​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

Выступления и Статьи

BELENT MERTEBE

 

Häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça meýilnamalaýyn esasda ylmy-amaly maslahatlar, dabaraly çäreler, onuň edebi mirasyny wagyz etmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar.

Akyl­dar şahy­ry­my­zy sarpala­mak,­ onuň­ mer­te­be­si­ni be­lent­de­ tutmak,­ bu­ ba­bat­da­ky­ iş­le­ri­ kanun­çy­lyk­ taý­dan ­üp­jün ­et­mek ­bo­ýun­ça hem de­giş­li ­iş­le­riň­ ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni ­bel­le­mek ­gerek.­ Ýur­du­myz­da Magtym­gu­ly­ Py­ra­gy­nyň 290­ ýyl­ly­gy­nyň­ giň­den­ bel­le­ni­len­ 2014-nji ýylda­ hem ­Türk­me­nis­ta­nyň­ «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy»­ me­da­ly­ dö­re­dil­di hem-de ­türk­men me­de­ni­ýe­ti­ni­ ös­dür­mä­ge,­ nus­ga­wy ­şa­hy­ryň dö­re­di­ji­lik­ mi­ra­sy­ny­ yl­my­ taý­dan­ öw­renmä­ge­ we­ wa­gyz­ et­mä­ge­ sal­dam­ly ­go­şant goş­ýan ­ra­ýat­lar­ sy­lag­la­nyl­dy.

Hor­mat­ly ­Pre­zi­den­ti­mi­ziň­ tab­şy­ryk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da,­ Mag­tym­gu­ly ­Py­ra­gy­nyň ­baý­ we gym­mat­ly­ ede­bi­ mi­ra­sy­ny ­şöh­rat­lan­dyr­mak,­ bu­ şan­ly ­se­nä­ni ­da­ba­ra­lan­dyr­mak­ mak­sa­dy bi­len,­ Türk­me­nis­ta­nyň­ Mej­li­si­ tarapyn­dan Türk­me­nis­ta­nyň­ «Mag­tym­gu­ly­ Py­ra­gy­nyň 300 ­ýyl­ly­gy­na» at­ly ­ýu­bi­leý ­me­da­ly­ny ­dö­retmek ­ha­kyn­da ­Türk­me­nis­ta­nyň­ Ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­sy­ny­ taý­ýar­la­mak­ ba­ra­da­ de­giş­li iş­ler­ ge­çi­ril­di.

2024-nji­ ýy­lyň ­9-njy ­few­ra­lyn­da ­ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň­ Ministr­ler­ Ka­bi­ne­ti­niň­ giňiş­le­ýin ­mej­li­sin­de ­hor­mat­ly ­Pre­zi­den­ti­miz Arkadagly ­Gahryman­ Serdarymyzyň­ Türkme­nis­ta­nyň­ «Mag­tym­gu­ly­ Pyra­gy­nyň­ 300­ ýyl­ly­gy­na»­ at­ly ­ýu­bi­leý­ me­da­ly­ny dö­ret­mek ha­kyn­da­ Türk­me­nis­ta­nyň­ Ka­nu­ny­na­ gol çek­me­gi ­akyl­da­ryň­ bü­tin adam­za­dyň­ gen­ji ha­zy­na­sy­na ­öw­rü­len ­baý­ me­de­ni­ mi­ra­sy­ny we­ bu­ şan­ly­ se­nä­ni­ daba­ra­lan­dyr­mak­da mö­hüm ­äh­mi­ýet­li­ wa­ka­ bol­dy. 

Bu­ Ka­nu­nyň­ ka­bul­ edil­me­gi­ asyr­dan asy­ra,­ ne­sil­den-ne­s­le­ ge­çip­ gel­ýän­ mede­ni­ mi­ra­sy­my­zy­ ös­dür­mek,­ dün­ýä­ giňiş­li­gin­de­ wa­gyz­ et­mek­ hem-de­ geljek­ki­ ne­sil­le­ri­mi­ze­ ge­çir­mek­ ug­run­da Gahryman Arkadagymyzyň ­ta­ry­hy ­äh­mi­ýet­li baş­lan­gyç­la­ry­nyň­ Arkadagly­ Gahryman Serdarymyzyň­ pa­ra­sat­ly­ baştutan­ly­gyn­da nus­ga­lyk­ de­re­je­de­ do­wam­ et­di­ril­ýän­di­giniň,­ şo­nuň­ ýa­ly-da­ ýur­du­myz­da me­de­ni­ýet ulgamy­nyň­ ka­nun­çy­lyk­ bin­ýa­dy­nyň­ hem yzy­gi­der­li­ kämilleşdirilýändigi­niň­ ýe­ne-de bir­ aý­dyň su­but­na­ma­sy ­bol­dy. 

Şu­ nuk­daý­na­zar­dan­ Esa­sy­ Ka­nu­nymyz­da­ döw­le­tiň­ çe­per­ döredijiligi,­ onuň oňyn­ ne­ti­je­le­ri­niň­ ýaý­ra­dyl­ma­gy­ny­ höweslendirýändigi­ we­ me­de­ni­ýet­ ba­bat­da hal­ka­ra ­hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ös­me­gi­ne ­ýardam ­ed­ýän­di­gi ­hem-de ­ata-ene­le­riň­ ýa-da ola­ryň­ or­nu­ny tut­ýan ­adam­la­ryň­ ça­ga­la­ry­ny ter­bi­ýe­le­mä­ge,­ ta­ry­hy­ we­ milli­ däp-dessurla­ra­ hor­mat­ goý­mak­ me­de­ni­ýe­ti­ni­ ola­ryň aňy­na­ or­naş­dyr­ma­ga­ hukuk­ly­dy­gy­ we borç­lu­dy­gy­ ba­ra­da­ be­ýan­ edi­len­ Kons­titu­sion­ kadalaryň­ hem ­mö­hüm­ äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­mek ­ge­rek. 

