​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

Выступления и Статьи

ÝAŞLAR — DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda bilim bermegiň usulyýetini kämilleşdirmek, ylym ulgamyny yzygiderli ösdürmek we oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berýär. Şeýle-de, ýaşlary ylymly-bilimli, hünärli edip ýetişdirmegiň, olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagyna giň ýol açmagyň möhüm talap bolup durýandygyny nazara alyp, halkara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmelidigini nygtaýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýaşlaryň durmuşynda taryha altyn harplar bilen ýazyljak buýsançly wakalar bolup geçdi.

Ynha, şeýle, taryhy ähmiýetli wakalaryň biri hem Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara sergiň açylyş dabarasy boldy. Soňra bu ýerde ýurdumyzyň ýaşlarynyň halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen tamamlanyp barýan ýylyň dowamynda ýaşlaryň ajaýyp üstünlikleri, halkara derejesindäki ýeňişleri bilen halkymyzyň buýsanjyny artdyrandyklary uly guwanç bilen nygtaldy.

Ýurdumyzyň ýaşlarynyň halkara ylmy-amaly maslahatyna Mary welaýat kitaphanasynda welaýatymyzyň ýaşlary onlaýn arkaly gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyzyň: “Biz ýaşlarymyzy ýurdumyzyň geljegi hasaplaýarys, biziň ösüşlerimiz, ata Watanymyzyň berkararlygy, ýurdumyzyň asudalygy, il-günümiziň abadançylygy ýaşlarymyza baglydyr. Men türkmen ýaşlarynyň bu belent ynamy ödejekdiklerine berk ynanýaryn” diýip, nygtamagy islendik hünärde zähmet çekýän, bilim alýan ýaşlary geljekde has-da yhlasly, tutanýerli bolmaga ruhlandyrýar. 

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň özleri hakyndaky edýän beýik ynamyndan ruhlanýan ýaş nesiller döredijilikli okap, zähmet çekýärler.

Goý, eziz Watanymyzy ösüşlerden-ösüşlere, täze-täze ýeňişlere, halkymyzy eşretli ertire sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, başlary belent bolsun! Il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Maksat JANMYRADOW.

TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

ÝURDUMYZYŇ KUWWATY WE GELJEGI

Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlara uly ynam bildirýär. Munuň şeýledigine Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlara berilýän uly üns aladanyň, ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekde döredilýän giň mümkinçilikleriň we amala aşyrylýan ägirt uly işleriň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça şu gün - 27-nji dekabrda Aşgabatda geçirilýän ýaşlar maslahaty hem ýaşlaryň ykbalynda, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda aýratyn möhüm waka bolar.

Milli Liderimiz ýaşlary hemişe jemgyýetiň öňdebaryjy gatlagy, kuwwatly güýji hasaplaýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary geçirilen mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda döwlet dolandyryşynda häzirki zamanyň şertleri, ýokary talaplary esasynda kemala gelen ýaş ýolbaşçylara uly ynam bildirilýändigini nygtamagy munuň aýdyň subutnamasydyr. «Siz ýurdumyzyň garaşsyz ösüşiniň örän möhüm, jogapkärli tapgyrynda — täze onýyllykda alyp barýan işlerimizi üstünlikli dowam etdirmelisiňiz!» diýip, Milli Liderimiz belleýär.

Demokratik ýörelgeler esasynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň, ýerli halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda ýeňiş gazanan öňdebaryjy ýaşlarymyz bu gün Watanymyzyň, halkymyzyň bähbitlerini nazarlaýan işlere işjeň gatnaşýarlar. Ýaşlarymyz saýlaw esasynda ýurdumyzyň kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji edaralaryna halkymyzyň wekili hökmünde saýlandylar. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmeginiň düýp many-mazmunynda hem ýurdumyzyň geljeginiň binýadyny esaslandyryjylar bolan ýaşlara bildirilýän uly ynam äşgär görünýär.

Diňe ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş sebitde hem ilkinji «akylly» we «ýaşyl» şäher bolan Arkadag şäheri «Ýaşlaryň şäheri» diýen belent derejä eýe boldy. Täze şäheriň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda dabaraly açylmagy halkymyzyň buýsanjyny has-da artdyrdy. Gujurly we zehinli türkmen ýaşlary «akylly» şäherde ornaşdyrylan öňdebaryjy tehnologiýalara ezberlik bilen erk edýärler. Şäherdäki «akylly» öýleri ykjam enjamlar bilen dolandyrýan «Arkadagly ýaşlar» programmasynyň türkmen ýaşlary tarapyndan döredilmegi hem buýsandyryjy ýagdaýdyr.

 Ýaşlaryň ajaýyp zamanamyza bolan ýürek buýsançlaryny okyjylara ýetirmek, dürli ugurlarda gazanýan üstünliklerini giňden wagyz etmek maksady bilen, «Arkadagly ýaşlar» atly täze çeper-publisistik, ylmy-populýar elektron žurnaly döredildi. Bu başlangyjyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan goldanylmagy ýaşlaryň ylmy açyşlarynyň, döredijilik ukyplarynyň, öňdebaryjy pikirleriniň, belent maksatly tutumlarynyň rowaç bolmagy üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň netijesidir.

«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň täze rejelenen görnüşi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş raýatlaryň konstitusion hukuklaryny, azatlyklaryny üpjün etmek, durmuşa geçirmek üçin hukuk, durmuş- ykdysady, guramaçylyk şertlerini we kepilliklerini döretmek babatda kanunçylyk-hukuk binýady bolup hyzmat edýär. Kanunyň rejelenen görnüşi taýýarlanylanda ýurdumyzyň ýaş wekilleriniň pikirleriniň, teklipleriniň göz öňünde tutulandygyny aýratyn nygtamak zerur. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň esasynda ýaş raýatlaryň talabalaýyk bilim almagy, zähmet çekmegi, döredijilik işleri bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän ýaşlar syýasaty durmuşa geçirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuşynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalara baý ýyl boldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýynyň geçirilmegi şol taryhy ähmiýetli wakalaryň biridir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanylmagy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi halkara hyzmatdaşlykda türkmen ýaşlarynyň ornuny has-da berkitdi. Ýaşlar syýasaty babatda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmekde şu ýyl ýurdumyzda uly çäreler üstünlikli geçirildi. Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Dialog — parahatçylygyň kepili», Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly halkara ýaşlar forumlarynyň geçirilmegi bu babatda möhüm ädim boldy.

Şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, ylym we bilim olimpiadalarynda ýeňiji bolan, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekip, Diýarymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan ýaşlarymyz geljekki ýeňişlere ruhlanýarlar. Şu toý-baýramly günlerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynyň elimize gowuşmagy kalbymyzy has-da buýsançly duýgulara besleýär. Bu kitabyň her bir jümlesinde ýaşlara bolan ynamyň älem ýaly çäksizligi, umman ýaly çuňlugy, asman ýaly belentligi görünýär. Hormatly Prezidentimiz bu kitabyň üsti bilen türkmen ýaşlaryna halka, adamzada hyzmat etmegiň belent nusgasyny, terbiýe mekdebini görkezýär, jemgyýete wepaly şahsyýet bolup kemala gelmegiň ýol-ýörelgesini salgy berýär. Bu ajaýyp kitap üçin bagtyýar döwrümiziň baýdak göterijileri bolan ruhubelent ýaşlaryň Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary çäksizdir.

Milli Liderimiziň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde türkmen ýaşlary bilen geçiren umymy sapagynda aýdan: «Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen, öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýen ganatly jümlelerini özümize mertebe hem-de belent borç bilýäris. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar şu nurana ýol bilen beýik geljege barýarlar.

 

Ýazpolat KERIÝEW

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar 

guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy

Mejlisiň deputaty

 

BELENT MAKSATLARYŇ ROWAÇLYGY

 

Garaşsyz Watanymyzda ýaşlaryň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döwrebap ylym-bilim almagy ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. 

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde hem-de dünýä giňişligindäki abraýyny pugtalandyrmakda ýaşlaryň uly ornunyň bardygyny, ýaşlar syýasatynyň döwlet strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini bellemek zerurdyr. 

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ylym-bilim ösdürildi, ýaş nesle giň mümkinçilikler döredildi. Munuň özi jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýji bolan ýaşlara bildirilen uly ynamdan nyşandyr. Watan, ýaşlar, geljek baradaky mukaddes düşünjelerimiz bir bitewi mazmuny düzýär. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe başy başlanan özgertmeler syýasaty barha rowaçlanýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan içeri we daşary syýasatda belent maksatlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ýaşlara bil baglanylýar. Olaryň sagdyn, kämil nesiller bolup kemala gelmekleri ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda ýaşlary goldamak, höweslendirmek, olaryň ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini açyp görkezmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ynha, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatyň we serginiň çuňňur many-mazmuny bardyr. Bu dabara ýylyň dowamynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, mekdep okuwçylarynyň olimpiadalarynda, talyp ýaşlaryň bäsleşiklerinde ýeňiji bolan, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekip, Diýarymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan ýaşlara belent sarpadyr. 

 

Muhammetberdi GELDIMÄMMEDOW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň 

Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy

ÝAŞLAR-ÝURDUMYZYŇ EGSILMEZ KUWWATY

 

Ber­ka­rar­ döw­le­tiň­ tä­ze­ eý­ýa­mynyň­ Gal­ky­ny­şy­ döw­rün­de­ ýaş nesiller, ­ola­ryň­ saz­la­şyk­ly ­ösü­şi we­ sag­ly­gy,­ my­na­syp­ bi­lim­ terbi­ýe­ almak­la­ry,­ saý­lap­ alan­ hünä­ri­ne­ eýe­ bol­mak­la­ry,­ ylym­ we­ dö­re­di­ji­lik,­ sport­ bi­len­ meş­gul­lan­mak­la­ry­ üçin­ ze­rur şert­le­riň­ dö­re­dil­me­gi­ ba­ra­da­ky­ ala­da­ Türkme­nis­ta­nyň­ döw­let­ sy­ýa­sa­ty­nyň­ ile­ri­ tu­tulýan ­ugur­la­ry­nyň­ biri­dir. 

Ýaş­la­ryň­ bag­ty­ýar­ dur­mu­şy­ ba­ra­da­ky­ giň ge­rim­li­ ala­da­lar­ döwlet sy­ýa­sa­ty­nyň ­mö­hüm ug­ry ­bol­mak­ bi­len,­ ola­ryň­ ka­bul ­edi­len­ hem-de­ here­ket­ ed­ýän­ mil­li­ ka­nun­çy­lyk ­na­ma­lary­na,­ ýur­du­my­zyň­ eg­sil­mez­ kuwwa­ty­ bo­lup dur­ýan­ ýaş­la­ryň­ röw­şen­ yk­ba­ly­na­ gö­nük­diri­len ýörelgele­re­ esas­lan­ýan­dy­gy­ has-­da ­guwan­dy­ry­jy­dyr.­ Ýaş­lar­ ba­ra­da­ky­ Türk­me­nista­nyň­ Ka­nu­ny­na­ hem­-de­ «Türk­me­nis­tan­da ýaş­lar­ ba­ra­da­ky döw­let ­sy­ýa­sa­ty­nyň­ 2021-2025-­nji­ ýyl­lar­ üçin­ Döw­let­ Maksatnamasyna»­ da­ýan­ýan­ bu­ ala­da­lar­ ýaş­la­ryň­ hukuk­la­ry­ny­ we­ azatlyk­la­ry­ny­ üp­jün­ et­mek­de düýp­li­ öňe­gi­diş­lik­le­riň­ ga­za­nyl­ma­gy­na­ ýardam­ ed­ýär.­Ýur­du­myz­da ­ýaş­la­ryň ­hu­kuk­ we dur­muş­ taý­dan­ goraglyly­gy­ny­ üp­jün­ et­mek,­ ýaş­lar­da­ ru­hy ­ah­lak­ gym­mat­lyk­la­ry­ny,­ sagdyn­ dur­muş­ ýö­rel­ge­le­ri­ni­ ke­ma­la­ ge­tir­mek,­ jo­gap­kär­çi­li­gi,­ zäh­me­te­ söý­gi­ni­ ter­bi­ýe­lemek ­ýö­rel­ge­le­ri­ne ­esas­lan­ýan­ ýaş­lar ­ba­ra­da döw­let­ syýa­sa­ty­nyň­ hu­kuk­ bin­ýa­dy­nyň­ kämil­leş­di­ril­me­gi­ hem­-de ­ýaş­la­ryň hukuk­ terbi­ýe­si­ni­ ýo­kar­lan­dyr­mak ­bo­ýun­ça ­yzy­gi­der­li al­nyp­ ba­ryl­ýan­ işler­ ýaş­lar­ ha­kyn­da­ky­ alada­nyň­ üs­tün­lik­li­ dur­mu­şa­ ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni şöhle­len­dir­ýär.­

