​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

Выступления и Статьи

ENERGIÝANY TYGŞYTLAMAK — KANUNÇYLYK ESASLY WEZIPE

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda energetika toplumynyň, şol sanda elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak babatda uly işler amala aşyrylýar. Bu ugurda Diýarymyzda halkalaýyn energoulgamy döretmek taslamasy durmuşa geçirilip, 2021-nji ýylda Ahal — Balkan ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi, 2023-nji ýylda Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň ulanmaga berilmegi, «Pähim­-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bolsa Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň gurlup ulanmaga berilmegi, şeýle-de her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketleriniň işe girizilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Halkalaýyn energoulgamyň emele gelmegi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrýar, içerki sarp edijileriň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini has gowulandyrýar, halkymyzyň buýsanjyna öwrülýär.

Türkme­nis­tan dünýäniň energetika serişdelerine baý döwletleriniň biri bolmak bilen, energetika howpsuzlygynyň täze, döwrebap ulgamyny döretmäge aýratyn üns berýär. Içerki sarp edijileri energiýa serişdeleri bilen ygtybarly hem-de bökdençsiz üpjün etmek, energiýany tygşytlamak we ondan netijeli peýdalanmak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagy ygtybarly we kämil kanunçylygyň bolmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda energiýa üpjünçiligi çygrynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän hukuk namalary gözbaşyny Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan alyp gaýdýar. Esasy Kanunymyzyň 14-nji maddasynda energiýanyň çeşmeleri bolup durýan ýeriň, ýerasty baýlyklaryň, suwuň, şeýle hem beýleki tebigy baýlyklaryň Türkmenistanyň umumymilli baýlygy bolup durýandygy, olaryň döwlet tarapyndan goralýandygy we rejeli peýdalanylmaga degişlidigi berkidilendir. 

Energetika ulgamynyň milli kanunçylyk binýady berkidilýär, kämilleşdirilýär. Ulgamy maksatnamalaýyn ösdürmekde we halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny üpjün etmekde, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini önümçilige ornaşdyrmakda birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edildi. Häzirki wagtda «Uglewodorod serişdeleri hakynda», «Elektrik energetikasy hakynda», «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, «Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy», «Energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek boýunça 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň Milli strategiýasy» we beýleki birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalary hereket edýär. «Ýaşyl» energetikany ösdürmegiň milli kanunçylyk esaslarynyň yzygiderli berkidilmegine gönükdirilen işler uzak möhletleýin esasda alnyp barylýar. 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 30-njy martynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň bäşinji maslahatynda energiýa serişdeleri baradaky kanunçylyk namalarynyň üstüni ýetiren «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanunyň kabul edilmeginiň esasy maksady di­ňe bir ata Watanymyzyň energiýa çeşmelerinden bolelin peýdalanmakdan ybarat bolman, eýsem, energiýa serişdeleriniň tygşytlanylmagyny höweslendirmekden, energiýanyň netijeliligini goldamakdan, ýangyç-energiýa serişdelerini netijeli sarp etmekden, nesillerimizi energiýany netijeli peýdalanyp bilmek ruhunda terbiýelemekden ybaratdyr. Kanun Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna esaslanýar. Ol energiýanyň tygşytlanylmagyny höweslendirmegiň hem-de energiýadan peýdalanylmagynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. 

Energetika pudagynda tutumly işler durmuşa geçirilip, ýangyç-energiýa serişdelerini almak, öndürmek, ulanmak, geçirmek işleri amala aşyrylanda enjamlaryň näsazlygy, turba we elektrik geçirijiler ulanylanda ýa-da energiýany sarp ediji enjamlaryň işleýiş tertibiniň berjaý edilmezligi zerarly, olaryň öndürijiliksiz sarp edilmegi ýaly ýagdaýlaryň ýüze çykmazlygy üçin ýangyç-energiýa serişdelerini ulanmakda sarp edijileriň hukuklary we borçlary bu Kanunda düzgünleşdirilýär. Kanunda energiýany tygşytlamagy we ondan netijeli peýdalanmagy hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň esasy ýörelgeleri hem beýan edilýär. 

Hormatly Prezidentimiziň öň­dengörüjilikli ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hem senagatyň daşky gurşawa we adam saglygyna ýetirýän zyýanly täsiriniň, daşky gurşawa zy­ňyndylaryň möçberiniň azaldylmagyna gönükdirilendir. Bu ugurda öň­de goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, energetika pudagyny innowasiýalara daýanyp ösdürmekde ulanyljak täze tehnologiýalaryň ekologik taýdan howpsuzlygyna, arassalygyna, netijeliligine aýratyn üns berilýär. Kanunyň degişli maddasynda energiýany tygşytlamak, ondan netijeli peýdalanmak boýunça döwlet zerurlyklary üçin göz öňünde tutulan harytlara, işlere, hyzmatlara bildirilýän talaplar baradaky kadanyň bellenilmegi ýurdumyzyň ekologiýa syýasatynyň ilerlemegine öz täsirini ýetirer. Mundan başga-da, Kanunda energiýany tygşytlamak boýunça çäreleriň tehniki-ykdysady esaslandyrmasy öz beýanyny tapýar. 

