Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Ýaşlaryň bagtyýar durmuşy baradaky giň gerimli aladalar döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolmak bilen, olaryň kabul edilen hem-de hereket edýän milli kanunçylyk namalaryna, ýurdumyzyň egsilmez kuwwaty bolup durýan ýaşlaryň röwşen ykbalyna gönükdirilen ýörelgelere esaslanýandygy has-da guwandyryjydyr. Ýaşlar baradaky Türkmenistanyň Kanunyna hem-de «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyna» daýanýan bu aladalar ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmekde düýpli öňegidişlikleriň gazanylmagyna ýardam edýär.Ýurdumyzda ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, ýaşlarda ruhy ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, jogapkärçiligi, zähmete söýgini terbiýelemek ýörelgelerine esaslanýan ýaşlar barada döwlet syýasatynyň hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi hem-de ýaşlaryň hukuk terbiýesini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli alnyp barylýan işler ýaşlar hakyndaky aladanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini şöhlelendirýär.
Ýurdumyzda ýaşlaryň kalbynda watansöýüjilik, ynsanperwerlik, rehimdarlyk, sahawatlylyk ýaly duýgularynyň ýokarlanmagy üçin hormatly Prezidentimiz bimöçber aladalar edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ýaşlar mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň beýik geljegini gurujylardyr, jemgyýetimiziň işjeň bölegidir. Eziz Diýarymyzyň güýç kuwwaty, abraý mertebesi we aýdyň geljegi bolan ýaşlar biziň alyp barýan işlerimize, ýurdumyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Bu günki gün ylym-bilim, sport, medeniýet, sungat ugurlarynda dünýäde uly üstünlikleri gazanýan türkmen ýaşlarynyň döwletimiz tarapyndan özlerine bildirilýän belent ynamy ödeýändiklerine buýsanýarys» diýip nygtamagy şeýle uly aladalaryň mynasyp beýanydyr.
Döwletimiziň geljegi ylym-bilimli, dünýä bilen aýakdaş gidip bilýän giň dünýä garaýyşly ýaşlara bagly. Bu ugurda eziz Watanymyzda ähli mümkinçilikler döredilýär hem-de ýaşlaryň dünýä derejesindäki ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu günki gün ýurdumyzy gülletjek türkmen ýaşlarynyň müňlerçesi dünýäniň dürli künjeklerinde abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar, ýurdumyzyň baýdagyny al asmanda buýsanç bilen parladýarlar. Ýaňy ýakynda kuraş boýunça geçirilen Dünýä çempionatynda türkmen ýaşlarynyň ençemesiniň dünýä çempiony diýen abraýly adyň eýesi bolmaklary ýokarda belläp geçenlerimizi dolulygyna tassyklaýar.
Ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň nusgalyk şahsyýetlerimizden habarly bolmaklary we olaryň edermenlikleri bilen tanyş bolmaklary üçin şahsyýetlerimiziň heýkelleri oturdylan seýilgähleriň gurulmagy, teatrlarda şol döwürlere degişli sahna eserleriniň goýulmagy, kinofilmleriň surata düşürilmegi, obadyr etraplara, şäherlere, orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerine belli şahsyýetlerimiziň atlarynyň dakylyp ebedileşdirilmegi, taryh dersiniň okuw meýilnamalaryna girizilmegi nesillerimiziň bu babatda giň maglumatlara eýe bolmagyna döredilýän şertlerden habar berýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda halkymyzyň baý medeni mirasyny gorap saklamak, dikeltmek, öwrenmek we artdyrmak, milli gymmatlyklary, däp-dessurlary, maşgala edebini giňden wagyz etmek arkaly sagdyn, bilimli, ýokary aň düşünjeli, watansöýüji ýaş nesiller üçin maksatnamalaýyn işler yzygiderli amala aşyrylýar. Bularyň ählisi Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň çykyşlarynyň birinde: «Biz beýik oguzlaryň nesilleridiris. Biz dünýä taryhyna we medeniýetine gymmatly goşant goşup, taryhda nusgalyk yz galdyran halkyň nesilleridiris. Biz öz şanly geçmişimize, baý taryhymyza, beýik döwrümize guwanmaga we buýsanmaga doly haklydyrys» diýip aýdan sözleri bilen utgaşyp, ýaşlary terbiýelemekde nusgalyk ýörelgeleriň kemala gelmegine ýardam edýär.
Agzybir halkymyz, esasan hem ýaşlar ýurdumyzyň syýasy durnuklylygyny, okgunly öňe gitmegini, ähli pudaklarda sazlaşykly ösüşi üpjün etmek üçin mynasyp zähmet çekip,uly goşantlaryny goşmagy özleriniň il-ýurt öňündäki perzentlik borçlary hasaplaýarlar. Yhlasly okamak, döredijilikli we tutanýerli işlemek, eziz Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin halkymyzy beýik işlere ruhlandyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Sahawatly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Senem BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.