Ýur­du­myz­da­ ýaş­la­ryň­ kal­byn­da­ wa­tansö­ýü­ji­lik,­ yn­san­per­wer­lik,­ re­him­dar­lyk,­ sa­ha­wat­ly­lyk­ ýa­ly­ duý­gu­la­ry­nyň­ ýo­karlan­ma­gy­ üçin­ hormat­ly­ Pre­zi­den­ti­miz­ bimöç­ber ­ala­da­lar ­ed­ýär.­ Ar­ka­dag­ly­ Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň:­ «Ýaş­lar­ mäh­ri­ban­ hal­ky­myzyň,­ eziz­ Wa­ta­ny­my­zyň­ beýik­ gel­je­gi­ni ­gu­rujy­lar­dyr,­ jem­gy­ýe­ti­mi­ziň­ iş­jeň­ bö­le­gi­dir.­ Eziz Diýary­my­zyň­ güýç ­kuw­wa­ty,­ ab­raý ­mer­tebe­si­ we ­aý­dyň­ gel­je­gi ­bo­lan ýaş­lar­ bi­ziň­ alyp bar­ýan­ iş­le­ri­mi­ze,­ ýur­du­my­zyň­ ösüş­le­ri­ne öz­ my­na­syp­ go­şant­la­ry­ny­ goş­ýar­lar.­ Bu­ günki­ gün­ ylym-­bi­lim,­ sport,­ me­de­ni­ýet,­ sungat ugur­la­ryn­da ­dün­ýä­de ­uly­ üs­tün­lik­le­ri­ ga­zanýan ­türk­men­ ýaşlarynyň ­döw­le­ti­miz ­ta­ra­pyndan­ öz­le­ri­ne­ bil­di­ril­ýän­ be­lent­ yna­my­ ödeýän­dik­le­ri­ne­ buý­san­ýa­rys»­ di­ýip­ nyg­ta­ma­gy şeý­le­ uly ­ala­da­la­ryň­ my­na­syp ­be­ýa­ny­dyr. 

Döw­le­ti­mi­ziň­ gel­je­gi­ ylym-­bi­lim­li,­ dün­ýä bi­len­ aýak­daş­ gi­dip­ bilýän­ giň­ dün­ýä ­ga­raýyş­ly­ ýaş­la­ra­ bag­ly.­ Bu­ ugur­da­ eziz­ Wa­tany­myz­da­ äh­li­ müm­kin­çi­lik­ler­ dö­re­dil­ýär hem-­de­ ýaş­la­ryň­ dün­ýä­ de­re­je­sin­dä­ki­ ökde hü­när­men­ler­ bo­lup­ ýe­tiş­mek­le­ri­ üçin ­hal­kara­ hyz­mat­daş­ly­gy­na­ aýra­tyn­ äh­mi­ýet­ be­rilýär.­ Bu­ gün­ki­ gün­ ýur­du­my­zy ­gül­let­jek türkmen ýaş­la­ry­nyň­ müň­ler­çe­si ­dün­ýä­niň­ dür­li kün­jek­le­rin­de ­ab­raý­ly ­ýo­ka­ry okuw­ mek­deple­rin­de­ bi­lim­ al­ýar­lar,­ ýur­du­my­zyň­ baý­dagy­ny­ al­ as­man­da­ buý­sanç­ bi­len­ par­lad­ýarlar.­ Ýa­ňy­ ýa­kyn­da­ ku­raş­ bo­ýun­ça­ ge­çi­ri­len Dünýä­ çem­pio­na­tyn­da ­türk­men­ ýaş­la­ry­nyň en­çe­me­si­niň­ dün­ýä­ çempiony­ di­ýen ­ab­raý­ly adyň­ eýe­si­ bol­mak­la­ry­ ýo­kar­da ­bel­läp geçenleri­mizi­ do­lu­ly­gy­na­ tas­syk­la­ýar.