Türk­men­ hal­ky­nyň­ nus­ga­wy­ şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly­ Py­ra­gy­nyň­ geljek­ki­ ne­sil­lere­ mi­ras­ gal­dy­ran­ şa­hy­ra­na­ ha­zy­na­sy­na be­lent­ sar­pa­nyň­ ny­şa­ny­ bo­lan­ bu­ Ka­nun bi­len­ ýur­du­my­zyň­ me­de­ni­ýet­ ul­ga­my­ny ösdürmek­ bo­ýun­ça­ giň­ möç­ber­li­ mak­satna­ma­la­ry­ny­ üs­tün­lik­li­ dur­mu­şa ge­çir­mek­de,­ türk­men ­hal­ky­nyň ­me­de­ni ­gym­mat­lyk­la­ryny­ di­kelt­mek­de,­ Mag­tym­gu­ly­ Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­lik­ mi­ra­sy­ny­ öw­ren­mek­de,­ aýaw­ly sakla­mak­da­ hem-de ­türk­men ­jem­gy­ýe­ti­niň syn­maz­ sü­tün­le­ri­ne­ öw­rü­len sy­ýa­sy-fi­lo­sofik, ­jem­gy­ýet­çi­lik, ­ada­lat­ly­lyk,­ adam­kär­çi­lik,­ ynsanperwerlik­ we­ ru­hy-ah­lak­ ga­ra­ýyş­lary­ny­ wa­gyz­ et­mek­de­ hem-de­ dün­ýä­ ýaýmak­da­ we ­gel­jek­ ne­sil­le­re­ ýe­tir­mek­de­ uly hyz­mat­la­ry­ bi­ti­ren ýur­du­my­zyň­ ra­ýat­la­ry­nyň sy­lag­la­nyl­ýan­dy­gy ­be­ýan­ edil­di. 

Şo­nuň ­ýa­ly-da,­ Ka­nun­da­ Türk­me­nis­tan bi­len­ me­de­ni­ we­ beý­le­ki dost­luk­ly ­gat­na­şykla­ry­ ös­dür­mek­de,­ Mag­tym­gu­ly ­Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­lik mi­ra­sy­ny öw­ren­mek­de ­we­ wa­gyz et­mek­de ­aý­ra­tyn­ hyz­mat­la­ry­ gör­ke­zen­ daşa­ry­ ýurt ­ra­ýat­la­ry ­we ­ra­ýat­ly­gy ­bol­ma­dyk adam­lar­ hem­ Türkmenistanyň­ «Mag­tymgu­ly­ Py­ra­gy­nyň­ 300­ ýyl­ly­gy­na»­ at­ly­ ýu­bileý­ me­da­ly­ bi­len­ sy­lag­la­ny­lyp­ bi­lin­ýän­di­gi gör­ke­zil­di. 

Ga­dy­my­ si­wi­li­za­si­ýa­la­ryň­ we­ adam­zat me­de­ni­ýe­ti­niň­ ke­ma­la­ ge­len­ ýer­le­ri­niň­ biri­ bo­lan­ mu­kad­des­ türk­men­ top­ra­gy­nyň bu­ gün­ki­ gül­läp­ ösme­gi­niň­ bin­ýa­dyn­da du­ran­ Gahryman­ Arkadagymyzyň­ belent başlangyçlary,­ bu­ iş­le­ri­ my­na­syp­ do­wam et­dir­ýän ­hor­mat­ly­ Prezidentimiz­ Arkadagly Gahryman­ Serdarymyzyň ­çuň­ňur ­paý­ha­sa esas­la­nan ­we­ ata-ba­ba­la­ry­my­zyň­ pa­ra­sady­na­ ýug­ru­lan­ sy­ýa­sa­ty­nyň­ rowaç­ al­ma­gy ra­ýat­la­ry­my­zy­ hy­juw­ly­ zäh­me­te­ we­ tä­ze ösüş­le­re­ ruhlandyr­ýar. 

 

Gahryman ROZYÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary

HALKYŇ MILLI BUÝSANJY

 

Geçmişde ösen medeni ojaklaryň biri hökmünde at alyp, giňden tanalan Türkmenistanda dünýä halklarynyň medeniýetlerine, adamzadyň medeni-ruhy taýdan galkynmagyna uly täsir eden hem-de aň-düşünjäniň kämilleşmeginde we baýlaşmagynda ähmiýetli hyzmatlary bitiren şahsyýetleriň baý edebi mirasyny düýpli öwrenmek, bu ugurda ylmy-barlag işlerini ulgamlaýyn esasda alyp barmak, ony halkara giňişlikde wagyz etmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutumly tagallalary bilen türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň gymmatly döredijiligini sarpalamakda bitirilýän işler hem aýdyň şaýatlyk edýär. 

Magtymguly Pyragy türkmen topragynyň sähralyklaryndan we çöllerinden, daglaryndan hem-­de düzlüklerinden, derýalaryndan we deňizlerinden, hoşgylaw adamlaryndan, şirin aýdym-sazlaryndan, ynsanperwer ýörelgelerinden ylham alan hem­-de durmuş gözelliklerini bütin durky bilen kabul eden beýik akyldardyr, halkymyzyň milli şahyrydyr. Gahryman Arkadagymyz «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» we «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly eserlerinde döwürler dolanyp, heňňamlar öwrülse­-de, öz gymmatyny ýitirmän gelýän Magtymguly Pyragynyň döredijiligine örän ýokary baha berýär. 

Edebiýat äleminiň ägirtleriniň hatarynda mynasyp orun alan Pyragynyň «Berkarar döwlet istärin» diýip, özbaşdak döwlet gurmak, türkmen halkynyň agzybir, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy hakyndaky arzyly arzuwlarynyň häzirki ajaýyp döwrümizde amala aşyrylýandygy bizi örän buýsandyrýar. 2024-­nji ýylyň ýurdumyzda «Pähim-­paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi şahyryň sarpasyny has­-da belende göterdi. 

Ata Watanymyzda milli medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, ony täze many­-mazmun bilen baýlaşdyrmagyň hem-­de halkara giňişlikde wagyz etmegiň kanunçylyk binýadyny berkitmek ugrunda yzygiderli işleriň durmuşa geçirilýändigini bellemek gerek. Şu nukdaýnazardan, Esasy Kanunymyzdaky döwletiň çeper döredijiligi, onuň oňyn netijeleriniň ýaýradylmagyny höweslendirýändigi we medeniýet babatda halkara hyzmatdaşlygyň ösmegine ýardam edýändigi, ata-eneleriň ýa­-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň çagalaryny terbiýelemäge, taryhy we milli däp­-dessurlara hormat goýmak medeniýetini olaryň aňyna ornaşdyrmaga hukuklydygy we borçludygy barada beýan edilen konstitusion kadalar möhüm ähmiýete eýedir. 

