​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

Выступления и Статьи

ŞYGRYÝETIŇ GENJI - HAZYNASY

 

Gadymy halkymyzyň asyrlar açyp, biziň günlerimize gelip ýeten örän baý edebi mirasy bar. Şu gymmatly mirasda Gündogaryň akyldary, filosof, beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy uly orun tutýar. Magtymguly atamyzyň watansöýüjilige, mertlige, halallyga, zähmetsöýerlige ýugrulan öwüt-ündewli şygyrlary türkmen halkynyň ruhy baýlygyna öwrülendigi şübhesiz hakykatdyr. Dogrusy, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti dogrusynda näçe gürrüň etseň edip oturmaly. Mysal üçin, beýik söz ussady “Görüm görülmegen ýerde” atly goşgusynda: 

Akyl bolsaň söz aýtmagyn,

Nobat berilmegen ýerde —

— diýýär. Şu iki setirde köpçülikde, umuman durmuşda özüňi alyp barmagyň edep-terbiýesi tekrarlanýar. 

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylmagynda çuňňur many-mazmun bar. Çünki, 2024-nji ýylda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde baýram ediljekdigi il-günümizde guwanç duýgusyny döredýär. Bu senäniň dabaraly bellenilip geçilmegi Magtymguly atamyza, onuň döredijiligine goýulýan iňňän uly sylag-sarpadan aýdyň nyşandyr. Üns berýän bolsaňyz, haýsydyr bir zadyň şübhesiz hakykatdygy subut ediljek bolnanda: “Ynha, Magtymguly Pyragy bu babatda şeýle diýipdir ahyry” diýip, şahyryň goşgularyndaky setirlere ýüzlenilýär. Munuň özi akyldar şahyrymyzyň gadyr-gymmaty hemişeligine galjak şygyrlarynyň halkymyzyň ruhuna ymykly siňendigine şaýatlyk edýär. Magtymguly Pyragynyň dürli temalarda ýazan şygyrlary terbiýe mekdebi bolup hyzmat edip gelýär. Onuň goşgularyna düzülen aýdymlar belentden ýaňlanyp, il-günümize ruhy baýlyk paýlaýar. 

Halkymyz Magtymguly Pyragynyň arzuw eden Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni başdan geçirýär. Şeýle ajap zamanamyzyň häzirki günlerinde Magtymguly atamyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna taýýarlyk işleri giň gerime eýe bolýar. Halkara derejesinde geçiriljek bu dabaranyň ýaňynyň alyslara aşjakdygy guwandyrýar.

 

 Döwran HAPBAÝEW. 

Wekilbazar etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň müdiri, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

ÝÜREKLER BUÝSANJA BESLENÝÄR

 

«Pä­him­-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýylynda ähli ugurlar boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly belläp geçmek bilen baglanyşykly döwlet we halkara derejesindäki işlere aýratyn ähmiýet berilýär. Bu şanly ýyl akyldar şahyrymyzyň ady bilen baglanyşdyrylyp, onuň waspy ýetirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz eserlerinde Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna uly sarpa goýýar. 

Beýik söz ussadynyň baý edebi mirasy adamzadyň genji-hazynasyna öwrüldi . Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň akyldar şahyryň belent sarpasyny tutmak bilen bagly durmuşa geçirýän beýik işleri görelde mekdebidir. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen düzümi bolan ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Halkara derejesinde giň gerime eýe bolýan bu işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik akyldara türkmen halky bilen birlikde dünýä ýüzünde goýulýan hormat-sarpany aýdyň dabaralandyrýar. 

Häzirki ajaýyp döwrümizde milli medeniýetimizi, asylly ýörelgelerimizi dünýäde wagyz etmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Şunda akyldar şahyryň döredijiligi, baý edebi mirasy hem esasy ugur hökmünde saýlanylýar. Şonuň üçin hem şu ýyl döwlet we halkara derejesinde ylmy-amaly maslahatlar, duşuşyklar, sergiler, dünýä döwletleriniň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary guralar, şahyryň, dana filosofyň ensiklopediýasy, onuň goşgular ýygyndysy sanly we neşir görnüşinde çap ediler. Şeýle hem başga-da birnäçe çärelere giňden badalga berler. Ýurdumyzda şahyryň edebi mirasy has-da çuňňur öwreniler hem-de wagyz-nesihat işlerine bagyşlanyp dabaralar geçiriler. Dürli ugurlar boýunça bäsleşikler badalga alar. Akyldar şahyryň dünýä dillerine terjime edilen ajaýyp eserleriniň terbiýeçilik ähmiýeti, ynsany mertlige çagyrýan öwüt-ündewleri barada beýan ediler. 

Türkmen halkynyň asyrlar boýy kämilleşdirip gelen milli medeniýeti, asylly ýörelgesi bu günki gün dünýä ýaýyl ýar, ähli adamzadyň çuňňur gyzyklanmasyna eýe bolup durýar. Nusgawy edebiýatymyzyň ajaýyp eserlerini, milli mirasymyzy ylmy esasda öwrenmäge we wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Bularyň ählisi biziň her birimizi buýsandyrýar. 

 

Baýramgözel MYRADOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Daşky gurşawy 

goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat 

toplumy baradaky komitetiň agzasy.

BAGTDAN SERPAÝLY ÝAŞLAR

Ynsan öm­ri pur­sat­lar­dan eme­le gel­ýär. Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly­nyň jem­le­ri­ne ba­gyş­la­nan hal­ka­ra yl­my-ama­ly mas­la­ha­tyň we ser­gi­niň öňü­sy­ra­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Ýaş­lar — Wa­ta­nyň da­ýan­jy» atly ilkinji kitabyny halkymyza sowgat bermegi we bu ki­ta­byň ýaş­la­ra ba­gyş­lan­ma­gy türk­men ýaş­la­ry­nyň dur­mu­şyn­da ýat­dan çykmajak aja­ýyp wa­ka bol­dy. 