Ata Watanymyzda ýetilýän sepgitler, gazanylýan zähmet ýe­ňişleri ýurdumyz boýunça kabul edilýän we üstünlikli ýerine ýetirilýän döwlet maksatnamalarynyň netijesidir. Gürrü­ňi edilýän Kanunda döwlet maksatnamalaryny energiýanyň netijeliligi çygrynda hem kabul etmek, durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. 

Ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrmak milli kanunçylygymyzda, has takygy, «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenilendir. Şo­ňa laýyklykda, munuň özi halkara hukugyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmak babatda işleriň halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar. Kanunda ikinji derejeli energiýa serişdelerinden, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden, ätiýaçlyk energiýa serişdelerinden peýdalanylmagynyň artmagyna ýardam berýän energiýany tygşytlamak boýunça çäreleriň işlenip düzülmegi barada bellenilýär. 

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyza baştutanlyk eden döwründe energetika pudagynda ägirt uly taslamalar durmuşa geçirilip, geljekki ösüşleriň binýady berkden tutuldy. Kanunyň degişli babynda döwletimiz tarapyndan energiýany tygşytlamakda, energiýadan netijeli peýdalanmakda döwlet goldawynyň ugurlary, netijeli işleri alyp baran fiziki hem-de ýuridik şahslary höweslendirmek, olara ýe­ňillikleri döretmek göz öňüne tutulan. Energiýany tygşytlamak we ondan netijeli peýdalanmak babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýän ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, energiýa taýdan netijeli tehnologiýalary ulanmak, energetiki menejmenti amala aşyrmak boýunça hünärmenleriň taýýarlanylmagy, olaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy barada hem Kanunda beýan edilýär. 

Döwür özgerýär, ylma hem-de tejribä daýanyp, täze-täze tehnologiýalar, innowasiýalar peýda bolýar we önümçilige giň­den ornaşdyrylýar. Türkmenistanda energetika ulgamynyň ösmegi netijesinde täzeçilliklere zerurlyklar artýar, ulgam üçin täze binalaryň, desgalaryň gurulmagy, maýa goýumlaryň özleşdirilmegi uly ähmiýete eýe bolup, energiýany tygşytlaýjy we onuň netijeliligini ýokarlandyryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak möhüm wezipeleriň biri bolmagynda galýar. Bu işleriň kanuny esaslaryny kämilleşdirmek bilen bagly kadalar hem Kanunda öz beýanyny tapýar. 

Hormatly Prezidentimiziň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Energetika dialogyny döretmek barada öňe süren teklibi bu ulgamda halkara hyzmatdaşlyga uly üns berilýändigini aň­ladýar. 2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Şeýle wakalar Türkmenistanyň energetika syýasatynyň dünýä derejesinde dabaralanýandygyna şaýatlyk edýär. Gürrü­ňi edilýän Kanunda bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary beýan edilýär. 

«Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda başga-da ençeme möhüm kadalar bar. Bu Kanunyň kabul edilmegi di­ňe bir energetika ulgamynyň däl, eýsem, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynyň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegine ýardam eder. 

Ýurdumyzyň energetika ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ösdürmek, onuň kuwwatyny artdyrmak babatda giň gerimli işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri mydama rowaç bolsun! 

 

Nepes ROZYÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet 

we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.

 

MASLAHAT GEÇIRILDI

 

Ýa­kyn­da Änew şä­he­rin­dä­ki Mil­li «Ak bug­daý» mu­ze­ýin­de «Türkme­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty — döw­let­li­lik ýö­rel­ge­siniň göz­ba­şy» ady bi­len mas­la­hat ge­çi­ril­di. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň jemgy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy äh­mi­ýe­ti­ni, Wa­ta­ny­myzyň ta­ry­hy ösüş­le­ri­ni wagyz-ne­si­hat et­mek mak­sa­dy bi­len ge­çi­ri­len mas­la­ha­ty we­la­ýat häkimli­gi hem-de jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry bi­le­lik­de gu­ra­dy.

Maslahatda jem­gy­ýet­çi­li­giň we­kil­le­ri çy­kyş edip, türk­me­niň döwle­ti dolan­dyr­mak­daky asyl­ly ýol-ýö­rel­ge­le­ri­niň hä­zir­ki ta­ry­hy döwrü­miz­de do­wa­mat-do­wam bol­ýan­dy­gy, Wa­ta­ny­my­zy mun­dan beýläk-de hemmetarap­la­ýyn ös­dür­mek­de jem­gy­ýe­ti­mi­ziň dür­li gatlaklary­nyň wekil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ril­ýän Türk­me­nis­ta­nyň Halk Maslahatynyň mej­lis­le­rin­de ka­bul edil­ýän çöz­güt­le­riň äh­mi­ýe­ti bara­da du­rup geç­di­ler. Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýyl­lyk şan­ly to­ýu­na ga­bat­la­nyp, 24-nji sent­ýabr­da paý­tag­ty­myz­da bol­jak Türkmenista­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si­ne taý­ýar­lyk­ly bar­mak, bu umumy­mil­li fo­ru­myň jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy äh­mi­ýe­ti dogrusyn­da hem gür­rüň edil­di. 

