​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

Выступления и Статьи

BAGTYÝAR ŞU GÜNÜŇ WE BEÝIK GELJEGIŇ KEPILI

 

«Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişiniň subutnamasydyr, häzirki bagtyýar gününiň hem-de beýik geljeginiň kepilidir, milli döwletlilik ýörelgelerimiziň synmazlygyny, ebediligini ykrar edýän milli gymmatlygymyzdyr» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Şol ösüşleriň gazanylmagynda Esasy Kanunymyz bolan Konstitusiýamyzyň berk hukuk binýady bolup durýandygyny, mukaddes ýaşyl Tugumyzyň bolsa al-asmanda pasyrdap durmak bilen, ýeňişlere, üstünliklere ruhlandyrýandygyny nygtamak aýratyn ýakymlydyr. 

Türkmen halkynyň täze taryhy eýýamda gazanýan uly üstünlikleri, ýetýän belent sepgitleri dünýäni haýrana goýýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlarynyň, badalga beren ägirt uly tutumlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde eziz Watanymyzyň Ýer ýüzündäki at-abraýy has-da belende göterilýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Bu ajaýyplyklaryň gözbaşynda durýan Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny, ýurdumyzyň syýasy-ykdysady we hukuk ýörelgelerini kesgitläp, ol bagtyýarlygymyzyň binýadydyr. Esasy Kanunymyzyň 4-nji maddasynda bellenilişi ýaly, «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir». Ine, şu sözleriň özem ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatyň, ilkinji nobatda, adamlaryň hukuklaryny, bähbitlerini, azatlyklaryny goramaga gönükdirilýändiginiň, şonuň bilen birlikde hem Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatlarynyň Esasy Kanunymyzdan ugur alýandygynyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzyň parahatçylyk, adalatlylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerini özünde jemleýän Konstitusiýasy, Döwlet baýdagy biziň buýsanjymyzdyr, agzybirligimiziň, jebisligimiziň aýdyň nyşanydyr. Birleşen Milletler Guramasynyň belent ymaratynyň öňünde dumly-duşa ýalkym saçyp parlaýan we Ýer ýüzüniň ýurtlaryny, halklaryny parahatçylyga, dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan mukaddes ýaşyl Tugumyzy göreniňde, şeýle berkarar döwletiň raýatydygyňa bolan buýsanç duýgusy kalbyňa dolýar, gazanylýan ösüşlere mynasyp goşant goşmaga hyjuwyň, höwesiň öňküdenem artýar. 

Goý, Bagt Kanunly, ýaşyl Tugly eziz Türkmenistan Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň has-da bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin nusgalyk işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşli ýolumyz dowamat-dowam bolsun! 

 

Baýrammyrat Ha­jy­mäm­me­dow, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.

ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ÝAŞLAR SYÝASATY ÜSTÜNLIKLERE BESLENÝÄR

 

Halk ara­syn­da: «On ýyl öňü­ňi görjek bol­saň, bag ýe­tiş­dir. Ýüz ýyl öňü­ňi gör­jek bol­saň, ter­bi­ýe­li ne­sil ýe­tiş­dir» di­ýen da­na pä­him bar. Bu gün­ki gün ata Wa­ta­ny­myz­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türkmenista­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gah­ry­man Arkadagymyzyň, pe­der ýo­lu­ny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bilen müň­ýyl­lyk­la­ry na­zar­la­ýan asyl­ly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Hususan-da, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň Türk­me­nis­ta­nyň Prezi­den­ti we­zi­pe­si­ne gi­ri­şen­den bä­ri ge­çen iki ýy­lyň do­wamyn­da ama­la aşy­ry­lan giň ge­rim­li, belent mak­sat­ly tu­tum­lar türk­men ýaş­lary­nyň durmu­şyn­da­ky aý­ra­tyn ýat­dan çyk­ma­jak ta­ry­hy wa­ka­la­ra öw­rül­di. 

Bil­şi­miz ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz döw­let­ Baş­tu­tan­ly­gy­na­ geçen­ il­kinji­ aý­la­ryn­da­ Döw­let­li­ler­ köş­gü­ne­ iş sa­pa­ry­ny­ ama­la­ aşy­ryp,­ bu­ ýer­de okuw­la­ryň­ gu­ra­ly­şy­ hem-de­ ter­bi­ýeçi­lik­ iş­le­ri­niň­ al­nyp­ bar­ly­şy­ bi­len­ tanyş­dy.­ Ça­ga­la­ry­ go­ra­ma­gyň­ hal­ka­ra gü­nü­niň­ öňü­sy­ra­syn­da­ amala­ aşy­rylan bu sapar bir tarapdan, gadymdan gelýän ynsanperwer ýol-ýörelgelerimi­ziň­ ýur­du­my­zyň ­sy­ýa­sa­tyn­da ­mynasyp orun alýandygyny görkezse, beý­le­ki­ bir­ ta­rap­dan,­ döw­le­tiň­ gel­jegi­niň­ şu­ günki­ ösüp ­gel­ýän ­ýaş ­ne­sil bi­len­ aý­ryl­maz­ bag­la­ny­şyk­ly­dy­gy­ny äş­gär et­di. 

2022-nji­ ýy­lyň­ iýun­ aýyn­da Gah­ry­man­ Ar­ka­da­gy­my­zyň­ gatnaşmagynda Maslahatlar merkezinde döw­let­ ýaş­lar­ sy­ýa­sa­ty­nyň,­ şeýle-de bu ulgamda milli kanunçylygy mundan­ beý­läk­ hem­ kämilleşdir­me­giň ile­ri­ tu­tul­ýan­ me­se­le­le­ri­ne­ ba­gyş­lanyp­ ýaş­lar­ bi­len­ geçi­ri­len­ mas­la­hat ýaş­ nes­liň­ we­kil­le­ri­niň­ kal­byn­da­ uly buý­sanç duýgula­ry­ny­ dö­ret­di.­ Ýaş­lar ha­kyn­da­ Ka­nu­nyň­ tas­la­ma­sy­na­ seret­mek­ üçin­ ge­çi­ri­len­ ýyg­nak­da­ hut ýaş­la­ryň­ pi­kir­le­ri­niň,­ ola­ryň­ dünýägaraýşynyň ­na­za­ra­ alyn­ma­gy döw­leti­miz­de­ ýaş­ nes­le go­ýul­ýan­ sar­pa­nyň,­ bil­di­ril­ýän­ yna­myň­ be­lent­di­gi­ni­ aýdyň­ly­gy ­bi­len­ gör­kez­di. 

Şol ­ýy­lyň­ 1-nji sent­ýab­ryn­da ­paýtag­ty­my­zyň­ «Me­kan»­ köş­gün­de Türk­me­nis­ta­nyň­ Mag­tym­gu­ly­ adynda­ky­ Ýaş­lar­ gu­ra­ma­sy­nyň ­VII gurulta­ýy­nyň­ ge­çi­ril­me­gi­ we­ oňa­ hor­matly­ Pre­zi­den­ti­mi­ziň­ gat­naş­ma­gy­ eziz Di­ýa­ry­myz­da­ ýaş­lar­ sy­ýa­sa­ty­ny­ belentden dabaralandyrdy. Gurultaýda Arkadagly Gahryman Serdarymyz hä­zir­ki­ wagt­da­ ýaş­la­ryň­ jem­gyýet­çi­lik-sy­ýa­sy­ iş­jeň­li­gi­niň­ bar­ha ýokarlanýandygyny, Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň­ baş­lan­gy­jy­ bi­len Türk­me­nis­ta­nyň­ ýaş­lar­ sy­ýa­sa­ty­ ulgamyn­da­ 2021­-2025-nji­ ýyl­lar ­üçin Döw­let ­mak­sat­na­ma­sy­nyň ­ka­bul edilen­di­gi­ni bel­le­di. Şeý­le hem gu­rul­ta­ýyň dowamynda hormatly Prezidentimiz «Ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty ha­kynda» Türkmenistanyň Ka­nu­ny­nyň re­je­lenen gör­nü­şi­ni tas­syk­la­dy. 