Haýsy ýurtda adamyň eden işine, çeken zähmetine mynasyp baha berilýän bolsa, şol ýurduň raýatlary bagtyýar, geljege uly ynam bilen ýaşaýarlar. «Ýaşlar ― Watanyň daýanjy» atly gymmatly eseri ýüzüňe sylyp, okap başlanyňda, bu eser özüniň many-mazmun, bezeg aýratynlyklary bilen ýakymly duýgulary döredýär. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan döwrebap usulda neşir edilen hem-de bagtyýar ýaşlarymyzyň bagtly durmuş pursatlaryny görkezýän ýokary hilli fotosuratlara giň orun berlen bu eseriň ylym-bilimli, watansöýüji ýaşlary kemala getirmekdäki ähmiýeti örän uludyr. Hormatly Prezidentimiziň çeper-dokumental kitabynda 2023-nji ýylyň dowamynda ylymda, döredijilikde, zähmetde, sportda, dürli ugurlarda döwlet we halkara derejelerde ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleri, olar üçin döredilen mümkinçilikler mynasyp beýanyny tapýar. Kitabyň «Ýaşlar we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy» atly bölüminde guramanyň öňünde goýlan wezipeler barada giňişleýin durlup geçilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýaş nesliň wekilleriniň gazanan üstünliklerine, ýeten sepgitlerine aýratyn üns bermegi ýaş türkmenistanlylary täze rowaçly menzillere, buýsançly derejelere atarýar. 

Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň ýankitabyna öwrülen ajaýyp eserindäki: «Ata-babalarymyz Watany belent başlarynyň mertebesi saýypdyrlar. Watan — adamzat ömrüniň manysy. Jandan eziz, ynamdan, ygrardan, gudratdan dörän, Hakyň nazary siňen ata Watan her bir ynsanyň kalbynda ebedi ýaşaýar» diýen sözleri watansöýüji nesli kemala getirmekde uly ähmiýete eýedir. 

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanmagy, şeýle-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi türkmen ýaşlarynyň halkara derejede tutýan ornunyň has-da pugtalanýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Şeýle-de «Dialog — parahatçylygyň kepili», Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly halkara ýaşlar forumlarynyň geçirilmegi Türkmenistan döwletimizde ýaşlar baradaky aladanyň döwlet syýasaty derejesinde alnyp barylýandygynyň aýdyň mysalydyr. Türkmen ýaşlarynyň döwlet we halkara derejelerde geçirilýän sport ýaryşlaryna, ylym-bilim olimpiadalaryna gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmagy ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň mynasyp netijeleri berýändigini alamatlandyrýar. 

2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi we bu şygaryň Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp şygryndan gözbaş almagy halkymyzyň Magtymguly Pyraga goýýan uly hormatyndan nyşandyr. TÜRKSOÝ-yň hemişelik geňeşi tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň kabul edilen kararnamasyna laýyklykda, Türkmenistan tarapyndan teklip edilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň halkara derejesinde-de ykrar edilýändigini görkezýär. 

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy bolan Ýaşlar guramasynyň Magtymguly atamyzyň adyny götermegi bu ýylda bizi täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň uzak möhletli maksatnamalaryny amala aşyrmakda türkmen ýaşlaryna uly işler garaşýar. 

Türkmen ýaşlary bagtdan serpaýly ýaşlar. Biz hem ýaşlara bildirilýän belent ynamy baýdak edinip, Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşandymyzy goşmak ugrunda jan aýaman zähmet çekeris. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir. 

 

Maksat JANMYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky 

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň başlygy, 

Mejlisiň deputaty.

Balkan welaýatynda ýaşlaryň arasynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan dabaralar geçirildi

 

Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry we nus­ga­wy şa­hy­ry Magtym­gu­ly Pyra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­ny da­ba­ra­ly bel­le­mek bo­ýun­ça ge­çi­ril­me­li çä­re­le­riň Me­ýil­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, bu şanly senäni ýokary derejede garşylamak, şeý­le hem şa­hy­ryň baý edebi mi­ra­sy­ny düýp­li öwren­mek, ýaş­la­ryň kal­byn­da da­na şa­hy­ry­my­zyň eser­le­rin­de öňe sürülýän watan­sö­ýü­ji­lik, ag­zy­bir­lik, ha­lal­lyk, yn­san­per­wer­lik ýa­ly ýol-ýö­rel­ge­le­ri­mi­ze söý­gi dö­ret­mek, şa­hyryň hor­mat-sar­pa­sy­ny has-da belen­de gö­ter­mek maksady bilen, şeýle-de türk­men hal­ky­nyň Mil­li Lide­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň Ma­ry we­la­ýaty­na iş sa­pa­ry­nyň çäklerin­de ýaş­la­ryň ara­syn­da be­ýik şa­hy­ryň öm­ri we dö­re­di­ji­li­gi bi­len bag­la­nyşyk­ly dür­li bäs­le­şik­le­riň, ha­ly­pa ýa­zy­jy-şa­hyr­la­ryň çe­per dörediji­li­gi­ne gol be­ren ýaş­lar bi­len du­şuşyk­la­ryň, mas­la­hat­la­ryň geçirilme­gi ba­ra­da be­ren öwüt-ne­si­hat­la­ryn­dan ugur alyp, 2-nji fewralda Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Bal­kan we­la­ýat ge­ňe­şi Bal­kan wela­ýat hä­kim­li­gi we we­la­ýat Me­de­ni­ýet müdirli­gi bi­len bi­le­lik­de Be­ýik Sa­par­my­rat Türk­men­başy adyn­da­ky drama teat­ryn­da Türkmenistanyň halk ýazyjysy, halypa şahyr Orazguly Annaýew we Seýitmyrat Geldiýew bilen ýaş şahyrlaryň arasynda döredi­ji­lik du­şu­şy­gy­ny ge­çir­di.

Türk­me­nis­ta­nyň Magtym­gu­ly adyn­da­ky Ýaşlar gu­ra­ma­sy­nyň Balkan we­la­ýat ge­ňe­şiniň guramagynda bag­ty­ýar ýaş­la­ryň dur­muş uniwer­si­te­ti Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýo­la go­ýan haly­pa-şä­girt­lik ýolu­nyň do­wa­mat-do­wam­dy­gy­ny çe­per sö­züň üs­ti bi­len açyp görkezmek mak­sa­dy bi­len, Hor­mat­ly il ýa­şu­lu­sy, Türkme­nis­ta­nyň halk ýa­zy­jy­sy, ha­ly­pa şa­hyr Oraz­gu­ly An­na­ýew bal­kan­ly ýaş şa­hyr­la­ryň arasyn­da «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly mynasybet­li «Bag­tyýar­lyk yl­ha­my» at­ly dö­re­di­ji­lik tele­gep­le­şi­gi­ni geçirdi.