Iş­jeň­lik­de ge­çen mas­la­ha­ta gat­na­şan­lar ber­ka­rar Watanymy­zy ösüş­le­riň röw­şen ýo­lun­dan be­dew ba­dy bi­len bar­ha öňe alyp bar­ýan, halky­my­zy eş­ret­li dur­muş­da ýa­şadýan Gah­ry­man Arkadagymy­zyň we Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry­nyň sag, ömür­le­ri­niň uzak, döw­let­li tu­tum­la­ryn­da üs­tün­lik­le­riň he­mi­şe ýa­ran bol­ma­gy­ny arzuw etdiler. 

 

Resul IŞANGULYÝEW, 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal 

welaýat komitetiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.

 

BAGTYÝAR ÇAGALYGYŇ MEKANYNDA

 

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guralan «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülik we sport çäreleri berkarar Watanymyzyň bagtly çagalygyň mekanydygyny nobatdaky gezek bütin dünýä äşgär etdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Biziň amala aşyrýan her bir işimiz, belent tutumlarymyz köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegine gönükdirilendir» diýen çuň mazmunly sözleriniň ýene bir ýola dabaralanmasyna öwrüldi. 

Bu medeni-köpçülik we sport çärelerine «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň mart aýynda Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen halkara matematika olimpiadasynda 1-nji orna mynasyp bolan Russiýa Federasiýasynyň mekdep okuwçylaryna hem gatnaşmak miýesser etdi. Olara olimpiadada gazanan üstünlikleri üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç almak üçin 10 günlük ýollanmalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýlelikde, russiýaly zehinli mekdep okuwçylary haýyr-sahawat gaznasynyň ýardamy bilen bejergi alan ýurdumyzyň çagalary hem-de paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we bilim alýan çagalar bilen bilelikde, Awazanyň kenarynda şatlyk-şowhuna, ruhubelentlige beslenen medeni-köpçülik we sport çärelerine uly höwes bilen gatnaşdylar.

 Hazaryň ajaýyp kenarynda guralan çäreler oňa gatnaşan çagalara ýakymly täsirleri, ýatdan çykmajak pursatlary peşgeş berdi. «Arkadag sahawaty — ömürleriň çyragy» diýen at bilen badalga alan dynç alyş tapgyrynyň dürli çäreleri di­ňe tomusky dynç alyş möwsüminiň şatlyk-şowhuna, täsirli pursatlara beslenmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, çagalaryň köptaraply ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda hem möhüm ähmiýetli boldy. Bu çäreler çagalary birek-birege ysnyşdyrdy, dostlaşdyrdy. 

Medeni-köpçülik we sport çäreleri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gözel ýerlerine, de­ňiz gi­ňişligine, muzeýlere guralan gezelençleri, dürli mazmunly döredijilik bäsleşiklerini, çeper okaýyşlary, gyzykly sport ýaryşlaryny, toparlaýyn oýunlary, sahna tomaşalaryny, aýdym-sazly çykyşlary, hünär synaglaryny, döredijilik duşuşyklaryny hem-de beýleki birnäçe ugurlary öz içine aldy. Bu bolsa çagalaryň her bir gününiň gyzykly, ýatda galyjy bolup, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna ýene dynç almaga gelmek arzuwlaryny goşalandyrdy. Şeýle arzuw-islegleriň «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülik we sport çärelerine gatnaşan çagalaryň ählisinde dörändigi şübhesizdir. Muny tomusky dynç alyş möwsüminde täsin de­ňiz kenarynda ýokary derejede dynç almaga hem-de täze dostlary tapmaga döredilen ajaýyp mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza aýdylýan çäksiz hoşallyk sözleri hem subut edýär. Dostlukly döwletden gelen çagalar Türkmenistan Watanymyz we dünýä syýahatçylygynyň merjeni hökmünde ykrar edilýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bilen tanyşmaga, ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlary bilen dostlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin özlerini bagtly saýýarlar. 

 

Guwanç ÇENDIROW, 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.