2023-nji­ ýy­lyň­ «Ar­ka­dag­ Ser­dar­ly bag­ty­ýar­ ýaş­lar­ ýy­ly»­ diý­lip­ yglan edil­me­gi ­türk­men­ ýaş­la­ry­nyň ­dur­muşyn­da­ky ­aý­ra­tyn ­äh­mi­ýet­li­ wa­ka­la­ryň tä­ze­ sa­hy­pa­sy­ny­ aç­dy.­ Türk­me­nis­tanyň­ Mag­tym­gu­ly­ adyndaky­ Ýaş­lar gu­ra­ma­synyň ­Mer­ke­zi­ Ge­ňe­şi­niň ­ýanyn­da­ «Ar­ka­dag­ly­ Ýaş­lar»­ elekt­ron žur­na­ly­nyň­ esas­lan­dy­ryl­ma­gy­ hem türk­men­ ýaş­la­ry üçin ­öz­bo­luş­ly ­sowgat ­bol­dy. ­Ýaş­lar­ ýy­ly­nyň ­28-nji­ ýanwa­ryn­da­ «Mekan»­ köş­gün­de­ ge­çiri­len­ Türk­me­nis­ta­nyň­ Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky­ Ýaş­lar­ gu­ra­ma­sy­nyň­ nobat­da­ky­ VIII ­gu­rul­ta­ýyn­da ­«Türk­menis­tan­da­ ýaş­lar­ ba­ra­da­ky­ döw­let­ syýa­sa­ty­nyň­ 2021­-2025-nji ­ýyl­lar ­üçin Döw­let­ mak­sat­na­ma­syn­da»­ bel­le­nen we­zi­pe­le­ri­ üs­tün­lik­li­ dur­mu­şa­ ge­çirmek­ boýun­ça­ anyk­ çä­re­le­ri,­ «Ýaş­lar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkme­nis­ta­nyň­ Ka­nu­ny­nyň­ re­je­lenen­ gör­nü­şi­ni­ we­ döw­rüň­ mö­hüm wezi­pe­le­ri­ni­ na­zar­da­ tu­tup,­ Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň­ Ter­tip­na­ma­sy­na­ üýtgetme­le­ri­ we­ goş­ma­ça­la­ry­ gi­riz­mek hem-de beýleki birnäçe guramaçylyk me­se­le­le­ri ­ara ­al­nyp ­mas­la­hat­la­şyl­dy. 

Ar­ka­dag­ Ser­dar­ly­ bag­ty­ýar ­ýaş­lar ýy­lyn­da­ ge­çi­ri­len­ Türkmenistanyň Mej­li­si­niň­ de­pu­tat­la­ry­nyň,­ we­la­ýat,­ et­rap­ we ­şä­her halk­ mas­la­hat­la­ry­nyň,­ Geňeş­le­riň­ ag­za­la­ry­nyň­ saý­law­la­ry­na hö­dür­le­nen­ dalaş­gär­le­riň­ ara­syn­da ýaş­la­ryň­ ag­dyk­lyk­ et­me­gi,­ hor­matly­ Prezidentimi­ziň­ baş­tu­tan­ly­gyn­da mil­li­ par­la­men­tiň­ tä­ze­ tas­syk­la­nan düzü­mi­ bi­len­ ge­çi­ri­len­ Türk­me­nista­nyň­ Mej­li­si­niň­ ýe­din­ji­ çagyrylyşynyň­ bi­rin­ji­ mas­la­ha­tyn­da ­ösüp­ gel­ýän ýaş­ nes­li­ ter­bi­ýe­läp­ ýetiş­dir­mek ­bi­len bagly kanunçylyk namalaryny has-da kä­mil­leş­dir­mek­ ba­bat­da­ky­ me­se­le­lere ­ga­ral­ma­gy­ ýaş­la­ryň­ ýur­duň­ hu­kuk gur­şa­wy­na­ işjeň­ gat­naş­ýan­dy­gy­ny alamatlandyrdy. 

Ge­çen ýy­lyň esa­sy wa­ka­la­ry bo­lan ýaş­lar şä­he­ri­–­Ar­ka­dag şä­he­ri­niň açylma­gy­ny hem-de Türk­me­nis­ta­nyň ýaşla­ry­nyň hal­ka­ra hyzmatdaşlygy­nyň 2023­—­2030-njy ýyl­lar üçin Stra­te­gi­ýasy­nyň we Türk­menis­ta­nyň Mag­tymgu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň ÝUNESKO-nyň Bütin­dün­ýä Ýaş­lar jem­gy­ýe­ti­niň res­mi ag­za­ly­gy­na kabul edilmegini ýatlamak has-da buýsandy­ry­jy­dyr.­­ Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­lyn­da Aba An­naýew adyn­daky Halkara atçylyk akademiýasynda «Dia­log­—­pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li» at­ly hal­ka­ra ýaş­lar fo­ru­my­nyň, şeý­le hem Ma­ry şä­he­rin­de Mer­ke­zi Aziýa ýurt­lary­nyň hem-de Hy­taý Halk Res­pub­lika­sy­nyň ýaş­la­ry­nyň «Be­ýik Ýüpek ýolu­nyň tä­ze eý­ýa­my» at­ly fo­ru­my­nyň ge­çi­ril­me­gi ýaş­la­ryň dur­mu­şyn­daky ýat­da galy­jy pur­sat­lar bol­dy. 

Ar­ka­dag­ Ser­dar­ly ­bag­ty­ýar­ ýaş­lar ýy­ly­nyň­ do­wa­myn­da­ Türkmenis­tanyň­ Pre­zi­den­ti­niň ­ýa­nyn­da­ky ­Döw­let gul­lu­gy­ akademiýasynyň­ tä­ze­ bi­nalar­ top­lumy­ açyl­dy ­hem-de­ Türk­men döw­let­ bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk,­ Se­ýit­nazar ­Seý­di­ adyn­da­ky­ Türk­men­ döw­let mugal­lym­çy­lyk­ ins­ti­tut­la­ry­nyň­ tä­ze bi­na­lar­ toplum­la­ry­nyň,­ Türkmenista­nyň­ Döw­let­ ener­ge­ti­ka ­ins­ti­tu­ty­nyň tä­ze­ okuw­ bi­na­lar­ toplumy­nyň­ we umu­my­ ýa­şa­ýyş­ ja­ýy­nyň­ gur­lu­şy­gyna ­ba­dal­ga ­be­ril­di. Şeý­le-de ­türk­men ýaş­la­ry­nyň­ döw­let­ we­ hal­ka­ra­ de­reje­ler­de­ ge­çi­ril­ýän­ sport­ ýa­ryş­la­ry­na,­ ylym-bilim olimpiadalaryna gatnaşyp,­ baý­rak­ly orunla­ra­ my­na­syp ­bolma­gy­ ýaş­lar­ sy­ýa­sa­ty­nyň­ my­na­syp ne­ti­je­le­ri berýän­di­ginden ­ny­şan­dyr. 