Bu günki günde halkymyzyň milli medeniýeti we sungaty Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy bilen bir bitewülige öwrüldi. Bütin dünýä ady dolan Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligi milli mirasyň genji-­hazynasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ussadyň sözleri we pelsepewi pikirleri türkmen edebiýatynyň şöhratyny arşa göterip, diňe bir milli däl, eýsem dünýä medeniýetiniň hem genji-­hazynasyna öwrüldi. Şahyryň şygyrlarynyň türk, rus, iňlis, gruzin, özbek, täjik, ukrain, belarus, arap, ermeni, gazak, hytaý, rumyn, ýapon we beýleki dillere terjime edilmegi munuň aýdyň mysalydyr. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatynda eden taryhy çykyşynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek, onuň baý we gymmatly edebi mirasyny şöhratlandyrmak maksady bilen, «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny işläp taýýarlamagyň we kabul etmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şol tabşyrykdan ugur alnyp, «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi we onuň Düzgünnamasy we Ýazgysy tassyklandy. Bu medal Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda hem­-de wagyz etmekde uly hyzmatlary bitiren ýurdumyzyň raýatlaryny sylaglamak maksady bilen döredildi. 

«Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça giň möçberli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde syýasy-filosofik, jemgyýetçilik, adalatlylyk, ynsanperwerlik we ruhy­-ahlak garaýyşlaryny wagyz etmekde, dünýä ýaýmakda, ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde, halklaryň arasynda dostlugy we hyzmatdaşlygy berkitmekde aýratyn hyzmatlary bitiren raýatlarymyzyň sylaglanylýandygy beýan edildi. Şeýle­-de Türkmenistan bilen medeni we dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, wagyz etmekde aýratyn hyzmatlary görkezen daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hem bu medal bilen sylaglanylýandygy görkezildi. 

Ýubileý medaly Magtymguly Pyragynyň döredijiligini geljekde has­-da şöhratlandyrmakda we onuň adyny ebedileşdirmekde aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolar. 

 

Ýusupguly EŞŞÄÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy.

YLYM-BILIM — RÖWŞEN GELJEGIMIZIŇ ŞUGLASY

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan işlerini üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwleti we jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny giňeltmek, ýokary aň-düşünjeli, beden taýdan sagdyn şahsyýeti kemala getirmek boýunça ylym-bilime daýanyp, giň gerimli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlaryna laýyklykda, beýik işleriň durmuşa geçirilýändigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Durmuşa geçirilýän özgertmeleri beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny kämilleşdirmek we ösdürmek, ýaş nesle berilýän bilimiň, terbiýäniň mazmunyny baýlaşdyrmak we hilini ýokarlandyrmak boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijesinde hem görmek bolýar. 

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde bilim ulgamy döwletimiziň ileri tutýan ugurlarynyň biri hasaplanylýar. Jemgyýetimiziň ähli ulgamlar da täze belentliklere, ösüşlere ýetmeginde ylymly-bilimli ýaşlaryň möhüm orny bardyr. 

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim syýasatyny döwrüň talaplaryna laýyklykda durmuşa geçirmäge we ony dünýä derejesine çykarmaga, ýaşlaryň ylmyň soňky gazananlaryny ele almaga bolan hukuklarynyň kepillendirilmegine aýratyn üns berilýär. 

Türkmenistanyň raýatlarynyň her biriniň bilim almaga bolan hukuklary Esasy Kanunymyzdan ugur alýandyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 55-nji maddasynda her bir adamyň bilim almaga bolan hukugy beýan edilýär. 

Esasy Kanunymyzdan ugur alýan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde hem raýatlaryň bilim almaga bolan hukuklary kepillendirilýär. Bu Kanunda bilim babatda döwlet syýasatynyň ýörelgeleri anyk bellenilýär. Kanunyň 4-nji maddasynda «Türkmenistanyň raýatlaryna milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlara, şeýle hem ýaşyna we saglyk ýagdaýyna garamazdan, bilim almak mümkinçiligi kepillendirilýär» diýlip bellenilmegi mekdep ýaşyna ýeten her bir türkmenistanlynyň bilim almaga bolan hukugyny kepillendirýär. 

«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 5-nji maddasynda Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň hatarynda «ýaşlaryň hünär bilimini almagy üçin deň şertleri döretmek hem-de ýaşlary iş bilen üpjün etmek we alan hünär bilimlerini önümçilikde, döwlet gullugynda, ylmy we döredijilik çygrynda ulanmak üçin has amatly şertleri döretmek» diýlip beýan edilmegi ýaşlar hakyndaky aladanyň kanun esasynda berkidilýändigini görkezýär. 

Bu Kanunyň 26-njy maddasynyň 8-nji bendinde ýaşlarda okuwyň üznüksizligini gazanmak we olary hünäre ugrukdyrmak maksady bilen, umumybilim edaralaryny tamamlan ýaş oglanlaryň ýokary hünär we orta hünär okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna gatnaşmagy üçin, bir gezek mümkinçilik döretmek şerti bilen, «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşürmäge rugsat berilmegi Watanymyzda ýaşlar üçin döredilen mümkinçilikleriň biridir. 

Häzirki wagtda eziz Watanymyzyň bilim ulgamynda ýaşlaryň hukuklaryny we borçlaryny düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek babatynda birnäçe işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň bilim almaga, ylym öwrenmäge bolan hukuklaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzda milli maksatnamalar, konsepsiýalar durmuşa geçirilýär. Şol maksatnamalaryň, konsepsiýalaryň kabul edilmegi ýaşlara berilýän bilim-terbiýäniň hilini ýokarlandyrmaga, ýaşlaryň aýratyn gyzyklanýan ugurlaryna bolan gyzyklanmalaryny, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge we olaryň alan bilimlerini durmuşa geçirmäge, Watanymyzyň ösüşine goşant goşmaga mümkinçilik döredýär. 

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022­—­2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» okatmakda sanly tehnologiýalaryň, uzak aralykdan bilim berilmeginiň we maglumat alşylmagynyň doly ýola goýulmalydygy, pedagogik işgärleriň hünär derejesiniň, okuw meýilnamalarynyň we maksatnamalarynyň, okuw kitaplarynyň dünýäniň oňyn tejribesi esasynda yzygiderli kämilleşdirilmelidigi bellenilýär. Bu babatda alnyp barylýan işleriň hatarynda sebitde ilkinji «akylly» şäher Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde gurlan we gurluşygy dowam edýän döwrebap bilim edaralary bellenilmäge mynasypdyr. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Bilim ulgamynda üstünlikli amala aşyrýan özgertmelerimiziň äh­li­si baş mak­sa­da­—­Türkmenistany bilimler merkezine öwürmäge gönükdirilendir» diýip bellemegi ýurt derejesinde bilime aýratyn uly üns berilýändiginiň mysalydyr. Ata Watanymyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary üçin oňaýly şertleriň döredilýändigine bilim ojaklarynyň dünýäniň iň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan, multimedia we kompýuter enjamlary bilen üpjün edilen, okatmagyň interaktiw usullaryndan peýdalanmak mümkinçilikleri döredilen döwrebap mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, mekdepleriň ýaşlary gujak açyp garşylamagy mysal bolup biler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn pikirlenmäge ukyply nesil döwletiň hem, milletiň hem geljegi hasaplanýar» diýip bellemegi milli bilim ulgamyny ösdürmek bilen, ýaş nesillerimiziň bilime bolan höwesiniň ýokarlanyp, kämil şahsyýetler bolup kemala gelmeginde möhüm wezipäni kesgitleýär. 