Ýur­du­myz­da­ ýaş­ ne­sil­le­ri­mi­ziň­ nus­ga­lyk şah­sy­ýet­le­ri­miz­den­ habar­ly­ bol­mak­la­ry­ we ola­ryň­ eder­men­lik­le­ri­ bi­len­ ta­nyş­ bol­makla­ry­ üçin­ şah­sy­ýet­le­ri­mi­ziň­ heý­kel­le­ri­ oturdy­lan­ se­ýil­gäh­le­riň­ gu­rul­ma­gy,­ teatr­lar­da şol­ dö­wür­le­re­ de­giş­li­ sah­na­ eser­le­ri­niň­ goýul­ma­gy,­ kinofilmleriň­ su­ra­ta­ dü­şü­ril­me­gi,­ oba­dyr­ et­rap­la­ra,­ şä­her­le­re,­ or­ta,­ ýö­ri­te­ or­ta we­ ýo­ka­ry­ okuw­ mek­dep­le­ri­ne­ bel­li­ şah­syýet­le­ri­mi­ziň­ at­la­ry­nyň­ daky­lyp ­ebe­di­leş­di­rilme­gi, ­ta­ryh ­der­si­niň ­okuw­ me­ýil­na­ma­la­ry­na girizilme­gi­ ne­sil­le­ri­mi­ziň­ bu­ ba­bat­da­ giň mag­lu­mat­la­ra­ eýe­ bol­ma­gy­na­ dö­re­dil­ýän şert­ler­den ­ha­bar ­ber­ýär. ­Şu­nuň­ bi­len­ bag­lylyk­da,­ ýurdumyzda ­hal­ky­my­zyň­ baý ­me­de­ni mi­ra­sy­ny­ go­rap­ sak­la­mak,­ dikeltmek,­ öwren­mek­ we­ art­dyr­mak,­ mil­li­ gym­mat­lyk­lary,­ däp-dessurlary,­ maş­ga­la­ ede­bi­ni­ giň­den wa­gyz­ et­mek­ ar­ka­ly­ sag­dyn,­ bi­lim­li,­ ýo­ka­ry aň­ dü­şün­je­li,­ wa­tan­sö­ýü­ji­ ýaş­ ne­sil­ler­ üçin mak­sat­na­ma­la­ýyn­ işler­ yzy­gi­der­li­ amala­ aşy­ryl­ýar.­ Bu­la­ryň­ äh­li­si­ Mil­li­ Li­de­ri­miz Gahryman­ Ar­ka­da­gy­my­zyň­ çy­kyş­la­ry­nyň ­birin­de: ­«Biz­ be­ýik ­oguzlaryň ­ne­sil­le­ri­di­ris.­ Biz dün­ýä ­ta­ry­hy­na ­we­ me­de­ni­ýe­ti­ne­ gym­mat­ly go­şant­ goşup,­ ta­ryh­da­ nus­ga­lyk ­yz­ gal­dy­ran hal­kyň­ ne­sil­le­ri­di­ris.­ Biz­ öz­ şan­ly­ geç­mi­şimi­ze, ­baý­ ta­ry­hy­my­za, ­be­ýik­ döw­rü­mi­ze ­guwan­ma­ga ­we­ buýsan­ma­ga ­do­ly­ hak­ly­dy­rys»­ di­ýip­ aý­dan­ söz­le­ri­ bi­len­ ut­ga­şyp,­ ýaş­la­ry ter­bi­ýe­le­mek­de ­nus­ga­lyk­ ýö­rel­ge­le­riň ­ke­mala­ gel­me­gi­ne­ ýar­dam ­ed­ýär.­ 

Ag­zy­bir­ hal­ky­myz,­ esa­san­ hem­ ýaş­lar­ ýurdu­my­zyň ­sy­ýa­sy durnukly­ly­gy­ny, ­ok­gun­ly ­öňe git­me­gi­ni,­ äh­li­ pu­dak­lar­da­ saz­la­şyk­ly­ ösüşi üp­jün­ et­mek­ üçin­ my­na­syp ­zäh­met ­çe­kip,­uly go­şant­la­ry­ny­ goşmagy­ öz­le­ri­niň ­il­-ýurt ­öňündä­ki­ per­zent­lik­ borç­la­ry­ ha­sap­la­ýar­lar. Yh­lasly ­oka­mak,­ dö­re­di­ji­lik­li­ we ­tu­tan­ýer­li ­iş­le­mek,­ eziz­ Di­ýa­ry­my­zyň­ mun­dan­ beý­läk­-de­ gül­läp ös­me­gi­ üçin­ hal­ky­my­zy­ be­ýik­ iş­le­re­ ruhlandyr­ýan­ Ar­ka­dag­ly­ Gah­ry­man­ Ser­da­ry­my­zyň ja­ny­ sag,­ öm­ri­ uzak­ bol­sun!­ Sa­ha­wat­ly­ iş­le­ri he­mi­şe ­ro­waç­lyk­la­ra­ bes­len­sin!

 

Senem BERDIÝEWA, 

Türk­me­nis­ta­nyň ­Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky 

Döw­let­ gul­lu­gy ­aka­de­mi­ýa­sy­nyň ­diň­leý­ji­si,­ 

Türk­me­nis­ta­nyň Mejlisiniň ­de­pu­ta­ty.

NETIJELI HYZMATDAŞLYK PUGTALANDYRYLÝAR

 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öňe sür­ýän pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýüji da­şa­ry sy­ýa­sa­ty Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň be­ýik mak­sat­ly baş­lan­gyç­la­ry­nyň do­wa­my ­bol­mak bi­len,­ hal­ka­ra ­de­re­je­sin­de­ giň­ golda­wa eýe bol­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň dost­luk­ly­ ýurt­lar­ bi­len­ ýo­la­ go­ýan äh­lu­mu­my abadançy­ly­gyň pug­talan­dy­ryl­ma­gy­na­ gö­nük­di­ri­len­ tä­ze baş­lan­gyç­la­ry, söw­da­-yk­dy­sa­dy, ulag­-lo­gis­ti­ka,­ ma­ýa­ go­ýum­ ba­batda hyz­mat­daş­ly­gy bar­ha gi­ňe­ýär. Da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len bi­le­lik­de uly möç­ber­li tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şeý­le hem özara bäh­bit­li, deň hu­kuk­ly gat­na­şyk­la­ryň şert­na­ma­la­ýyn­ hu­kuk bin­ýa­dy­nyň ke­ma­la ­gel­me­gi babatda­ döw­re­bap iş­ler ­dur­mu­şa­ ge­çi­ril­ýär.­