Ge­çen­ ýy­lyň­ jem­le­ri­ne­ ba­gyş­lanan­ hal­ka­ra­ yl­my­ ama­ly ­mas­la­ha­tyň we­ ser­gi­niň öňü­sy­ra­syn­da ­Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man­ Ser­da­ry­my­zyň­ «Ýaş­lar­ —­Wa­ta­nyň­ da­ýan­jy»­ at­ly ­il­kin­ji­ ki­taby­nyň­ eli­mi­ze­ go­wuş­ma­gy­ Ar­ka­dag Ser­dar­ly­ bag­ty­ýar­ ýaş­lar­ ýy­lynyň­ bag­ty­ýar­ jem­len­me­si­ne­ öwrül­di.­ «Watan­ di­ňe­ hal­ky­ bi­len­ Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip nygtaýan Arkadagly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ýaş­la­ra Wata­nyň da­ýan­jy hök­mün­de ga­ra­ma­gy olarda uly buýsanç döretmek bilen bir hatar­da, Wa­ta­ny­my­zyň, hal­ky­my­zyň, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Arkadag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň türk­men ýaş­la­ry­na bil­dir­ýän ynamy­ny öde­mek ba­bat­da alyp bar­ýan iş­le­rin­de be­lent jogapkärçilik duýgusyny döredýär. 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Ar­ka­da­gy­myz­ Türk­me­nis­ta­nyň­ Halk Mas­la­ha­ty­nyň­ Pre­zi­diu­my­nyň­ mejlisin­de­ eden­ ta­ry­hy­ çy­ky­şyn­da­ kä­millik­ ýa­şy­na­ ýet­me­dik­le­riň­ mesele­le­ri bi­len ­bag­ly ­ka­da­laş­dy­ry­jy­ hu­kuk­ nama­la­ry­ny­ kämilleşdirmegiň­ wag­tynyň­ ge­len­di­gi­ hem-de­ ýaş­lar­ bi­len iş­leş­ýän­ ýörite­leş­di­ri­len­ gu­ra­ma­laryň­ işi­ni­ güýç­len­dir­me­li­di­gi­ ba­ra­da bel­le­di.­ Biz­ hem­ akyl­dar­ şa­hyr­ Magtym­gu­ly­ Py­ra­gy­nyň­ ady­ny­ gö­terýän­ Türkmenista­nyň­ Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky­ Ýaş­lar­ gu­ra­ma­sy­nyň­ işgärleriniň­ adyn­dan­ ýaş­la­ryň­ sy­ýa­sy yk­dy­sa­dy,­ me­de­ni­ iş­le­re­ has­ giňden go­şu­lyş­ma­gy­ny,­ ola­ryň­ wa­tan­çy­lyk,­ ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelenilmegini gazanmak hem-de ýokary hilli bilim almagy, dö­re­di­ji­lik­ we­ sport­ bi­len­ meş­gullan­ma­gy,­ ukyp-başar­nyk­la­ry­ny­ do­ly ýü­ze­ çy­kar­mak­ üçin­ äh­li­ şert­le­ri­ döret­mek,­ giň­ gözýe­tim­li,­ ösen­ teh­nolo­gi­ýa­lar­dan­ oňat­ baş­ çy­kar­ýan­ hünär­men­le­riň nes­li­ni ­ke­ma­la ­ge­tir­mek ba­bat­da­ alyp ­bar­ýan ­iş­le­ri­mi­zi has-da güýçlendir­jek­di­gi­mi­ze­ ynan­dyr­ýarys.­ Türk­men­ ýaş­la­ry­nyň­ oka­ma­gy,­ öwrenmegi, döretmegi, zähmet çekmegi, parahat dynç almagy, bagtyýar ýa­şa­ma­gy ­ug­run­da ­be­ýik­ iş­le­ri­ ama­la aşyr­ýan ­Gah­ry­man­ Arkadagymyzyň,­ Ar­ka­dag­ly ­Gah­ry­man­ Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry ­sag,­ belent­ baş­la­ry­ aman, ­dünýä­ äh­mi­ýet­li­ iş­le­ri­ nu­ra­na­ ýol­lar­da­ rowan bolsun!

 

Ýazpolat KERIÝEW, 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

 Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

TÜRKMEN ZENANLARYNA GOÝULÝAN SARPA

 

Toý­la­ry­my­zyň to­ýa ulaş­ýan, asyl­ly umyt­la­ry­my­zyň ha­ky­ka­ta öwrül­ýän aja­ýyp döw­rün­de, gö­zel türk­men sähra­sy­na ba­har ge­lip, ene top­ra­gy­my­zyň ýa­şyl kür­te ge­ýip, dag­la­ry­my­zyň-düzle­ri­mi­ziň gül aç­ýan gün­le­rin­de, Halka­ra ze­nan­lar gü­ni my­na­sy­bet­li, eýeçi­li­giň gör­nü­şi­ne gara­maz­dan, äh­li kärhanalarda, edaralarda, guramalarda iş­le­ýän, pen­si­ýa we döw­let kö­mek pu­lu­ny al­ýan, önüm­çi­lik­den aý­ryl­mak şer­ti bi­len aspiran­tu­ra­da, dok­to­ranturada hem-de kliniki ordinaturada oka­ýan aýal-gyz­la­ra, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky Döw­let gullu­gy akade­mi­ýa­sy­nyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwla­ry­nyň diň­leý­ji aýal-gyz­la­ry­na, ta­lyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan, şeý­le hem mek­de­be çen­li ça­ga­lar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň adyn­dan pul sow­gat­la­ry gow­şu­ryl­dy. Mu­nuň özi kör­pe­je gyz­la­ry­my­zyň, ze­nan­la­rymy­zyň, mäh­rem ene­le­ri­mi­ziň aýratyn ala­da bi­len gur­şa­lyp, ola­ra uly hor­mat go­ýul­ýan­dy­gyn­dan nyşan­dyr. 

Häzirki wagtda ýurdumyzda eneli­gi we ça­ga­ly­gy go­ra­ma­gyň Türkmenis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­syn­dan göz­baş alyp gaýd­ýan hu­kuk esaslary­ny düzýän birnäçe kanunlar hereket edýär. Türk­me­nis­ta­nyň Maş­ga­la, Zäh­met, Ilaty dur­muş taý­dan go­ra­mak ha­kyn­da ko­deks­le­ri, «Ça­ga­nyň hu­kuk­la­ry­nyň döw­let ke­pil­lik­le­ri ha­kyn­da», «Ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­me­gi wa­gyz etmek we gol­da­mak ha­kyn­da» Türk­menis­ta­nyň Ka­nun­la­ry hem-de beý­le­ki birnäçe kanunçylyk namalary eneligi we çaga­ly­gy go­ra­ma­gyň hu­kuk ke­pillik­le­ri­ni üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.

Türk­me­nis­tan­da­ ze­nan­la­ryň ­ýa­şaýyş-dur­mu­şy­ny,­ zäh­met­ şert­le­ri­ni gowu­lan­dyr­mak,­ hu­kuk­la­ry­nyň­ yg­tybar­ly­ go­ra­gy­ny­ üp­jün­ et­mek,­ ola­ryň aba­dan­ dur­muş­da­ ýa­şa­ma­gy,­ saý­lap alan käri boýunça zähmet çekmegi, okamagy, medeniýetli dynç almagy babatda döwlet tarapyndan ähli tagal­la­lar­ edil­ýär.­ Döw­le­ti­miz ­ta­ra­pyndan­ ze­nan­la­ra­ be­ril­ýän­ ýe­ňil­lik­ler,­ ola­ryň­ my­na­syp­ dur­mu­şy­ we­ bag­tyýar­ zäh­met­ çek­mek­le­ri­ üçin­ döredilýän­ ze­rur­ şert­ler,­ ka­nu­ny­ ke­pil­lik­ler bag­ty­ýar­ ze­nan­la­ry­my­zy döre­di­ji­lik­li zäh­me­te­ ruh­lan­dyr­ýar.­ Döw­le­ti­miziň­ dür­li­ pu­dak­la­ryn­da işjeň­ zäh­met çek­ýän­ ze­nan­la­ry­my­zyň­ zäh­me­ti­ne döwletimizde ýokary baha berilýär. 2014-nji­ ýyl­da­ Türk­me­nis­ta­nyň­ «Zenan kalby» ordenini döretmek hakyn­da»­Türk­me­nis­ta­nyň­ Ka­nu­ny­nyň kabul edilmegi we her ýylda zenanla­ry­my­zyň­ bir­nä­çe­si­niň­ bu­ ýo­ka­ry döwlet sylagyna mynasyp bolmagy hem mu­ňa ­aý­dyň ­şa­ýat­lyk ­ed­ýär.­ 