Täze taryhy eýýamda ýaşlary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza buýsanç we wepalylyk ruhunda terbiýelemekde bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde uly hem-de jogapkärli wezipeler durýar. 

Eziz Diýarymyzyň ylym-bilim edaralarynyň işine aýratyn üns berýän, ýaşlaryň döwrebap bilim almaklaryna ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin! 

 

Nepes ROZYÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty 

baradaky komitetiniň agzasy

PARLAMENTARA GATNAŞYKLAR ÖSDÜRILÝÄR

 

Hä­zir­ki ösüş­le­re bes­len­ýän döw­rü­miz­de ba­ky Bi­ta­rap Türkmenistan dün­ýä ýurt­la­ry bi­len hoş­ni­ýet­li hyz­mat­daş­ly­gy bar­ha pugta­lan­dyr­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gahryman Serda­ry­my­zyň ta­gal­lala­ry ne­ti­je­sin­de hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ös­dü­ril­ýär. Pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­my­za esas­lan­ýan be­ýik iş­ler hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gin­de hem giň gol­da­wa eýe bol­ýar. Şo­nuň üçin hem bu gün­ki gün­de ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan ýurdu­my­zyň ab­raý-­mer­te­besi dün­ýä­de has­-da be­lent de­re­je­le­re eýe bolýar. Sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, me­de­ni gat­na­şyk­lar bi­len bir ha­tar­da, parlamen­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek­de hem uly iş­ler dur­mu­şa geçirilýär. Biz mu­ny ýa­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­sin­de ut­ga­şyk­ly gör­nüş­de ge­çi­ri­len Bi­ta­rap­ly­gyň dost­la­ry to­pa­ry­na ag­za ýurt­la­ryň parlament ýol­baş­çy­la­ry­nyň «Pa­ra­hat­çy­ly­gy we dia­lo­gy ber­kit­mek­de parla­ment hyz­mat­daş­ly­gy­nyň or­ny» at­ly bi­rin­ji du­şu­şy­gyn­da aý­dyň göz ýe­tir­dik. Hä­zir­ki wagt­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň, Gah­ry­man Arkadagy­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, hoşniýetli­lik ýö­rel­ge­le­ri­miz üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýär. Mu­nuň özi halk­la­ryň ara­syn­da dost­-do­gan­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak­da, ba­ky Bi­ta­rap­ly­gy­myz­dan ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek­de mö­hüm äh­mi­ýet­li­dir. 

Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryn­da parla­ment dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň mö­hüm ornu­nyň bar­dy­gy­ny bel­le­mek gerek. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz dün­ýä halk­la­ry bi­len dost­-do­ganly­gy ös­dür­ýär, hoş­ni­ýet­li hyz­matdaş­ly­ga möhüm äh­mi­ýet ber­ýär. Türk­me­nis­tan hal­ka­ra par­la­ment gu­ra­ma­la­ry, şol san­da Par­la­men­ta­ra Bi­le­le­şi­gi, Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyzmatdaş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň Par­la­men­ta­ra As­samb­le­ýa­sy, Garaş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň Par­la­men­ta­ra As­samb­le­ýa­sy bi­len hyzmatdaş­ly­gy iş­jeň ös­dür­ýär. Ynha, Bi­ta­rap­ly­gyň dost­la­ry to­pa­ry­na agza ýurt­la­ryň par­la­ment ýol­baş­çyla­ry­nyň «Pa­ra­hat­çy­ly­gy we dia­lo­gy ber­kit­mek­de par­la­ment hyz­mat­daşly­gy­nyň or­ny» at­ly bi­rin­ji du­şu­şy­gy özü­niň ne­ti­je­li­li­gi bi­len ta­pa­wutlan­dy. Bu fo­ru­ma gat­na­şy­jy­lar ýurdumyzyň öňe sür­ýän pa­ra­hat­çy­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne, he­mi­şe­lik Bitaraplyk sy­ýa­sa­ty­na ýo­ka­ry ba­ha ber­di­ler. Şo­nuň ýa­ly­da, dia­lo­gyň dün­ýä­däki äh­mi­ýe­ti,­ yn­san­per­wer­li­giň orny ha­kyn­da dur­lup ge­çil­di. Çün­ki yn­san­per­wer­lik me­se­le­le­ri­ni çözmek üçin köp­ta­rap­la­ýyn dia­lo­gyň äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Şo­nuň üçin hem örän tä­sir­li, ne­ti­je­li ge­çen bu halka­ra fo­rumyň köp­ta­rap­la­ýyn dia­log üçin tä­sir­li meý­dan­ça bolandygyny bellemek gerek. 

Hal­ka­ra sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we mede­ni gi­ňiş­lik­de dün­ýä döwletleriniň ara­syn­da öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daşly­gy ös­dür­mek ba­bat­da yzy­gi­der­li çy­kyş ed­ýän Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan dünýä­niň nus­ga alar­lyk döw­le­ti hök­mün­de tanal­ýar we hal­ka­ra bileleşigin­de öz my­na­syp or­nu­ny eýe­le­ýär. Şun­da par­la­men­ta­ra gatnaşyk­la­ry­ny ösdür­mek­de mö­hüm iş­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ri­len­di­gi­ni hem bel­le­mek ge­rek. Ka­nun­çy­lyk ul­ga­myn­da döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry ösdürmek bi­len bir hatar­da, oňyn tej­ri­be alyş­ma­ga we kanun­çy­ly­gy döwre­bap­laş­dyr­ma­ga giň müm­kin­çi­lik­ler açyl­ýar. Şeý­le hem par­la­ment dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny ös­dürme­giň mö­hüm ugur­la­ry öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Muny Bi­ta­rap­ly­gyň dost­la­ry to­pa­ry­na ag­za ýurt­la­ryň par­la­ment ýolbaşçy­la­ry­nyň «Pa­ra­hat­çy­ly­gy we dia­lo­gy ber­kit­mek­de par­la­ment hyz­mat­daş­ly­gy­nyň or­ny» at­ly birin­ji du­şu­şy­gy hem aý­dyň­ly­gy bi­len subut ed­ýär. Şo­nuň üçin hem hal­ka­ra fo­rum ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky syýasy, yk­dy­sa­dy, me­de­ni­-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry, şol san­da parlamenta­ra hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk hem ös­dür­mek­de, berkitmek­de uly äh­mi­ýe­te eýe bol­dy. Dün­ýä­de hoşni­ýet­li gat­na­şyk­la­ry, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty da­ba­ra­lan­dyrýan Gah­ry­man Arkadagymy­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag bolsun, be­ýik iş­le­ri rowaç­lyk­la­ra bes­len­sin! 