Ag­zy­bir­li­gi, wa­tan­söýü­ji­li­gi, yn­san­per­werli­gi, dost-do­gan­ly­gy hem-de hoş­ni­ýet­li­ligi mi­ze­mez dur­muş ýö­rel­ge­si­ne öw­rüp, pe­der ýo­lu­ny üs­tün­likli do­wam et­dir­ýän Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň da­şy­na berk­den-berk je­bis­le­şip, nu­ra­na gel­je­gi­ne ta­rap ok­gun­ly öňe barýan halky­myz özü­niň ru­hy sežde­gä­hi, akyl­dar şa­hy­ry Mag­tymgu­ly Pyragynyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­ny dün­ýä de­re­je­sinde dabaralandyr­ýar. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň mil­li medeniýetimi­zi tä­ze be­lentlik­le­re çy­kar­ma­ga, döret­mä­ge, zäh­met çekmä­ge dö­re­dip berýän aja­ýyp müm­kin­çi­lik­le­ri­niň hem-de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýo­la go­ýan ha­ly­pa-şä­girt­lik ýolu­nyň do­wa­mat-dowamdy­gy­ny çe­per sö­züň üs­ti bi­len açyp görkez­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­menis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Bal­kan wela­ýat ge­ňe­şi Bal­kan we­la­ýat Ta­ryhy we ül­kä­ni öw­re­niş mu­ze­ýin­de bri­fing du­şu­şy­gy­ny ge­çir­di. 

 

Guwanç ÇENDIROW, 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty

ŞU GÜNKI ÜSTÜNLIKLER — BEÝIK GELJEGIŇ BUŞLUKÇYSY

Döwleti, jemgyýeti dolandyrmakdaky her bir başlangyç üstünliklere ýetmegiň badalgasydyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan ösüş maksatnamalaryny ilerletmegiň esasy şerti möhüm başlangyçlar bilen hereketleri, işleri has çaltlandyrmakdyr. Şoňa görä, Arkadagly Gahryman Serdarymyz maksatnamalaýyn ösüşiň her bir ugry boýunça zerur başlangyçlary öňe sürýär.

Baş­lan­gyç­la­ry netijeli durmuşa geçirmegiň esasy şerti bolsa döwletiň, jemgyýetiň mümkinçiliklerini, döwrüň talaplaryny, durmuşyň hakyky ýagdaýlaryny göz öňünde tutmakdan ybaratdyr. Bu babatda biziň ýurdumyzda anyk, dürs hereket edýän döwlet we hususy düzümleriň işini kämilleşdirmekde yzygiderli çäreler amala aşyrylýar. Ähli ugurlardaky ösüş hereketleri kanunçylyk, hukuk taýdan esaslandyrylýar. Döwletiň dolandyryş we ýerine ýetiriji düzümlerine dünýäniň öň­debaryjy tejribelerini ornaşdyrmak bilen bagly köp işler durmuşa geçirilýär. Milli hünärmenleriň ösen ýurtlarda hünärini kämilleşdirmekleri we usulyýet tejribelerini öwrenmekleri üçin mümkinçilikler döredilýär. Çünki dünýäde okgunly häsiýete eýe bolýan ylmy-tehnologik täzeçillikler ýaş hünärmenleri taýýarlamak hem-de kämilleşdirmek işini elmydama üns merkezinde saklamagy talap edýär. 

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän döwrebap, möhüm başlangyçlarynyň esasynda döwrüň ähli täzeçilliklerini dessin özleşdirmäge, iş ýüzünde ulanmaga ukyply hünärmenleriň täze nesli ösüp ýetişdi. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda 2023-nji ýylda geçirilen çärelerde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaşlarynyň ukyp-başarnyklarynyň ýokarydygy, belent watançylyk ruhy has aýdyň ýüze çykdy. Milli Liderimiziň beýik başlangyçlary bilen başy başlanan, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän bilim, ýaşlar syýasatynyň, sagdyn durmuş ýörelgelerini ilerletmek boýunça hereketleriň, ykdysady, medeni-ynsanperwer özgertmeleriň di­ňe bir ýaşlaryň däl, eýsem, tutuş jemgyýetiň durmuşyny düýpli özgerdendigini ýurdumyzyň okgunly ösüşleri, ähli ugurlarda özgerişleriň çaltlaşandygy äşgär görkezýär. 

* * *

Gahryman Arkadagymyzyň Diýarymyzyň bilim-ylym ulgamyny kämilleşdirmek bilen bagly başlangyjy öz wagtynda öňe sürendigini häzirki döwrüň ýagdaýlary doly subut edýär. Şol başlangyç esasynda milli bilim-ylym ulgamy döwrebap ösüş ýoluna düşdi. Esasan-da, ylym ulgamy durmuş-ykdysady ösüşleri ilerletmekde öz ornuny gi­ňeldip başlady. Maglumatlara görä, di­ňe Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde döwlet maksatnamalary esasynda ylmy-barlag işleriniň netijelerine laýyklykda, 11 ugur boýunça açyşlar milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna gönükdirilipdir. Oýlap tapyşlaryň ençemesine patentler berlipdir. 

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ägirt uly we örän ähmiýetli taslamalarynyň biri bolan Arkadag şäherine sanly ulgamy ornaşdyrmaga ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň öz taslamalary bilen gatnaşmaklary milli ylym ulgamynyň binýadynyň döwrüň ösüşlerine laýyk has-da pugtalanýandygyny, mümkinçilikleriniň artýandygyny görkezýär. Şo­ňa görä-de, bilim-ylym ulgamyndaky möhüm başlangyçlary ähli ösüşlerimiziň esasy itergi beriji güýji hasap etmek mümkin. Bu ugurda döwletimiziň kuwwatly ösüşlere eýedigini hil taýdan çalt depginde özgerýän bilim ulgamy hem subut edýär. Statistiki maglumatlara görä, Diýarymyzyň ýokary okuw mekdeplerinde 2007-nji ýylda 17 müň töweregi talyp bilim alan bolsa, 2022-nji ýylda bu görkeziji 70 mü­ňe golaýlapdyr. 

Hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde ösüşleri ilerletmekde döwrüň talap edýän şertleri barada: «Ylmyň we tehnikanyň örän çalt depginler bilen ösmegi, täze tehnologiýalaryň döremegi, dünýäniň bilim giňişligine ýurdumyzyň işjeň goşulyşmagy bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegi talap edýär. Şo­ňa göräde, mekdebe çenli, başlangyç, esasy orta, doly orta, mekdepden daşary we goşmaça bilim boýunça okatmagyň usulyýetini milli tejribä, döwlet we halkara bilim standartlaryna laýyk getirýän resminamany — Türkmenistanda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny taýýarlamak möhüm bolup durýar» diýip belläpdi. Bilimiň deslapky tapgyrynyň hil derejesi bolsa ylym ulgamyny ösdürmegiň esasy şertidir. 

* * *

Ösen durmuşyň esasy görkezijileriniň biriniň halkyň hal-ýagdaýy, ýokary ýaşaýyş şertleri bolup durýandygy mälimdir. Bu babatda biziň ýurdumyzda köp öňegidişlikler gazanyldy. Türkmenistan azyk howpsuzlygy meselesini üstünlikli çözmegi başaran ýurtdur. Haryt bolçulygyny döretmek, halkyň bu ugurdaky isleglerini kanagatlandyrmak, içerki bazar üçin öndürilýän önümleriň hilini has-da ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde, ýurdumyzyň söwda-üpjünçilik ulgamy, senagatyň, oba hojalygynyň önümçilik pudaklary, önümleri gaýtadan işleýän düzümler dünýä ülňülerine laýyk ösdürildi. Döwletimizde daşyndan getirilýän harytlaryň ýerini tutýan önümçiligi, bäsdeşlige ukyply eksport harytlaryny öndürmegi gi­ňeltmek boýunça öňe sürlen başlangyçlar bu günki gün halkymyzyň hal-ýagdaýynyň, ýaşaýyş şertleriniň has-da ýokarlanmagyna şert döretdi. 

Köp ugurlarda ýetilen sepgitler Türkmenistany tiz ösýän ýurtlaryň derejesine ýetirdi. Şunuň bilen birlikde, häzirki döwürde ösen döwleti alamatlandyrýan şertleriň özgerýändigini, onuň köp halatda intellektual ösüş bilen baglanyşdyrylýandygyny bellemeli. Şo­ňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň täze başlangyçlary hut ösen döwrüň şertlerine gönükdirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Döwür täze pikirleri hem-de innowasion önümçilikleri talap edýär» diýip belleýär we bu ugurda möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak esasynda ýurdumyzda smart-telewizorlary, noutbuklary, planşetleri we beýleki döwrebap tehnikalary öndürmek arkaly dünýä bazaryna çykarylýan elektron önümlerimiziň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlanýar. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň, ylmy-barlag edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ylmy merkezleri bilen önümçilik kärhanalarynyň arasynda senagat, aragatnaşyk, awtomobil elektronikasy, lukmançylyk we kompýuter tehnikalaryny, elektron harytlary hem-de beýleki önümleri öndürmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, täze kärhanalary döretmegiň geljekki ösüşleriň esasy şertleriniň biridigini belleýär. Bu oýlanyşykly başlangyçlaryň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen, halkyň ösen ýaşaýyş şertlerini üpjün etmekde birnäçe möhüm ähmiýetli ýagdaýlar ýüze çykýar. Munuň özi intellektual ösüşiň ýokary derejesine tarap kuwwatly hereketdir. Şeýle hem tutuş jemgyýetiň dünýä ösüşiniň täze, ýokary şertlerine çalt uýgunlaşmagydyr. 

Häzirki döwrüň ösüşlerine aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiz milli innowasion önümlerimiziň dünýä standartlaryna laýyk gelmegini gazanmakda mekdep okuwçylaryny, talyplary, aspirantlary çekmek bilen meşgullanýan düzümleriň, halkara hyzmatdaşlyga laýyklykda, ylmy-tehniki, ylmy-inženerçilik, dolandyryş hünärmenlerini taýýarlamagy has-da işjeň­leşdirmelidiklerini yzygiderli nygtaýar. Öňe sürülýän şeýle derwaýys wezipeler, tekliplerdir talaplar ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan çalt depginde ösdürmekde täze mümkinçilikleri açýar. 

* * *

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň daşary syýasatda öňe sürýän başlangyçlary Gahryman Arkadagymyzyň köpýyllyk, yzygiderli durmuşa geçiren daşary syýasat strategiýasynyň esasy ýörelgeleriniň dowamy bolsa-da, bu ugurda täze çemeleşmeleriň zerurdygyny döwrüň ýagdaýlary äşgär edýär. Dünýäde onýyllyklaryň dowamynda kemala gelen ählumumy ösüş hereketiniň hemmeler üçin kabul ederlikli esasy ugurlarynyň belli bir derejede özgerýändigi, halkara gatnaşyklarda soň­ky netijelerine göz ýetirmek örän kyn bolan, dürli ugurlardaky gapma-garşylyklaryň çynlakaý häsiýete geçýän döwründe dünýä gi­ňişliginde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny berkitmek meselesi derwaýys bolup durýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan üçin döwrüň ýüze çykarýan bu wezipesi döwlet Baştutanymyzyň halkara başlangyçlarynyň many-mazmunynda aýratyn orun eýeleýär. Şunda hormatly Prezidentimiz döwletimizi we jemgyýetimizi parahatçylykly hem durnukly ösdürmekde amatly daşarky şertleri döretmegi, Bitarap ýurdumyzyň dünýädäki ornuny  has-da berkitmegi, halkara gatnaşyklar ulgamynda milli bähbitlerimizi yzygiderli goramagy daşary syýasatyň ileri tutulýan wezipeleri hökmünde kesgitledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, daşary ykdysady gatnaşyklary has-da gi­ňeltmäge, halkara gatnaşyklara ynsanperwerligi, ýokary ahlak we adalat standartlaryny ornaşdyrmaga hemaýat etmek meselelerine ýurdumyzyň daşary syýasatynda uly orun berilýär. 