Türk­me­nis­ta­nyň «Ene mäh­ri» diýen hormatly adyny döretmek hakynda Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny ka­bul edi­len­den bä­ri se­kiz we şon­dan köp ça­ga­ny dün­ýä in­di­rip, my­na­syp ter­biýe­län ene­le­re Türk­me­nis­ta­nyň Pre­ziden­ti­niň Per­ma­ny bi­len «Ene mäh­ri» di­ýen hor­mat­ly at da­kyl­ýar. Türk­menis­ta­nyň «Ene mäh­ri» di­ýen hor­mat­ly adyna mynasyp bolan enelere döwlet kö­mek pul­la­ry­nyň ha­sap­la­nyl­ma­gy üçin bel­le­ni­len binýat­lyk ulu­ly­gyň on essesi möçberinde birwagtlaýyn baýrak tölenilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormat­ly Preziden­ti­mi­ziň Per­ma­ny­na la­ýyk­lyk­da, 2024-nji ýy­lyň 1-nji ýanwaryndan döw­let kö­mek pul­la­ry­nyň ha­sap­la­nyl­ma­gy üçin bel­le­ni­len binýat­lyk ulu­lyk 470 ma­nat möç­be­rin­de bel­le­nil­di. Şeý­le­lik­de, şu ýyl Türkme­nis­ta­nyň «Ene mäh­ri» di­ýen hormatly adyna mynasyp bolan enelere 4700 ma­nat möç­be­rin­de bir­wagt­la­ýyn baý­rak tö­le­nil­di. Şeý­le hem, Türk­menis­ta­nyň «Ene mäh­ri» di­ýen hor­mat­ly adyna mynasyp bolan enelere pensiýala­ry­nyň ýa-da ça­ga se­ret­mek bo­ýun­ça döw­let kömek pu­lu­nyň, ma­ýyp­lyk boýun­ça döw­let kö­mek pu­lu­nyň, döw­let durmuş kö­mek pu­lu­nyň 30 gö­te­ri­mi möç­be­rin­de her aý­da goş­ma­ça hak töle­nil­ýär. «Ene mäh­ri» di­ýen hor­mat­ly ada my­na­syp bo­lan ene­le­re diş protez­le­ri hyz­mat­la­ryn­dan, jem­gy­ýet­çi­lik aw­tou­lag se­riş­de­le­rin­den (taksi­den baş­ga­sy), ola­ra we olar bi­len bi­le ýa­şaýan maş­ga­la ag­za­la­ry­na suw­dan, gazdan, elektrik energiýasyndan hem-de ýa­şa­ýyş jaý-je­ma­gat hyz­mat­la­ryn­dan mugt peýdalanmaga hukuk berilýär. 

Hor­mat­ly­ Pre­zi­den­ti­mi­ziň­ pa­rasat­ly­ baş­tu­tan­ly­gyn­da­ be­ýik­ özgertmeler we maksatnamalaýyn tutumlar dur­mu­şa­ ge­çi­ril­ýän­ eziz Diýa­ry­myzda­ bag­ty­ýar­ ze­nan­lar­ türk­men­ halky­nyň­ mil­li­ ru­hy­ gymmatlyk­la­ry­ny,­ mukaddes däp-dessurlaryny döwre­bap­ de­re­je­de­ dowam­ et­dir­mek­ bilen,­ döw­le­ti­mi­ziň­ we­ jem­gy­ýe­ti­mi­ziň dur­mu­şyn­da ama­la­ aşy­ryl­ýan­ il-ýurt bäh­bit­li,­ adam­zat­ äh­mi­ýet­li ­iş­le­re ­işjeň­ gatnaşýar­lar.­ Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň ­125­ de­pu­ta­tyn­dan­ 32-si­niň zenan­lar­ bol­ma­gy ­hem­ mu­nuň­ aý­dyň subutnamasydyr. 

Türk­me­nis­tan­ döw­le­ti­miz­ dün­ýä ýurt­la­ry­nyň ­hem-de­ halk­la­ry­nyň arasyn­da ­dost-do­gan­lyk­ gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da ­ze­nan­la­ryň or­nuny ­we ­iş­jeň­li­gi­ni­ ýo­kar­lan­dyr­mak ­babat­da ­hal­ka­ra ­äh­mi­ýet­li başlangyç­lar bi­len­ çy­kyş ­ed­ýär.­ 2021-nji­ ýy­lyň­ awgust aýynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň­ ze­nan­la­ry­nyň­ dia­lo­gy­ Türk­menistanda «Awaza» milli syýahatçylyk zo­la­gyn­da­ Mer­ke­zi­ Azi­ýa­nyň­ döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň­ konsul­ta­tiw­ du­şu­şygy­nyň ­çäk­le­rin­de ­ge­çi­ril­di.

Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türkme­nis­tan Wa­ta­ny­myz 2022-nji ýyl­da Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ze­nan­lary­nyň dia­lo­gyn­da baş­lyk­lyk etdi. Şol ýy­lyň maý aýyn­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türkmenista­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gah­ry­man Arkadagymyzyň baş­lan­gy­jy bi­len Aşga­bat­da Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň «Jem­gyýet­çi­lik-sy­ýa­sy we dur­muş-ykdysady ösüş­de ze­nan­la­ryň or­ny» ady bi­len zenan­la­ryň dia­lo­gy üstünlik­li ge­çi­ril­di.

Forumda Merkezi Aziýa döwletle­ri­niň we Rus­si­ýa­nyň zenanlarynyň dia­lo­gy­nyň Jar­na­ma­sy ka­bul edil­di. Bu hal­ka­ra res­mi­na­ma BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 76-njy ses­si­ýa­sy­nyň res­mi­na­ma­sy hökmün­de ka­bul edil­di. 

Türk­me­nis­ta­nyň Ze­nan­la­ryň dia­logy­na baş­lyk­lyk eden ýy­lyn­da döw­leti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len, Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň Nýu-Ýork şä­herin­de ýer­leş­ýän Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­rama­sy­nyň mer­ke­zi edara­syn­da Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň Ze­nan­lar dia­lo­gynyň agzalarynyň gat­naş­ma­gyn­da «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» at­ly hal­ka­ra mas­la­ha­tyň ge­çi­ril­me­gi bu ugur­da edi­len uly iş­le­riň bi­ri­dir.­­ Ýurdumyzda enelere, zenanlara uly hormat, sarpa goýýan Gahryman Arka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň­ jan­la­ry­ sag,­ ömür­le­ri uzak, mertebeleri belent bolsun!

 

 

Bahar SEÝIDOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym bilim, medeniýet 

we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.

MILLI PARLAMENT: ÝAŞ PARLAMENTARILER WE DEMOKRATIK ÖSÜŞLER

 

Hä­zir­ki­ dö­wür­de­ hu­kuk­ gatnaşykla­ryň­ maz­mu­ny­nyň­ döwrebaplaşma­gy ­we­ hu­su­san-da, demokratik hä­si­ýet­li­li­giň ­mah­sus­ly­gy­ bi­len­ ös­megi­ ne­ti­je­sin­de­ dün­ýä­ döw­let­le­ri­niň,­ şol­ san­da­ Türk­me­nis­ta­nyň­ ka­nun­çyka­ry­jy­lyk­ tej­ri­be­si­ne­ hem­ oňyn­ tä­sir ed­ýär.­ Ata-ba­ba­la­ry­myz­dan­ mi­ras ga­lan­ yn­san­per­wer­ däp­le­re,­ umu­my yk­rar ­edi­len­ hal­ka­ra ýörelgele­re ­eýerip,­ de­mok­ra­tik­ ýörel­ge­le­ri­miz­ döwrüň­ ta­la­by­ny ­na­za­ra­ alyp ­iş­jeň­leş­ýär.­ Şeý­le­ depgindäki­ de­mok­ra­tik­ däp­ler hor­mat­ly Prezidenti­mi­ziň gat­naş­magyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň ýe­din­ji çagy­ry­ly­şy­nyň bi­rin­ji mas­laha­ty­nyň do­wa­myn­da Mej­li­siň ýolbaşçylaryny we­zi­pä bel­le­mek we onuň düzümini tas­syk­la­mak mesele­le­rinde-de be­ýa­ny­ny tap­dy. Bu mas­la­hatda oňa gat­na­şy­jy­lar Türkme­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň saý­la­nan de­pu­tat­la­ry­nyň ag­la­ba­sy­nyň ýaş nes­liň we­kil­le­ri­di­gi­ni aý­ra­tyn bel­le­di­ler. Hor­mat­ly Prezi­denti­miz bu mas­la­hat­da eden çy­ky­şyn­da «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkyny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022­ —­ 2052-nji ýyl­lar­da durmuş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­nama­syn­da» kesgitlenen we­zi­pe­le­riň kanun­çy­lyk-hu­kuk taý­dan üp­jün edilme­gi babatda Türk­me­nis­ta­nyň Mejli­si ta­ra­pyn­dan ge­çi­ril­me­li ze­rur iş­le­riň anyk ugur­la­ry­ny be­ýan et­di.