 

Perman SAPAROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň baş hünärmeni

Mary welaýatynda we Aşgabatda ýaşlaryň arasynda döredijilik duşuşyklary geçirildi

 

Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adynda­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Merke­zi ge­ňe­şi we­la­ýat­la­ry­myz­da ha­ly­pa-şägirtlik ýörelgesi esasynda döredijilik du­şu­şyk­la­ry­ny ge­çir­mek­li­gi ýo­la goý­dy.

«Ga­ra­gum» žur­na­ly­nyň bö­lüm redak­to­ry, Türk­me­nis­ta­nyň halk ýazyjy­sy, Hor­mat­ly il ýa­şu­lu­sy Oraz­gu­ly An­na­ýe­wiň we «Biz­nes reklama» ga­zeti­niň baş re­dak­to­ry, şa­hyr Se­ýit­my­rat Gel­di­ýe­wiň gatnaşmak­la­ryn­da Ma­ry we­la­ýa­tyn­da şeý­le du­şuşyk­la­ryň birnä­çe­si geçiril­di. 

13-nji few­ral­da gü­nüň bi­rin­ji ýa­rymyn­da Ma­ry we­la­ýat kitaphanasyn­da bri­fing du­şu­şy­gy bol­dy.

Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adynda­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mary we­laýat ge­ňe­şi­niň, we­la­ýat ki­tap­ha­na­sy­nyň hem-de «Ýaş­lyk» telera­dio­ýaý­ly­my­nyň bilelikde guramagynda geçirilen bu du­şu­şy­ga TMÝG-niň we­la­ýat, şä­her, et­rap ge­ňeş­le­ri­niň iş­gär­le­ri, iş­jeň ag­zala­ry, ha­ly­pa we ýaş şa­hyr­lar, şeý­le hem ta­lyp ýaş­lar gat­naş­dy­lar. 

***

Gü­nüň ikin­ji ýa­ry­myn­da Ma­ry­nyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda hem ha­ly­pa-şä­girt­lik dö­re­di­ji­lik du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. Ýaş­la­ryň öz­le­ri­ni gyzyklandyrýan ugurlar boýunça sowal-jo­gap alyş­mak­la­ry duşu­şy­gyň tä­siri­ni art­dy­ryp, we­la­ýa­ty­my­zyň gör­nük­li aý­dym­çy­la­ry­nyň we aý­dym-saz to­parla­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ren aý­dym-saz­la­ry da­ba­ra gatnaşy­jy­la­ryň gö­wün­le­ri­ni galkyndyrdy. 

***

14-nji few­ra­l­da Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýo­la go­ýan we pe­der kes­bi­ne eýer­ýän Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň sa­ýa­syn­da ha­ly­pa-şä­girt­lik ýo­lu­nyň do­wa­mat-do­wam­dy­gy­ny çe­per sö­züň üs­ti bi­len açyp görkezmek, tä­ze we ze­hin­li ýaş­la­ry ýü­ze çy­kar­mak maksa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tymgu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Ma­ry wela­ýat ge­ňe­şi­niň, «Al­tyn asyr: Türk­me­nis­tan» te­le­ra­dio­ýaý­ly­my­nyň bile­lik­de gu­ra­ma­gyn­da «Bag­ty­ýar­lyk yl­ha­my» at­ly dö­re­di­ji­lik telegepleşi­gi ge­çi­ril­di. Oňa döw­rüň se­si­ne öz se­sini goş­ýan, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dö­re­dip ber­ýän giň müm­kin­çi­lik­lerin­den ruh­lan­ýan kalp­la­ry yl­ham­ly ýaş­lar gat­naş­dy­lar. Gep­le­şi­gi Türk­menis­ta­nyň halk ýazy­jy­sy Oraz­gu­ly Anna­ýew alyp bar­dy. 

Gep­le­şi­giň do­wa­myn­da Gün­do­garyň be­ýik akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ragy­nyň ede­bi mi­ra­sy­na çäk­siz hor­mat goý­ýan Gah­ry­man Arkadagymy­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ady­na al­kyş sözle­ri aý­dyl­dy. 

 

Maksat JANMYRADOW,

TMÝG-niň Ma­ry we­la­ýat ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy, 

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­ta­ty.

 

OBA HOJALYGY — YKDYSADYÝETIŇ MÖHÜM PUDAGY

 

Ýur­du­my­zyň oba ho­ja­lyk top­lu­my mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň möhüm pu­dak­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Şo­ňa gö­rä-de, Ber­ka­rar döwle­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de bu top­lu­my düýp­li özgert­mek, pu­da­gy do­lan­dyr­ma­gy has-da kä­mil­leş­dir­mek mö­hüm wezi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, şu ýy­lyň 9-njy few­ra­lyn­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­si­niň dowa­myn­da ka­bul edi­len döw­let­li çöz­güt­ler mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. 

Ýadyňyzda bolsa, mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini üýtgedip guramak hakynda» Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginden bölünip aýrylmagy arkaly, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi, «Türkmenpagta» döwlet konserni hem-de «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigi döredildi. 

Oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirki zaman önümçilikleri döretmek, önümçilige häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak maksady bilen kabul edilen bu çözgüt, elbetde, oba hojalyk pudagynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmekde möhüm ädim bolar diýip arkaýyn aýtsa bolar. Çünki dolandyryş ulgamynyň kämil derejede bolmagy islendik işi guramakda, üstünlikli alyp barmakda ilkinji hem-de möhüm şertleriň biridir. 

Şeýle hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan mejlisiň dowamynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz möhüm Karara gol çekdi. Ol resminama laýyklykda, bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalary ýokarlandyryldy. 