HAZARYŇ AJAÝYP KENARY

 

Her ýy­lyň 12-nji aw­gus­tyn­da giň­den bel­le­nil­ýän Ha­zar deň­zi­niň gü­nü­niň Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Di­ýa­ry­my­zyň uzak geljege gönükdirilen, ählumumy bähbitleri nazarlaýan te­bi­ga­ty go­ra­mak syýasaty­nyň çuň­ňur maz­mu­ny­ny dün­ýä ýaý­mak­da äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Hormat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baştu­tan­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eýýamy­nyň Gal­ky­nyşy döw­rün­de üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän eko­lo­gi­ýa syýa­sa­ty bu ugur­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek, ählu­mu­my ösüş üçin yk­dy­sa­dy,sy­ýa­sy şert­le­ri dö­ret­mek ýa­ly döwletli maksatlardan ugur alýar. 

Ha­zar deň­zi­niň gü­ni da­ba­ra­ly bel­le­ni­lip ge­çil­ýän mö­hüm eko­lo­gik se­ne bol­mak bi­len, ol deň­ziň ösüm­lik we haý­wa­nat dünýäsini, gymmatly baýlyklaryny gorap saklamakda tagalla­la­ry bir­leş­dir­mä­ge iter­gi ber­ýär. Ha­zar deň­zi­niň mö­hüm ulag-­logistika merkez hökmündäki mümkinçiliklerinden, onuň bio­se­riş­de­le­rin­den, gym­matly baýlyklaryndan rejeli peý­da­la­nyl­ma­gy, ösüm­lik we haý­wa­nat dünýäsiniň go­ralma­gy se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny, howpsuz­ly­gy­ny,söw­da-yk­dy­sa­dy, dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry­ny üp­jün etmegiň gel­je­gi uly ugur­la­ry­dyr. 

Ýew­ra­zi­ýa gi­ňiş­li­gin­de wa­jyp äh­mi­ýet­li geo­sy­ýa­sy hem-de geoykdy­sa­dy mer­kez­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýan Ha­zar se­bi­ti kuw­wat­ly energe­ti­ka, ulag we ara­gat­na­şyk müm­kin­çi­lik­le­ri­ne eýe­dir. Ha­zar deň­zi di­ňe bir gel­je­gi uly bo­lan şy­pa­ha­na-sy­ýahatçylyk zolagy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, bu ýerde se­bi­tiň hem-de dün­ýä döw­let­le­ri­niň arasynda söw­da-yk­dy­sady, me­de­ni hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ösdürmekde geljegi uly bo­lan müm­kin­çi­lik­ler jem­le­nen­dir. Se­bi­tiň şunuň ýa­ly giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni, ägirt uly gor­la­ra da­ýan­ýan te­bi­gy seriş­dele­ri­ni, se­na­gat, ulag-ara­gat­na­şyk kuw­wat­lyk­la­ry­ny äh­lu­mu­my bäh­bit­ler­de ne­ti­je­li peý­da­lan­mak­da ýur­du­my­zyň dur­mu­şa geçir­ýän taryhy iş­le­ri dün­ýä nus­ga­lyk­dyr. 

Ha­za­ryň türk­men ke­na­ryn­da ge­çi­ril­me­gi asyl­ly ýörelgä öwrülen dürli halkara derejeli çäreler hormatly Pre­zi­den­ti­mi­ziň goň­şy döw­let­ler bi­len äh­li­ta­rap­la­ýyn gatna­şyk­la­ry ber­kit­mek mak­sa­dy­na gö­nük­di­ri­len syýa­sa­ty­nyň üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän­di­gi­ni aý­dyň gör­kez­ýär. Şu nukdaýna­zar­dan, ge­çi­ril­ýän şeý­le çä­re­ler se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň öza­ra bähbit­li söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-ru­hy hyz­mat­daş­lyk gat­naşyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga hem-de ös­dür­mä­ge ýar­dam edýär. Um­ma­syz te­bi­gy baý­lyk­la­ry, amat­ly geog­ra­fi­ki kün­jek­de ýer­leş­me­gi, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa te­bi­gy gur­şa­wy, al­tyn­sow çä­ge­li ke­na­ry, ja­na şy­pa­ly ho­wa­sy, deňiz te­bi­ga­ty­nyň gö­zel­ligi bi­len hem­me­ler­de uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýän Ha­zar deň­zi dost-do­gan­ly­gyň, äh­lu­mu­my bäh­bit­le­ri saz­la­şyk­ly utgaşdyrýan hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­ryň deň­zi­dir. 

 

Guwanç ÇENDIROW, 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar 

guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

DOSTLUGYŇ WE HYZMATDAŞLYGYŇ DEŇZI

 

Asyr­la­ryň jüm­müşin­den bä­ri Ha­zar deň­zi onuň ke­na­rynda ýaşaýan halk­lary umu­my we öza­ra bag­laş­dy­ry­jy esas bo­lup hyzmat edip gel­ýär. Tä­ze ta­ry­hy döw­rü­miz­de bol­sa bu gi­ňişlik­de ke­nar­ýa­ka halk­la­ryň pa­ra­hat­çy­lyk­ly, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk­da ýa­şa­mak­la­ry­ny üpjün ed­ýän gat­na­şyk­la­ryň, dost­lu­gyň, hyz­mat­daş­ly­gyň öz­bo­luş­ly nusga­sy dö­re­dil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýurdu­myz mil­li hem-de umu­my bäh­bit­le­ri na­za­ra al­mak, deňhu­kuk­ly­lyk we öza­ra bäh­bitli­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­la­nan sy­ýa­sa­ty alyp bar­mak bi­len, Ha­za­ry dost­lu­gyň we hyz­matdaş­ly­gyň deň­zi­ne, kö­pu­gur­ly yk­dy­sa­dy mer­ke­ze öwür­ýär. 