Mas­la­hat­da Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz döw­le­ti­mi­ziň we jem­gyýe­ti­mi­ziň mil­li gym­mat­lyk­la­ry­ny, şeýle hem tä­ze­çil­lik­le­ri çel­gi edi­nip, ra­ýat hu­kuk gat­na­şyk­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, häzir­ki döw­rüň ta­lapla­ryn­dan we oňyn hal­ka­ra tej­ri­be­den ugur alyp, Türk­me­nis­ta­nyň Ra­ýat ko­dek­si­niň tä­ze re­je­le­nen gör­nü­şi­ni taý­ýar­la­mak, Hal­ka­ra Zäh­met Gu­rama­sy­nyň esa­sy ka­da­laş­dy­ry­jy na­ma­laryn­dan ge­lip çyk­ýan düz­gün­le­ri Türkme­nis­ta­nyň zäh­met ka­nun­çy­ly­gy­na ornaşdyrmak, Türk­me­nis­ta­nyň Ad­minist­ra­tiw hu­kuk bo­zul­ma­la­ry hakynda ko­dek­si­ne we beý­le­ki ko­deks­le­re üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar gi­riz­mek bo­ýun­ça iş­le­riň ama­la aşy­ryl­ma­gy­nyň ze­rur­ly­gy­na äh­mi­ýet ber­di. 

Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­tynyň Baş­ly­gy, Gah­ry­man Arkadagy­myz ge­çen­ ýyl­ Halk­ Mas­la­ha­ty­nyň­ mej­lisin­de­ eden çykyşynda:­«Ýur­du­myz­da ga­za­nyl­ýan ­her­ bir­ ösüş ­mil­li­ ka­nunçy­ly­gyň­ kä­mil­leş­di­ril­me­gi­niň­ esasyn­da­ ama­la­ aşy­ryl­ýar.­ Şu­nuň­ bi­len bag­ly­lykda,­ Esa­sy ­Ka­nu­ny­myz ­bo­lan Kons­ti­tu­si­ýa­my­zy­ bir­nä­çe­ ge­zek­ kämil­leş­di­rip,­ döw­let­ hä­ki­mi­ýet­ edara­la­ry­nyň­ kä­mil­ ul­gam­la­ry­ny­ eme­le ge­tir­dik»­ di­ýip­ nyg­ta­ma­gy,­ Türk­menis­ta­nyň­ Mej­li­si­niň­ de­pu­tat­la­ry­na bil­di­ri­len­ uly­ ynam­dyr.­ Şu­nuň­ bi­len bir­lik­de,­ tä­ze ­ka­bul­ edil­ýän­ ka­nun­laryň,­ geçirilýän­ öz­gert­me­le­riň ­iş­jeň­lik hä­si­ýe­ti­ni­ bar­ha­ ýo­kar­lan­dyr­mak­da öňde­ dur­ýan­ jo­gap­kär­çi­lik­dir.­ Mil­li Li­de­ri­miz ­bu­ mej­lis­de­ Mej­li­siň­ ýedin­ji ça­gy­ry­ly­şy­nyň ­de­pu­tat­la­ry­nyň­ öňünde ­dur­ýan ­we­zi­pe­le­re­ aý­ra­tyn­ äh­miýet ­ber­di.­Ola­ryň ­ha­ta­ryn­da:

 Bi­rin­ji­den, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň tä­ze ag­za­la­ry­nyň öz işle­ri­ni döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk gu­ra­makla­ry üçin Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­siniň ola­ra ýar­dam be­rip dur­ma­ly­dy­gy, olar bi­len okuw maslahatlary gu­rap, de­giş­li ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry ba­ra­da gi­ňiş­leýin okuw­la­ry ge­çir­me­li­di­gi; 

Ikin­ji­den,­ Mej­li­siň­ de­pu­tat­la­ry­nyň döw­let­ hä­ki­mi­ýe­ti­niň­ ýer­li­ wekil­çilik­li­ eda­ra­la­ryn­da,­ ýe­ri­ne­ ýe­ti­ri­ji­ häki­mi­ýe­tiň­ ýer­li­ eda­ra­la­ryn­da­ bo­lup,­ ýy­gy-ýy­gy­dan­ du­şuş­ma­gy­ we­ gürrüň­deş­ bol­ma­gy,­ şeý­le ­pi­kir alyş­ma­laryň ­he­re­ket­ ed­ýän ­ka­nun­çy­ly­gy­my­za üýt­get­me­le­ri­ we­ goşmaçala­ry­ gi­rizmek­ üçin­ peý­da­ly­ mag­lu­mat­la­ry­ alma­ga ­ýar­dam berjek­di­gi; 

Üçün­ji­den,­ Mej­li­siň­ de­pu­tat­la­rynyň­ döw­le­ti­mi­zi­ sy­ýa­sy,­ yk­dy­sa­dy,­ dur­muş­ we­ me­de­ni­ ba­bat­da­ ös­dürmek­ bo­ýun­ça­ mil­li­ ka­nun­çy­ly­gy­ kämilleş­dir­me­li­di­gi,­ hal­ka­ra­ tej­ri­be­den ugur­ alyp, ­ka­nun­çy­lyk­ namalarymyzy­ yzy­gi­der­li­ döw­re­bap ­ýag­da­ýa ­getir­me­li­di­gi ­dog­ru­syn­da­ anyk ­we­zi­peler ­kes­git­le­nil­di.

2023-nji­ ýyl­da­ Türk­me­nis­tan­da ýaş­ par­la­men­ta­ri­le­riň­ işi­ni­ kanunala­ýyk­ gu­ra­mak­ hem-de­ ony­ ös­dürmek ­mak­sa­dy ­bi­len, Türkmenista­nyň Mej­li­si­niň­ Ýaş­ par­la­men­ta­ri­ler­ to­pary­ dö­re­di­lip,­ toparyň­ tas­syk­la­ny­lan Düz­gün­na­ma­sy­na­ la­ýyk­lyk­da­ öz ­işini­ ag­za­la­ry­nyň ­deň­li­gi­ ýö­rel­ge­si ­esasyn­da, ­jem­gy­ýet­çi­lik­ baş­lan­gyç­la­rynda ­ama­la­ aşyrýar.­To­pa­ryň­ çöz­güt­le­ri mas­la­hat­ be­ri­ji­ hä­si­ýet­li­li­gi­ bi­len­ tapawutlanýar. 

To­par­ öz­ işin­de­ Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­sin­de ­ýaş­ par­la­men­ta­ri­le­riň başlan­gyç­la­ry­ny­ açyp­ gör­kez­mek­ üçin şert­le­riň­ dö­re­dil­me­gi­ne;­ Türkmenista­nyň­ ýaş­ ra­ýat­la­ry­nyň­ hu­kuk­ we sy­ýa­sy ­me­de­ni­ýe­ti­niň­ kema­la ­ge­ti­rilme­gi­ne,­ ýaş­la­ryň ­dö­re­di­ji­lik,­ ra­ýat­lyk iş­jeň­li­gi­niň­ ösdürilme­gi­ne­ ýar­dam et­mek;­ Türk­me­nis­tan­da­ ýaş­lar ­par­lamen­ta­riz­mi­ni­ ös­dür­mek­ bi­len­ bag­ly mak­sat­la­ry ­göz ­öňün­de­ tut­ýar. 

Bu­lar bi­len bir ha­tar­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň be­ren tabşyryklaryndan ugur alyp, ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sy gat­na­şyk­la­ry­ny par­la­ment diplo­ma­ti­ýa­sy­nyň üs­ti bi­len dün­ýä ýaýmak üçin Türkmenistanyň Mej­li­si dünýä döw­let­le­ri­niň par­la­ment­le­ri hem-de abraý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len gat­naşyk­la­ry­ny yzy­gi­der­li ber­kid­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da bu ugur­da par­la­men­ta­ra dostluk to­par­la­ry­nyň, ugur­daş ko­mi­tet­leriň, ýaş par­la­men­ta­ri­le­riň, ze­nan parla­men­ta­ri­le­riň ara­syn­da öza­ra tej­ri­be alyş­mak üçin hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze­çe iş usul­la­ryn­da ýo­la go­ýul­ma­gy­na giň şert­ler dö­re­dil­ýär. 

Mu­nuň­ özi­ bolsa­ gel­jek­de­ Türkme­nis­ta­nyň­ Mej­li­si­niň­ ýe­din­ji­ çagyry­ly­şy­nyň­ de­pu­tat­la­ry­nyň,­ şol­ san­da ýaş­ par­la­men­ta­ri­le­riň­ öňün­de kes­gitle­nen­ we­zi­pe­le­ri­ ama­la­ aşyr­ma­gy­na müm­kin­çi­lik­le­ri­ dö­re­der. Döw­le­ti­ dolan­dyr­ma­gyň ­halk ­hä­ki­mi­ýe­ti­niň ­üs­ti ar­ka­ly­ saz­la­şy­gy­ny­ berkit­mä­ge­ ýardam ­eder. 