Anyk maglumata ýüzlensek, şu ýylyň hasylyndan başlap bugdaýyň bir tonnasynyň döwlet satyn alyş bahasy 2 müň manat möçberde bellenildi. Şeýle hem nah pagtanyň bir tonnasy üçin döwlet satyn alyş bahalary ýygymyň başlanýan gününden 15-nji oktýabra çenli 5 müň manat, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 4 müň 770 manat, 15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 4 müň 550 manat möçberde bolar. Ýüpek pagtanyň bir tonnasy üçin bolsa döwlet satyn alyş bahalary ýygymyň başlanýan gününden 15-nji oktýabra çenli 6 müň 700 manat, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 6 müň 400 manat, 15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 6 müň 100 manat möçberde kesgitlenildi. 

Görnüşi ýaly, oba hojalygyny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly kabul edilen bu möhüm çözgütler ýurdumyzda bugdaýyň we gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde, daýhanlaryň ýere bolan höwesini artdyryp, yhlasly zähmet çekmekleri üçin, oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmekde ädilen nobatdaky wajyp ädimlerdir. 

 

Serdar BEGMYRADOW,

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ar­ka­dag 

şä­he­ri­niň ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy, Mejlisiň deputaty.

PARLAMENT ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY

 

Bir­le­şen Milletler Guramasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy iki gezek ykrar edilen ýurdumyz dünýä döwletleri bilen ähli ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär. 

Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy boýun­ça we dost­luk­ly döw­let­le­riň awtor­daş bol­ma­gyn­da hem­-de gol­da­magyn­da BMG-­niň Baş Assambleýa­sy ta­ra­pyn­dan ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň we ulag üs­ta­şyr geçelge­le­ri­niň dö­redil­me­gi­ni, pa­ra­hat­çy­ly­gy we howpsuz­ly­gy, öza­ra yna­nyş­ma­gy ga­zanmak­da dia­lo­gyň hem-­de bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­le­ri­niň ähmi­ýe­ti bi­len bag­lany­şyk­ly ka­rar­na­ma­lar ka­bul edil­di. 

Hä­zir­ki wagt­da Bir­le­şen Milletler Gu­ra­ma­sy­nyň Ter­tip­nama­sy­na hor­mat goý­mak esa­syn­da hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­ly­gy we howp­suzly­gy, durnuk­ly ösü­şi üp­jün et­mekde köp­ta­rap­la­ýyn dip­lo­ma­ti­ýa­ny ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Şu iş­le­riň çäk­le­rin­de ýur­du­myz hal­ka­ra ka­da­la­ry­na hor­mat go­ýul­ma­gy­ny üp­jün et­mek­de we öza­ra yla­la­şyk­la­ry dur­mu­şa geçir­mek­de, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mek­de dün­ýä döwlet­le­ri­niň hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ryny iler­let­mek­de tä­ze­çe iş usul­la­ry ­we başlangyç­la­ry öňe sür­ýär. 

2023-­nji ýy­lyň de­kab­ryn­da paýtag­ty­myz Aş­ga­bat­da Bi­ta­rap­ly­gyň dost­la­ry to­pa­ry­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li du­şu­şy­gy gib­rid gör­nü­şin­de ge­çiril­di. Du­şu­şy­ga Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­na ag­za döw­let­le­riň we­kille­ri, şeý­le hem hal­ka­ra we se­bit­le­ýin gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry gat­naş­dy. 

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si ýur­du­myzyň yn­san­per­wer içe­ri we da­şa­ry syýa­sa­ty­ny par­la­ment dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň üs­ti bi­len gol­da­mak hem­-de hal­ka­ra de­re­je­sin­de iler­let­mek bi­len bag­ly­lyk­da de­giş­li iş­le­ri alyp bar­ýar. Türk­me­nis­tanyň Mej­li­si 2021-­nji ýy­lyň ap­re­lin­de dün­ýä döw­let­le­ri­niň par­la­ment ýol­başçy­la­ry­nyň mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. Oňa 15 ýurt­dan 17 parla­ment ýol­baş­çy­sy gat­naş­dy. 2022-­nji ýy­lyň do­wa­myn­da Türkmenista­nyň Mej­li­si Mer­ke­zi Aziýa ýurt­la­ry­nyň ze­nan­la­ry­nyň dialogy­na baş­lyk­lyk et­me­giň çäk­le­rin­de hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len bilelikde dür­li te­ma­lar­da 20-­ä­ go­laý çä­rä­ni we mas­la­ha­ty­ gu­ra­dy 2022 ­nji ýy­lyň ma­ýyn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň başlan­gy­jy bi­len Merkezi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň we Rus­si­ýa­nyň par­la­ment fo­ru­my üstünlikli ge­çi­ril­di. 2023­-nji ýy­lyň maýyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň Par­la­ment Assamb­le­ýa­sy bi­len bi­le­lik­de bu gu­ra­ma ag­za par­la­ment­le­riň il­kin­ji mas­la­haty­ny ge­çir­di. 

2020-nji ýylyň sentýabrynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary topary döredildi. Bu topar BMG-ä agza döwletlere sebit we ählumumy derejede hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça oňyn pikir alyşmak üçin mümkinçilik döredýär. Häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň 20-den gowrak agzasy bu topara goşuldy.

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­lisi­niň hal­ka­ra çä­re­le­ri­niň iş me­ýil­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, 2024-­nji ýy­lyň 15-­nji fewra­lyn­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de utgaşyk­ly gör­nüş­de Bi­ta­raply­gyň dost­la­ry to­pa­ry­na ag­za ýurt­la­ryň Parlament­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­nyň bi­rin­ji du­şuşy­gy «Pa­ra­hat­çy­ly­gy we dia­lo­gy ber­kit­mek­de par­la­ment hyz­mat­daş­ly­gy­nyň or­ny» at­ly te­ma­da ge­çi­ril­di. 