Turuwbaşdan bellesek, taryhda Beýik Ýüpek ýolunyň kerwenlerini öz üstünden geçiren Hazarýaka sebiti häzirki wagtda bu ýoluň täzeçe döwrebap keşbiniň möhüm düzüm böleginiň merkezidir. Tutuş sebitiň logistik infrastrukturasyny Ýewraziýanyň deňiz derwezesi bolan Hazaryň ulag halkasyndan üzňe göz öňüne getirip bolmaýar. Şoňa göräde, hormatly Prezidentimiz 2022-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlyga üns bermek bilen, Hazar deňzini «mümkinçilikleriň deňzi» diýip atlandyrmagyň hakykata kybapdygyny nygtady. 

Her ýylyň 12-nji awgustynda sebitýaka ýurtlarda strategik ähmiýetli Hazar deňziniň güni bellenilýär. Bu senäniň döredilmegi ilkinji bäştaraplaýyn resminama bolan Hazar deňziniň gurşawyny goramak hakyndaky çarçuwaly Konwensiýa gol çekilmegi bilen baglanyşyklydyr. Ol resminama 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda güýje girdi. Munuň özi gojaman Hazaryň köpugurly hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ykrar edilýändigini, Hazarýaka sebitinde dürli ugurlarda özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny görkezýär. 

Mälim bolşy ýaly, XXI asyryň başynda Hazaryň hukuk ýagdaýy bilen bagly geçirilýän gepleşikleri işjeňleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitlerine badalga berildi. Şeýlelikde, 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitinde Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekildi. Munuň özi şeýle ýokary ähmiýetli resminamanyň kabul edilmegi ugrunda özüniň halkara başlangyçlary we ýerine ýetiren işleri bilen sebitiň döwletlerine nusga bolan Türkmenistanyň Hazar deňzini kenarýaka ýurtlary üçin bähbitli hyzmatdaşlygyň ösen merkezine öwürmäge çalyşýandygyna güwä geçýär. 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumynyň üstünlikli geçirilmegi bu sebitiň strategik ähmiýetini has-da artdyrdy. 

Hazaryň ägirt uly ykdysady kuwwaty onuň geografiki ýerleşişi we örän baý tebigy gorlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şu nukdaýnazardan, bu sebit dünýäniň ösen döwletleriniň gyzyklanmalarynyň gönügen ýeri bolmagynda galýar. Bu çäkde ulag, energetika, söwda, senagat, syýahatçylyk we ekologiýa ulgamlarynda geljegi uly hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça mümkinçilikler ýeterlikdir. Bu ugurda 2018-nji ýylda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň açylyp ulanmaga berilmegi Hazaryň üstaşyr geçirijilik artykmaçlyklarynyň ýene-de üstüni ýetirdi. 

Hazar deňziniň ýene-de bir özboluşly aýratynlygy bar. Ol hem deňziň ösümlik we haýwanat dünýäsine baýlygydyr. Hazar deňziniň biodürlüligi we bu ýerde duş gelýän janly organizmler özboluşlydyrlar. Şonuň bilen bir hatarda, ösümlikleriň we deňiz ýaşaýjylarynyň ençemesiniň endemikligi — diňe şu ýerlerde duş gelýändigi aýratyn bellärlikli ýagdaý. 

Hazar — syýahatçylygyň we sapaly dynç alşyň mekany. Onuň ekologik taýdan arassa türkmen kenarynda çagalaryň hem-de maşgalalaryň dynç almagy üçin ähli şertler döredilendir. Bu ýerde döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülikleýin we sport çäreleriniň geçirilmegi munuň şeýlediginiň nobatdaky güwäsi boldy. 

Türkmenistan häzirki wagtda Hazar deňziniň sebitinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge we täzeçe hil derejä çykarmaga, Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösen merkeze öwürmäge mynasyp goşant goşýar. Hazar deňzinde döwletara hyzmatdaşlygy berkitmek we işjeňleşdirmek babatda ägirt uly tagallalary edýän, geljege gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin! 

 

Serdar BEGMYRADOW, 

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň başlygy, Mejlisiň deputaty

ŞAN-ŞÖHRATY ARŞA GALÝAN WATANYM

 

Sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekany hökmünde belent ykrarnama eýe bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň dünýä döwletleri hem-de abraýly halkara guramalary bilen alyp barýan oňyn hyzmatdaşlygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze belentliklere göterilýär. 