2023-­nji ýy­lyň 30­-njy sent­ýabryn­da ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň ýe­din­ji ça­gy­ry­ly­şy­nyň no­bat­da­ky üçün­ji mas­la­ha­tyn­da garalan bir­nä­çe ka­nun­la­ryň tas­la­mala­ry ­hem ­mu­nuň aý­dyň­ subutnamasy­dyr. Mas­la­hat­da 2023-­nji ýy­lyň 9-­njy ­iýu­nyn­da­ Aş­ga­bat­ şähe­rin­de gol çe­ki­len Türk­me­nis­ta­nyň Hökü­me­ti bi­len Weng­ri­ýa­nyň Hö­küme­ti­niň ­ara­syn­da ­ma­ýa­ go­ýum­la­ry hö­wes­len­dir­mek we öza­ra goramak ha­kyn­da­ky ­Yla­la­şy­gy ­tas­syk­la­mak ha­kyn­da­ we­ 2023­-nji­ ýylyň 20­-nji mar­tyn­da Do­ha şä­he­rin­de gol çeki­len Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Ka­tar Döw­le­ti­niň Hö­kü­meti­niň ara­syn­da ma­ýa go­ýum­la­ry öza­ra hö­wes­len­dir­mek we go­ra­mak ha­kyn­da Yla­la­şy­gy tas­syk­la­mak ha­kyn­da ka­nun ­tas­la­ma­la­ry ­hö­dürlen­di.­ Bu­ yla­la­şyk­la­ryň­ esa­sy­ maksa­dy taraplaryň­ ara­syn­da ­dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry has­-da pug­ta­lan­dyrmak, özara bäh­bit­li söw­da-­yk­dysa­dy­ hyz­mat­daş­ly­gy­ ös­dür­mek­ we güýçlendirmek, ma­ýa go­ýum­la­ry­ny hö­wes­len­dir­mek, yla­laş­ýan taraplaryň­ döw­let­le­ri­niň ­çäk­le­rin­de ­maýa­dar­la­ryň ma­ýa go­ýum­la­ry üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek hem-­de ola­ry­ iki­ ta­rap­la­ýyn­ go­ra­mak ­bo­lup dur­ýar. Bu ka­nun­lar ýur­du­my­zyň söw­da­-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry­nyň hukuk ­bin­ýa­dy­nyň ­üs­tü­ni ­ýe­tir­mek bi­len, öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän me­se­le­le­re we hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze ugur­la­ry­na­ ga­ra­ma­ga ­hem­-de­ söwda­-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry­my­zy ös­dür­mä­ge­ we­ güýç­len­dir­mä­ge ­uly ýar­dam eder. Mas­la­ha­tyň do­wamyn­da baş­ga­da bir­nä­çe Kon­wen­siýa we Yla­la­şy­ga go­şul­mak ha­kyn­da ka­nun ­tas­la­ma­la­ryň ­üs­tün­de­ dur­lup geçildi. 

Hor­mat­ly ­Pre­zi­den­ti­mi­ziň ­ta­galla­la­ry ­ne­ti­je­sin­de, ­dün­ýä­ döw­let­le­ri bi­len ulag-­lo­gis­ti­ka ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mek­ bo­ýun­ça­ hyz­mat­daş­ly­gy berkit­mek ba­ra­da hem uly iş­ler al­nyp­ ba­ryl­ýar.­Ýur­du­myz­ De­mirga­zyk -Gü­nor­ta we Gün­do­gar - Gün­ba­tar ugur­la­ry bo­ýun­ça ulag ­üstaşyr geçelge­le­ri­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça iri tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa geçir­ýär. Türkme­nis­tan­ - Azer­baý­jan - Gru­zi­ýa­ - Tür­ki­ýe,­ Öz­be­gis­tan­ - Türkmenis­tan­ - Oman­ - Ka­tar we­ Ýew­ro­pa­ - Kaw­kaz­ - Azi­ýa hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­si (TRACECA) ýa­ly ­hal­ka­ra ­ulag­ ge­çel­ge­le­ri­ni­ döretmäge iş­jeň­ gat­naş­ýar. ­Bu­ ul­gamda­ hem­ ýur­du­myz­ dün­ýä­ döw­let­le­ri bi­len durnuk­ly ulag ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mek ba­bat­da gat­na­şyk­la­ryň şertnamalaýyn ­hu­kuk bin­ýa­dy­nyň ke­ma­la gel­me­gi ba­ba­tyn­da hem döwre­bap ­iş­le­ri­ dur­mu­şa­ ge­çir­ýär.­ 1998-­nji­ ýy­lyň­ 8­-nji­ sent­ýab­ryn­da Ba­ku­ şä­he­rin­de ­ka­bul­ edi­len­ Ýewro­pa-Kaw­kaz-Azi­ýa hal­ka­ra ulag geçel­ge­si­ni ös­dür­mek ha­kyn­da esa­sy­ köp­ ta­rap­la­ýyn­ Yla­la­şy­ga goşulmak ha­kyn­da ka­nun tas­la­ma­sy­na ga­ral­dy.­ 

Bu Yla­la­şyk­da oňa gat­na­şy­jy döw­let­le­riň­ Ýew­ro­pa,­ Ga­ra­ de­ňiz,­ Kaw­kaz,­ Ha­zar­ de­ňi­zi­ we­ Azi­ýa­ sebit­le­rin­de yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek, söw­da­ny hem­-de hal­ka­ra ýük ­we­ ýo­lag­çy ­ge­çir­me­le­ri ­üs­ta­şyr ama­la­ aşyr­mak­ ba­bat­da­ky­ ka­da­lar göz­ öňün­de­ tu­tul­ýar.­ Türk­me­nis­tanyň bu Yla­la­şy­ga go­şul­ma­gy dün­ýä döw­let­le­ri bi­len yk­dy­sa­dy gat­na­şykla­ry ös­dür­mä­ge, hal­ka­ra ba­zar­la­ry­na çyk­ma­ga, hal­ka­ra ýük ge­çir­me­le­ri­ni artdyr­ma­ga ­hem-­de­ ýük­le­riň ­yg­tybar­ly­ go­rag­ly­ly­gy­ny ­üp­jün­ et­mä­ge ýardam ­eder.­ 

Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döwle­ti­miz­de­ iş­le­mä­ge ­äh­li­ mümkinçilik­le­ri dö­re­dip ber­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag,­ ömür­le­ri­ uzak­ bol­sun!­ Il-­ýurt bähbit­li­ alyp ­bar­ýan­ be­ýik ­iş­le­ri ­hemi­şe ­ro­waç­lyk­la­ra ­bes­len­sin!

 

 Aly RAHMEDOW, 

Mary welaýatynyň Ýolöten etrap häkimliginiň baş hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

ŞÖHRATLY ÝYLYŇ ŞANLY WAKALARY

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir ýyly şanly hem taryhy wakalary bilen şöhratlanýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny hem şeýle ýyllaryň hataryna buýsanç bilen goşup bileris. Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegini, şeýle-de, ýurdumyzyň BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 2024 – 2028-nji ýyllar üçin agzalygyna saýlanylmagyny üstümizdäki ýylyň şöhratyna şöhrat goşan wakalar hökmünde görkezmek bolar. 