Mas­la­hat­da Mej­li­siň Baş­ly­gy çy­kyş edip: «Bi­ta­raplyk hu­kuk ýagda­ýy Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä döw­let­le­ri bi­len açyk, yzygider­li, ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­rynyň şer­ti bo­lup dur­ýar. Şu­nuň bi­len bagly­lyk­da, türkmen hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz 2021-­nji ýyl­da «Dia­log­–­pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li» at­ly äh­lumu­my başlangy­jy öňe sür­di. Bu baş­lan­gyç dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan goldanyp, BMG-­niň Ka­rar­na­ma­sy bi­len ber­kidil­di. Hor­mat­ly Prezidentimiz Ser­dar Berdimuhamedow BMG­-niň Baş Assambleýasynyň 78­-nji ses­si­ýa­syn­da eden çy­ky­şyn­da Bir­le­şen Milletler Gu­ra­ma­sy­nyň Ter­tip­na­ma­synyň ka­da­la­ry we hal­ka­ra hu­ku­gyň umu­my yk­rar edi­len düzgün­le­ri esa­syn­da Äh­lu­mu­my howp­suz­lyk strategi­ýa­sy­ny işläp taý­ýar­la­mak müm­kin­çi­li­gi­ni ara alyp maslahatlaşma­ga baş­la­ma­gy tek­lip et­di. Şeý­le hem hor­mat­ly Prezidentimiz BMG-­niň ho­wan­dar­ly­gyn­da Mer­ke­zi Azi­ýa­da we onuň bi­len ýa­na­şyk zo­lak­lar­da Howp­suz­lyk bo­ýun­ça mas­la­ha­ty dö­ret­mek bara­da­ky baş­lan­gy­jy öňe sür­di. Bu baş­lan­gyç­lar Ýer ýü­zün­de parahatçyly­gy, howp­suz­ly­gy we dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lar di­ýip pi­kir ed­ýä­ris» di­ýip bel­le­di. 

Bu du­şu­şyk­da par­la­ment­le­riň ýol­baş­çy­la­ry çy­kyş edip, Bitaraplygyň dost­la­ry to­pa­ry­nyň par­la­ment meýdan­ça­sy­nyň ­he­re­ket ­edip ­başla­ma­gy­nyň äh­lu­mu­my pa­rahat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy we abadançylygy ­üp­jün­ et­me­giň bäh­bi­di­ne Bi­ta­rap­lyk ýö­rel­gele­ri­ni­ peýdalan­ma­gyň ­ne­ti­je­li par­la­ment çe­me­leş­me­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­ma­ga müm­kinçi­lik­le­ri art­dyr­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar. 

Dün­ýä­niň dür­li se­bit­le­rin­de mil­li par­la­ment­le­re we par­la­ment bilele­şik­le­ri­ne hem-­de hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ra ýol­baş­çy­lyk ­ed­ýän, ­hal­ka­ra me­se­le­le­rin­de­ we ­par­la­ment işin­de ­uly­ tej­ri­be­si ­bo­lan ­we­kil­le­riň­ pi­kir­le­ri ­we ­tek­lip­le­ri bi­len ­ta­nyş­mak­ oňa­ gat­na­şy­jy­lar­ üçin ­örän­ äh­mi­ýet­li ­we gyzyk­ly­ bol­dy.­ 

Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da onuň Jem­leý­ji res­mi­na­ma­sy ka­bul edil­di. Res­mi­na­ma­da we çy­kyş­lar­da bu du­şu­şygyň­ pa­ra­hat­çy­ly­gy­ we­ dia­lo­gy­ ber­kit­mek­de,­ par­la­ment hyz­mat­daş­ly­gy­ny­ iler­let­mek­de ­mö­hüm­ or­ny­ bel­le­nil­di. Şeý­le gör­nüş­dä­ki mas­la­hat­la­ryň yzy­gi­der­li hä­si­ýet­de geçirilme­gi mak­sa­da­la­ýyk diý­lip ha­sap edil­di. Türkmen hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gahryman Ar­ka­dagymyzyň we hor­mat­ly Preziden­ti­miz Arkadagly Gah­ry­man Serdarymy­zyň pa­ra­hat­çy­ly­gy we dia­lo­gy berkitmek işindä­ki ta­gal­la­la­ry we go­şant­la­ry aý­ra­tyn nyg­tal­dy.

 

Merdan TUWAKOW,

 Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

GIŇ GERIMLI HALKARA HYZMATDAŞLYGY

 

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 9-njy fewralynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde: «Türkmenistan energetika we energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, ekologiýany, daşky gurşawy goramak, suw serişdeleri, azyk howpsuzlygy ýaly ugurlar boýunça dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýär» diýip nygtamak bilen, bu ugurdaky işlerde ösüşlerimiziň täze sepgitlerini nazarlaýan wezipeleri kesgitledi. 

Milli ösüş maksatnamalarynyň guramaçylykly durmuşa geçirilmegi, BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibine hem-de howanyň üýtgemegi baradaky strategiýalaryna doly kybap gelýär. Türkmenistan döwletimiz uglewodorodyň uly gorlaryna eýe bolan, şol sanda pes uglerodly energiýa çeşmesi hasaplanylýan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär. Uglewodorod serişdelerini gazyp almak, gaýtadan işlemek, içerki zerurlygy üpjün etmek bilen olaryň önümçiligini diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly dünýä bazaryna çykarmak bilen, bagly işler netijeli alnyp barylýar. 

Ýurdumyzda kabul edilýän kanunçylyk namalary döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmagyň esasy hukuk binýady bolup çykyş edýär. «Tebigaty goramak hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Galyndylar hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň kanunlarynda we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda daşky gurşawy hapalaýjy maddalardan goramak, ugleturşy gazyň zyňyndylaryny azaltmak we olara gözegçilik etmek bilen bagly birnäçe kadalar öz beýanyny tapýar. 

2021-nji ýylda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen, «Ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanylmagynyň çygryny giňeltmek hem-de energiýa çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly metan gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga amatly şertleri döredýän hukuk binýady döredildi. 

2019-njy ýylda kabul edilen Howanyň üýtgemegi hakynda Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň rejelenen görnüşi degişli ugurda alnyp barylmaly işleriň zerur hukuk guramaçylyk we tehnologik şertlerini üpjün etmek bilen ekologiýa wezipelerini ýerine ýetirmek üçin uýgunlaşma çäreleriniň sanawyny düýpli giňeltmäge hyzmat edýär. 

Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda emele gelýän parnik gazlarynyň, esasan-da, metan zyňyndy gazlarynyň möçberini yzygiderli azaltmak ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň netijeliligine gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 2-nji iýunynda gol çeken Karary esasynda «Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça Türkmenistanyň pudagara topary» döredildi, şeýle hem pudagara toparyň düzümi we bu topar hakynda Düzgünnama tassyklanyldy.

Şeýle hem Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 16-njy iýunynda daşky gurşawy goramak baradaky halkara borçnamalardan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edilen Karar esasynda, 2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Bütindünýä metan borçnamasyna goşulmak meselesini öwrenmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça «Ýol kartasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. 