Häzirki döwrüň halkara gatnaşyklarynda umumy kabul edilen kada-kanunlary, halkara hukugyň ýörelgelerini di­ňe bir ykrar etmek bilen çäklenmän, adamzadyň asuda geljegi, üpjün ýaşaýşy, raýdaşlyk, ynanyşmak ruhundaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek ugrunda anyk we netijeli hereketiň, meseleleri çözmäge gönükdirilen täsirli işiň zerurlygy aýratyn äşgärdir. Sebitde, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmegiň esasy şerti hökmünde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ylalaşykly hereket etmegiň zerurdygyna ünsi çekýär. Ylalaşyk bolsa, ilki bilen, döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda we hyzmatdaşlykda her bir ýurduň tutýan ýoly, milli bähbidi, syýasy, ykdysady mümkinçilikleri, ösüş hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň aýratynlyklary, halkara gi­ňişlikde öňe sürýän başlangyçlary babatda özara düşünişmegiň, birek-biregiň daşary syýasat ýörelgelerini ykrar etmegiň hasabyna gazanylýar. 

Bitarap Türkmenistan häzirki döwrüň daşary syýasy gatnaşyklarynda şeýle çemeleşmeleri işjeň ulanyp, hyzmatdaşlykda ygtybarly döwlet derejesine eýe bolýar. Munuň şeýledigini döwletimiziň Hytaý, Russiýa, Eýran, Türkiýe, ABŞ, Merkezi Aziýa we Ýewropa döwletleri, arap dünýäsiniň ýurtlary bilen alyp barýan syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ýyl-ýyldan geriminiň gi­ňeýändigi hem aýdyň subut edýär. Elbetde, halkara söwda-ykdysady gi­ňişlige çykmagyň ýoly, ilki bilen, goň­şy döwletleriň, sebit ýurtlarynyň üstünden geçýär. Şo­ňa görä-de, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa, Hazarýaka döwletler bilen gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmakda işjeň syýasaty alyp barmagy hemmeleriň bähbidine gönükdirilendir. Munuň özi ählumumy söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ugur-ýollarynyň düýpli özgerýän häzirki döwründe aýratyn ähmiýete eýedir. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Biz beýik geljegiň bosagasynda durus» diýip belleýär. Hormatly Prezidentimiziň pikirine görä, bu gün eýýamlaryň taryhy hakykaty döwre görä has täzeçe we kämil röwüşde ýüze çykýar. Çar ýana, ýedi yklyma pähim-paýhas dürlerini sahawatlylyk bilen eçilýär. Bu günki gazanylýan üstünlikler we ösüşler beýik geljegiň buşlukçysydyr. 

Täze taryhyň da­ňy şu ýerde atar. 

Taryhyň za­ňy şu ýerde kakylar. 

Taryhyň ýa­ňy şu ýerden ýaýylar. 

Döwlet Baştutanymyzyň şeýle ynamly we buýsançly sözleri türkmen halkynyň geljege barýan nurana ýolunyň şamçyragydyr. 

 

Ata SERDAROW, 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, 

Mejlisiň deputaty

ARKADAG ŞÄHERI – NUSGALYK ŞÄHER

«Geljegiň şäheri adyny alan, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň hem-de özygtyýarlylygynyň, onuň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygynyň, durmuş ulgamynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Geljegiň şäherini has-da ösdürmek boýunça häzirki wagtda alnyp barylýan işler ýurdumyzda adamlaryň bagtyýar, eşretli, sagdyn durmuşda ýaşamagy üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilmeginiň döwlet syýasatynda hemişe esasy orundadygynyň güwäsidir.

Bilşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň 6-njy iýunynda geçiren iş maslahatynda tebigatyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň çägindäki arassa dag çeşmeleriniň ynsan saglygy üçin ýaramlydygyny, ösýän tebigy ösümlikleriň dermanlyk häsiýetlerine eýedigini aýratyn belläp geçdi. Şeýle-de, bu ugurda ylmy işleriň alnyp barylmagynyň, daşary ýurtlaryň ösen tejribesiniň işjeň ulanylmagynyň möhüm wezipe bolup durýandygyna aýratyn ünsi çekdi. Milli Liderimiz türkmen lukmanlarynyň we bu ugur boýunça iş alyp barýan alymlaryň degişli ylmy-seljeriş işlerini geçirmekleriniň zerurdygyny aýdyp, olaryň netijeleri boýunça dermanlyk serişdelerini, lukmançylyk önümlerini öndürmek boýunça halkara bäsleşigiň geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri içgin öwrenmegi tabşyrdy. 

Gahryman Arkadagymyzyň her bir tabşyrygy ýurduň, halkyň bähbidinden ugur alyp, olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi döwrümiziň ösüşlere beslenmegini üpjün edýär. Biz türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 27-nji ýanwarynda Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek boýunça maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek bilen bagly yglan edilen halkara bäsleşikde ýeňiji bolan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Goetzpartners Emerging Markets GmbH» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşmagynyň mysalynda hem muňa aýdyň göz ýetirdik. Döwletimizde saglygy goraýşy we derman senagatyny ösdürmekde halkara tejribesinden giňden peýdalanylýandygynyň, halkyň saglygy hakyndaky aladanyň hemişe esasy üns merkezindediginiň aýdyň nyşany bolan bu duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen «Goetzpartners Emerging Markets GmbH» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi bolsa ýurdumyzy ählitaraplaýyn ösdürmekde alnyp barylýan işleriň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň nyşany boldy. 

«Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulan hemde bu baradaky güwänama eýe bolan Arkadag şäheriniň «ýaşyl» ugurlydygy hasaba alynmak bilen, onuň senagat zolagynda lukmançylyk senagatynyň, dermanlaryň, çagalar iýmitiniň aýry-aýry görnüşleriniň öndürilmegine gönükdirilen birnäçe kärhanalaryň gurluşygynyň göz öňünde tutulýandygy aýratyn bellärliklidir. Bu bolsa halk we onuň saglygy hakyndaky aladanyň netijesinde ägirt uly taslamalaryň durmuşa geçirilýändiginiň güwäsidir. 

