milli demokratiýamyzyň dabaralanmasy boldy. 

Mejlisde Türkmenistan döwletimizi durmuş we medeni taýdan sazlaşykly ösdürmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ähli halk forumynda hormatly Prezidentimiziň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuň manyly çykyşlary uly üns bilen diňlenildi. Çykyşlarda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi mundan beýläk-de okgunly ösdürmek bilen bagly öňde durýan wajyp wezipeler kesgitlenildi. Elbetde, jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçen bu taryhy wakanyň şaýady bolmak bagtyýarlykdan nyşan. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda: “Ykdysadyýetimiziň öňde baryjy pudaklarynyň biri hem söwda toplumydyr. “Türkmenistanda öndürildi” diýen nyşanly harytlarymyza dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýär” diýip belläp geçdi. 

Soňky ýyllarda ilata edilýän söwda hyzmatynyň hili ýokarlandyrylýar. Halkymyzyň köp sarp edýän harytlara we önümlere bolan islegini doly kanagatlandyrmakda uly tagallalar edilýär. 

 

Saparmyrat ÇARŞAKOW. 

Türkmengala etrap alyjylar jemgyýetiniň ykdysatçysy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.