Türk­me­nis­ta­nyň tek­lip eden «Ahal­te­ke at­çy­lyk sun­ga­ty we at­la­ry be­ze­mek däp­le­ri» at­ly hö­dür­na­ma­sy­nyň ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi, ha­ky­kat­da­n-da, tary­hy wa­ka­dyr. Bu çöz­güt 5-nji de­kabr­da ÝU­NES­KO-nyň Mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy go­ra­mak bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra ko­mi­te­ti­niň Botswana Res­pub­li­ka­sy­nyň Ka­sane şä­he­rin­de ge­çi­ri­len 18-nji mej­li­sin­de kabul edil­di. Aja­ýyp za­ma­na­myz­da ýur­du­my­zyň dün­ýä­dä­ki ab­ra­ýy­na ab­raý go­şul­ma­gyn­da mil­li mi­ra­sy­my­zyň, gym­mat­lyk­la­ry­my­zyň hem örän uly or­nu­nyň bar­dy­gy­na şu çöz­gü­diň ka­bul edil­me­gi­niň özem aý­dyň gü­wä geç­ýär. Ahal­te­ke at­çy­lyk sun­ga­ty­nyň we at­la­ry be­ze­mek däp­le­ri­niň ÝUNES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi hem mu­nuň aý­dyň ny­şa­ny bo­lup, bu şan­ly waka be­hiş­di bedew­le­ri­mi­ziň dün­ýä­dä­ki şöh­ra­ty­ny has-da art­dyr­mak­da Mil­li Liderimi­ziň hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry edýändi­gi­ni, mil­li at­şy­nas­lyk sun­ga­ty­my­zyň dün­ýä ýa­ýyl­ýan­dy­gy­ny äleme aýan et­di. 

Türk­me­nis­ta­nyň BMG-niň Ilat we ösüş bo­ýun­ça ko­mis­si­ýa­sy­nyň 2024 – 2028-nji ýyl­lar üçin ag­za­ly­gy­na saý­la­nyl­ma­gy-da üs­tü­mizdä­ki ýy­lyň ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zy­lan şan­ly wa­ka bol­dy di­ýip buýsanç bi­len aýt­ma­ga do­ly ha­ky­myz bar­dyr. Bu ta­ry­hy çöz­güt Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Watandyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen baş ýö­rel­ge­si­ne esas­lan­ýan hem-de «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 – 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ösdür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň» çäk­le­rin­de ama­la aşyr­ýan be­ýik iş­le­ri­niň, oňyn bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne eýer­ýän pa­ra­sat­ly da­şa­ry we içe­ri sy­ýa­sa­ty­nyň, ne­ti­je­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň gi­ňel­dil­me­gi­ne döwletimi­ziň iş­jeň gat­naş­ma­gy­ny üp­jün ed­ýän ägirt uly tu­tum­la­ry­nyň dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan giň gol­da­wa we yk­rar­na­ma eýe bolýandygynyň aý­dyň ny­şa­ny­dyr. 

Goý, aja­ýyp za­ma­na­myz­da hal­ky­my­zy eş­ret­li dur­muş­da ýa­şa­dyp, eziz Wa­ta­ny­my­zyň dün­ýä­dä­ki ab­ra­ýy­nyň has-da be­len­de gö­te­ril­me­gi üçin nus­ga­lyk iş­le­ri ama­la aşyr­ýan türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­niň we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak, be­lent baş­lary aman bol­sun! 

 

Per­man SA­PAROW,

 Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň dur­muş sy­ýa­sa­ty 

ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň baş hü­när­me­ni

YNSANPERWER ÝÖRELGELER

 

Ýurtda ykdysady ösüşiň esasy ugurlarynyň biri, döwletiň eýeçiligiň ähli görnüşlerini hemmetaraplaýyn ösdürmegi we deň goragyny kepillendirmegi bolup durýar. Eýeçilik hukugy ýurduň ykdysady gatnaşyklarynyň esasyny emele getirmek bilen, raýatlaryň şahsy durmuş-ykdysady gatnaşyklaryna täsirini ýetirýär. Şu jähetden, eýeçilik hukugyny jemgyýetiň bähbitlerinden ugur alyp, kanunçylyk taýdan kadalaşdyrmagyň usullaryny we hukuk goragyny berkitmegiň ähmiýeti örän uly. Esasy Kanunymyzda eýeçiligiň el degrilmesizdigi, döwlet eýeçiliginiň ähli görnüşleriniň deň goragyny kepillendirýänligi we olaryň ösmegi üçin deň şertleri döredýänligi kesgitlenendir. 

Kärhanalaryň zähmet gatnaşyklarynda kärhananyň eýeçiligindäki emlägi aýawly saklamak we ony zyýanyň ýetirilmeginden goramak üçin, maddy jogapkärçiligiň uly ähmiýeti bar. Işçileriň, gullukçylaryň işleýän ýerine ýetiren maddy zyýany barada jogapkärçilik edarada, kärhanada, guramada kärhananyň emlägini gorap saklamak üçin hukuk serişdeleriniň biri hökmünde hyzmat edýär. Bu babatda zähmet gatnaşyklarynda iki tarapyň (iş berijiniň we işgäriň) hem jogapkärçiligi kanunçylykda berkidilendir. Zähmet şertnamasynyň taraplary bolan iş beriji ýa-da işgär öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirmezligi, seresapsyzlygy bilen beýleki tarapa ýetiren zyýany üçin Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary tarapyndan bellenilen düzgünler boýunça onuň öwezini dolýar. Şeýlelikde, zähmet gatnaşyklarynda iş berijiniň ýa-da işgäriň maddy jogapkärçiligi ýüze çykýar. 

Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde işgäre zähmet borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşyklylykda ýa-da onuň zähmet çekmek mümkinçiliginden bikanun mahrum edilmegi netijesinde, iş beriji tarapyndan öweziniň dolunmalydygy göz öňünde tutulandyr. Şu netijeleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak üçin, iş beriji işgäriň zähmetini goramak hakynda adamyň saglygyny we işe ukyplylygyny üpjün edýän guramaçylyk, tehniki çäreleri geçirýär. Ýagny, işgärler üçin amatly, howpsuz zähmet şertlerini döretmek iş berijiniň esasy borçlarynyň biri bolup durýar. 