Mahlasy, geljegiň şäheri bolan Arkadag şäheriniň gurulmagy ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan hem-de häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam etdirilýän ägirt uly özgertmeleriň anyk netijesidir we diýseň uly işleriň amala aşyrylýan şeýle ajaýyp döwründe ýaşaýandygymyz, okaýandygymyz, işleýändigimiz, gurýandygymyz, döredýändigimiz üçin biziň buýsanmaga doly hakymyz bardyr. 

 

Perman SAPAROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň durmuş syýasaty

 baradaky komitetiniň baş hünärmeni.

HAÝYR-YHSAN — YNSANPERWERLIGIŇ GÖZBAŞY

Ynsan dünýäsiniň bezegi bolan hoşniýetlilik, ejizi goldamak, oňa hemaýat bermek ýaly ynsansöýüjilikli ýörelgelere halkymyz taryhyň ähli döwürlerinde ähmiýet berip, olary nesilden-nesle dowam etdirip gelýär. Bu ýörelgeler halkyň milli aýratynlyklaryny we medeni gymmatlyklaryny häsiýetlendirýär. 

Şeýle ynsanperwer kadalaryň durmuşda ýaýbaň­landyrylmagynyň jemgyýetçilik gatnaşyklaryna oňyn täsirini ýetirýändigi, onuň adamzat dünýäsinde eýeleýän orny we ähmiýeti barada Milli Liderimiziň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda hem täsirli beýan edilýär: «Ýagşylykdyr haýyr-yhsan etmegiň, sadakadyr zekat bermegiň şahsy, jemgyýetçilik hem-de ykdysady bähbitleri barmak büküp sanardan köp: 

Ýüregiň bitakat bolsa, sadaka ber, ýagşylyk et! 

Dert basmarlaýan bolsa, sadaka ber, ýagşylyk et! 

Işiň ugrukmaýan bolsa, sadaka ber, ýagşylyk et! 

Zehiniň açylmaýan bolsa, sadaka ber, ýagşylyk et! 

Dilegiň kabul bolmaýan bolsa, sadaka ber, ýagşylyk et!

Bu setirleri ýene-de uzaldyp bolardy. Ata-baba asylly ýörelgelerimizde haýyr-yhsan etmek, başardygyň­dan sahawatly bolmak maşgala agzybirligini, işleriň öňe ilerlemegini üpjün edýän, hatda göz-dilden, howp-hatardan, bela-beterden goraýan iň netijeli ýol hasaplanylýar». 

Döwürleriň synagyndan geçen şeýle ahlak ýörelgelerimiz adamlaryň häsiýet-hereketlerine baha bermek üçin jemgyýet tarapyndan ykrar edilen ölçegler hökmünde kabul edilip, mazmun taýdan asyrlarboýy baýlaşdyrylypdyr. Ynsan aňynyň we jemgyýetçilik ösüşiniň täsirli görnüşi bolan bu ýörelgeler adamda giň dünýägaraýşy, parasatly pikir ýöredişi, adalat duýgularyny kemala getirýär we ösdürýär. Bu ýörelgeleriň jemgyýetçilik gatnaşyklarynda giň­den orun almagyna, ýurdumyzda adamlaryň hal-ýagdaýynyň, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna uly ähmiýet berýändigi, haýyr-sahawat işini ösdürmekde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary göz öňünde tutulyp, geçen ýylyň 10-njy oktýabrynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Arkadag» medaly bilen sylaglandy. Bu abraýly sylag bilen adamyň kanuny bähbitlerini goramak we üpjün etmek boýunça hukuk kepilliklerini döretmekde, aýratyn hemaýata we goldawa mätäç çagalary durmuşa uýgunlaşdyrmaga hem-de taýýarlamaga gönükdirilen guramaçylyk, kanunçylyk, hukuk, ykdysady çäreler toplumyny durmuşa geçirmekde, ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini özünde jemleýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işine yzygiderli goldaw bermekde, ynsanperwerlik, adalatlylyk, sahawatlylyk ýörelgelerini durmuşa geçirmekde aýratyn görnükli hyzmatlary bitiren raýatlar sylaglanýar. 

Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda onlarça çaganyň saglygyny dikeltmek, çylşyrymly operasiýalary geçirmek işleri bu gaznanyň hasabyna, mugt görnüşde ýerine ýetirildi. Bu çagalaryň bejergiden soň­ky dikeldiş döwründe-de ýerli saglyk öýleriniň aýratyn gözegçiliginde saklanmagy, mynasyp dynç almagy üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini hem bellemek gerek. Munuň özi Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» taglymatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň bir güwäsidir. 

Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň edara binasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynyň ýerleşip, onuň işiniň baş maksady hem ene-atasyndan jyda düşen, ýörite durmuş goldawyna mätäç ýaşajyk raýatlarymyz barada döwlet derejesinde alada etmek ýaly wezipeleri özünde jemleýär. 

