The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN

MEJLIS OF TURKMENISTAN

14.05.2026

BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili hanym Narine Saakýanyň «Konstitusiýa – döwletleriň ösüşiniň we jemgyýetiň abadançylygynyň hukuk kepili» atly maslahatda eden çykyşy:

Hanym Narine Saakýan öz çykyşynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň adyndan, türkmen halkyny, milli parlament agzalaryny, Türkmenistanyň Hökümetini we ähli gatnaşyjylary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli  gutlaglaryny aýdyp, döwletiň iki esasy mukaddesliginiň bir baýramda birleşmegi çuňňur many-mazmuna eýedigini belledi. 

Döwlet baýdagy ýurduň özygtyýarlylygynyň we milliliginiň möhüm nyşanydyr. Esasy Kanun hökmünde Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetçilik we döwlet ulgamynyň, döwlet häkimiýetiniň ulgamyny kesgitleýär, şeýle hem adamlaryň we raýatlaryň esasy hukuklaryny we azatlyklaryny berkidýär we kepillendirýär.

Umuman, halkara jemgyýetçiligi, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy üçin Konstitusiýanyň Türkmenistany demokratik, hukuk we dünýewi döwlet hökmünde tassyklaýan düzgünleri aýratyn möhümdir. Konstitusiýa adamyň jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygydygyny, onuň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň döwlet edaralarynyň iň möhüm jogapkärçiligidigini kesgitleýär. Kanunyň hökmürowanlygy adalatlylygy we her bir adamyň hukuklaryny, abraýyny we mertebesini goramagy üpjün edýär.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek barada öňe sürlen başlangyç aýratyn bellärliklidir. Türkmenistan BMG-niň tutýan merkezi ornuny güýçlendirmegi we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagyny yzygiderli goldaýar, bu bolsa ýurduň konstitusion düzgünlerinde hem öz beýanyny tapýar.

BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen Türkmenistanyň arasynda adam hukuklaryny goramak ulgamyny ösdürmäge, halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge we durmuşa geçirmäge gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň alnyp barylýandygyny bellemek meni begendirýär. Bu bilelikdäki tagallalar Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin hukuk binýadyny pugtalandyrýar, ýurduň durnukly, howpsuz we gülläp ösýän geljeginiň konstitusion kepilliklerini iş ýüzünde berkidýär.