 

Mer­jen­ BOR­JA­KO­WA, 

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Dur­muş syýasa­ty 

ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň hü­när­me­ni.

ÝAŞLAR SIZIŇ BILEN, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZ!

 

Ýaş­lar — Wa­ta­nyň kuw­wa­ty, ömür­le­riň do­wa­ma­ty. Şo­nuň üçin hem bi­ziň ýur­du­myz­da ýaş­lar ha­kyn­da­ky ala­da döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di. Do­wa­ma­ta do­wam sa­ýyl­ýan ýaş­lar ha­kyn­da­ky ala­da­la­ryň gur­şa­wy bi­ziň buý­sanç­ly ba­şy­my­zy gö­ge ýetirýär. Kal­by­myz­da aý­ra­tyn buý­sanç duý­gu­sy­ny dö­re­den waka­la­ryň, täzelikleriň bi­ri-de «Arkadagly ýaş­lar» elekt­ron žur­na­ly­nyň döredilmegidir. Arkadag Serdar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly­nda döredilen elektron žur­nal­da ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de zäh­met çek­ýän we ýo­ka­ry okuw mek­dep­ler­inde bi­lim al­ýan ýaş­la­ryň çy­kyş­la­ry türk­men, rus, iň­lis dil­le­rin­de ne­şir edil­ýär. Bu žur­nal kal­byn­da Wa­ta­na bo­lan mize­mez söý­gü­si­ni apa­lap ýa­şa­ýan ýaş­la­ry­my­zyň şyg­ry­ýe­te we sun­ga­ta, dö­re­di­ji­li­ge we yl­ma hö­we­sek­le­ri­niň ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­nyň giň­den açylma­gy­na oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. 

Bi­ziň «Arkadagly ýaş­lar» at­ly elekt­ron žur­na­ly ­dö­re­dip be­ren Gahryman Arkadagy­my­za we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşally­gy­myz çäk­siz­dir. 

 

Guwanç ÇENDIROW, 

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

HALKARA DEREJELI YKRARNAMA

 

Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­masy ge­çen ýyl, ýag­ny Arkadag Serdar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­lynda ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä Ýaş­lar jem­gy­ýe­ti­niň res­mi ag­za­ly­gy­na ka­bul edil­di. ÝUNES­KO-nyň Sek­re­ta­ria­ty­nyň So­sial we yn­san­per­wer ylym­la­ry bölüm­çe­si­niň sy­ýa­sat we mak­sat­na­ma­lar me­se­le­le­ri bo­ýun­ça di­rek­to­ry An­že­lo Me­lo bu gu­ra­ma­nyň Bü­tin­dün­ýä Ýaş­lar jem­gy­ýe­ti­niň res­mi agza­sy bo­lan­dy­gy ba­ra­da ha­bar be­ren­de, bu tä­ze­lik uly tol­gun­ma we çäk­siz şat­lyk bi­len ka­bul edil­di. Bu yk­rar­na­ma döw­le­timi­ziň hal­ka­ra ýaşlar dia­lo­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak hem-de ýaş nes­liň be­den we aň taý­dan saz­la­şyk­ly ös­me­gi­ni üp­jün et­mek ba­bat­da­ky ýö­rel­ge­le­ri­niň giň ja­ha­na aýan bo­lan­dy­gy­ny äş­gär ed­ýän ha­ky­kat­dyr. 

Mun­dan baş­ga-da, ge­çen ýy­lyň ta­mam­laý­jy gün­le­rin­de ga­dy­my Mer­wiň çä­gin­de «Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň tä­ze eý­ýa­my» ady bi­len Merkezi Azi­ýa ýurt­la­rynyň we Hy­ta­ýyň ýaş­la­ry­nyň fo­ru­my ge­çi­ril­di. Hal­ka­ra gi­ňiş­li­gi­nde uly ses­len­me dö­re­den bu fo­ru­my ge­çir­mek baradaky baş­lan­gy­jy Arkadag Serdar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly­nyň maý aýyn­da Hy­ta­ýyň Si­an şä­he­rin­de ge­çen «Mer­ke­zi Azi­ýa — Hy­taý» forma­tyn­da­ky döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň bi­rin­ji sam­mi­tin­de hor­mat­ly Prezidentimiz öňe sür­di. Üs­tün­lik­li we ne­ti­je­li ge­çen bu fo­rum türkmen ýaş­la­ry­nyň bag­ty­ýar za­ma­na­da ama­la aşyr­ýan be­ýik iş­le­ri­ni, yl­my açyşla­ry­ny, ta­lyp­lyk döw­rün­dä­ki ýa­kym­ly ýat­la­ma­la­ra baý pursat­la­ry­ny Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň we Hy­ta­ýyň ýaş­la­ry­na bü­tin aý­dyň­ly­gy bi­len äş­gär et­di. 

 

Maksat JANMYRADOW , 

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

DÖWLETLILIGIŇ AÝDYŇ BEÝANY

 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýy­lyn­da Türkmenis­ta­nyň­ Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň­ ka­bul edil­me­gi­ne­ we­ Döw­let­ baýdagy­my­zyň ­dö­re­dil­me­gine 32­ ýyl­ dol­ýar.­ Mäh­ri­ban­ Wa­ta­ny­myz­da hor­mat­ly Prezidentimi­ziň ­pa­ra­sat­ly­ baş­tu­tan­ly­gyn­da­ ama­la aşy­ryl­ýan oňyn­ öz­gert­me­ler ­ýur­du­my­zyň ­aý­dyň gelje­gi­ni ­üp­jün­ et­mek­de ­berk binýat­ bo­lup­ dur­ýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 4­-nji maddasynda adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilip, Gahryman Arkadagymyzyň: «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer şygarlary astynda durmuş-ykdysady ösüşiň ugurlary boýunça ýurdumyzda milli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. 

Esasy Kanunymyz döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny dabaralandyrmaga, halkymyzyň durmuş hal-­ýagdaýyny, ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga, jemgyýetiň jebisligini pugtalandyrmaga giň şertleri döredýär. Ýurdumyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen beýik tutumlar, durmuş­-ykdysady özgertmeler kämil kanunçylyk binýadyna esaslanýar. 

Türkmenistan döwletimiz umumadamzat gymmatlyklary, adamyň we raýatyň tebigy hem­-de mizemez hukuklary, milli däp-­dessurlarymyz, ata-­babalarymyzyň müňlerçe ýyllaryň dowamynda kemala getiren urp-adatlary, ula hormat goýmak, kiçini sylamak, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, geçirimlilik, kanagatlylyk, myhmansöýerlik ýaly ýörelgeleri täze röwşe eýe bolýar. 

Türkmenistanyň Konstitusiýasy demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmakda emele gelýän jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kadalaşdyrýar, şunda baş gymmatlyk adam bolup durýar. Konstitusiýa türkmen döwletiniň milli ýörelgelerini — Garaşsyzlygy we Bitaraplygy, parahatçylygy, raýat ylalaşygyny, demokratiýany, kanunlaryň ileri tutulmagyny özünde jemläp, jemgyýetimiziň durmuş-­ykdysady ösüşini kesgitleýär.

Döwletimiziň umumy ykrar edilen demokratik kadalara esaslanýan kanunçylyk hukuk binýadynyň berkligi halkyň öz Döwlet tuguna söýgüsi, hormaty we buýsanjy bilen baglanyşykly. Baýdak we Konstitusiýa her bir döwletiň garaşsyzlygyny we berkararlygyny alamatlandyrýan mukaddesliklerdir. Kanuny kämil jemgyýet berk hem­de döwrüň talabyna görä ösmäge, özgermäge ukyply bolýar. Hormatly Prezidentimiziň her bir tutumly işleriniň binýadynda halkyň aladasynyň, nesilleriň bagtyýarlygynyň, maşgala berkliginiň mynasyp orun eýelemegi il agzybirligini, ýurt asudalygyny üpjün edýär. Her ýylyň 18­nji maýynda eziz Diýarymyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň bilelikde bellenilmegi iki mukaddeslige goýulýan çuňňur hormat-­sarpadan nyşan. Munuň özi halkymyzyň milli gymmatlyklarymyza jany­ teni bilen ygrarlydygynyň subutnamasy. 

«Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 1-­nji maddasynda: «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Türkmenistanyň halkynyň agzybirliginiň we Garaşsyzlygynyň hem­-de döwlet Bitaraplygynyň nyşanydyr» diýlip bellenilýär. Ýaşaýşyň ýaşyl reňkini özüne siňdiren, asuda asmanda pasyrdap, rowaç ýollarymyza şugla saçýan ýaşyl Tugumyz türkmeniň arzuw­-islegini, maksat­-myradyny, parahatçylyk söýüjilikli ýörelgesini äleme buşlaýan beýik mukaddeslikdir. Asudalygyň, birek­-birege ynanyşmagyň eýýamynda türkmeniň ýaşyl Tugy dünýäniň çar künjeginde erkana pasyrdaýar. Garaşsyzlyk bagty mähriban halkymyzyň ýagty ertiriniň sarsmaz ynamy, ygrary, berkarar döwletimiziň abraý-­mertebesi bolup nur saçýar. 

Esasy Kanunymyzyň 9­-njy maddasynda berkidilen ýurdumyzyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagyny ykrar edýändigi hakyndaky kadanyň Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryň ulgamyna goşulmagy hem­-de ähli döwletler bilen deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegi üçin zerur hukuk şertlerini döredýändigini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistanyň Mejlisi dünýä döwletleriniň parlamentleri hem­-de abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklaryny yzygiderli berkitmelidir» diýip belleýär. Şu jähetden ugur alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly daşary syýasy başlangyçlaryndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, ýurtda amala aşyrylýan özgertmeleriň hukuk esaslaryny berkitmek maksady bilen, hereket edýän Kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi, şeýle hem Türkmenistanyň goşulyşan halkara resminamalaryny we döwletara ylalaşyklaryny tassyklamak boýunça «Söwda­-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda», «Ýewropa—Kawkaz—Aziýa halkara ulag geçelgesini ösdürmek hakynda Esasy köptaraplaýyn ylalaşyga goşulmak hakynda», «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. 

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz, berk binýatly kanunymyz barka eziz Diýarymyzyň ösüşlerine, aýdyň ertirlerine guwanyp ýaşamak il­-ulsumyza ylahy bagyş edilen döwletlilikdir. Bu elýetmez bagta eýe bolan halkymyzyň eziz Watanymyza, hormatly Prezidentimize, halal zähmete söýgi-­sarpalary gün­-günden artýar. Öňdengörüjilikli, oýlanyşykly syýasaty hem-­de «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymaty bilen adam hakyndaky aladanyň belent nusgasyny döreden Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza milli parlamentimiziň işini kämilleşdirmek üçin döredýän giň mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden sag bolsun aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il­-ýurt bähbitli, sebit we dünýä ähmiýetli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

 

ENEJAN ATAÝEWA, 

Türk­me­nis­ta­nyň­ Mej­li­si­niň ­deputaty,­ Hal­ka­ra ­we ­

par­la­men­ta­ra aragatnaşyklar­ ba­ra­da­ky ko­mi­te­tiň­ ag­za­sy

 

 

YNSAN SAGLYGYNYŇ GORAGYNDA

 

Berkarar Watanymyzda ýurdumyzyň her bir raýatynyň sagdyn ýaşamagyny, saglygyny dikeltmegini, talabalaýyk dynç alyp, bedenini berkitmegini üpjün etmek üçin ähli şertler döredilendir. 

Ýurdumyzyň ýerleşýän ýeriniň howa-klimat şertleri, tebigy gurşawynyň amatlyklary we egsilmez baýlyklary bilen tapawutlanýan şypahanalary hut şeýle maksada gulluk edýär. Saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm düzüm bölegi bolup durýan şypahanalar immuniteti pugtalandyrmakda, adamlaryň umumy saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, dowamly ýa-da hirurgiki bejergiden soň saglygy dikeltmekde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Hut şonuň üçin «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda şypahana hyzmatyny dünýä derejesinde kämilleşdirmek esasy wezipeleriň biri hökmünde öňde goýulýar.

Hormatly Prezidentimiz saglygy goraýyş ulgamynyň has netijeli ugry hökmünde şypahana hyzmatynyň gowulandyrylmagyna, kämilleşdirilmegine aýratyn üns berýär. Şoňa görä, ýurdumyz tebigy çeşmeleriniň hem-de beýleki tebigy serişdeleriniň esasynda bejeriş-sagaldyş işlerini geçirmekde uly mümkinçiliklere eýe bolan kuwwatly halkara derejeli şypahana merkezi hökmünde tutuş dünýäde ykrar edilendir. Diýarymyzyň tebigy gözelliklere beslenen künjeklerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze gurlan hem-de durky düýpli abatlanan şypahanalaryň ençemesi bardyr. Amatly howa we tebigy bejeriş şertleriniň uly toplumyna, mineral suwlaryňdyr bejeriji palçyklaryň egsilmez çeşmelerine eýe bolan «Arçman», «Ýyly suw», «Mollagara», «Berzeňňi», «Daşoguz», «Baýramaly», «Farap», «Awaza», «Bagabat» şypahanalary ýurdumyzyň raýatlaryny tutuş ýylyň dowamynda kabul edýär. Bu şypahanalaryň tehniki taýdan ýokary üpjünçilik derejesi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ýurdumyzyň şypahanalarynda bejeriş usullary olaryň her biriniň tebigy esaslaryna: palçygyna, mineral suwlaryna, howa şertlerine, tebigy serişdelerine hem-de olaryň özüniň himiki düzümini möwsümleýin üýtgetmek häsiýetine baglylykda ulanylýar.

 Gahryman Arkadagymyz geçen ýylyň 2-nji sentýabrynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän «Arçman» şypahanasynda bolup, onuň çäginde gurmak meýilleşdirilýän we durky täzelenýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdy. Munuň özi şypahananyň çägini giňeltmek, bu ýerde täze sagaldyş binalaryny gurmak hem-de Arçmanyň şypaly suwuny netijeli peýdalanmak boýunça meselelere ylmy esasda çemeleşmegiň wajypdygyna döwlet derejesinde üns berilýändigini ýene-de bir gezek tassyklady. Onlarça ýyllardan bäri ildeşlerimiziň uly isleginden peýdalanyp, saglygy berkitmekde, bedeniň kesellere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmakda buýsandyryjy netijeler gazanylan bu şypahana amatly howa-klimat şertlerini we dermanlyk ösümliklerini ýerlikli peýdalanmak arkaly hödürleýän dürli sagaldyş hyzmatlarynyň köpdürliligi, netijeliligi bilen tapawutlanýar. 

Milli Liderimiz türkmen topragynyň, tebigatynyň, ösümlikleriniň keramaty, olaryň näsaglary bejermekde ulanylyşy dogrusynda «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň «Hakydada orun alan pursatlar» atly babynyň «Arçman» şypahanasy barada ýatlamalary bölüminde giňişleýin ylmy garaýyşlaryny we täsirli gürrüňlerini beýan edýär: «Arçman» çeşmesiniň himiki düzümi boýunça kükürtli-hlorly-gidrokarbonatly, natrili-kalsili-magnili şypaly suwy bar. Ol gowşak aşgarlanan suwlar toparyna degişlidir. «Arçmanyň» suwy düzüminde magniniň uly mukdarynyň bolmagy bilen beýleki şunuň ýaly bejeriş häsiýetli suwlardan tapawutlanýar. Şypahanada bu suwy içmek, suwa düşmek, içegeleri ýuwmak üçin ulanýarlar. Ýeri gelende bellemeli: «Arçman» şypahanasy şeýle şypaly suwy gözbaşdan alyp ulanýan ýeke-täk ýerdir. Bu ýeriň howasy hem özge ýerlerdäkiden üýtgeşik. Onuň ýokary derejede ionlaşan howasy bar. «Arçman» şypahanasynda aşgazan-içege, bagyr, öt çykaryş ýollarynyň, daýanç-hereket synalarynyň, periferik nerw ulgamlarynyň keselleri, deri we ginekologik keseller bejerilýär. 