Her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän, ynsanperwerlige ýugrulan kadalar döwletimiziň Konstitusiýasyndan gözbaş alýar. Esasy Kanunymyzyň 54-nji maddasynda raýatlaryň ýaşy boýunça, näsaglan, maýyp bolan, işe ukyplylygyny, ekleýjisini ýitiren, işsiz galan halatynda we gaýry kanuny esaslar boýunça durmuş üpjünçiligine hukugynyň bardygy beýan edilýär. Şeýle hem ýaş we köp çagaly maşgalalara, ata-enesinden mahrum bolan çagalara, weteranlara, döwletiň ýa-da jemgyýetiň bähbitlerini goramakda saglygyny ýitiren adamlara döwlet we jemgyýetçilik serişdelerinden goşmaça goldawyň, ýe­ňillikleriň berilýändigi aýdylýar. Bu konstitusion kadalaryň milli kanunçylyga ornaşdyrylmagyna, hususan-da, olaryň hatarynda pensiýa üpjünçiligi, raýatlaryň aýratyn toparlaryna döwlet kömek pullary bilen üpjünçiligi belleýän döwlet kepillikleriniň hem-de weteranlaryň we maýyplaryň durmuş taýdan goralmagynyň çärelerini anyk kesgitleýän Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksini görkezmek bolar. Ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalary durmuş taýdan goramak boýunça çäreler hökmünde birnäçe hukuklar we ýe­ňillikler kodeksiň 1211-nji maddasynda gi­ňişleýin görkezilýär. Şol sanawda ýokarlandyrylan möçberdäki talyp haklaryny tölemek; okaýan döwründe şäher ýolagçylar ulaglarynyň ähli görnüşinde (ýe­ňil taksiden başga) we ýaşaýan ýerine garamazdan, etrabyň çäklerindäki oba ýerlerinde umumy peýdalanylýan ulaglarda (ýe­ňil taksiden başga) mugt gidip-gelmek; ýaşaýan ýerine we yzyna okaýan ýerine ýylda bir gezek demir ýol, suw ulagynda we şäherýaka ugurlar boýunça gatnaýan awtobuslarda mugt gidip-gelmek; döwletiň ambulatoriýa-saglyk öýleri edaralarynda we hassahanalarda nobatsyz mugt hyzmat etmek we bejermek hem-de Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý kanunçylygyna laýyklykda, ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek çäreleri bar.

 Kyn durmuş ýagdaýyna düşene hemaýat bermek işleri di­ňe bir ýurduň çäginde ýaýbaň­landyrylman, bu asylly ýörelgelerimiz halkara derejede-de ýola goýulýar. Geçen ýyl Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerinden Türkiýäniň, Ukrainanyň, Owganystanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Palestinanyň çagalaryna ynsanperwerlik kömegi iberildi. «Adatdan daşary ýagdaýda halkara ynsanperwer kömegi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryna görä, kömek üçin niýetlenen maddy-tehniki, azyk, lukmançylyk we beýleki harytlar hem-de serişdeler, şeýle hem adatdan daşary ýagdaýda ejir çekenleriň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin niýetlenen ilkinji zerur zatlar (iýmit önümleri, geýim, aýakgap, arassaçylyk, derman serişdeleri, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümler we başgalar) ugradylýar. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz 2023-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirende, bu gaznanyň häzirki zaman türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň döwletlilik ýörelgelerini döwrebap röwüşde dowam etdirmeginde, sagdyn nesli kemala getirmekde möhüm orun eýeleýändigini nygtady. Şunda ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlar arkaly nesilleri terbiýelemek wezipesinde il sylagly ýaşulularyň bitirýän işleriniň ähmiýeti bellenildi. Türkmen jemgyýetinde ata-enesinden galan çagalary ogullyga ýa-da gyzlyga almak, olara mynasyp atlary dakmak bilen bagly meseleleri çözmek maksady bilen, gaznanyň ýanynda döredilen Ýaşulular ge­ňeşiniň agzalary bu çagalaryň ilhalar, watansöýüji bolup ýetişmegi üçin zerur çäreleriň geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Elbetde, asylly däplerimizi dowam etdirmekde, ýagny ata-enesinden galan çagalary aýratyn üns-alada bilen gurşap almaga halkymyzyň mynasyp goşant goşýandygynyň özi hem ynsanperwerlikden, agzybirlikden nyşandyr. 

Haýyr-sahawat işleri amala aşyrylanda, kanunçylyk, ynsanperwerlik, aýanlyk, meýletinlik, bähbitleriň umumylygy we oňa gatnaşyjylaryň hukuklarynyň deň­ligi ýaly asylly ýörelgelere esaslanylýar. «Haýyr-sahawat işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ilatyň durmuş taýdan goralmagyna gönükdirilen milli we halkara maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna ýardam etmek, ýetim çagalara, ata-enesiniň hossarlygyndan galan çagalara, agyr durmuş ýagdaýyndaky çagalara, köp çagaly maşgalalara, gartaşan adamlara, pensionerlere, maýyplygy bolan adamlara, zähmete ukypsyzlara, işsizlere, şeýle hem durmuş taýdan goralmaga mätäç başga adamlara zerur kömegi bermek ýaly maksatlary özünde jemleýär. 

Halal gazanjyň belli bir möçberini haýyr-sahawata bagyşlamagyň saçagy­ňa, rysgy­ňa bereket goşýandygy halkymyzda ata-baba ündelýän ýörelge. Şeýle hoşmeýilli tagallalaryň netijesi döwletimiziň täze ösüşlere ilerlemegine, jemgyýetimizde ynsanperwerlik duýgularynyň artmagyna, haýyr-sahawat işleriniň giň gerim almagyna we onuň hukuk taýdan düzgünleşdirilmegine oňyn täsirini ýetirýär. 

 

Merjen BORJAKOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň hünärmeni

HALKYMYZYŇ BUÝSANJY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyzyň biri bolan türkmen alabaý itleriniň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olary gorap saklamak we köpeltmek, tohumçylygyny alyp barmak hem-de bu ugurdaky işleri halkara derejesinde ösdürmek boýunça uly tagallalar edilýär. Şeýle tagallalaryň netijesinde türkmen alabaýy bu gün dostlugyň we wepalylygyň halkara nyşanyna öwrüldi. 

Asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda ösdürilip, kemala getirilen we umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna öwrülen türkmen alabaýlary özleriniň aýratynlyklary boýunça tohum itleriň arasynda iň gadymylarynyň we naýbaşylarynyň biri hasaplanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly nusgalyk kitabynda belleýşi ýaly: «Alabaý — biziň milli buýsanjymyz. Alabaý-biziň Watanymyzyň baýlygy». Gahryman Arkadagymyzyň bu eseri halkymyzyň durmuşynda we ykbalynda alabaýyň eýeleýän orny, alabaý tohumynyň gelip çykyşy we kemala gelşi baradaky taryhy, arhiw maglumatlary, dünýäniň iň arassa ganly, gadymy tohum itiniň alabaýdygyny açyp görkezýän köpýyllyk ylmy-barlag işleriniň maglumatlaryny özünde jemleýär. 