Daşary syýasatynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan döwletimiz Ýer ýüzünde parahatçylygyň, dost-doganlygyň, özara ynanyşmaga esaslanýan hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen ägirt uly işleri üstünlikli durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň, teklipleriniň halkara jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolmagy ýurdumyzyň dünýädäki abraýyna abraý, mertebesine mertebe goşýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasy bolup dabaralandy. 

Döwletimiz tarapyndan Ýer ýüzünde ählumumy parahatçylygy gazanmak, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek babatynda edilýän tagallalaryň dünýäde ykrar edilýändigini nobatdaky gezek bütin aýdyňlygy bilen görkezen bu waka her bir türkmenistanlynyň ata Watanymyza bolan buýsanjyna buýsanç, guwanjyna guwanç goşdy. Aslynda, halkymyz dost-doganlyk, parahatçylyk, agzybirlik, abadançylyk baradaky taglymatlaryny gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan taryhynyň bütin dowamynda öňe sürüp gelýär. Bu taglymatyň özeninde hem türkmençiligiň asylly ýörelgeleri jemlenýär. Ynsanperwerligi, dost-doganlygy tug edinýän şol ýörelgäniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze many-mazmuna hem-de rowaçlyklara beslenýändigi bolsa guwandyryjy, buýsandyryjy hakykatdyr. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlar halkara derejede giň goldawa eýe bolýar. Birleşen Milletler guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem munuň aýdyň nyşanydyr. Durmuşa geçirýän beýik işleri, öňe sürýän umumadamzat bähbitli başlangyçlary bilen ýurdumyzyň abraý-mertebesini, şan-şöhratyny belende göterýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, döwletli, tutumlary rowaç bolsun! 

 

Per­man SA­PA­ROW, 

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň dur­muş sy­ýa­sa­ty 

ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň baş hü­när­me­ni.

PEDERLERIŇ MILLI ÝÖRELGESI

 

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda döwlet Garaşsyzlygynyň baýramçylygynyň öň ýanynda Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edara bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerini geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň 2024-nji ýylyň 20-nji iýulyndaky kararyna laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda bu umumymilli forumyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda röwşen geljegini gurýan agzybir halkymyzyň döredijilikli zähmeti netijesinde ýurdumyzyň taryhy ähmiýetli wakalara beslenýän häzirki günlerinde bu umumymilli forumy guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri giň gerime eýe bolýar. 

«Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýen pähime eýerip, ata-babalarymyzyň döwleti halk bilen maslahatlaşyp dolandyrandyklaryna milletimiziň şan-şöhrata beslenen taryhy şaýatlyk edýär. Halkymyzyň asyrdan-asyra, nesilden-nesle geçip gelýän demokratik ýörelgelerine eýerýän Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz her bir döwletli işiň başyny başlanlarynda halkymyz bilen maslahatlaşýarlar, ýaşuly nesliň wekillerine sala salýarlar we olaryň durmuş-tejribesine, ýörelgesine esaslanýarlar. Taryhy köklerimize esaslanyp durmuşa geçirilýän demokratik özgertmeleriň oňyn netijelerine gündelik durmuşymyzda aýdyňlygy bilen göz ýetirýäris. Has takygy, ýurdumyzda demokratik, hukuk, dünýewi döwlet, ynsanperwer, adalatly jemgyýet has-da berkeýär. Adam hukuklaryny, azatlyklaryny, bähbitlerini mundan beýläk-de üpjün etmek, goramak barada häkimiýet düzümleriniň işleri barha kämilleşýär. 

Şu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmeginiň türkmen halkynyň döwletli işiň başyny başlajak bolanda ulus-iline geňeş edip, ählihalk ýygnaklaryny geçirmek babatda köpasyrlyk taryhynda toplanan tejribesinden gözbaş alýandygyny belläp geçmek ýerlikli bolar. Sebäbi Gahryman Arkadagymyzyň umumymilli forumda halkymyzyň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de çözgütleri kabul etmek baradaky başlangyjy türkmeniň nesilleriň arabaglanyşygy diýen düşünjesini täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak bilen bir hatarda, halk demokratiýasyny mundan beýläk-de dabaralandyrmak, raýat jemgyýetiniň işjeňligini ýokarlandyrmak üçin oňaýly şertleri döretdi. 

Döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, ýurdumyzda özgertmeleriň, durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, maslahatlary bermek, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze döwürde beýik özgerişler ýoly bilen depginli ösmegine, has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek hem-de hyzmat etmek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýar. 

«Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we Konstitusion kanunlaryny kabul etmegiň, olara üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça tekliplere garamak we makullamak, döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna, şeýle hem ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna we kanunlaryna garamak we makullamak, Türkmenistanyň Prezidentiniň her ýylky ýüzlenmelerini diňlemek, parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine garamak, kanun çykaryjylyk başlangyjyna bolan hukugyny amala aşyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrýar. 

Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan kabul edilen kararlaryň Türkmenistanyň bütin çäginde hökmany güýji bardyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kararlary diňe onuň özi tarapyndan üýtgedilip ýa-da ýatyrylyp bilner. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň çözgütlerini Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen ygtyýarlyklaryna laýyklykda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we beýleki döwlet edaralary ýerine ýetirýärler. 

Häzirki döwürde ýurdumyzyň döwür bilen aýakdaş gitmegi üçin döwlet bilen halkyň jebisligini, jemgyýetde maksatlaryň birdigini, ösüş ýollaryna bolan garaýyşlaryň bitewüligini ýüze çykarýan esasy jemgyýetçilik-syýasy güýç hökmünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň orny barha ýokarlanýar. Şu jähetden hem Halk Maslahatynyň agzalarynyň halkyň arasynda ýygy-ýygydan bolmagy, adamlary gyzyklandyrýan meseleleri içgin öwrenmegi, ýurdumyzda geçirilýän oňyn özgertmelerden habarly bolup, ilat arasynda, aýratyn hem ýaşlarymyzyň arasynda degişli wagyz-nesihat işlerini talabalaýyk ýola goýmagy möhüm ähmiýete eýe bolýar. Hut şu nukdaýnazardan, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, mynasyp zähmet çekmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. 

Ata Watanymyzy demokratik ýol bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris. 

 

Ýusupguly EŞŞÄÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy.

DOSTLARY BIRLEŞDIRÝÄN ÝOLLAR

 

Bu günki gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä ýüzünde agzybirligiň, asudalygyň ýurdy hökmünde tanalýar. Bu bolsa hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek meýilli ýurtlaryň, iri-iri kompaniýalaryň, işewürleriň nazarynyň ýygy-ýygydan Türkmenistana gönükmegine getirýär. Bu babatda Wengriýa Respublikasy hem ýakyn hyzmatdaşlyk saklaýan döwletlerimiziň biridir. 1992-nji ýylyň 11-nji maýynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýlaly bäri bu dostlukly döwlet bilen ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlyklarymyzyň gerimi barha giňeýär. 

Türkmen-wenger gatnaşyklary taryhyň gatlaryndan gözbaş alyp gaýdýar. Beýik Ýüpek ýoly bu gatnaşyklarda uly orna eýe bolupdyr. Diňe bir ykdysady babatda däl, eýsem, medeni ugurda hem iki halky baglanyşdyrýan sahypalara duş gelmek bolýar. Wenger alymy Arminiý Wamberiniň adynyň halkymyzyň arasynda uly meşhurlyga eýedigi hem muňa şaýatlyk edýär. Wenger alymlarynyň halkymyz barada galdyran maglumatlary ýurduň mirashanalarynda häzir hem saklanylýar. Arminiý Wamberiniň «Orta Aziýa syýahat» atly eseri bolsa halkymyzyň durmuşy, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy barada gymmatly maglumatlary beýan edýär. 2007-nji ýylda Türkmenistanyň Milli golýazmalar institutynyň alymlary Wengriýa bolan ylmy saparynda bu ýerde halkymyzyň taryhyna dahylly beýleki golýazmalaryň hem nusgalaryny getirdiler. 

Türkmenistany we Wengriýa Respublikasyny dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Bu gatnaşyklar birek-biregi özara hormatlamaga, deňhukuklylyga we öňe gitmäge, ösmäge bilelikde çalyşýandygymyza esaslanýar. Wengriýa Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna ýokary baha bermek bilen ýurdumyzyň halkara giňişliginde, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlaryny goldaýar. Dünýäniň syýasy giňişliginde biziň ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşy bolmak bilen iri halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde iki ýurduň gatnaşyklarynyň geljeginiň uludygyna geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklarda hemişe nygtalyp bellenilýär. Wengriýanyň Türki Döwletleriň Guramasyna synçy hökmünde goşulmagy sebitiň ýurtlary, şol sanda Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge ýardam eden möhüm ýagdaý boldy. Bu guramanyň gurakçylyga garşy göreşmek boýunça düzüminiň hem Wengriýada ýerleşýändigi aýratyn bellenip geçilmäge mynasypdyr. 

Industrial-agrar ýurt bolan Wengriýa maşyn, lokomotiw, gämi gurluşygynda uly tejribelere eýedir. Türkmenistan nebitgaz serişdeleriniň uly tebigy gorlaryna we oňat enjamlaşdyrylan nebitgaz pudagyna eýe bolmak bilen, bu ugurda eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny amala aşyrýar. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Hazar we Gara deňizleriniň arasynda köpugurly ulag geçelgeleriniň şahasyny döretmäge hem Wengriýa uly gyzyklanma bildirýär. Ýewropa — Kawkaz — Aziýa (TRACECA) ulag geçelgesiniň üsti bilen ulag gatnatmalary arkaly Wengriýadyr Türkmenistanyň Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky ulag köprüsine öwrüljekdigine uly ynam bildirilýär. Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň arasynda «Stipendium Hungaricum» maksatnamasynyň çäklerinde 2024 — 2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda gol çekilen Ähtnamanyň durmuşa geçirilmegi bolsa türkmen ýaşlarynyň Wengriýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagyna mümkinçiliklerini artdyrýar. Häzirki günlerde Wengriýa Respublikasynda dowam edýän Türkmenistanyň Medeniýet günleri hem dostlukly gatnaşyklarymyzyň berkemeginde täze sahypa bolar. 