Işçileriň, gullukçylaryň zähmet kanunçylygynyň kadalary bilen düzgünleşdirilýän maddy jogapkärçiligi raýat hukugynyň kadalary bilen düzgünleşdirilýän maddy jogapkärçilikden düýpli tapawutlanýar. Has takygy, zähmet hukugy boýunça işgärleriň maddy jogapkärçiligi şu aşakdakylary özünde jemleýär: 

1. Ilkinji nobatda, zyýany töleýän adam şol zyýan ýetirilen edaranyň, kärhananyň, guramanyň işgäri bolmaly. 

2. Hakykatda gös-göni ýetirilen zyýan çäklendirilen möçberde töledilmäge degişli. 

3. Işgäriň günäsi bolmadyk halatlarda ýetirilen zyýan işgäre töledilmeli däl. 

4. Kadaly önümçilik töwekgelligi şertlerinde işgär ýetirilen zyýany töletmekden boşadylmaly. 

5. Ýetirilen zyýany töletmegiň ýörite düzgüni, çägi bellenilýär. 

Işçini, gullukçyny doly ýa-da çäklendirilen maddy jogapkärçilige çekmezden ozal zyýanyň nähili ýagdaýlarda we şertlerde dörändigini nazara almak hökmany talaplaryň biridir. 

Işgäriň maddy jogapkärçiligine hakykat ýüzünde ýetirilen zyýanlar girýär. Şeýle zyýanlara işgäriň jogapkärçiliginde duran emläklerde we beýleki maddy gymmatlyklarda çykan kemçilikler; emläkleriň zaýa ýa-da ýok edilmegi; emläkleriň gymmatynyň pese gaçmagy; öndürijiliksiz çykdajylar (jerime we ş.m tölegler) degişlidir. Emläk, zat zaýa edilende diňe ýetirilen zyýan töletdirilýär, alynjak bolnan peýda töledilmeýär. Hukuk kadalarynyň bozulmagy sebäpli ýetirilen zyýana işgäriň öz wezipe borçlaryny we içerki zähmet düzgün-nyzam şeýle hem başga kadalaşdyryjy hukuk namalary berjaý etmänligi ýa-da talabalaýyk berjaý etmänligi sebäpli ýetirilen zyýan degişlidir. 

Ýokarda hem belleýşimiz ýaly, zähmet hukugynda tölegiň möçberi çäklendirilen we doly jogapkärçilik esasynda kesgitlenilýär. Çäklendirilen maddy jogapkärçilik işçiniň, gullukçynyň iş hakynyň belli bir bölegi bilen kesgitlenilýär. Munda zyýanyň möçberi kesgitlenilende diňe hakykat ýüzünde ýetirilen zyýan nazara alynýar, giderilen peýda göz öňünde tutulmaýar. Işgäriň mejbury ýagdaýda işden galan wagty ýa-da pes zähmet hakly işi ýerine ýetiren wagty üçin hak tölenilendigi sebäpli edara, kärhana ýetirilen zyýany tölemek borjy bolsa, wezipeli adamyň üstüne ýüklenilýär. 

Işçileriň, gullukçylaryň öz günäsi bilen edara, kärhana ýetiren maddy zyýanlarynyň doly möçberde töledilmegine doly möçberde maddy jogapkärçilik diýilýär. Doly şahsy maddy jogapkärçilik bolsa, ýörite işgärlere (mysal üçin, hojalyk müdirine, hasapça) ulanylýar. Bu işgäriň doly maddy jogapkärçiligi onuň ýetirilen zyýanyny doly möçberde tölemek borjundan ybarat. Olar işe kabul edilende, wezipe borçlarynda ähli üstüne ýüklenilen maddy jogapkärçilik görkezilýär we ýazmaça şertnamalar baglaşylýar. 

Doly maddy jogapkärçilik çekýän işgär kärhananyň emlägine ýetirilen zyýan ýüze çykanda, zyýanyň ýetirilmeginde özüniň günäsiniň ýokdugyny subut etmäge borçly bolýar. Ýetirilen zyýany anyk işgäriň tölemegi hakynda çözgüt kabul edilmezinden öňinçä, iş beriji ýetirilen zyýanyň möçberini bellemek we onuň ýüze çykmagynyň sebäplerini anyklamak üçin barlag geçirýär. Şeýle barlagy geçirmek üçin iş topary döredilýär. Işgärden zyýanyň ýüze çykmagynyň sebäbini anyklaýan, ýazmaça görnüşde düşündirişi talap etmegi hökmany hasaplanylýar. 

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, eýeçiligiň dürli görnüşlerindäki döwrebap kärhanalaryň döredilmegini höweslendirmek üçin ähli ykdysady, hukuk şertler döredilýär. Şeýlelikde, döwlet diňe bir eýeçiligiň görnüşlerini bellemän, eýsem, olaryň haýsydyr birine çäklendirmeleriň ýa-da artykmaçlyklaryň ýol berilmezligini, olaryň deň derejedäki goragyny kepillendirýär. Şol sanda bu hukuklary durmuşa geçirmek babatda döwlet tarapyndan berilýän kepillikleriň berkidilmegine ýardam edýär. 

 

Merjen BORJAKOWA,

 Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň hünärmeni.

MÖHÜM WAKANYŇ ÄHMIÝETI

 

Ösüş-özgerişleriň aýdyň ýol bilen öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmekde uly işler amala aşyrylýar. Şu syýasatyň çäklerinde türkmen ýaşlarynyň bilim-terbiýe almaklarynda, hünärli adamlar bolup ýetişmeklerinde uly işler bitirilýär. Ýaşlaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, olaryň döredijilikli zähmet çekmekleri we talaba laýyk dynç almaklary ugrunda uly tagallalar edilýär. 

Ýaşlar baradaky alada üstümizdäki ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagam ýene bir gezek şaýatlyk edýär. Şu ýylyň 16-18-nji noýabrynda welaýat merkezimiz Mary şäherinde geçirilen “Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy” atly ýaşlar forumy hem şanly ýylymyzyň möhüm wakasy boldy. 