Göreniňde, gözüňi dokundyrýan alabaýlary ata-babalarymyz goragçy hökmünde eý görüp gelipdirler. Şoňa görä-de, pederlerimiz «It çopanyň goldaşy, ýalňyzlykda ýoldaşy», «Adyl sakçylygy goýun itinden öwren», «Awçy görmese, it görer, it görmese, at görer» ýaly nakyllary döredipdirler. 

Türkmen halky birnäçe müňýyllyklaryň dowamynda türkmen alabaýlaryny seçip-saýlamakda, köpeltmekde, ösdürip ýetişdirmekde we kämilleşdirmekde örän baý tejribe toplapdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy döredildi. Ýurdumyzda ata -babalarymyzyň köp ýyllaryň dowamynda çeken irginsiz zähmeti bilen döredilen hem-de nesilden-nesle geçip gelen türkmen alabaýlarynyň tohum arassalygyny gorap saklamak we kämilleşdirmek, gadymy türkmen itşynaslyk sungatyny ylmy esasda ösdürmek, meşhurlygyny dünýä ýaýmak, ýokary derejeli türkmen kinologlaryny taýýarlamak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Milli itşynaslyk sungatynyň iň gowy tärlerini nesilden-nesle geçirmek, seçgi-tohumçylyk işinde milli we dünýä tejribesini peýdalanmak, milli ýörelgeleri ylmyň täze gazanan netijeleri bilen utgaşdyrmak, itşynaslyk sungatynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça türkmen itşynaslarynyň öňünde möhüm wezipeler durýar. Bu ugurda döwletimizde «Itçilik we kinologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Mundan başga-da, «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» we «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Bu hormatly atlar ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň biri bolan türkmen alabaý itleriniň dünýädäki at-abraýyny has-da belende götermekde, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, seýisçilik sungatyny ösdürmekde, milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini wagyz etmekde uly hyzmatlary bitiren, itçilik pudagyny ösdürmekde aýratyn şahsy goşandyny goşan we ýokary netijeleri gazanan adamlara dakylýar. 

Özüniň mertligi, hüşgärligi, wepalylygy, düşbüligi bilen halkymyzyň ýakyn dostuna öwrülip, milli mirasymyzyň hatarynda mynasyp orun alan türkmen alabaýlarynyň şöhraty bütin dünýä ýaň salýar. Ýeri gelende bellesek, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa Türkmenistan — Tatarystan dostlukly döwletleriň nyşany hökmünde sowgat berlen Akdost (Ak dus) atly türkmen alabaý iti 2024-nji ýylyň 15-17-nji ýanwarynda Kazan şäherinde «Merkezi Aziýa owçarkasy» derejesi boýunça geçirilen Russiýanyň Kinologiýa federasiýasynyň çempionatynda arassa ganlylygy we owadanlygy, şeýle hem düşbüligi, ünslüligi üçin iki ugur boýunça Russiýanyň çempiony boldy. Munuň özi türkmen halkynyň wepaly ýoldaşy, milli buýsanjy hasaplanylýan türkmen alabaýynyň dünýä ýüzündäki şan-şöhratynyň barha beýgelýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 

Milli buýsanjymyz hasaplanylýan türkmen alabaýynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, bu gymmatly baýlygymyzy geljekki nesillerimize miras galdyrmak ugrunda giň gerimli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, döwlet ähmiýetli, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

 

 Jennet ÖWEKOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy

YN¬SAN KAL¬BY¬NYŇ RU¬HY LUK¬MA¬NY

Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alnyp hem-de halkymyzyň erk-islegi esasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi bizi täze döredijilik başlangyçlaryna ruhlandyrdy. Ösüşleriň ak ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän we badalga berilýän iri möçberli tutumly işleriň düýp özeninde ýurdumyzyň ertirki eýeleri bolan ýaş nesiller baradaky alada durýar. Türkmen halky ähli döwürlerde hem ylymly-bilimli, watansöýüji, sagdyn, berk bedenli, ruhubelent, kämil nesilleri kemala getirmeklige aýratyn ähmiýet beripdir. Biz muňa Magtymguly Pyragynyň nesil terbiýesi bilen baglanyşykly şygyrlarynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. 

Şahyryň asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten edebi mirasynda ýaş nesli terbiýelemekde, olara edep-terbiýe bermekde ähmiýeti uly bolan garaýyşlar giňden beýan edilýär. Onuň goşgy setirlerindäki öwüt-ündewler bu gün ýaşlarymyzyň uly durmuş mekdebine öwrüldi. Şahyr il-güni, ulyny sylamagy, kiçä hormat goýmagy, hemmelere mylakatly bolmagy, ýagşylardan görelde almagy ündeýär. Şonuň üçin-de ol ynsany bezeýän, ony hakyky ynsan edýän, mertebesini beýgeldýän ähli ýagşy gylyk-häsiýetler hakynda söz açypdyr. Magtymguly Pyragynyň «Sözläbilseň ýagşy sözle, //Halk ýamanyň bizarydyr» diýen setirlerinde halkymyzyň ýagşy sözli bolmak medeniýeti ör-boýuna galýar. Beýik söz ussady iliniň sowulmaz ýaza ulaşmagyny, ýurt binasynyň gaýym gurulmagyny ündeýär, mertligi, edermenligi, Watan mukaddesligini wasp edýär. 

Gahryman Arkadagymyz: «Magtymguly ynsan kalbynyň ruhy lukmanydyr. Şahyryň şygyrlarynyň döwürler dolanyp, heňňamlar öwrülse-de, öz gymmatyny ýitirmän, eýsem, gadyrynyň artmagy ondaky öwüt-ündewleriň kalbyňa melhem bolup siňýänligindendir, göwünleri ganatlandyrmagyndandyr, adamlary heýjana getirmegindendir. Onuň şygyrlary ynjan ýüreklere em, argyn bedenlere kuwwat, sussupese ruhy ganatdyr» diýip belläp geçýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik akyldara uly hormat-sarpa goýulýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dünýä boýunça dabaraly bellenip geçiljek şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Goý, agzybir halkyny röwşen geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli tutumlary has-da rowaç bolsun! 

 

Tuwakgylyç Weli­ýew, 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler 

partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

1 ... 33 34 35 36 37 ... 60