Ýurdumyzyň daşary syýasatyny hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! 

 

Perman SAPAROW, 

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Dur­muş sy­ýa­sa­ty 

ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň baş hü­när­me­ni.

IŞEWÜRLIK: TÄZE ÖSÜŞ ÝOLUNDA

 

Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän giň gerimli işleriniň ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmaga gönükdirilendigini her ädimde duýmak bolýar. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem kiçi we orta işewürlige hemmetaraplaýyn goldaw bermekden ybaratdyr. Häzir hususy eýeçiligi ösdürmegiň çäklerinde, ykdysadyýetimizi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri artdyrmak, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmak, senagat önümçiligine öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak boýunça wezipeler yzygiderli ýerine ýetirilýär. 

Ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent döredijilik we gurujylyk ruhuna mynasyp işleri bitirmeklige Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komiteti hem öz goşandyny goşýar. Diýarymyzyň beýik ösüşleri, oňyn özgertmeler öň­de durýan wezipeler baradaky söhbetler etrabymyzdaky hususy kärhanalaryň we telekeçileriň arasynda ýygy-ýygydan geçirilýän duşuşyklardyr çäreleriň mazmunyny düzýär. Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatymyzyň hususyýetçileri hem milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda — senagat, gurluşyk, azyk, oba hojalygy ýaly ugurlarda yhlasly we üstünlikli zähmet çekýärler. 

Türkmenistanda bazar ykdysadyýetini döretmekde telekeçilere aýratyn uly ynam bildirilýär. Olaryň öz işlerini netijeli amala aşyrmaklary üçin kanunçylyk ulgamy döwrebaplaşdyrylýar we kämilleşdirilýär. Şeýlelikde, ýurtda telekeçiligi höweslendirmek we ösdürmek üçin amatly şertler döredilýär. Mu­ňa hususy kärhanalarda alnyp barylýan guwandyryjy işler hem güwä geçýär. Balkan welaýatynda döwlet eýeçiligine degişli däl ulgamda öndürilýän önümlerdir dürli maksatly harytlar di­ňe içerki bazarda däl, dünýä bazarlarynda-da ornuny berkidýär. 

Ýurdumyzyň ykdysadyýetini bazar gatnaşyklary esasynda ösdürmek, telekeçiligiň gerimini gi­ňeltmek maksady bilen, eýeçiligi döwletiň garamagyndan aýyrmak we döwlet emlägini hususylaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy ykdysady özgertmeleri amala aşyrmaga, durmuş-ykdysady maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmäge, hususyýetçileri höweslendirmäge işjeň gatnaşýar. Hususy telekeçiligi ösdürmek, iş ýerlerini döretmek, raýatlaryň döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek işleri esasy wezipeleriň hatarynda durýar. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli aladalary esasynda ilatyň durmuş-ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylmagy, eýeçiligiň eldegrilmesizliginiň üpjün edilmegi, senagatçylygyň we telekeçiligiň giň gerimde ösdürilmegi, olaryň hukuklarynyň goralmagy halkymyzy çäksiz begendirýär. Ykdysadyýetimiziň pudaklaryny öň­debaryjy tehnologiýalar bilen üpjün etmek, halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli önümleri öndürmek, olaryň elýeterliligini gazanmak hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek boýunça telekeçilerimiziň alyp barýan işleri öwgä mynasypdyr. Ata Watanymyzy ykdysady taýdan dünýäniň ösen döwletleriniň birine öwürmekde, döwrebap tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmakda hususy pudagyň wekillerine uly orun degişlidir. Munuň özi döwletimiziň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, haryt bolçulygynyň döredilmegini üpjün edýär. Döwlet tarapyndan berilýän goldaw-hemaýatlara, edilýän aladalara mynasyp zähmet netijeleri bilen jogap bermek, hususy pudagyň öňünde goýlan il-ýurt bähbitli wezipeleri ak ýürekden ýerine ýetirmek telekeçileriň hemişe baş maksady bolup durýar. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy ösdürmek, onuň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, raýatlaryň bagtyýar, eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek ugrunda alyp barýan beýik işlerinde hemişe üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris. 

 

Tuwakgylyç WELIÝEW, 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň 

Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň 

başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji, Mejlisiň deputaty.

1 ... 58 59 60 61 62 ... 109