Ýurdumyz özünde öndürilýän önümleriň halkara bazarlaryna howa, deňiz, demir we awtomobil ulag ýollary arkaly howpsuz we ygtybarly ýetirilmegi üçin amatly şertleri döretmek babatda halkara jemgyýetçiligi bilen bilelikde döwrebap işleri durmuşa geçirýär. Dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň maksadalaýyk giňeldilmegine we kämilleşdirilmegine, onuň hukuk binýadynyň yzygiderli berkidilmegine hem oňyn täsir edýär. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň 2023-nji ýylyň dowamynda geçen maslahatlarynda 1986-njy ýylyň 26-njy sentýabrynda Wena şäherinde kabul edilen «Ýadro heläkçiligi barada dessin habar bermek hakyndaky Konwensiýa» goşulmak hakynda», 1986-njy ýylyň 26-njy sentýabrynda Wena şäherinde kabul edilen «Ýadro ýa-da radiasiýa heläkçiligi ýagdaýynda kömek bermek hakyndaky Konwensiýa» goşulmak hakynda», şeýle hem 2001-nji ýylyň 23-nji martynda London şäherinde kabul edilen «Bunker ýangyjyndan hapalanmakdan zeper ýetmeginiň raýat jogapkärçiligi hakynda halkara Konwensiýasyna» goşulmak hakynda» Türkmenistanyň kanunlary kabul edildi. Ýurdumyzyň bu konwensiýalara goşulmagy daşky gurşawy goramakda bu resminamalara gatnaşyjy döwletler bilen hyzmatdaşlygyň halkara hukuk kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyna oňyn täsir eder. 

Türkmenistan döwletimiziň milli derejede we halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlary we durmuşa geçirýän işleri durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmany netijeli guramak hem-de bütin dünýäde adamzadyň amatly şertlerde ýaşamagy babatda sebit we ählumumy derejede tagallalaryň utgaşdyrylmagyna we oňyn netijeleriň gazanylmagyna ýardam edýär. 

 

Merdan TUWAKOW,

 Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Halkara we parlamentara aragatnaşyklary baradaky komitetiniň agzasy

GÖZELLIK DÖREDÝÄN MENZILLER

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň pähim-parasata ýugrulan durmuş-ykdysady syýasatynyň saýasynda milli medeniýet ulgamy hem ösüşlere eýe bolýar. Ähli pudaklar we ulgamlar bilen bir hatarda medeniýet ulgamyna-da aýratyn üns berilýär. 

2023-nji ýyl hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda, uly üstünliklere beslenip geçdi. Geçen ýylyň tutuş dowamynda geçirilen çärelerde medeniýet, sungat ulgamyna uly orun degişli boldy. Milli gymmatlyklarymyzy dabaralandyrýan dürli derejedäki çärelerdir dabaralaryň diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem geçirilendigi medeniýetiň halkara gatnaşyklardaky ornunyň barha artýandygyny görkezýär. Geçen hepdede hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde geçen ýylda ýurdumyzda ähli ulgamlarda ýetilen sepgitler, durmuşa geçirilen işler dogrusynda aýdylanlar her bir ildeşimiziň buýsanjyna buýsanç goşdy. 

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hasabat berlişi ýaly, geçen ýylda milli senenamamyzyň şanly seneleri, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, Arkadag şäheriniň açylmagy hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli çäreler geçirildi. Olaryň hatarynda halkara derejeli çäreleriň uly toplumynyň bolmagy has-da guwandyrýar. Çünki «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahata, «Awaza — 2023» halkara tans we folklor festiwalyna, «Arkadagyň säheri» kinofestiwalyna, Ýaşlar simfoniki orkestriniň konsert-festiwalyna, «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara teatr festiwalyna, Wena balyna, Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligine we beýleki çärelere gatnaşmak üçin dünýäniň çar künjeginden gelen myhmanlaryň bu topragyň yssysyny, milli gymmatlyklarymyzyň jadylaýjy täsirini özleri bilen alyp gitmekleriniň özi-de dost-doganlyk syýasatymyzyň rowaçlanmagyndaky şowly gadamlardyr. 

Bagtyýar zamanamyzyň ýyl ýazgylaryna göz aýlanyňda, olaryň hersinde Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş eden gymmatly eserlerine nazaryň düşýär. Bu babatda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylymyzda juwanlyga mahsus täzeçillik bar. Geçen ýylyň ahyrky günlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby elimize gowuşdy. Şonuň ýaly-da Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserini, şeýle-de «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitaby geçen ýyl halkymyz ýüzüne syldy. 

Ýylyň dowamynda medeni çäreleriň köp bolmagy ýurtda döredijilige, milli mirasa sarpa goýulýandygyny görkezýär. Paýtagtymyzda geçirilen Medeniýet hepdeligi, uly dabaralara beslenen Eýran Yslam Respublikasynyň, Tatarystanyň, Türkiýäniň Medeniýet günleri, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna, gadymy Änew şäheriniň türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäreler... gözel Diýarymyzy toýhana öwürdi. Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasynyň geçirilmegi bolsa iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň täze derejä çykýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Rumyniýada, Koreýa Respublikasynda, Ermenistan Respublikasynda, ABŞ-nyň Albukerke şäherinde, Özbegistan Respublikasynda Medeniýet günleriniň üstünlikli geçirilendigini bellemek bolar. 

Giňişleýin mejlisiň barşynda berlen hasabatlar Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň, ýurdumyzyň teatrlarynyň, kitaphanalarynyň Garaşsyz Watanymyzyň ýürek urgusyna günübirin seslenýändiklerini ýene bir ýola äşgär etdi. Munuň özi dürli ulgamlarda, pudaklarda, dürli hünärlerde işleýän watandaşlarymyzyň ählisiniň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän işlerine, öňdengörüjilikli başlangyçlaryna mynasyp goşant goşmagy bagt saýýandyklarynyň guwandyryjy subutnamasydyr. Şeýle buýsançly pikirler, hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda: «Şu ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan etdik. Bu şygar uly many-mazmuna eýe bolup, watançylygymyzy ýokarlandyrmaga, ýaşlarymyzy terbiýelemäge, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen işleri amala aşyrmaga ruhlandyrýar» diýen sözleri şu ýylymyzyň-da durmuşymyzda gözellik döredýän üstünliklere, öňegidişliklere beslenjekdigine ynamymyzy artdyrýar. 

Goý, her bir günümizi toýdur baýramlara, ösüşli wakalara besleýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun! 

 

Bahar SEÝIDOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym bilim, medeniýet 

we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy

1 ... 31 32 33 34 35 ... 60