Gadymy Mary topragynda Orta Aziýa ýurtlarynyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen bu forumyň adyndan mälim bolşy ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamynyň uly geljeginiň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň hem-de şu foruma gatnaşan daşary ýurtlaryň ýaşlaryna degişlidigini äşgär etdi. Forumyň barşynda atlary agzalan ýurtlarda ýaşlar barada alada edilýändigi, şu meselede bilelikdäki tagallalaryň ýerine düşjekdigi, ýaşlaryň arasyndaky şeýle hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbitli taraplary dogrusynda giňişleýin durlup geçildi. Aýratynam, forumyň çäklerinde guralan “Merkezi Aziýada we Hytaý Halk Respublikasynda ýaşlar syýasatynyň meseleleri” atly işewürlik ertirligi hem uly ähmiýete eýe bolup, ýaşlar babatda alnyp barylýan degerli işleriň giň gerimde ýaýbaňlandyrylýandygy bellenilip geçildi. “Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy” atly bu forum sebitiň ýurtlarynda we HHR-de ýaşlaryň uly orun tutup, olara ähli ugurlarda giň mümkinçilikleriň döredilýändigini aýdyň subut etdi. Şeýle hem bu möhüm waka oňa gatnaşan ýurtlaryň ýalarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga, halklaryň arasyndaky dost-doganlygy ösdürmäge täze mümkinçilikleri açjakdygy şübhesizdir. 

Welaýat merkezimizde geçirilen “Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy” atly forum Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň içeri we daşary syýasatynyň rowaçlanýandygyny subut etdi. Esasanam, ýaşlar syýasatynyň ynamly gadamlarynyň batlanýandygyna aýdyň mysaldyr. 

Atamyrat KÖSSEKOW. 

Sakarçäge etrap pensiýa gaznasy bölüminiň pensiýalar bölümçesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

BILIM — BAGTYÝARLYGYŇ BINÝADY

 

2023-nji – Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly şanly wakalary, düýpli öňegidişlikleri bilen galkynyşly döwrümiziň taryhynda we ildeşlerimiziň kalbynda öçmejek yz goýup, tamamlanyp barýar. Üstümizdäki ýylda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygy bilen ýurdumyz ähli babatda uly ösüşlere beslendi. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesliň ylymly, bilimli, berk bedenli, sagdyn ruhly kemala gelmegi hem-de sanly tehnologiýalardan kämil baş çykarmagy ugrunda düýpli özgertmeleriň başyny tutdy. Şuňa laýyklykda gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamlarynda halkara derejesindäki giň gerimli çärelere badalga berildi, toplumlaýyn maksatnamalar durmuşa geçirildi. Ylym-bilimden ýüki ýetik, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarmaga, döredijilikli işlemäge ukyply hünärmenleriň taýýarlanylmagyny üpjün etmek maksady bilen ýurdumyzyň çäklerindäki ýokary we orta okuw mekdepleriniň sany yzygiderli artdyrylýar. Olary häzirkizaman enjamlary bilen enjamlaşdyrmak, ýokary tehnologiýaly innowasiýa merkezlerini döretmek dowam etdirilýär. 

Geçip barýan ýyl ýurdumyzyň bilim işgärleri, okuwçy we talyp ýaşlar üçin şatlykly wakalara iň baý ýyllaryň biri boldy. Güneşli Diýarymyzyň ähli welaýatlary bilen bir hatarda gadymy Lebap topragynda bilim we terbiýeçilik edaralarynyň 9-synyň bir bada açylyp, ulanylmaga berilmegi, sebitde deňi-taýy bolmadyk ýokary okuw mekdebiniň täze binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagy ýylymyzyň şanyna şan, watandaşlarymyzyň şatlygyna şatlyk goşdy. Biri-biriniň üstüni ýetirýän medeni-durmuş maksatly desgalaryň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir raýatyň mynasyp durmuşda ýaşamagy, ýaşlaryň geljeginiň mundan-da şuglaly bolmagy hakynda edýän hossarlyk aladasynyň aýdyň subutnamasydyr. 

Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamyny düzümi boýunça hem, mazmuny boýunça hem dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň derejesine ýetirmek ugrunda edýän aladalarynyň netijesinde häzirki wagtda ylym-bilim edaralarynyň işine innowasion usullarda okatmagyň iň häzirki zaman ýörelgeleri ornaşdyrylýar. Hut şunuň netijesinde türkmen ýaşlary halkara we dünýä derejelerindäki ylym-bilim bäsleşiklerinde, olimpiadalarynda ýokary derejeleri eýeleýärler. Dünýä ylmynyň gazananlarynyň ýaşlar üçin elýeterli edilmegi, halkara ylmy jemgyýetçiliginde türkmen alymlarynyň öz mynasyp orunlaryny tapmaklaryna amatly şertleriň döredilmegi netijesinde milli ylym-bilim ulgamymyz rowaçly menzilleri külterleýär. Ýurdumyzyň ylym ulgamyny kämilleşdirmek, onuň netijeliligini ýokarlandyrmak, alymlaryň tagallalaryny ylmyň iň möhüm, geljegi uly ugurlaryna gönükdirmek ýaly döwrüň öňe sürýän talaplaryndan ugur alnyp, bu ulgamda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Ylym ulgamynda üstünlik gazanmagyň derwaýys şerti halypa alymlaryň we ýaş nesliň arasynda sazlaşykly baglanyşygy ýola goýmakdyr. Ýaş alymlaryň arasynda geçirilýän ylmy işleriň bäsleşikleri, döwlet Baştutanymyzyň ýaş alymlary, başarnykly talyplary we okuwçylary ylmy işleri alyp barmaga çekmek barada berýän tabşyryklary bu sazlaşygyň ilerlemeginde ägirt uly ähmiýete eýedir. Her güni şanly wakalara, ajaýyp üstünliklere beslenen 2023-nji ýylda ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini ýüze çykarmaklary ugrunda döreden mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza köp sag bolsun aýdýarys. 

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen geljek ýylda hem halkymyza şanly ösüşler, ýeňişli üstünlikler, belent maksatlar hemra bolsun! Milli Liderimiziň we belent mertebeli hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!

 

 Intizar AWLÝAKULYÝEW, 

Çärjew etrabyndaky 61-nji orta mekdebiň müdiri, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

1 ... 32 33 34 35 36 ... 53