Tejribede saglygy goraýyş ulgamynyň şypahana işi  -şypahana hyzmaty we şypahana kömegi görnüşinde eýe bolan aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Şypahana kömegini bermek saglygy bejeriş-dikeldiş usullary hökmünde ulanylýar. Şypahana hyzmaty bejeriş-dikeldiş, saglygy goraýyş wezipesinden başga-da dynç alyş-sagaldyş wezipelerini hem ýerine ýetirýär. Ýurdumyzda şypahanalary döretmegiň, olaryň işini guramagyň, şypahana kömegini bermegiň, şeýle hem şypahana häsiýetli tebigy ýerleri gorap saklamagyň hukuk esaslary «Şypahana işi hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda bellenilýär. «Şypahana işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda şypahana edaralarynyň hyzmatlarynyň lukmançylyk we keseli anyklaýyş hyzmatlary; balneoterapiýa; klimatoterapiýa; palçyk bilen bejeriş; fizioterapiýa; diýetaterapiýa; toterapiýa; tebipçilik bejergisi; dynç alşy guramak ýaly görnüşleri giňişleýin beýan edilýär. 

Şypahana işini guramagyň mümkinçilikleri we şertleri ilkinji nobatda onuň tebigy esasynyň bolmagyny, syýahatçylyk işini guramagyň wajyplygyny talap edýär. Bu tebigy esas — keseli bejermek, keselden sagaltmak, keseliň öňüni almak, dynç almak üçin amatly, peýdaly şertleri bolan tebigy maksatly ýerlerdir. «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda şypahana tebigy ýerleri sagaldyş maksatly tebigy ýerlere degişli edilýär. Bu Kanuna görä, şypahana tebigy ýerleri bejeriş-sagaldyş häsiýetlerine, arassa howa, mineral we termal çeşmelerine, bejeriş palçyklarynyň ýataklaryna, beýleki tebigy serişdelere, gözelliklere hem-de tebigy gurşawyň häsiýetlerine, beýleki şertlere eýelik edýän, aýratyn goralýan tebigy ýerler bolup durýar. 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda (rejelenen görnüşinde) bellenen çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Lukmançylygyň saglygy dikeldiş, fizioterapiýa, kurortologiýa we adaty däl ugurlaryny kämilleşdirmek, ýogany tejribä ornaşdyrmak bilen bir hatarda şypahana bejeriş-dikeldiş kömegini bermegi mundan beýläk hem ösdürmek göz öňünde tutulýar. 

Häzirki wagtda ýurdumyzda şypahana – dynç alyş bejergisiniň hem-de sagaldyşyň düýpgöter täze ulgamy kemala gelip, ol ilatyň saglygyny berkitmegiň umumy düzüminiň möhüm bölegi bolup durýar. Bu ugruň hukuk binýadyny kämilleşdirýän kanunlaryň kabul edilmegi bolsa raýatlaryň saglygyny goramak baradaky konstitusion hukugynyň doly berjaý edilýändigini tassyklaýar. 

 

Merjen BORJAKOWA,

 Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň hünärmeni.

 

ПОТЕНЦИАЛ ЖЕНЩИН – ДЛЯ ДОСТИЖЕНИЯ МИРА И ПРОГРЕССА В РЕГИОНЕ

 

Делегация женщин Туркменистана в составе депутатов Меджлиса, представителей Министерства образования и Союза женщин приняла участие в Азиатском женском форуме «Региональный подход в вопросах расширения экономических, социальных и политических прав и возможностей женщин». 

Мероприятие проходило 1314 мая в Самарканде (Республика Узбекистан) и было организовано Сенатом Олий Мажлиса Узбекистана при поддержке Структуры «ООН–женщины». Инициатива проведения форума принадлежит Президенту Узбекистана Шавкату Мирзиёеву, выдвинутая на 78-й сессии Генеральной Ассамблеи ООН с целью использования конструктивного потенциала женщин-лидеров региона, обмена опытом по дальнейшему развитию, расширению их участия в управлении и обществе, а также для усиления их роли в экономике. 

Форум собрал более 30 высоких представителей зарубежных стран и международных организаций. Это женщины депутаты парламентов стран Восточной, Юго-Восточной, Южной и Центральной Азии, главы правительств. Также участвовали делегаты от более 40 представительств зарубежных стран в Узбекистане и зарубежных организаций, местных государственных органов, представителей институтов гражданского общества, женщин-руководителей, деловых женщин, политологов, активистов социальной сферы, учёных, представителей отраслей экономики и различных сфер. 

На церемонии открытия мероприятия выступили председатель Сената Олий Мажлиса Республики Узбекистан, председатель Республиканской комиссии по вопросам повышения роли женщин в обществе, гендерного равенства и семьи Танзила Нарбаева, заместитель Генерального секретаря ООН, исполнительный директор структуры «ООН–женщины» Сима Бахус, генеральный директор Отделения ООН в Женеве Татьяна Валовая, генеральный секретарь Межпарламентского союза Мартин Чунгонг, а также главы парламентов ряда государств, которые рассказали о целях и задачах форума, его значении, а также об ожидаемых результатах. 

В выступлениях отмечалось, что на Азиатском континенте проживает 4,82 миллиарда человек, а это более 60 процентов населения мира. От общей численности населения региона женщины составляют 2,3 миллиарда или 48,8 процента. Расширение прав и возможностей женщин является неотъемлемой частью прав человека, а в условиях, когда сохраняется политико-экономическая нестабильность в мире, особенно важно обеспечить активное участие женщин в государственном управлении, социально-политической, экономической, научно-академической и культурно-гуманитарной сферах. Подчёркивая, что эффективной платформой для обеспечения гендерного равенства, защиты прав и интересов женщин, обмена опытом служит диалог женщин стран Центральной Азии, выступавшие призвали на основе имеющегося опыта объединить женщин всей Азии и для этого воспользоваться такой площадкой, как Азиатский женский форум. 

После церемонии открытия участники приступили к работе в 10 параллельных сессиях, на которых были рассмотрены такие вопросы, как расширение экономических прав и возможностей женщин в современной глобальной экономике для достижения Целей устойчивого развития; роль парламента в стимулировании участия женщин в бизнесе и обществе; развитие женского и семейного предпринимательства как важного фактора развития экономики региона. Участницы также обсудили укрепление регионального взаимодействия в обеспечении доступа женщин к качественному образованию, науке, цифровым технологиям и расширение их участия в инновационной деятельности; региональные аспекты ликвидации всех форм насилия в отношении женщин и детей и превентивные меры по устранению их негативного влияния на социально-экономическое развитие стран. Отдельная сессия была посвящена вопросам защиты и сохранения экологии, продвижения «зелёной» экономики и влияния изменения климата на гендерную проблематику в регионе. Кроме того, на одной из сессий неправительственные организации региона обменялись своим опытом в защите прав и интересов женщин. 

Депутаты Меджлиса Туркменистана выступили на двух сессиях – «Парламенты как движущая сила улучшения экономического положения женщин» и «Гендерно-ориентированное бюджетирование: путь к гендерному равенству и устойчивости к изменению климата для всех». В наших выступлениях подчёркивалось, что Туркменистан присоединился к Конвенции о ликвидации всех форм дискриминации в отношении женщин (CEDAW), а также к её дополнительному протоколу. Также нами принята декларация Пекинской платформы действий IV Всемирной конференции по положению женщин. Во исполнение взятых на себя обязательств Туркменистан разработал стратегию продвижения гендерного равенства и предпринимает шаги по внедрению общепризнанных международно-правовых норм, связанных с созданием равных возможностей для мужчин и женщин, в национальное законодательство и практику. Женщины занимают достойное место в высших органах государственной власти, активно участвуют в общественно-политической жизни страны, вносят весомый вклад в её развитие. С целью повышения осведомлённости и важности обеспечения представительства женщин в общественной и политической жизни организуются регулярные встречи с представителями государственных органов власти, местного самоуправления, общественно-политических организаций. 

По итогам работы Азиатского женского форума участники разработали и приняли Самаркандскую декларацию. 

 

Байрамгозель Мырадова, 

депутат Меджлиса Туркменистана, член комитета по охране окружающей среды, природопользованию и агропромышленному комплексу.

1 ... 49 50 51 52 53 ... 90